Söz sungatynyň ägirdi

15 Maý 2024
230

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen gülläp ösýän eziz Watanymyzda 2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde baýram edilýär.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köp taraplylygy bilen tapawutlanyp, türkmen halkynyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Ol öz aýdyma öwrülen şygyrlarynda türkmen halkynyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny beýan edýär. Hut şeýle millilik hem dana Pyragynyň adyny dünýä derejesinde belende göterdi. Bu günki gün akyldar şahyrymyzyň goşgulary dünýäniň ençeme halklarynyň dilinde ýaňlanýar, edebi mirasy barha giň okyjylar köpçüligini öz içine alýar. Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň ýubileý senesi mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda dürli medeni-köpçülikleýin dabaralar ýaýbaňlandyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Köpetdagyň eteginde gurulýan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi häzirki nesilleriň beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň baý döredijilik mirasyna uly sarpa goýýandygynyň nobatdaky nyşanyna öwrüler».

Bägül ESENOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar