"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Aýdym ýaly terjimeler

Baryp mekdepde okap ýören uçurymlarymyz, synpdaşlarymyz birek-birege: «Ulalaňsoň, kim boljak?» diýişýärdi. Her kim bir hünäri arzuw edýärdi. Ala-böle meniňki illeriňkiden tapawutlydy. Men, näme üçindir: «Ýazyjy boljak!» diýýärdim. Belki, perişdeler agzyma salyp goýberendir, belki-de, şol mahallar başlangyç synpda okaýandygyma garamazdan, gazet-žurnallary, kitaplary yzygiderli okaýandygym üçin agzymdan sypandyr? Ýazyjylary beýleki hünärdäki adamlardan ileri görerdim. Elbetde, bularyň bary çaga psihologiýasydy. Entek on bäş ýaşymam dolmandy. Şol ýyl Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazeti çykyp başlady. Onuň redaksiýasy-da paýtagtdady, çapa taýýarlanýan ýeri-de şol wagtky Aşgabadyň poligrafkombinatydy. Ana, nesibäm şu gazete çekdi. Korrektorlyga ilgezik ýumuş oglany gözlenýän eken. Şeýdip 1965-nji ýylyň tomsunda işe başladym.

Goşgulary bahar ýaly kämildir

Mämmet Seýidowyň döredijiligi meniň dünýäme has golaý. Onuň: «Tawus guşuň ganatyna ýelmenen, şol baharyň, ak baharyň ogly men» diýen setirleri meniň keremli ýaza, bahar gözelliklerine bolan söýgimi kalbyma keşde kimin gaýapdy. Bahary şeýle owadan wasp eden şahyryň köňül dünýäsiniň neneňsi öwüşginliligi öz-özündenem düşnükli bolsa gerek. Onuň: Kowalady Arzygül,Böküp gitdi pişijek,Jamda duran gatygy,Döküp gitdi pişijek —

Soltan Mahmyt Gaznaly Türkmen

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Milletimizi şöhratlandyran beýik serkerdelerimiziň ömrüni, durmuşyny öwrenmezden, hakyky watançy bolmak mümkin däl. Olaryň ömri-durmuşy ile-ýurda söýgüden hem wepadarlykdan, mertlikden hem gahrymançylykdan, adyllykdan hem parasatlylykdan, ugurtapyjylykdan hem ygrarlylykdan, ynsany bezeýän ähli beýik häsiýetlerden ybarat. Şol beýikleriň geçen ýollaryny öwrenmek her bir esgeriň, serkerdäniň synmaz watançylyk ruhy bilen gaýnap-joşmagyny gazanmagyň iňňän möhüm ugrudyr.

Halk isleginiň çeper beýançysy

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly, öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hy­ny, be­ýik şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Di­ňe türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mä­ge hem uly üns be­ril­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ba­ra­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze bir ede­bi mek­de­bi dö­ret­me­gi ba­şa­ran şa­hyr­dyr. Be­ýik akyl­dar özü­niň aja­ýyp eser­le­ri bi­len türk­men di­li­ni we ede­bi­ýa­ty­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­di. Nus­ga­wy şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip, örän ýer­lik­li bel­leýär. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny, dün­ýe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny, XVIII—XIX asyr­lar­da türk­men dur­mu­şy­na ýe­ti­ren uly tä­si­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek, onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň türk­men, şol san­da tu­tuş Gün­do­ga­ryň yl­my-me­de­ni dur­mu­şy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­ny döw­re­bap san­ly teh­no­lo­gi­

Türkmen şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbi

Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik ussatlygyna ýokary baha berlip, onuň döredijiligini ylmy taýdan seljermäge uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Magtymgulynyň döredijiligi bütin durky, kalbynyň joşguny, ähli pikirleri bilen, ilkinji nobatda, türkmen halky we onuň ykbaly bilen baglydyr. Nusgawy şahyrymyzyň goşgularynda biz wagtlaýyn täsirleriň we duýgularyň beýanyny däl-de, eýsem, Watan hakyndaky dartgynly, üznüksiz oýlanmalaryň, bu ajaýyp toprakda ýaşaýan adamlaryň, durmuş kynçylyklary şahyryň kalbynda agyr yz galdyrýan watandaşlarynyň we döwürdeşleriniň has-da gowy durmuşda ýaşamaklary baradaky arzuw-umytlarynyň netijelerini görýäris» diýip, örän jaýdar belleýär. Şekillendiriş sungatynda Magtymguly Pyragynyň keşbini şöhlelendirmek babatda hem netijeli işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýew ilkinji bolup Magtymguly Pyragynyň kanonik keşbini döretdi. Nusgawy edebiýatymyza uly sarpa goýýan suratkeş Moskwanyň W. I. Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talybyka, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň kanonik çeper keşbini döretmek hakynda bäsleşikde ýeňiji bolýar. Şahyryň keşbini döretmek baradaky pikirler suratkeşde bäsleşikden öň, ýagny onuň Aşgabatdaky şol wagtky respublikan çeperçilik mekdebini tamamlap, opera we balet teatrynda sahnalaryň bezeglerini ýerine ýetiren döwründe döreýär. Ol akyldar şahyr Magtymgulynyň keşbini

Garaşsyzlyk döwrüniň romanlarynda çeperçilik we millilik

Türkmenistan döwletimiziň mundan otuz ýyl öň mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen ýurdumyzda syýasy durnuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty rowaçlandy. Milli ýol-ýörelgeler gaýtadan dikeldildi. Ýurdumyzda milli galkynyş rowaçlandy. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, edebi mirasymyzy, edebiýatymyzyň taryhyny düýpli öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda Garaşsyzlygymyzyň gözbaşlaryna ünsi çekip şeýle belleýär: «Garaşsyzlygy gazanmak bilen, döwletimiziň öňünde örän çylşyrymly meseleleri çözmek wezipesi keserip durdy: jemgyýetçilik-syýasy gurluş üýtgeýär, ykdysady özgertmeleri amala aşyrmaly, ruhy özgerişler bolup geçmeli... Bular örän köp zähmeti we berk oýlanyşyklylygy talap edýän wezipelerdir». Milli Liderimiziň adalatly nygtaýşy ýaly, jemgyýetçilik-syýasy gurluşyň üýtgemegi, ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylmagy ruhy özgerişlere hem giň ýol açýar. Halkyň ruhy dünýäsiniň bir ganaty bolsa milli edebiýatydyr. Şeýlelikde Garaşsyz döwletiň milli edebiýaty nähili bolmaly, haýsy çelgilerden, ýol-ýörelgelerden, garaýyşlardan ugur almaly diýen kanuny sowallar orta çykdy.

Gysga gepim — gymmatym (sykylyp, süzülen seljermeler)

Magtymguly gysga gepliligi adamyň akyl ölçegine çenli ýetirdi. «Aklyň bolsa, märekede az sözle», «Akylly az sözlär, gorkar tilinden» diýen ýaly ençeme setirler — şahyryň durmuşyň gözlerinden çekip alan syrlary. Şonuň üçinem bu setirlerden gaçyp, başga bir pikiriň arkasyna bukulyp bolanok. Bu wesýeti amal etmekde iş barlygam çyn. Onda-da galam ýöredýänler üçin. Çeper edebiýatdaky söz tygşytlylygy baradaky pikiri Gurbannazar Ezizow «Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam, Ol ýerde üç sözüň geregi näme?», «Biz herimiz özümiziň zergärimiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli» diýip, dowam etdiripdi. Mahlasy, romandan powest, powestden hekaýa, hekaýadan nowella ýasap bilýän ýazyjyny, bendi beýde, beýdi setire, setiri söze öwrüp bilýän şahyry söz sungatyna, öz okyjysyna, öz-özüne uly sarpa goýup bilýän adam hökmünde sylaýandygymyza söz bolup bilmez. Sylanýan zehin babatda bolsa biziň çeper edebiýatymyz binesip edebiýat däl, sebäbi ol käte «üç sözüň ýerine bir söz aýdyp» begendiribem bilýär. Biz öňräkden bäri «Gysga gepim — gymmatym» atly ýörelgeden ýöräp görmek küýüne küýlensegem, «Haýsydyr bir eser hakda az sözlejek bolup, ony mynasyp bahadan mahrum edäýmäli» diýip ýaýdandyk. «Eseriň okyjysy bilen dil tapyşyp bolarmyka?!» diýen ýaly pikirlerem galama badak atman durmady. Barybir, «Janymyzy barlap görmeli» diýen aýgyda atlanyp, seljermäni sykyp, süzüb-ä gördük. Kakamyrat Rejebowyň «Bagtyň sur

Edebiýatçynyň ýazgylary

Taryhy, döwürdeş, real şahsyýetleriň çeper keşplerini döretmek çeper döredijiligiň aýratyn möhüm temasy. Çeper keşpler görnükli şahsyýetleriň görünmeýän taraplaryny açýar. Bu aýratyn-da şekillendiriş sungatynyň portret žanryna mahsusdyr. Meşhur rus hudožnigi Ilýa Repin öz belli döwürdeşleri Gorkiýniň, Maýakowskiniň, Şalýapiniň, Blogyň, Kupriniň, Glazunowyň, Marşagyň, Çukowskiniň, Kataýewiň, Mihalkowyň, rus ylmyny şöhratlandyran Mendeleýewiň portretlerini çekýär. Olar Russiýanyň görnükli adamlaryny nesillere tanatmakda şu günki günde uly hyzmat edýär. Diňe bir ruslarda däl, tutuş adamzada tanatmakda hyzmaty uly. Sebäbi bu ady agzalanlar tutuş dünýä möçberindäki sungata, edebiýata, ylma goşant goşan şahsyýetlerdir.

Sungat ussatlarynyň durmuşy

Halkymyzyň medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan belli kinorežissýorlar, tanymal aktýorlardyr opera aýdymçylary bilen baglanyşykly her bir waka, gürrüň, söhbet biz — ýaşlar üçin gymmatly miras bolup durýar. Lýubow Garlyýewa bilim alan Türkmen döwlet medeniýet institutymyzda hormatly mugallymlarymyzyň biri. Ol türkmen sungatynda uly yz galdyran iki ussadyň — tanymal kinorežissýor Alty Garlyýewiň hem-de Annagül Annagulyýewanyň oglunyň gelni.

Zehin akabasy

Edebiýat we aýdym-saz sungaty. Bular biri-biri bilen sazlaşykly ösüşde. Milli kompozitorçylyk sungatymyzyň geçen ýoluna ser salanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň ösmegine mynasyp goşant goşan kompozitorlarymyz az däl. Şolaryň biri-de Myratdurdy Saparowdyr. Ol 1941-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynda dünýä inýär. Onuň çagalykda esasy oýunjagy dutar bolýar. Aýdym-saza höwesi ony 1962-nji ýylda Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk uçilişesine (häzirki Maýa Kulyýew adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi) alyp gelýär. Ol bu ýerde ussatlardan sapak alýar, sungatyň inçe tär-tilsimlerini öwrenýär. Bu okuw mekdebini üstünlikli tamamlandan soňra ol Gökdepede, Gyzylarbatda (häzirki Serdar şäheri), Aşgabatda sazçylyk mekdeplerinde işlemek bilen aýdym-saza höwesek ýaşlaryň ençemesini sungatyň ummanyna atarýar. Myratdurdy Saparow şol döwürlerde Gökdepede we Serdarda aýdym-saza ukyply ýaşlary jemläp, aýdym-saz toparlaryny döredýär. Olar bilen dürli ýerlerde çykyş edýärler. Şol döredilen toparlarda çykyş eden aýdymçylardan Saparmyrat Babaýew we Toýguly Jepbarow dagy öz döredijilik ýoluny tapdylar. Myratdurdy Saparowyň respublikan we bütinsoýuz festiwallaryna gatnaşyp, birnäçe gezek festiwalyň ýeňijisi bolmagy-da, onuň aýdym-saz ugrundan kämillik

Beýik Ärsaklaryň mukaddes şäheri

Türkmeniň şöhratly taryhy bar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki gadymy galalar geçmişiň syrly sahypalaryny özünde jemleýärler. Milli mirasymyza uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz: «Türkmenistanyň Gadymy Merw, Köneürgenç we Nusaý ýaly medeni-taryhy ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Bu bolsa halkara guramalarynyň Türkmenistanyň medeni ýadygärliklerine uly üns berýändigine we türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine goşan mynasyp goşandynyň bütin dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär» diýip, örän jaýdar belleýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda beýan edilýän taryhy-medeni maglumatlar Beýik Ýüpek ýolunyň ugry diňe söwda kerwen ýoly bolmak bilen çäklenmän, siwilizasiýalaryň çatrygynda ýerleşen, sebidiň gadymy medeni merkezleriniň biri hökmünde meşhurlyga eýe bolan Nusaý şäheri barada hem giňişleýin düşünje berýär.

Gelin-gyzlaryň guwanjy

Milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýup, olary geljekki nesillerimize has-da kämilleşdirip ýetirmekde uly tagallary edýän hormatly Prezidentimiz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Zergärçilik — owazy aýdyma öwrülen şelpeleriň sungaty» diýlip atlandyrylan bölümi milli mirasymyzyň bu görnüşine bagyşlanypdyr. Onda şaý-seplerimiziň taryhy, görnüşleri barada gymmatly maglumatlar berilýär. Milli şaýlar biziň gymmatly mirasymyzdyr. Halkymyz mydama öz milli şaý-seplerini aýawly saklap­dyr, nesilden-nesle geçiripdirler. Ussat zergärlerimiziň ýasan altyn-kümüş şaý-sepleri nepisligi, owadanlygy bilen tapawutlanýar. Olar gadymy döwürlerden bäri gyz-gelinleriň bezegleri bolup gelýärler. Zergärlerimiziň gelin-gyzlarymyz üçin ýasan şaý-sepleri ýurdumyza gelýän syýahatçylary hem haýran galdyrypdyr. Milli şaý-seplerimiz daşky alamatlary boýunça birmeňzeş bolsa hem, haýsy welaýata degişlidigine baglylykda, biri-birinden tapawutlanýarlar. Zenanlaryň saçlaryna dakynýan görnükli nepis şaý-sepleriniň biri-de ýürek şekilli asykdyr. Asyk dürli görnüşde bolýar. Onuň ortasynda hakyk daşyndan goýulan ullakan gaşy bolup, töweregi «islimi» nagyşy bilen bezelip, ýüzüne gyzyl çaýylýar.

Baş baýlygyň goragynda

Gyş paslynyň gelmegi bilen howanyň üýtgemegi bilen möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleri dörediji wiruslaryň köpelmegine şert döreýär. Her bir adam kesellerden goranyp, sagdyn ýaşap hem-de nesilleriň sagdyn durmuş ýörelgelerini alyp barmagyň endiklerini we başarnyklaryny terbiýelemäge, geljekde ilatyň arassaçylyk medeniýetiniň ýokarlanmagyna, dürli ýokanç keselleriň, ýaramaz endikleriň öňüni almaga amatly şertleri döredýär. Sagdyn nesliň kemala gelmeginde ulularyň görkezýän göreldesi, olaryň öz çagalaryna keselleriň öňüni almaga hemaýatly maslahatlary, şol sanda arassaçylyk tertip-düzgünlerini dogry we doly berjaý etmekligini gazanmak uly ähmiýete eýe bolup durýar. Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keseli — bu dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç keseli bolup, wirusly gelip çykyşlydyr we beden synalaryny düýpli gowşadýar, immunitetiňi pese düşürýär. Bu wiruslar näsag adamdan howa-damja ýollary, şeýle hem göni däl galtaşyk ýoly bilen wirus ýokuşan elleriň, hapa zatlaryň üsti bilen geçip bilýär. Möwsümleýin ýiti respirator keseli çalt ýaýraýan kesel we az wagtyň içinde belli bir ýerde köp adam keselleýär. Näsaglan adamyň ilkinji hepdesinde kesel ýokuşdyrmak howpy güýçli bolýar. Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny

Habarlar

1-nji oktýabr. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. 2-nji oktýabr. Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, «Garagum» myhmanhanasynyň ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.

Arzuwlardan bina bolan beýiklik

Gözbaşdan gaýdýan taryhy sapaklar Her bir ýurduň döwlet Senasynda şol ýurduň milli ruhy ör-boýuna galýar. Türkmenistanyň Döwlet senasynda-da türkmen halkynyň şöhratly geçmişi we bagtyýar şu güni beýan edilýär. Bu pikirimizi Döwlet senamyzyň ilkinji bendi-de subut edýär:

Parahatçylyk — ösüşlere aýdyň ýol

Yk­rar edil­mek, on­da-da dün­ýä de­re­je­sin­de yk­rar edil­mek — bu örän uly bagt! Türk­me­nis­tan — şeý­le uly bag­tyň eýe­si! Ge­çen asy­ryň ahyr­ky on­ýyl­ly­gy­nyň or­ta­syn­da, has ta­ky­gy 1995-nji ýyl­da ga­za­nan hemişelik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy Türk­me­nis­tan üçin şol uly bag­tyň buş­luk­çy­sy bol­dy. Özem wagt bi­len çäk­len­di­ril­me­dik, he­mi­şe­lik bagt! Bi­ta­rap­ly­ga bi­ziň hal­ky­my­zyň mil­li men­ta­li­te­tin­de — ýa­sa­wyn­da, asyl zan­dyn­da, ga­nyn­da bar bo­lan hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik hä­si­ýet­le­ri­niň esa­syn­da dö­rän gud­rat di­ýip bo­lar. Ga­raş­syz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­de iň howp­suz ýurt hök­mün­de yg­lan edil­me­gi he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­myz bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Bi­ta­rap­lyk äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň hem-de howp­suz­ly­gyň do­ly üp­jün edil­me­gi­niň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lygyň we dur­nuk­ly ösü­şiň esa­sy şer­ti­dir. Yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­na esas­lan­ýan he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­myz ag­zy­bir­li­giň, asu­da­ly­gyň we giň dün­ýä­ga­raý­şyň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lup, türk­men hal­ky­nyň asyr­la­ryň jüm­mü­şin­den göz­baş al­ýan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­si­dir. Hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk hal­ky­my­zyň mil­li däp­le­ri­niň göz­ba­şy­dyr. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hal­ka­ra hu­kuk ýag­da­ýy­na eýe bo­lan ata Wa­ta­ny­myz umumadamzat bähbitli, a

Taryhy-medeni gymmatlyklarymyz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň geçmiş taryhyny we baý medeni-ruhy gymmatlyklaryny dikeltmek we dünýä ýaýmak ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky işler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň esasynda Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berlip, BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen netijeli gatnaşyklar ösdürilýär. ÝUNESKO-nyň taryhy özüniň gözbaşyny 1945-nji ýylyň noýabrynda Londonda geçirilen halkara maslahatyndan alyp gaýdýar. Şonda ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasyna 20 ýurduň wekilleri gol çekdiler we bu resminama 1946-njy ýylyň 4-nji noýabrynda güýje girdi. ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň birinji mejlisi 1946-njy ýylyň 20-nji noýabry —10-njy dekabry aralygynda Parižde geçirildi. ÝUNESKO-nyň Düzgünnamasynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, bu guramanyň maksatlary ählumumy hormatyň, adalatlylygyň, adam hukuklarynyň we ähli halklar üçin esasy azatlyklaryň üpjün edilmeginiň hatyrasyna ýurtlaryň arasynda bilim, ylym, medeniýet we maglumat çäklerinde halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna ýardam etmek bolup durýar. Şu maksatlary amala aşyrmak üçin ÝUNESKO her bir ýurduň halkyna onuň öz ösüşine täsirli amal etmegi üçin bilim

Ede­bi gat­na­şyk­la­ryň ber­ke­me­gin­de Mag­tym­gu­ly­nyň or­ny

Türkmen halkynyň ruhy we medeni gymmatlyklaryny çuňňur we düýpli öwrenmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde orta çykaran hormatly Prezidentimiziň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny 2024-nji ýylda halkara derejesinde dabaraly belläp geçmek hakyndaky Kararyndan soň, şahyryň döredijiliginiň halkara ähmiýeti babatda-da, has çynlakaý ylmy pikirler okyjylar köpçüligine hödürlenip başlandy. Bu başlangyjy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzy, türkmen halkynyň medeni mirasyny, şol sanda akyldar Magtymgulynyň döredijiligini aýawly saklap, ony ylmy esasda düýpli öwrenmegi ýola goýanlygy bilen hem delillendirip bolar. Türkmen halkynyň geçmiş taryhyna ser salanymyzda, bu keramatly toprakda beýik akyldarlaryň, şahyrlaryň, alymlaryň, danyşmentleriň ýaşap, özünden soňky nesillere bahasyna ýetip bolmajak miras galdyrandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz: «Türkmen halky geçmişde il-ýurt ykbaly bilen bagly meseleleri maslahatlaşyp, geňeşip, ýedi ölçäp, bir kesip çözüpdir. Şonda milletiň pähim-parasada ýugrulan danalarynyň pikir ummanyna daýanylypdyr. Şeýle akyldarlaryň biri-de, türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr» diýmek bilen geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirki zaman türkmen edebiýat ylmynyň, milli filoso

Şygryýet bossany

Köňül düşlegiMagtymguly Pyragynyň äheňinde Menzil-menzil aşa-aşa, düşdüm ne hyýala, köňlüm,Başym urup daga-daşa, geldim ne karara, köňlüm,Bakyp-bakyp gözde ýaşa, galdym ne azara, köňlüm,Ýene gelip dyza çökdüm taşlap giden düşlegimde.

Şygryýet bossany

Bagtyýar zaman geldi Buşluk size gözel il, Garaşsyzlyk şan bolan,Atalaryň arzuwy jan içinde jan bolan.Dosta gapysy açyk, ýurdum mähriban bolan,Arkadagyň ak ýoly,Watanymyň ykbaly,Erkana durmuşyma bagtyýar zaman geldi.