Gymmatly baýlygyň eýesi

25 Noýabr 2021
1303

Ynsan balasynyň häsiýetine haýran galaýmaly. Bilesigelijilik mydama onuň ýarany. Ol dil bitenden başlap dünýä akyl ýetirjek bolup başagaýdyr. Çagalaryňyzy ýadyňyza salyň! «Ol näme, bu näme?» diýip, bar zady biljek bolup, dünýäniň sowalyňy berýändir. Onsoň sen-ä oňa bilýänleriňi aýdarsyň, olam ýene bir zat tapar. Şeýdip sowallaryň sany artyberer. Çagalaryň berýän sowallaryna jogap taparsyň welin, ýöne soň ýetginjekleriň, ýigitlige ýetenleriň berýän sowallaryna jogap tapjak bolsaň ýeňil düşäýmez. Sebäbi dünýä akyl ýetirjek bolsaň sowal az döränok. Olara jogap tapjak bolsaňam, akyl käsäň doly bolmaly, sowatlylyk derejäň ýetik bolmaly. Elbetde, «Dünýäniň ähli zadyna akyl ýetirip bolmaz» diýip, eliňi gowşuryp otursaň-da, hiç kim: «Sen şony hökman bilmeseň bolmaz» diýip, ýakaňdan tutmajagy belli. Ýöne käbir kişiler şol zady anyklajak, bilmek üçin ony bilýän adamlary gözleýärler, dürli kitaplary, sözlükleri dörýärler, anygyna ýetýänçä bar pikiri, oýy diňe şol hakynda bolýar.

Rozyjyma Rahymow şeýle kişileriň biri. Beýleki deň-duşlary ýaly onuňam soranjaňlygy çagalygyndan başlananam bolsa, ol soňy bilenem bu edähedini goýmandyr. Ýöne gowy ýeri, kakasy Ýagşynazar Rahymow mekdepde mugallym bolup işländen soň ol oglunyň aglaba sowallaryny jogapsyz goýmandyr. Asyl, onuň özem halkymyzyň edebi mirasy bilen içgin gyzyklanypdyr. Dürli rowaýatlary, hekaýatlary aýdyp berip, Rozyjumanyň miras diýen ummana ataranam şonuň özi bolupdyr. Mekdeplerinde Täze ýyl baýramçylygy geçirilende Aýazbaba bolup çykyş edýäniň öz kakasydygyny Rozyjuma soň-soňlar bilip galypdyr. Belli mirasgär Ümür Esenem obalarynyň töweregine ýoly düşse, onuň kakasy Ýagşynazar bilen salamlaşyp, hal-ahwal soraşyp gidipdir. Mirasgärde-de, näme kän, gürrüň kän. Ata-babalarymyzyň dürli ugurlar boýunça döreden edebi mirasy hakynda bir gürrüň başlansa, soňy gijäniň bir wagtyna çenli dowam edipdir. «Ýagşynazarlara Ümür Esen gelipdir» diýen habary eşiden mirasa höwesek obadaşlary-da, göýä toý çakylygyny eşiden ýaly bolşup, olaryň öýlerine jemlenipdirler. Olara çaý-naharyny eltip bermegem Rozyjumanyň boýnuna bolupdyr. Myhmanlara hyzmat edýän Rozyjuma mirasgäriň gürrüňlerini sypdyrman diňlemäge çalşypdyr. Şeýdibem, şol günlerden başlap, onuň özüniň aýdyşy ýaly, «gep çöplemäge höwesi» artyp başlanypdyr. Mekdep mugallymy Myrat Ýusubowyň, bagşy Agaly Akmämmedowyň beren gürrüňleri onuň höwesini has-da gylawlandyrypdyr.

Soltanýaz ŞAÝYMOW.
«Garagum».
Beýleki habarlar