Watançylyk ýürek joşguny

8 Noýabr 2021
1237

Mukaddes topragymyzyň özboluşly mähri bar. Çogly güneşi, ajaýyp tebigy ýadygärlikleri, täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi bolan gadymy topragymyz gözümize has ýyly görünýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrundaky tagallalary bolsa mähriban Diýarymyzyň mukaddes topragyny has-da gözelleşdirýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe bag ekmek işi hakyky watançylyk hereketine öwrüldi. Şu ýylyň 6-njy noýabrynda bag ekmek çäresiniň geçirilmegi hem ähli ildeşlerimiziň, aýratyn-da, ýaşlaryň watançylyk ýürek joşgunynyň beýanyna öwrüldi. Mähriban Watanymyza, dogduk depämize söýgimiz, dürli ýatlamalarymyz, asyl bütin durmuşymyz tebigat bilen baglanyşyklydyr. Tebigat ylhamyňa ylham goşýar. Islendik adam öz dogduk mekanyny ýatlanda, ilki bilen gözüni açyp göreni, kalbyna ornaşan tebigaty ýadyna düşürýär.

Häzirki wagtda tebigaty goramak, onuň biologiki dürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklary netijeli ulanmak jemgyýetçiligiň we döwlet edaralarynyň esasy üns merkezinde durýar. Döwletimiz tarapyndan tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak boýunça giň mazmunly çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýä derejesinde ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň rowaçlanmagyna-da uly goşant goşýar. Hormatly Prezidentimiziň ekoabadançylygy berkitmek boýunça wajyp başlangyçlarydyr teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Mähriban Arkadagymyzyň ekologiýa meselelerine döwlet we dünýä derejesinde has möhüm üns bermegi olaryň oňyn çözgütlerine getirýär. Häzirki wagtda adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşini daşky gurşawyň meselelerinden üzňe göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ekologiýa taýdan bildirilýän düzgünleriň doly ýerine ýetirilmegine döwletimizde hemişelik gözegçiligiň ýola goýulmagy bolsa biziň tebigatymyzyň has-da gözelleşmegine, daş-töweregimiziň bagy-bossanlyga öwrülmegine itergi berýär.

Nurşat BABANAZAROWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar