Paýtagtymyz — täji-tagtymyz

15 Maý 2024
204

Bu günki gün her bir türkmenistanlynyň ýüregi ýurdumyzyň baş şäherine bolan egsilmez buýsanç duýgulary bilen gurşalandyr. Çünki gözel paýtagtymyzyň nurana keşbinde eziz Watanymyzyň ýetýän belent sepgitleriniň, halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda eşretli ýaşaýşynyň özboluşly beýany jemlenendir. Şeýle sazlaşykly gözelligi özünde jemleýän Aşgabat häzirki wagtda batly depginler bilen ösüp, diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy şäherleriniň hataryndaky ornuny barha pugtalandyrýar.

Aşgabadyň ösüş depgininiň, şähergurluşyk-binagärlik maksatnamalaryny durmuşa geçirmek işleriniň durnukly we netijeli häsiýete eýedigi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem birnäçe meýilnamalar üstünlikli alnyp barylýar. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeginde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary dowam edýär, medeni-köpçülikleýin çäreler guralýar. Ýakynda bu şanly sene mynasybetli paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezi halkymyzyň hyzmatyna berildi.

Azatnepes ANNANEPESOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar