Şygryýet bossany

22 Dekabr 2021
938

Bentler

Gülleýän, gül açýan ajap çagym bar,
Jenneti ýatladýan gülzar bagym bar.
Halkynyň başyny göge ýetiren,
Arkamyzda beýik Arkadagym bar.
* * *
Adam gülsün, çytmasyn hiç gaşyny,
Gülki uzaldýandyr ynsan ýaşyny.
Goh-galmagal däl-de, gülki doldursyn,
Ýaşaýan öýňüziň içi-daşyny.
* * *
Gaşlaryň ýatladýar awçynyň ýaýyn,
Ýüz-gözüň ýatladýar asmanyň Aýyn.
Keşde çekip bilmesemem, ezizim,
Ýüregime seň keşbiňi gaýaýyn.
* * *
Göýä sergin sähraň ajap begresi,
Neneňsi owadan türkmen Tugrasy.
Günlerimiz şeýle owadan dogýar,
Gijeler nur saçýar Aýyň şuglasy.
* * *
Gyz söýdiňmi gyzyň boýdaşyn saýgar,
Tirkeşýäňmi dostuň, ýoldaşyň saýgar.
Mes günüň köp zatlar ýatdan çykýandyr,
Kyn günde kimleriň goldaýşyn saýgar.
* * *
Iňňe bilen ylym guýusyn gazýarlar,
Okap, bilip, ylmy işler ýazýarlar.
«Berekella» diýýän türkmen ýaşlaryna,
Diňe täzeçillik gözläp gezýärler.
* * *
Durmuşda taýagyň bar iki ujy,
Arzuwlaryň bolsun mydama süýji.
Niýetiňde ýagşy iş etmek bolsa,
Ölçerip oturma ir ýa-da gi:ji.
* * *
Mert mert bolýar, mertebesi goçakdyr,
Jomardyň hezzeti açyk saçakdyr.
Her maşgala, her bir öýe gerek zat,
Rysgal diýlen bir agzybir ojakdyr.
* * *
Bil, giç bolar soň özüňe igenseň,
Tut pursady çeňňegiňe ilensoň.
Düşünseň, dünýäde yz goýup gitgin,
Boş gitmegin bir jahana ineňsoň.
* * *
Söz bolarmy eger manysyz bolsa,
Çöl bolarmy depe-alaňsyz bolsa.
Adama gerek zat jogapkärçilik,
Iş ýöremez adam geleňsiz bolsa.
* * *
Kükräpler gelmese ýaza aýypdyr,
Ýigdi kösemese näze aýypdyr.
Hiç hünär öwrenmän öýde oturmak,
Boýy ýeten ulugyza aýypdyr.
* * *
Ejiz adamlaryň tanapy çüýrük,
Olar kime diýseň bolup dur guýruk.
Özüne erk edip bilýän kişiler,
Bilýändirler başga kişä-de buýrup.
* * *
Ýola çyksaň, ýollar sökmäni başar,
Inerleň ýüküni çekmäni başar.
Kyn ýagdaýlar ýüze çykan mahaly,
Mertlerçe baş alyp çykmany başar.
* * *
Unutmagyn danalaryň nakylny,
Ýaşaňda ýaşagyn ýaşan şekilli.
Akmaklar dilinden bela galýandyr,
Işi bilen tanalýandyr akylly.
* * *
Hemme zadyň bir alajy bolmaly,
Bu dünýäde ajy-süýji bolmaly.
Tonna-tonna, towlam-towlam ýüplügiň,
Ahyrky gutarýan ujy bolmaly.
* * *
Käte-käte yzasyny görmeli,
Günä etseň, jezasyny görmeli.
Ýaşap ýörseň eger akylly-başly,
Bu dünýäniň mazasyny görmeli.
* * *
Bolýar garyndaşlyk, baryp-gelmeler,
Gudaçylyk, gyz berişip-almalar.
Bir-birinden daşa düşýän däldirler,
Bir agaçdan ýere düşýän almalar.

Hangeldi GARABEKOW
Beýleki habarlar