Bagy-bossan ak şäher

8 Noýabr 2021
1203

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Bu ägirt uly maksatnamany amala aşyrmakda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary işjeňlik görkezildi. Döwlet Baştutanymyz adamlaryň oňaýly ýaşamagynyň we dynç almagynyň amatly mümkinçiliklerini döretmegiň möhüm şerti hökmünde bu asylly işe aýratyn ähmiýet berýär. Paýtagtymyzda geçirilen bu dabara gatnaşyjylar ir säher bilen paýtagtymyzyň günorta böleginde, Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan asman bilen Zemin aralygyndaky beýik ýadygärliginiň ýanynda 13,5 gektar meýdanda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanylan ýere ýygnandylar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen beýik akyldar şahyryň hormatyna döredilýän toplumyň çäginiň abadanlaşdyrylyşyna, Aşgabadyň bagy-bossanlyga bürenmegine, paýtagtymyzda ýokary ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen beýik işler uly rowaçlyklara beslenýär. Şu ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta bölegine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda bu tebigy künjegiň ekologik abadançylygyny üpjün etjek köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini şu ýerde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

«Aşgabat».
Beýleki habarlar