Halk Maslahaty: Üstünlikler we nurana geljek

13 Awgust 2024
133

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» atly dünýä nusgalyk ynsanperwer taglymatyny dowamat-dowama besleýän hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşler her bir raýata sapaly durmuşy, döredijilik üstünliklerini serpaý edýär.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçiriljekdigi barada aýdyp, bu ählihalk forumyna şu günlerden ýokary taýýarlyk görmek barada beren tabşyryklary mukaddes baýramçylygymyz mynasybetli geçiriljek döwletli işlere badalga berdi.

Maksat NURYÝEW,
«Adalat» gazetiniň baş redaktory.
Beýleki habarlar