Tebigata aýawly garalyň!

8 Noýabr 2021
1228

Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde daşky gurşawymyzyň gözelliginiň baýlaşdyrylmagyny we abat saklanylmagyny, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň hukuk ýörelgesidigini subut edýär.

Ählimize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludygy barada aýratyn bellenilýär. Şu babatda hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garap, geljekki nesiller üçin onuň gözelligini we köpöwüşginli görnüşini gorap saklamak biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir» diýmek bilen, daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamakda, çölleşmäge garşy göreşmekde, biologik köpdürlüligi baýlaşdyrmakda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belleýär. Ýer ýüzünde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy, dünýägaraýşy, bütin ömri we ykbaly tebigat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki adamlar asyrlaryň dowamynda hemişe tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, onuň gözelligine gözellik goşup gelipdirler.

Merdan MYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň tebigat bilimleri we matematika fakultetiniň fizika we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Beýleki habarlar