Milli gymmatlyklarymyz

15 Maý 2024
278

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz asuda, parahat durmuşda bagtyýarlykda ýaşaýar. Döwletimiziň içeri we daşary syýasatynda uly üstünlikler gazanylýar. Şeýle bagtyýar ýaşaýşyň esasy özeni bolsa, biziň milli buýsanjymyz bolan, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan Döwlet baýdagymyz, Konstitusiýamyz hemişelik Bitaraplygymyzyň, parahatçylyk söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik taglymatlarymyzyň, giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesidir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Her ýylyň 18-nji maýy ýurdumyzda halkymyzyň goşa baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly ruhubelentlik bilen bellenilýär. Çünki ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwletimiziň hukuk ulgamynyň binýadydyr. Döwlet baýdagymyz bolsa halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň, abadançylygynyň, döwletliliginiň nyşanydyr.

Ata ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar