"Garagum" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-83, 39-96-05, 39-96-07
Email: garagum_tm@sanly.tm

Habarlar

Şygryýet bossany

Arkadag Zamananyň zynaty, ýürekleriň senasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag!Göwünleriň ganaty, rahatlygyň penasy,Doganlyk ýollaryňyz dowam bolsun, Arkadag,Ýörelgäňiz geljege rowan bolsun, Arkadag!

Şygryýet bossany

Eziz ýurdum Berkararlyk mekany Her täze gününi ýeňişe beslän,Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany.Söýgi-yhlasymyz dillerde dessan,Eziz ýurdum Bitaraplyk mekany.

Şygryýet bossany

Ajap ilim bar Watan waspyn beýan etsem, sözlesem,Bäş müň ýyllyk geçmiş ýolun gözlesem,Şöhratly taryhyn ýazyp sözme-söz,Kemlik bolar tarypyn kem sözleseň,Bu toprakda atam-babam, düýnüm bar,Bir supra jem bolan jebis ilim bar.

Şygryýet bossany

Watanym Seniň ýyly gujagyňda dogulan,Adamlaryň biridirin Watanym!Hatarynda bolup mydam gowulaň,Seň daglaryň şiridirin Watanym.

Şygryýet bossany

Watanym Unutmarys: bir sen diýip, birleşip,Serin berip ganym duşman kastynda,«Zemin bilen müdimilik gürleşip»Gerçekleriň mele toprak astyndaýatanyn.

Şygryýet bossany

Watan Aýdyňdyr Diýaryň ajap ýollary,Mukaddes topraga gurbandyr başym.Arkadaga alkyş aýdýar illeri,Il-halkynyň göge ýetirdi başyn.Alnyňda gülleriň ak daňy atan,Watan!

Şygryýet bossany

Bentler Gülleýän, gül açýan ajap çagym bar,Jenneti ýatladýan gülzar bagym bar.Halkynyň başyny göge ýetiren,Arkamyzda beýik Arkadagym bar.* * *Adam gülsün, çytmasyn hiç gaşyny,Gülki uzaldýandyr ynsan ýaşyny.Goh-galmagal däl-de, gülki doldursyn,Ýaşaýan öýňüziň içi-daşyny.* * *Gaşlaryň ýatladýar awçynyň ýaýyn,Ýüz-gözüň ýatladýar asmanyň Aýyn.Keşde çekip bilmesemem, ezizim,Ýüregime seň keşbiňi gaýaýyn.* * *Göýä sergin sähraň ajap begresi,Neneňsi owadan türkmen Tugrasy.Günlerimiz şeýle owadan dogýar,Gijeler nur saçýar Aýyň şuglasy.* * *Gyz söýdiňmi gyzyň boýdaşyn saýgar,Tirkeşýäňmi dostuň, ýoldaşyň saýgar.Mes günüň köp zatlar ýatdan çykýandyr,Kyn günde kimleriň goldaýşyn saýgar.* * *Iňňe bilen ylym guýusyn gazýarlar,Okap, bilip, ylmy işler ýazýarlar.«Berekella» diýýän türkmen ýaşlaryna,Diňe täzeçillik gözläp gezýärler. * * *Durmuşda taýagyň bar iki ujy,Arzuwlaryň bolsun mydama süýji.Niýetiňde ýagşy iş etmek bolsa,Ölçerip oturma ir ýa-da gi:ji.* * *Mert mert bolýar, mertebesi goçakdyr,Jomardyň hezzeti açyk saçakdyr.Her maşgala, her bir öýe gerek zat,Rysgal diýlen bir agzybir ojakdyr.* * *Bil, giç bolar soň özüňe igenseň,Tut pursady çeňňegiňe ilensoň.Düşünseň, dünýäde yz goýup gitgin, Boş gitmegin bir jaha

Şygryýet bossany

Okaram Iki öýüň arasynda,Bar, okaram, gel, okaram!Ajap many bardyr munda,Bar, okaram, gel, okaram!

Şygryýet bossany

Bitaraplyk «Bitaraplyk» diýmek näme?Erkin, azat zähmetdir ol.BMG-den berlen nama —Eşretdir ol, rehnetdir ol.

Şygryýet bossany

Arkadaga buýsanç Mertebesi, şan-şöhraty döwürleň,Arkadagyň her işi, her eseri.Özenidir çuň manyly ömürleň, Arkadagyň her işi, her eseri.

Bugdaý däneli jümleler

Bahar Baýmyradowanyň goşgularynda ýaşlygyň joşgunly hyjuwy, Watan mukaddesliklerine buýsanç, juwan gyzyň arzuwlara baý dünýäsi we ykbaly bar. Ýazan her setiriniň, her bendiniň Baharyň ýüreginiň, duýgusynyň, şeýle-de uzak tolgunmalarynyň miwesidigini onuň setirlerinden aňmak kyn däl. Bahar köňle gelen sözlerini şygryň diline geçirip, ruhuny päkleýär. Ýaş galamdaşymyzda ýaşlygyň özüne serpaý ýapan duýgularyny sünnäläp biljek inçe we biserhet höwes bar. Gündogar edebiýatynda şygyr ýazmak köňle zyýarat etmek bilen deň görlüpdir. Bahar hem şygyr ýazanda özi duýmazdan özüni many-mazmun bilen doldurýar, ýüreklere zyýarat edýär. Köňle zyýarat etmegiň hem öz hikmeti bar. Göwün göwünden suw içip dursa, ýürek dertlerine melhem sözler ýele uçup gitmez.

Gyşyň awara ötegçisi (liriki miniatýuralar)

Türkmen gyşy — gül Diýaryň sahawaty, zynaty. Türkmen topragynda owadan gyş pasly dowam edýär. Eýsem, gyş aklygyň, päkligiň, tämizligiň, gözelligiň pasly. Gyş döredijilik adamlary üçin ylhamyň, joşgunyň, şatly-şowhunyň pasly. Gyş — köňülleriň bakylyk mukamy. Gyş — aýdym, şygryýet, poeziýa. Gyş — köňül güzeriniň egsilmejek ylham ummany. Sen gyş paslynyň täsin dünýäsine gir-de, şahyr bolsaň, galamyňy ýörediber. Güwläp gelen ylham güzeriniň silinden ýazyp ýetişmek mümkin däl. Suratkeş bolsaň, kistiňi kagyza aýlaýmaly, täsin bir sungat eseriniň dörändigine göz ýetirip, öz döreden eseriňe özüňem haýran galarsyň. Gyş — gudrat, täsin bir jadylaýjy tebigat eseri. Onuň nuranalygyndan, gözelliginden, owadanlygyndan synlap-synlap doýmak mümkin däl. Söýüň tebigaty! Söýüň pasyllary! Gyş paslynyň aklygyny söýüň! Gyş pasly siziň kalbyňyza aram berip, ajaýyp duýgulary bagyş eder. Söýüň! Söýüň! Gyş paslyny söýüň! * * *

Imperator ýylgyrýar (hekaýa)

Rim döwletiniň imperatory Ýuliý Sezara Demosfeniň gelendigini köşk hyzmatkäri habar berende ol ýumşak kürsüden laňňa galşyna, bogazyna agram salyp, demi-demine ýetmän gürledi: — Goý, gelsin!

Ähli güller gözeldir (nowella)

Paýtagtdaky ýokary okuw mekdebiniň fizika fakultetini tamamlaýan Narymanyň guşy uçupdy. Begenjiniň çaky ýokdy. Ýoldaşlary-da onuň begenjine goşulyp, göwün diýen ýerine işe iberilendigi bilen gutlaýardylar. Ol neneň begenmesin?! Okuwy gutaryp, işe başlamaly boljakdygy ýadyna düşse, ol: «Haýsydyr bir etrabyň çet künjegindäki ýa-da gum içindäki mekdepleriň birine işe iberilerin» öýdýärdi. «Öz etrabyma düşmerin» diýip pikir edýärdi. Indi bolsa ony dogduk etrabynyň dag içindäki mekdebine işe iberýärdiler.

Bedewe baglanan ýürek (hekaýa)

Ber­di­li­niň at­ba­kar bo­lup ge­le­ni­ne on­çak­ly kän wagt geç­me­se-de, onuň be­de­we bo­lan söý­gü­si eý­ýäm belli bolupdy. Ol eýer­siz atyň üs­tün­de: «Bu og­lan at­ba­kar däl-de, tüýs ba­ryp ýa­tan ça­pyk­su­war» diý­dir­ýär­di. Sa­dyk seý­siň oňa göw­ni ýet­di. Bir gün ony sy­nap gör­mek üçin ýa­ňy mün­üş öwredilen atyň jy­la­wy­ny onuň eli­ne tut­du­ryp şeý­le diý­di: — At ça­py­şy­ňy gör­jek, eýe­riň ga­şy­na berk ýa­pyş!

Wepadarlygyň heýkeli («Ak guwlar» hekaýalar toplumyndan)

Zemine ýene-de läle-reýhana bezenip-beslenip, bahar gelipdi. Ogulgurban enäniň togsan üçünji bahary, adatça bolşy ýaly, garry enäniň köne derdini gozgapdy. Ol mahal-mahal üstünden ençe wagt geçen şo-ol elhenç urşy, söwer ýary Serdaryň urşa gidişini, gelen iň soňky üçburç haty, köp garaşdyran ýeňşi, il-günüň toý şatlygyny, il gözünden çekilip, ýüreginiň içine sygman örtenip-örtenip, pynhan aglaýşyny birin-birin ýatlaýardy. Dykgat bilen synlanyňda, ol heniz-henizlerem alyslara umytly nazary dikip, alyslarda galan gerçek ýaryna garaşýan ýaly bolup duýulýardy. Howla giren, elleri çemenli ýaş gyz bilen ýigidi gören ene hasasyna söýenip, ýerinden galdy. Edep bilen salam beren ýaşlar oňa gül çemenini gowşuryp, baýramyny gutladylar.

Halypanyň göreldesi

Men mekdepde okaýan döwürlerimden bäri Hemra Şirowyň goşgularynyň muşdagy. Indi bolsa kyssalarynyň-da. Soňky ýyllarda ol milli kyssamyzy baýlaşdyran ençeme oňat eserleri döretdi. Ýatlap otursam, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda edebiýaty öwreniş ylmy Hemra Şirowyň adyny türkmen çagalar edebiýatyna, ylaýta-da şygryýetine üýtgeşik gözlegleri getirip, ony täzeçe — düýpli ösdürenleriň biri hökmünde tutýardy. Onuň türkmen çagalar edebiýatynyň has kämilleşmegine, täze belentliklere göterilmegine uly goşant goşandygyny ykrar edipdiler.

Zehini alawly halypa

Ol ýetmişi arka atan halypa. Žurnalist, ýazyjy, mirasgär, «Sözi güwäli, dili dogaly» diýilýän ýaşulularyň biri, ajaýyp döwrümiziň üstünliklerini il-halkyň arasynda wagyz ediji. Onuň durmuş ýoly tutuşlygyna döredijilige beslenen. Ol hakda söhbede başlamakçy bolsak ilki bilen onuň zähmete beslenen durmuş ýolunyň gözbaşlaryna dolanmaly bolýarys.

Bagtyýarlyk — onuň ylham çeşmesi

Onuň eline galam alyp, çagalygyndan döredijilik bilen meşgullanmagyna Uzukjemal atly gyz dogany sebäp bolupdyr. Ol oglan jigisiniň ukuplylygyny, zehinini duýup, ony gazet-žurnallarda çykyş etmäge ugrukdyrypdyr. Ol şol wagtky çagalar neşiri bolan «Mydam taýýar» hem-de Akdepe etrabynyň «Watan» atly gazetlerine habar ýazyp ugradypdyr. Mekdebiň 7-nji synpynda okap ýörkä, Nurberdiniň ilkinji makalasy etrap gazetinde çap edilipdir. Obanyň hatgatnadyjysy bolup zähmet çekýän Mämmet aga diýen sylagly adam oba tikinçisi hakdaky şol makalanyň çykan sanyny Dädebaý aganyň maşgalasyna getirip berende: «Ine, biziň obamyzdanam ýazyjy çykjak indi» diýip, begenjini ýüze çykarypdyr. Nurberdiniň uly agasy Hudaýberdi hem jigileriniň her biriniň kitap okamaga bolan höwesini barlap durupdyr, gündelik tabşyrylýan ýumuşlary ýerine ýetirişlerine gözegçilik edipdir. Hatda ol inileriniň ýa uýalarynyň birine gowşak okaýanlygy üçin temmi beren halatynda Dädebaý aga-da, Ejan ýeňňe-de sesini çykarmandyrlar. Şeýdip, daýhan maşgalasynda okuwa gezek geleninde geçirimlilik edilmezdi. Gaýta Ejan ýeňňe: «Siz daýhan çagalary bolsaňyzam gowy okamalysyňyz, sowatly bolmalysyňyz, heriňiz bir hünäriň eýesi bolmalysyňyz» diýip sargapdyr.

Aýdym ýaly terjimeler

Baryp mekdepde okap ýören uçurymlarymyz, synpdaşlarymyz birek-birege: «Ulalaňsoň, kim boljak?» diýişýärdi. Her kim bir hünäri arzuw edýärdi. Ala-böle meniňki illeriňkiden tapawutlydy. Men, näme üçindir: «Ýazyjy boljak!» diýýärdim. Belki, perişdeler agzyma salyp goýberendir, belki-de, şol mahallar başlangyç synpda okaýandygyma garamazdan, gazet-žurnallary, kitaplary yzygiderli okaýandygym üçin agzymdan sypandyr? Ýazyjylary beýleki hünärdäki adamlardan ileri görerdim. Elbetde, bularyň bary çaga psihologiýasydy. Entek on bäş ýaşymam dolmandy. Şol ýyl Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazeti çykyp başlady. Onuň redaksiýasy-da paýtagtdady, çapa taýýarlanýan ýeri-de şol wagtky Aşgabadyň poligrafkombinatydy. Ana, nesibäm şu gazete çekdi. Korrektorlyga ilgezik ýumuş oglany gözlenýän eken. Şeýdip 1965-nji ýylyň tomsunda işe başladym.