Watan mukaddesligi

13 Awgust 2024
165

Ynsan durmuşyny manyly geçirip, il-ýurt bähbitli işler etmek her bir ynsanyň esasy maksady bolmalydyr. Adam ömrüniň manysy bolsa, söýüp-söýlüp ýaşamakda jemlenendir. Söýgüleriň iň mukaddesi ata Watana, ene topraga, il-ýurduňa, ýagşylyga söýgüdir. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eserinde: «Ata-babalarymyz Watany belent başlarynyň mertebesi saýypdyrlar. Watan — adamzat ömrüniň manysy. Jandan eziz, ynamdan, ygrardan, gudratdan dörän, Hakyň nazary siňen ata Watan her bir ynsanyň kalbynda ebedi ýaşaýar. Gözüň gören topragy, ýüregiň aram tapan mekany bolsa, kalp çuňlugyndan doguma, gaýrata, mukaddes kelama siňip, adamzadyň watançylyk duýgusynyň iň naýbaşy nusgasy hökmünde beýan edilýär» diýip belleýär. Watan mukaddesligi, watansöýüjilik, ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk türkmen halkynyň owal-ahyr aň-düşünjesine siňen mukaddeslikler hasaplanýar. Watana söýgi ata-babalarymyzyň kemala getiren iň mukaddes taglymatydyr. Şonuň üçin hem merdana pederlerimiz bu mukaddes taglymaty geljek nesillerine miras galdyrmagy özleriniň borjy hasaplapdyrlar. Şunda eziz Watanymyzyň her bir gymmatlygyny goramak ugrunda edilen işleriň näderejede mukaddeslikdigi aýan bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pelsepewi düşünjelere, paýhasly öwüt-ündewlere baý bolan «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda belleýşi ýaly, mähriban Watanymyza söýgi akyldarlaryň pähimdarlyk mülküniň göwheridir. Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr. Watany goramak borjy Watanyň gadyr-gymmatyna çensiz uly sarpa goýýan halkymyzyň emer-damarynda ýaşaýar.

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň watançylyk terbiýesine uly baha berýär. Her bir halkyň özüne mahsus aýratynlygy bolşy ýaly, türkmenlerde hem Watana söýgi, kasama ygrarlylyk, halallyk, adalatlylyk, adamkärçilik ýaly ynsanperwer häsiýetler has hem öňe çykýar. Ata-babalarymyzyň bize miras galdyran şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki wagtda hem ýaş nesillerimizi watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde özüniň mynasyp ornuny tapýar. Şeýle ajaýyp zamanada ýaş nesillerimiziň ýokary watançylyk ruhunda, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgeleri esasynda terbiýelenmegine, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan şahsyýetler edip ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi örän buýsançlydyr.

Aziz HASANOW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.
Beýleki habarlar