"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Bedew Türkmenleň söýeni, saýyp behişdi,Kerem-keramatly, halatly, bedew.Ümdüzne tutdursa, bir uçar guş deý,Ýelden ýyndam, misli ganatly, bedew.

Şygryýet bossany

Watan Abadanlyk ýurdy, rysgal çeşmesi,Daglaryň, düzleriň, çölleriň oňat.Gün-günden bat alyp ösýän Watanym,Seň tutumly işleň, ýollaryň oňat!

Şygryýet bossany

Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany Ata Watan başda penam, menzillere rowan jygam sen,Adalatlyk, parahatlyk ýoly bilen dowam sen,Göz guwanjym, buýsanjymsyň, dilde senam-dogam sen,Garaşsyz, Bitarap bolup, ak daňlaryň atany,Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.

Şygryýet bossany

Şygryýet dünýäsi Barlyk giden peýzaž. Bagtyýar döwür,Şygryýet meýdana köp ýagýar nurlar.Iliň görmedigni bilýändir görüp —Şahyrlar.

Şygryýet bossany

Gözleg Gijeler asuda, gündizler nurly,Durmuş akyp barýar bakman ugruňa.Aý-a uzaklardan seredip durdy,Gögüň ýüzem ýyldyz bilen ýugrulan.

«Gülgörki» (hekaýa)

Bu şol gün, ediljek şol gün bolup geçdi. Akylym çaşandyr. Näme edýänimi bilmän, halypama özelenişim, edil häzirki ýaly ýadymda. — Men göni işe başlaýaýyn.

Halasgär (hekaýa)

Atamyň süýji gürrüňlerine mazalyja imrinipdirin. Ýogsa şu günler obanyň iş-aladasy özüne ýetik. Bu günem ekinlere çil çekip ganymatja arypdyk. Şonda-da her günki ajyja çaýyň başyndaky şirin söhbetler seni ýakymly ýadawlygyň goýnunda ýaşadýardy. Çendan-ýarym enem gelip: «Hany, ataly-ogul. Bir çak boldy indi, ýatyň!» diýmese, gürrüňler dowam etjekdi. Atamam enemiň sözlerini makullady. — Eneň dogry aýdýar, oglum. Özüň bilýäň, biz bir il adamsy. Ertirem Ýüzli baýyň ýeriniň tabyny görüp bermelidiris. Biraz dynç alaly. Söhbedi ýene bir gün dowam ederis.

Güýz pursatlary (şahyrana oýlanma)

Her gezek meni şo-ol ýatlamalar kölüni boýladýan, gözlerimi ýoluna dikdirýän güýzem ahyry geldi. Men onuň gelýänini ýüzümi ýalap geçýän salkyn şemalyň alawyny öçüren şemimden, gabarasy ýagyş-ýagmyrdan doly buludy üfleý-üfleý biziň obamyza getiren däli ýelleriň deminden aňdym. «Penjireleriňizi ýapyň, öz rahatlygyňyzy özüňiz tapyň, meniňk-ä bir duýdurmak, söz oklaýan, siz gapyň!» diýip, tüweleýläp barýan ýel, köçämizden sykylyk atyp geçip gitdi. Gür baglygyň başyny bezäp oturan, arly tomsuň jokramasyna salkyn saýany döretmek üçin gowrum-gowrum bolan ýapraklaryň meňzi saraldy. Ýuwaşlyk bilen birlän-ikilän baldagyndan tänip, özüni ýere oklan ýapraklaryň galanjasynam hälki däli tüweleý syryp-süpürip ýere ýazdy. Göwnüme bolmasa, şahalarynyň ýalaňaç galanyna agaçlar däl-de, ýaňaklary hurma ýaly gyzaran ýapraklar utandy.

Haýrana goýýan akyldar (durmuşy kyssalar)

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi gözýetmez umman. Onuň paýhasa eýlenen şygyrlary ýaşuly nesliň wekillerini-de, orta ýaşlylary hem, ýaşlary-da haýran galdyryp gelýär. Magtymguly bilen bagly ýatdan çykmajak täsin pursatlar meniň durmuşymda hem bolupdy. Bu görnüş kim bolsaň hem şahyr eder

Adamçylygy ylym bilen utgaşdyran alym (oçerk)

«Garagum» žurnalynda ömrüni döredijilige, sungata bagyşlan ynsanlar hakda berilýän oçerkler aýratyn gymmatly. Olar döredijilik dünýäsinde yz galdyran pederler bilen ýaş dörediji nesli birleşdirýän köpri bolup hyzmat edýär. Meniň gürrüňini etjek bolýan kişim döredijilik işgäri bolmasa-da, meniň döredijiligimde welin «Professoryň çakylygy», «Ýaýdanjyň gutarjak ýerinde», «Ýumşak kürsüdäki gaty oýlar» ýaly hekaýalaryma gönüden-göni dahyly bolan Röwşen Genjiýew. Onuň ömür ýoly çeper döredijilik bilen meşgullanýanlara göçüräýmeli eser. Onsoňam, döredijiligiň ugry kän, takyk ylymda ylmy iş alyp barýanlaryňam işi döredijilikdir, ylmy döredijilikdir. Şonuň üçin bu alym hakdaky oçerkim okyjylary ýadyrgatmaz diýip pikir edýärin. Institutda işe başlanyma ýaňy bir aý bolup geçipdi. Çaý başynyň gürrüňdeşliginde geografiýa ylymlarynyň kandidaty, dosent Ata Artykow bilen şeýle söhbetdeşlik boldy:

Barlan iller, ýörelen ýollar (esse)

Hindiniň gözel ýurdy Orta mekdebiň okuwçysy wagtymyz geografiýa sapagyndan Aky mugallym Nepesowa (ýatan ýeri ýagty bolsun) okadýardy. Geçilýän her bir temany änigi-şänigi bilen, sözde täsin suratlandyryp düşündirerdi weli, şol ýurda gaýybana syýahata gidäýene dönerdik. Şonda «Hindistan» diýlende has heserlenenimiz, höweslenenimiz häzirem ýadymda.

Ýazyjynyň şahsy arhiwinden

Ömrüniň soňraky ýyllarynda elinden galamyny düşürmedik ussat ýazyjymyz Osman Ödäýewe kämahal dynç almagy teklip edenimde: «Men iň gowy dynjy ýazan mahalym alýaryn. Ýazmagyň başga hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak lezzeti ýadawlyk diýen närsäni garagörnüm golaýyňa getirenok» diýerdi. Soňam, özi duýmazdan, ýap-ýaňyja öňündäki kagyzyň üstünde goýan ruçkasyna elini ýetirerdi. Şeýle pursatlarda onuň: «Otursana biraz» diýen sypaýyçylykly mürähedine: «Sag boluň, zerur barmaly ýerim bar» diýerdim-de, turmak bilen bolardym. Şeýdip, wagtyň her pursadyny bagt saýyp, şol bagty okyjylara ýetirmäge howlugýan ýazyjynyň wagtyny — bagtyny «ogurlamajak» bolardym. Köpler meni halypa ýazyjynyň özüne-de, döredijiligine-de örän belet adam hökmünde tanaýarlar. Osman aga degişli bir zat gerek bolsa, köplenç, meni tapýarlar. Dogrusy, ozallar meniň özümem Osman aganyň döredijiligine ýeterlik beletdirin öýderdim. Emma ýazyjynyň mirasyny toplap ugramsoň, bu pikirimiň juda bir dogry däl ekendigine göz ýetirdim. Ýazyjynyň miras gory pikir edişimden juda kän eken. Ony ýazyjynyň heniz aramyzda bar mahaly 23 jiltlik eserlerini jemläp, golýazma kitap görnüşinde toplan mahalym magat duýdum. Çünki onuň bilen iş gutarmady, gujak-gujak daňylan kagyzlary dördügimçe öň görmedik täze-täze golýazmalarymyň üstünden bardym. Olaryň arasynda ozal gazet-žurnallarda çap edilenleri-de bardy, edilmedikleri-de. Şeýdip, ýazy

Ömrüň iň derwaýys zerurlygy

Adam ogly hemişe gözlegde. Hatda ol heniz çagajyk wagtynda-da, nämäniň nämeligine düşünmeýän wagtlarynda-da haýsydyr bir zadyň gözlegindedir. Emma hemmeler tapýarmyka?! Bu sowalyň jogabyny şu setirleri okaýanlaryň özüne goýasym gelýär. Bu sowala özümiňem dogry we doly jogabymyň taýýar däldigini welin gypynç etmezden boýun alybiljek. Men ýekeje durmuş hakykatyny göz öňüne tutdum. Ol hakykat ömrüni gözleglerden gözleglere sarp edýän ynsan oglunyň durmuşynyň, ömrüniň iň derwaýys zerurlygynyň — gülküliginde jemlenendir. Bu hakykat. Hemmeleriň bagtly bolasy gelýär. Bagtly adamyň ýüzi gülüp durandyr. Tapawudy ýok, onuň nämeden lezzet alandygy esasy zat däl. Esasy zat onuň gülýänliginde. Ýüzleriniň, gözleriniň, göwnüniň gülýänliginde.

Ýagşylykda ýatlanýan ýazyjy

Ata-ba­ba­la­ry­myz-a, ine, şu söz­ba­şy­myz­da­ky paý­ha­sa gul­luk edip­dir­ler. Mer­te­be­si be­ýik Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­myz hem oka­nyň ut­ýan­dy­gy ha­kyn­da «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» di­ýen ki­ta­byn­da aý­ra­tyn bel­läp geç­ýär. Şu tag­lym­dan ugur alyp, Bal­kan we­la­ýa­tyn­da su­han­göý­lik­de, oky­myş­lyk­da giň­den ta­nal­ýan, be­re­ket­li da­nyş­ment luk­man Ber­di­gy­lyç Mäm­me­dow ha­kyn­da söh­bet et­me­gi ma­kul bil­dim. Pe­der­le­ri­miz «Ýag­şy­nyň ýag­şy­sy­ny aýt, ab­ra­ýy art­syn, ýa­ma­nyň ýa­ma­ny­ny aýt pä­lin­den gaýt­syn» di­ýip­dir­ler. Ber­di­gy­lyç aga­nyň Be­re­ket et­ra­by­nyň mer­ke­zi has­sa­ha­na­syn­da new­ro­po­to­log luk­man bo­lup iş­läp ýö­re­ni­ne ýa­rym asyr­dan-da gow­rak wagt bo­lup­dyr. El­bet­de, su­han­göý­lik, süý­ji söz­lü­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly edä­het­ler luk­man­çy­lyk kä­riň bi­len ut­ga­şan­da, onuň ama­ly ne­ti­je­si bir baş­ga bol­ýar. Nerw ke­se­lin­den ejir çek­ýän nä­sag­lar bi­len iş sa­lyş­ýan Ber­di­gy­lyç aga­da bol­sa, şol hä­si­ýet­le­riň hem­me­si bir kö­ke­ne dü­zü­len.

Ýagşylykda ýatlanýan ýazyjy

Türk­me­niň us­sat şa­hyr­la­ry­nyň bi­ri Ak­my­rat Ho­ja­ny­ýa­zo­wyň «Wa­tan ha­kyn­da aý­dym» at­ly ki­ta­byn­da ýer­leş­di­ri­len «Ömür» poe­ma­syn­da: Ömür diý­mek — di­ri­lik­de gal­mak­dyr, Ömür diý­mek do­lan­mak­dyr ýa­ňa­dan.

Edebiýatyň goşa çynary

ýa-da olar barasynda halk arasynda galan ýatlamalar Ýa­kyn­da «Ede­bi­ýat we sun­gat» ga­ze­ti­niň ge­çen san­la­ry­ny göz­den ge­çi­rip otyr­kam, 1984-nji ýy­lyň 7-nji sent­ýab­ryn­da çy­kan sa­nyn­da şa­hyr Ça­ry Gur­ban­gy­ly­jo­wyň «Dur­dy Gy­lyç Aky­baý­da» di­ýen ma­ka­la­sy­na duş gel­dim. Bu ma­ka­la me­ni halk şa­hy­ry Dur­dy Gy­lyç ba­ra­da­ky tä­ze göz­leg­le­re ug­ruk­dyr­dy.

Ylym ýoly şowly bolsun!

Ogulnur Durdyýewa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetinde okan ýyllarynda ylmy döredijilik bilen yzygiderli meşgullandy. Ondan öň bolsa, ýagny orta mekdepde okan ýyllarynda ders, taslama we döredijililk bäsleşiklerine gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip gelipdir. Şonuň üçinem uniwersitetde okap başlan ilkinji ýylyndan köp zatlary öwrenmäge höwesek boldy. Meşgullanjak ugruny tiz wagtyň içinde saýlap almaga taýýarlykly talyp hökmünde öňe saýlanmagy başardy. Ylaýta-da, ol häzirki zaman dünýä ylmynda, edebiýat ylmynda iň täze we derwaýys ylmy garaýyşlar, pikirler täze ylmy mekdepleriň usullary bilen köp gyzyklanýar. Ylmy işlerinde-de bu aýratynlyk ýiti duýulýar. Makalalarynda, ylmy-amaly maslahatlardaky çykyşlarynda şol aýratynlygy görmek, duýmak bolýar. Talyp ýyllarynda ylmy gözlegler bilen yzygiderli meşgullanmak bilen, diplom işiniň mowzugyny saýlanda-da derwaýys meseleleri öňe sürýän mowzuga ýüzlendi. «Gurbannazar Ezizowyň şygryýetiniň senotiki seljermeleri» atly mowzukdan ýazan diplom işi soň mugallymlaryň, alymlaryň gowy pikirlerine mynasyp boldy. Ol bu mowzugyň üstünde işlän wagtlary, esasan edebiýat senotikasy we edebi strukturalizm, ýagny gurluş usullaryna aýratyn üns berdi, bu babatdaky gymmatly maglumatlary, ylmy garaýyşlary öz işlerinde ulanmaga çalyşdy.

Çeper obraz döretmekdäki täzeçillik

Häzirki zaman türkmen söz sungatynda okyjylaryň ösen talabyny ödeýän, öz eserleri bilen giň okyjylar köpçüligine ruhy lezzet berýän zehinli ýazyjylarymyzyň biri-de Kömek Kulyýewdir. Ýazyjynyň galamynyň astyndan çykan powestleridir hekaýalary halk köpçüligi tarapdan söýlüp okalýandygyny ýaýdanman aýdyp bolar. Onuň sadadan kesgir sözlüligi, durmuş hakykatyny çeper görnüşde beýan etmek başarnygy, döredýän keşpleriniň bütewiligi, eserleriniň durmuşylygy, edebi tärleri ussatlyk bilen peýdalanyp bilmek ukyby ýazyjynyň döredijiliginiň aýratynlygydyr. Ýazyjy Atajan Tagan Kömek Kulyýewiň ýazyjylyk ussatlygyna örän ýokary baha berip, şeýle ýazýar: «Meşhur ýazyjylaryň döreden tanymal eserlerine üns berseňem, ady arşa çykan ussatlaryň ýazyjylyk baradaky ýazýan, aýdýan zatlaryna üns berseňem edebiýat meýdanynda akyl satyp ady ýazyjy bolan ýok. Ýazyjyny halkyň halaýan ýazyjysy edip öňe çykarýan esasy zat onuň eserleriniň sadalygy. Şu aýratynlyk Kömek Kulyýewiň ähli eserlerine-de mahsus. Meniň pikirimçe, sadalyk bilen uly mesele çözüp bilýänligi sebäpli Kömek Kulyýewiň eserleriniň hyrydary kän. Sada gahrymanlar, sada beýan ediliş, sada, arassa dil ýazyjynyň eserleriniň ýokary derejeli bolmagyna getirýär». Tanymal ýazyjymyzyň ýokarky sözlerini diňe hakykatlygy bilen däl, ýazyjynyň döredijiligi hakda gürrüň etmäge döredýän islegi bilenem göwnümize jaý sözler hasaplap, galamymyzy ele aldyk. Ilk

Gymmatly baýlygyň eýesi

Ynsan balasynyň häsiýetine haýran galaýmaly. Bilesigelijilik mydama onuň ýarany. Ol dil bitenden başlap dünýä akyl ýetirjek bolup başagaýdyr. Çagalaryňyzy ýadyňyza salyň! «Ol näme, bu näme?» diýip, bar zady biljek bolup, dünýäniň sowalyňy berýändir. Onsoň sen-ä oňa bilýänleriňi aýdarsyň, olam ýene bir zat tapar. Şeýdip sowallaryň sany artyberer. Çagalaryň berýän sowallaryna jogap taparsyň welin, ýöne soň ýetginjekleriň, ýigitlige ýetenleriň berýän sowallaryna jogap tapjak bolsaň ýeňil düşäýmez. Sebäbi dünýä akyl ýetirjek bolsaň sowal az döränok. Olara jogap tapjak bolsaňam, akyl käsäň doly bolmaly, sowatlylyk derejäň ýetik bolmaly. Elbetde, «Dünýäniň ähli zadyna akyl ýetirip bolmaz» diýip, eliňi gowşuryp otursaň-da, hiç kim: «Sen şony hökman bilmeseň bolmaz» diýip, ýakaňdan tutmajagy belli. Ýöne käbir kişiler şol zady anyklajak, bilmek üçin ony bilýän adamlary gözleýärler, dürli kitaplary, sözlükleri dörýärler, anygyna ýetýänçä bar pikiri, oýy diňe şol hakynda bolýar. Rozyjyma Rahymow şeýle kişileriň biri. Beýleki deň-duşlary ýaly onuňam soranjaňlygy çagalygyndan başlananam bolsa, ol soňy bilenem bu edähedini goýmandyr. Ýöne gowy ýeri, kakasy Ýagşynazar Rahymow mekdepde mugallym bolup işländen soň ol oglunyň aglaba sowallaryny jogapsyz goýmandyr. Asyl, onuň özem halkymyzyň edebi mirasy bilen içgin gyzyklanypdyr. Dürli rowaýatlary, hekaýatlary aýdyp berip, Rozyjumanyň miras diýe

Edebiýatdan ilkinji okuw kitaby

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Allaguly Garahanow türkmenleriň arasyndan çykan ilkinji ylymly lukmanlaryň biridi. ... gepi-sözi ýerinde, ýokary medeniýetli, käte üstüne sürnüp, göwnüne degilse-de, edebini saklap, özüne erk edip bilýän bu adama Berdimuhamediň hormaty has-da artypdy.