"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Ady äleme dolan

Owazasy düşüp Rum-u Ýemene,Müsür, Şam-u Hindistan-u Dekene,Çawy düşüp Hytaý bile Hotana,Bir emiri-sahypkyran ýaratdy.                           Magtymguly Pyragy. Daş-töweregi bagy-bossanlyga öwrülen, bir tarapy derýadyr deňiz, beýleki tarapy daglardyr sähralyklar bilen gurşalan, arassa säher şemalynyň öwüsýän ýeri bolan türkmen topragyna göz aýlanymyzda geçmişiň yzlary göz öňümizde janlanýar. Gün şöhlesiniň täsiri astynda gözümiziň öňünde janlanýan salgym bu bereketli topragyň üstünde alyn derini döken ata-babalarymyzyň ýörän ýollaryny we keşbini emele getirýär. Beýik Ýüpek ýolunyň taryhynda mynasyp orun alan bu gadymy topragyň üstünden geçen kerwenlerdäki düýelerdir atlaryň hereketleri we olaryň aýak yzlary bada-bat gözümiziň öňünde peýda bolanda, şol bada dyzyňy epip, geçmiş barada oýlanmaga puryja gözleýärsiň. Dürli pikirlerdir oýlanmalar türkmeniň geçmişinden habar almaga itergi berýär. Golýazmalardyr kitaplary eliňe alyp, olaryň täsin dünýäsine aralaşasyň gelýär. Şol pursatlarda geçmiş mirasymyzy bilesigelijilik duýgulary bizi öz günümize goýmaýar. Şonuň üçin ata-baba geçmişi beýan edýän seýrek kitaplaryň we golýazmalaryň gözlegine çykanyňy duýman galýarsyň.

Türkmen şygryýetindäki edebi görnüşler

Türkmen edebiýatynyň uly ösüşlere eýe bolmagy halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ähmiýetine düýpli düşünmegine hem-de döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimizi ösdürmekde jogapkärçiliginiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen şygryýetiniň mowzuk, ündew baýlygy, sagdyn çeperçilik dünýäsi bu edebi görnüşiň her bir döwri hakda çuň we ummasyz derňewleri talap edýär. Şu zatlaryň özi türkmen şygryýetiniň özboluşly bir döwri, ýagny XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň başlarynda dörän türkmen şygryýeti hakda giňişleýin gürrüň etmäge esas bolýar. Edebi däbiň ulanylyşy, täzeçilligiň döredilişi islendik döwrüň edebiýaty öwrenilende-de onuň milliliginiň, halkylygynyň esasy ölçegi hökmünde seredilýän zatdyr. Şonuň üçinem XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki döredilen eserleriň milliligini ýüze çykarmak esasy meseleleriň biridir. Iki döwrüň, iki sany jemgyýetçilik gurluşynyň sepgidinde dörän eserleriň süňňündäki edebi däbi ýa-da täzeçilligi gözlemegiň näderejede zerurlygy hem edil şu nukdaýnazar bilen kesgitlemek bolar.

Ýusup ibn Taňryberdiniň «Röwşen ýyldyzlar» atly eserinde soltan Alp Arslanyň beýany

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda adamzat taryhyna uly goşant goşan türkmen halkynyň baý we şöhratly taryhyny öwrenmekde, dikeltmekde we ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Türkmen halky ençeme müňýyllyklaryň dowamynda köp sanly döwletleri gurup, dünýä taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Orta asyrlarda şan-şöhrata beslenen şeýle döwletleriň biri hem Memluk türkmenleriň (1250-1517) döwletidir. Memluk türkmen döwletinde ýaşap geçen Ýusup ibn Taňryberdiniň (1410-1470) döredijilik mirasy öz döwrüniň taryhyny öwrenmekde gymmatly we ygtybarly çeşmedir. Alymyň hakyky ady Abul Mahasyn Jemalleddin Ýusup ibn Taňryberdi el-Atabegi el-Ýaşbugawy ez-Zahyry bolup, ol takmynan 1410-njy ýylda uly emeldaryň maşgalasynda dogulýar. Asly Anadoly türkmenlerinden bolan Ibn Taňryberdi ýaşlykdan aýratyn zehini bilen tapawutlanyp, döwrüniň iň ussat halypalaryndan ders alýar. Onuň gyzyklanýan ugurlarynyň arasynda astronomiýa, matematika, teologiýa, saz we edebiýat aýratyn orun tutýar. Alym taryha degişli işleri bilen döwrüniň iň tanymal taryhçysy hasaplanýar. Onuň «En-nujumuz-zähire fi muluki Mysr wel-Kahyre» («Müsür we Kair patyşalary hakynda röwşen ýyldyzlar»), «El-menhelus-safy wel mustewfi bagdel-Wäfi» («Wafydan soňra tamamlaýyjy we dury çeşme») atly kitaplarynda gymmatly taryhy maglumatlar berilýär. Alymyň agzan ilkinji eserinde meşhur şahsyýetleriň, soltanlaryň, hökümdarlaryň, em

Söýginiň we ynsanperwerligiň waspçysy

Türkmen edebiýatynda özboluşly yz goýup giden şahyrlar az däl. Mollanepes hem şolaryň iň bellileriniň biri. 1810-njy ýylda Sarahsda eneden bolan Mollanepesiň kakasyna molla Kadyrberdi diýipdirler. Ol döwrüniň iň sowatly mollalarynyň biri eken. Mollanepes oba mekdebini tamamlandan soň medresede okuwyny dowam edipdir. Soňra Buhara şäherine gidip, Mämmet Şeribiň we damylla Ärnazaryň medreselerinde okapdyr. Ol ýaşlykdan halaşan gyzy Bossantäç bilen nikalaşypdyr. Bu barada «Zöhre-Tahyr» dessanynda beýan edilýär. Mollanepes Magtymgulynyň, Keminäniň şygyrlarynyň, halk dessanlarynyň edebi däplerini özleşdirip, söýginiň tarypyny ýetirýän şygyrlary ussatlygyň täze belentligine göterip belipdir. Ol söýgi we ahlak mowzugyna bagyşlap, «Bäri gel», «Haýrana galar», «Nazar kylsa dişleriňe», «Söýdügim», «Gitdim», «Owadan gelin», «Istäp ki gözel ýary», «Rehmet etmezmiň» «Ýadyma düşdi» ýaly ýazan goşgularynda gelin-gyzlaryň görk-görmegini, adamkärçilikli sypatlaryny, el hünärlerini taryplamak bilen birlikde erkin, azat, dünýewi söýgi meselesini hem orta atypdyr. Şahyr «Yşk mülküniň şasy men guşumda hemdemim ýok» diýip, «Zöhre-Tahyr» dessanynda özüni «Söýginiň şasy» diýip atlandyrýar. Ol dünýewi söýgi durmuşyň düýp manysy diýip düşünipdir we bu durmuşy pelsepesini yzygiderli wagyz-nesihat edipdir. Ol «Bäri gel» goşgusynda birek-biregiň gadyryny bilip ýaşamaga çagyrýar. Şahyr bu goşgusynyň dowamyn

Hakydada galan pursatlar

Ol diýseň pespäl, ula-kiçä çuňňur hormat goýyan adamdy, ýüz tutup barsaň mümkingadyr işiňi bitirip goýbererdi. Türkmen telewideniýesinde işleýän döwürlerimiz biz ondan öz taýýarlaýan «Ýedigen» atly edebi-sazly gepleşigimiz üçin Magtymgulynyň goşgularyny okap bermegini haýyş edip ýüz tutardyk. Şonda ol şahyryň goşgularyny mylaýymdan akgynly, hiç kimiňkä meňzemeýän dury sesi bilen okap, iş ýerinde lenta ýazgysyna geçirderdi. Özi-de, goşgyny türkmen halk sazlary bilen bezederdi. Onsoň, goşgy bilen saz akgynly birleşip, diňläniňde süňňüňe siňer barardy. Ol galapyn Magtymgulynyň goşgularyny okansoň goşgy ýaýlyma berlip durka biz ony «Magtymguly» çeper filminiň parçalary bilen utgaşdyrardyk. Bu ýagdaý onuň okaýan goşgularynyň täsirini has-da artdyrardy. Görkezilýän wideoşekilleriň aňyrsynda ýaňlanýan ses gepleşiklerimizde yzygiderli dowam edip duransoň, teletomaşaçylar bize onuň özüni görmek isleýändigini beýan edip hat ýazardylar. Ahyry hatlaryň sany eslä ýetensoň biz ony işiniň juda köpdügine garamazdan gepleşigimize çagyrmagy müwessa bildik. Ol birbada: «Bolar-la oglanlar, radioda gije-gündiz sesimiz eşidilip dur-a» diýip ikirjiňlense-de, biziň yhlasymyz ýerine düşdi. Ol ahyry çykyş etmäge göwnedi.

Saglyk — baş baýlyk

Pasyl çalşyp, howanyň üýtgemegi bilen, möwsümleýin keselleriň döremek mümkinçiligi hem artýar. Olardan goranmak üçin bedeniň immun ulgamynyň kesele garşy durnuklylygynyň ýokary bolmagyny gazanmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmeli. Kadaly iýmitleniň!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri: Habarlar

1-nji sentýabr. Paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde hormatly Prezidentimiz Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Hormatly Prezidentimiziň 2021-2022-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde beren umumy sapagy çuňňur many-mazmuna baý bolup, bu ýere ýygnananlaryň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de baýramçylyk ruhuny artdyrdy. 3-nji sentýabr. Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Şygryýet bossany

Watandyr Garaşsyzlyk ýurdumda dogdy täze Aý bolup,Berdi ol öz iline, ak bagtdan paýyn alyp,Bu gün adyň-abraýyň, älem-jahana dolup,Togsan biriň güýzünde täze daňyň atandyr,Watan diýmek Arkadag, Arkadagym Watandyr.

Şygryýet bossany

Magtymguly Ýöne dag däl, daglardanam beýik ol,Türkmen ykbalynda synmaz seýik ol,Şygyr ummanynda äpet gaýyk ol,Ol halkyň telwasy, ol halkyň guly,Magtymguly!

Şa serpaýyňyz üçin sag boluň, Gahryman Arkadagymyz!

Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­ra­my bo­lan Ga­raş­syz­lyk to­ýy di­ňe bir «Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­ly­nyň däl, eý­sem, şu be­ýik za­ma­na­my­zyň da­ba­ra­ly toý-baý­ram­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Ga­raş­syz­ly­gyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li ge­çi­ri­len baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry giň­den tu­tu­lyp, dün­ýä ýü­zü­ne ýaň sal­dy. Ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly ­Berdimuhamedowyň baş­da dur­ma­gyn­da tä­ze-tä­ze üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Şu baý­ram­çy­ly­gyň bo­sa­ga­syn­da şeý­le be­ýik iş­le­re my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýan, ýa­daw­syz zäh­met çek­ýän ra­ýat­la­ry­my­zyň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň en­çe­me­si­ne Şa ser­pa­ýy gow­şu­ryl­dy. «Ga­ra­gum» žur­na­ly­nyň oky­jy­la­ry­na mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň Şa ser­pa­ýy­na my­na­syp bo­lan il­deş­le­ri­mi­ziň bir­nä­çe­si­niň ýü­rek buý­san­jy­ny ýe­tir­ýä­ris.

Watana wepalylygyň wesýeti

1. Atalyk aladanyň aýdyň beýany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

Barlan iller, ýörelen ýollar (esse)

Gadymyýetden galan bir tymsalda: «Köp ýaşan adam däl-de, köp gezen, köp gören adam bagtlydyr» diýilýär. Şu jähetden ykbal meni ýalkapdyr. Maňa ýaşalan ömrüň dürli ýyllarynda dünýäniň köp ýerlerine barmak, onlarça ýurtlarynda bolmak nesibesi ýazylan eken. Şolaryň hersi bir duýga-täsire gaplanan. «Her gülüň bir ysy bar» diýlişi ýaly, her barlan ýeriň, her ýörelen ýoluň, düşlän şäheriň, görer göz bilen synlan köşgi-eýwanyň, ymaratyň, geň galdyran täsinlikleriň... hersi türkmen aýtmyşlaýyn, bir dessan. Gündogarda: «Barylmadyk ilde eşidilmedik gep bar» diýlen aýtgy bar. Bu sözüň çyndygyna syýahatda-seýranda bolanyňda has magat göz ýetirýärsiň. Diňe gep däl, görmedik gözellikleriň, täsinlikleriň soň köňül kitabyňa ýazylýar. Şol täsirler bolsa ýyllar geçdigisaýy has nurlanyp, akyl eleginden süzülip, şol wagt ýandepderçä geçirilen bellikler seni heýjana salyp, bileniňi, göreniňi, ýat «depderiňe ýazylany» dolulygy bilen kagyza geçirmäge, has anygy, okyjy bilen paýlaşmaga telwaslandyrýar.

Tebigy gözelliklere baý sähra

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ekologiýa babatynda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň hatarynda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, seýilgähleri döretmek, daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly işleri hukuk taýdan kadalaşdyrmak boýunça zerur çäreler durmuşa geçirilýär. BMG-niň Biodürlülik baradaky konwensiýasyna goşulyşmagy, goraghanalaryň döredilmegi, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň çapdan çykmagy, seýrek görnüşleri gorap saklamak boýunça çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biologik köpdürlüligini goramakda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Diýarymyzyň ekologik dürlüligini gorap saklamagyň baş ugrunyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň ekologik kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi hem uly ähmiýete eýedir.

Şygryýet bossany

Men bir gezek azaşypdym daglarda Atlanyp bir gezek daglara çykdym,Belentlikler göteripdi göwnümi.Çüw atym, çüw, aýlanaly daglara,Dagat göwnümdäki gara howlumy.

Şygryýet bossany

Döneýin Mähriban Watanym — Türkmenistanym,Ençe asyr arzuw eýläp ýetenim.Belent-belent maksatlary tutanym,Kuwwatlarňa, toýlaryňa döneýin.

Şygryýet bossany

Baglar Baglar bahar aýy, edýän deý baýram,Gülleýär hem gülün sowrup dur ýele.Olaryň bolşuna akylym haýran,Baglar ýeri ýapyp durýar gül bile.

Şygryýet bossany

Türkmenistan Öňe,öňe,diňe öňe,jan Watanym Türkmenistan!Juda çuňdan gelýän taryhyň bilen,Beýik Pyragynyň tarypy bilen,Ebedi,edebi mirasyň bilen,Şelepli durnalaň lirasy bilen.

Şygryýet bossany

Köne ýüzler Indi seýrek gabat gelýär,Şol öňküje köne ýüzler.Köp zatlary ýada salýar,Şol öňküje köne ýüzler.

Şygryýet bossany

Eje Daňdanlar ýene-de girdiň düýşüme,Melekler ak pata berende dünýä.Asmanda alňasap süýşýän bulutlaň,Arasyndan eziz keşbiň görünýä.

Şygryýet bossany

Watan «Bir tarapda dag bar köňle medetkär,Bir tarapda sähraň demi em ýaly»Gujagyňda ýat däl maňa hiç kimem,Dostlarmyňam dogan bilen deň bary.