Pyrtykal

8 Noýabr 2021
1389

Galyň gabykly sitrus miwelerinde, şol sanda pyrtykalda-da ýokumlar uzak wagtlap saklanýar. Şonuň üçin tebigy şertlerde bişýän ter miweleri, gök önümleri, limon, mandarin, pyrtykal iýmek maslahat berilýär. Kaloriýa mukdary 47 kkal bolan pyrtykalyň birini iýenden soň iki-üç sagatlap aşgazan dok bolýar. Pyrtykalyň gabygy ýokumlaryň we biologiki taýdan işjeň maddalaryň iň baý çeşmesidir. Ol bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny güýçlendirýär, şeýle-de ýürek-damar ulgamynyň bozulmalarynyň öňüni almak üçin hem peýdalydyr. Pyrtykalyň gabygyndaky maddalar gandaky holesteriniň derejesini kadalaşdyrýar. 

Bir sany pyrtykal düzüminde adam üçin zerur bolan C ýokumyň gündelik mukdaryny saklaýar. Miwesinde uglewodlar, süýüm, fitonidler, kaliý, fosfor, kalsiý, şeýle hem gabygynda efir ýaglary bar.

Solmaz PERMANOWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň iňlis dili mugallymy.
Beýleki habarlar