Terbiýe mekdebi

13 Awgust 2024
135

Durmuş özboluşly umman. Elbetde, durmuşda ähli zat göwnüň isleýşi ýaly, diňe gowulyk, şatlykly wakalar bolup duranok. Käte kynçylykly pursatlaram, kelebiň ujuny ýitirýän wagtlaryňam bolýar. Şeýle ýagdaýlarda özüňi nähili alyp barmalydygy, kynçylyklardan nädip baş alyp çykmalydygy barada pederlerimiziň durmuş tejribesi bize ýol görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň okyjylara peşgeş beren eserlerinde hem şeýle durmuş wakalary giňden açylyp görkezilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň biri bolan «Döwlet guşy» romanynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründäki kynçylyklar, şol wagtky türkmen obalarynda, uzak tylda, kolhoz meýdanlarynda, urşa gidenleriň yzynda galan maşgalalaryň agyr durmuşy açylyp görkezilýär. Uruş ýyllarynyň oglany bolan Mälikguly aga bu nägehan urşuň uzaklardaky, tylda ýerleşýän obalarda bolýan wakalara doly gatnaşyp, nägehan urşuň her bir adama, her bir maşgala ýetiren täsirine gözli şaýat bolýar. Romanda türkmen obalaryndan urşa gidýänleriň dabaraly, gowy arzuwlar, ýagşy dilegler bilen fronta ugradylyşy ýaşajyk Mälikgulynyň aňyna müdimilik ornaşýar. Ýaş ýigitleri urşa ugradanlarynda adatça, Mody aga, oba sowetiniň başlygy Garadöwlet aga, mekdep direktory Berdimuhamet Annaýew dagy söz sözläp, Watana uly howpuň abanandygyny, faşistleriň bet pygyllary, azat ýaşaýyş, ar-namys üçin Watany iň soňky damja ganyňa çenli goramagyň zerurdygyny aýdýarlar we fronta gidýänleriň ýeňiş bilen sag-aman dolanyp gelmeklerini dileg edýärler, soňundanam Goçgar aga aýat okap, pata berýär.

Aşyrgeldi JUMAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlaryň kandidaty.
Beýleki habarlar