Aýdym ýaly terjimeler

21 Dekabr 2021
794

Baryp mekdepde okap ýören uçurymlarymyz, synpdaşlarymyz birek-birege: «Ulalaňsoň, kim boljak?» diýişýärdi. Her kim bir hünäri arzuw edýärdi. Ala-böle meniňki illeriňkiden tapawutlydy. Men, näme üçindir: «Ýazyjy boljak!» diýýärdim. Belki, perişdeler agzyma salyp goýberendir, belki-de, şol mahallar başlangyç synpda okaýandygyma garamazdan, gazet-žurnallary, kitaplary yzygiderli okaýandygym üçin agzymdan sypandyr? Ýazyjylary beýleki hünärdäki adamlardan ileri görerdim. Elbetde, bularyň bary çaga psihologiýasydy.

Entek on bäş ýaşymam dolmandy. Şol ýyl Aşgabat etrabynyň «Zähmet» gazeti çykyp başlady. Onuň redaksiýasy-da paýtagtdady, çapa taýýarlanýan ýeri-de şol wagtky Aşgabadyň poligrafkombinatydy. Ana, nesibäm şu gazete çekdi. Korrektorlyga ilgezik ýumuş oglany gözlenýän eken. Şeýdip 1965-nji ýylyň tomsunda işe başladym.

Ça­ry GEL­DI­MY­RA­DOW,
ýa­zy­jy.
Beýleki habarlar