Älemgoşar ewkalipti

8 Noýabr 2021
1374

Tebigatda duş gelýän geň-enaýy daragtlarynyň biri hasaplanylýan älemgoşar ewkalipti ýabany görnüşde ösüp ýetişýär. Bu agaç özüniň owadan dürli reňkli sütüni hem-de boýunyň beýikligi bilen görenleri haýrana galdyrýar. Älemgoşar ewkalipti deňiz derejesinden 1800 metre çenli bolan beýiklikdäki çygly tropiki tokaýlarda duş gelýär.

Filippinler adasy älemgoşar ewkaliptiniň watany hasaplanylýar. XX asyryň ortalaryndan başlap, bu agaç medeni görnüşde Indoneziýa, Malaziýa, Braziliýa, Florida, Kuba, Hytaý, Şri-Lanka ýaly ýurtlarda ösdürilip ugraýar. Onuň inçe tüýjagazlar bilen örtülen, ýaşyl reňkli ýelek şekilli ýapraklary bar. Ewkaliptiň beýleki görnüşlerinden tapawutlylykda älemgoşar ewkaliptiniň düzüminde efir ýagy ýok we ol özünden ýiti ys bölüp çykarmaýar. Kiçijik ak gülleri we açyk ýaşyl reňkli, togalak, köp tohumly miweleri bolýar.

Nurmyrat DÖWLETOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar