"Neutral Turkmenistan" newspaper

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neutralturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 15-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMAT Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 712 mm, çyglylygy 50 — 70 %.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 13-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 55 — 75%.

«Tebigat gözelligi — Watan gözelligi»

Ýaşyl daragtlar — zeminiň görki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz günsaýyn ösýär, özgerýär, gözelleşýär. Ata Watanymyzda ähli ulgamlar bilen birlikde daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlygyny we gözelligini goramak meselesine aýratyn üns berilýär. Bu babatynda eziz Diýarymyzyň tebigatyny gorap saklamaga, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Daşky gurşawy gorap saklamaga, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmege gönükdirilen meseleleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga itergi berýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 12-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Žurnalistiň ýol ýazgylary

Ýasga kölüne barýan ýolda Ýasga köli Balkanabat şäherinden on kilometr töweregi uzakda ýerleşýär. Täsin ýeri, onuň suwunyň içilýänligidir. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, ol köli gözüň bilen görüp, synlap gaýtmak has başgaça boljakdy. Garaşsyzlyk ýyllarynyň başlarynda Balkanabat şäheriniň ykdysady, medeni ösüşleri barasynda gepleşik taýýarlamak üçin teleoperatorymyz bilen ýola düşdük. Nesibämiz çekip, Ýasga kölüni görmek baradaky duýgularymyz bizi erkimize goýanokdy.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +15... +17° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Ýaýlasy ýaşyl bossanly

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bedew batly ösüşleri başdan geçirýän ak şäherimiz Aşgabadyň gözel güýzi al-elwan güllere hem-de ýaşyl bossanlyga, gür baglyga beslenýär. Daň säher bilen düşýän çygyň nemi bilen seýilgählerde, ýaşyl ýaýlaly meýdanlarda täsin gülleriň, baglaryň reňki durlanyp, tebigatyň özboluşly gözelligini artdyrýar. Hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň ekologiýa gurşawyny has-da gözelleşdirmek, baýlaşdyrmak babatdaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem oturdylýan agaç nahallarynyň sany ýylsaýyn köpelýär. Ynha, golaýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirildi. Şol günki ählihalk bag ekmek dabarasy giň gerimli çäre bolup, ol ene topraga söýginiň alamaty hökmünde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyryldy. Şol gün Aşgabat şäherinde we onuň eteklerinde 1 million 835 müň 740 agaç nahaly, welaýatlarda bolsa 2 million 413 müň agaç nahaly ekildi. Tutuş ýurdumyz boýunça şol gün 3 million 590 müň 740 agaç nahalyna ideg edildi. Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýüzlerçe gektar meýdany tutup oturan tokaý zolaklaryndaky arçalardyr tuýalary, sosnalary we beýleki dürli agaçlary synlanyňda, arassa howany bölüp çykarýan, tebigatyň jana ýakymly bolmagyna oňyn täsir edýän tokaýlary köpeltmek, ak şäherimizi ýaşyl ýaýlalara, gür baglara beslemek

Arassa ekologiýa — bagtyýar durmuşyň kepili

Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý. Şahyryň sözleri bilen aýdanymyzda: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar». Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň eken hem-de ýetişdiren her bir daragtymyz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr» diýen sözleri bu günüň ýalkymly şygary bolup ýaňlanýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini, onuň biologiki dürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak, suwdan tygşytly peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwletli işler durmuşa geçirilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +3... +5°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Bag — saglyk hem gözellik

Geçen hepdäniň şenbe güni döwlet Baştutanymyzyň asylly başlangyjy bilen ýylyň-ýylyna däbe öwrülen güýzki bag ekişlik dabarasyna badalga berildi. Bu çäräniň başy paýtagtymyzyň günortasynda tebigy täsinliklere baý Köpetdagyň eteginde tamamlaýjy gurluşyk işleri alnyp barylýan dana Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde başlandy. Umumy meýdany 153 gektar bolan medeni-seýilgäh toplumyň 13,5 gektaryna ýaş arça nahallarynyň 61 müň 200-den gowragy oturdyldy. Milli Liderimiziň: «Biziň eken hem-de ýetişdiren her bir daragtymyz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr» diýen watanperwer sözlerinden ruhlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň bellenilen ýylynda pürli, miweli we saýaly agaçlaryň 30 millionyny ekmek meýilleşdirilipdi. Şolaryň 15 milliondan gowragy ýazky möwsümde oturdyldy. Güýzki bag ekişlik möwsüminiň ilkinji gününde bolsa toprak, howa şertlerine laýyklykda, paýtagtda we oňa golaý ýerlerde 1 million 835 müň 740 düýp, welaýatlarda hem 2 million 413 müň sany dürli görnüşli ýaş nahallar oturdyldy. Şol gün baglaryň düýbüni ýumşatmak, haşal otlardan arassalamak ýaly işler hem geçirilip, 3 million 590 müň 740 düýp baga ideg edildi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 9-njy noýabrda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Bagy-bossan ak şäher

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmakda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary işjeňlik görkezildi. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda geçirilen bu dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyna, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegine, paýtagtymyzda ýokary ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda bu tebigy künjegiň ekologik abadançylygyny üpjün etjek köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda degişli ý

Älemgoşar ewkalipti

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy daragtlarynyň biri hasaplanylýan älemgoşar ewkalipti ýabany görnüşde ösüp ýetişýär. Bu agaç özüniň owadan dürli reňkli sütüni hem-de boýunyň beýikligi bilen görenleri haýrana galdyrýar. Älemgoşar ewkalipti deňiz derejesinden 1800 metre çenli bolan beýiklikdäki çygly tropiki tokaýlarda duş gelýär. Filippinler adasy älemgoşar ewkaliptiniň watany hasaplanylýar. XX asyryň ortalaryndan başlap, bu agaç medeni görnüşde Indoneziýa, Malaziýa, Braziliýa, Florida, Kuba, Hytaý, Şri-Lanka ýaly ýurtlarda ösdürilip ugraýar. Onuň inçe tüýjagazlar bilen örtülen, ýaşyl reňkli ýelek şekilli ýapraklary bar. Ewkaliptiň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda älemgoşar ewkaliptiniň düzüminde efir ýagy ýok we ol özünden ýiti ys bölüp çykarmaýar. Kiçijik ak gülleri we açyk ýaşyl reňkli, togalak, köp tohumly miweleri bolýar.

Tebigata aýawly garalyň!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde daşky gurşawymyzyň gözelliginiň baýlaşdyrylmagyny we abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini subut edýär. Ählimize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy barada aýratyn bellenilýär. Şu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köpöwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, çölleşmäge garşy göreşmekde, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmakda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, dünýägaraýşy, bütin ömri we ykbaly tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki adamlar asyrlaryň dowamynda hemişe tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň gözelligine gözellik goşup gelipdirler.

Watançylyk ýürek joşguny

Mukaddes topragymyzyň özboluşly mähri bar. Çogly güneşi, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan gadymy topragymyz gözümize has ýyly görünýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalary bolsa mähriban Diýarymyzyň mukaddes topragyny has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bag ekmek işi hakyky watançylyk hereketine öwrüldi. Şu ýylyň 6-njy noýabrynda bag ekmek çäresiniň geçirilmegi hem ähli ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň watançylyk ýürek joşgunynyň beýanyna öwrüldi. Mähriban Watanymyza, dogduk depämize söýgimiz, dürli ýatlamalarymyz, asyl bütin durmuşymyz tebigat bilen baglanyşyklydyr. Tebigat ylhamyňa ylham goşýar. Islendik adam öz dogduk mekanyny ýatlanda, ilki bilen gözüni açyp göreni, kalbyna ornaşan tebigaty ýadyna düşürýär. Häzirki wagtda tebigaty goramak, onuň biologiki dürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak jemgyýetçiligiň we döwlet edaralarynyň esasy üns merkezinde durýar. Döwletimiz tarapyndan tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak boýunça giň mazmunly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä derejesinde ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň rowaçlanmagyna-da uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ekoabadançylygy berkitmek boýunça wajyp başlangyçlarydyr teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Mähriban Arkadag

Pyrtykal

Galyň gabykly sitrus miwelerinde, şol sanda pyrtykalda-da ýokumlar uzak wagtlap saklanýar. Şonuň üçin tebigy şertlerde bişýän ter miweleri, gök önümleri, limon, mandarin, pyrtykal iýmek maslahat berilýär. Kaloriýa mukdary 47 kkal bolan pyrtykalyň birini iýenden soň iki-üç sagatlap aşgazan dok bolýar. Pyrtykalyň gabygy ýokumlaryň we biologiki taýdan işjeň maddalaryň iň baý çeşmesidir. Ol bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, şeýle-de ýürek-damar ulgamynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin hem peýdalydyr. Pyrtykalyň gabygyndaky maddalar gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar.  Bir sany pyrtykal düzüminde adam üçin zerur bolan C ýokumyň gündelik mukdaryny saklaýar. Miwesinde uglewodlar, süýüm, fitonidler, kaliý, fosfor, kalsiý, şeýle hem gabygynda efir ýaglary bar.

Owadan guş

Sülgünleriň dünýäde 125 görnüşi bolup, ýurdumyzda olaryň dört görnüşi duşýar. Daşky sypatyndan ýabany sülgün öý towugyny ýatladýanam bolsa, olardan sähel kiçiräk, guýrugy bolsa inçeden uzyndyr. Horazynyň sarydan gyzylymtyl-goňur reňki, inçeden uzyn guýrugy, çalymtyl, altynsow hem-de mawymtyl reňkli peri ýalpyldap, oňa owadan görk berýär. Agramy 2 kilograma çenli ýetýär. Sülgüniň mäkiýany kiçiräk we çalymtyl-çägesöw reňkde bolýar. Ownuk jandarlar we mör-möjekler, şeýle-de ösümlikleriň dürli bölekleri, tomzaklar, möýler, gurçuklar bilen iýmitlenýär. Sülgün örän köpelgiçdir. Ol her gezekde 7-18, köplenç, 8-14 ýumurtgany basyp çykarýar. Jüýjeler peri biraz gatansoň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. 50 günden soň bolsa uçmagy başarýarlar. 4-5 aýlyk bolanlaryndan soň, olaryň göwresi uly guşlaryň derejesine ýetýär. Olar güýzüne süri bolup ýaşaýarlar.

Täsinlikler

Diňe biziň galaktikamyzdaky ýyldyzlaryň her sekuntda birini sanamaly bolsa, onda bu işe 3 müň ýyl gerek bolardy. Adamzat ýaşap geleli bäri Nil derýasy iki gezek — IX we XI asyrlarda doňupdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 9-njy noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 6 — 8 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +13... +15° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Gür baglyga bürenýär gözel ülkämiz

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu ugurda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.