Arassa ekologiýa — bagtyýar durmuşyň kepili

10 Noýabr 2021
1509

Bag ekmek, agaç nahallaryny oturtmak döwletlilikden, bagtyýar geljekden nyşan. Agaç nahallarynyň, köp görnüşli miweli we saýaly baglaryň ekilmegi indi ençeme ýyllardan bäri ýurdumyzda ajaýyp däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk göreldesinde amala aşyrylýan bag ekmek dabaralary halkymyz üçin has-da buýsançly ýagdaý. Şahyryň sözleri bilen aýdanymyzda: «Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar».

Hormatly Prezidentimiziň: «Biziň eken hem-de ýetişdiren her bir daragtymyz ata Watanymyzyň gülläp ösmegine goşantdyr» diýen sözleri bu günüň ýalkymly şygary bolup ýaňlanýar. Eziz Diýarymyzda ähli ugurlar bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gorap saklamak döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Türkmen tebigatynyň gözelliklerini, onuň biologiki dürlüligini aýawly saklamak, tebigy baýlyklaryny netijeli ulanmak, suwdan tygşytly peýdalanmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwletli işler durmuşa geçirilýär.

Begenç GURDOW,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.
Beýleki habarlar