Halypanyň göreldesi

21 Dekabr 2021
930

Men mekdepde okaýan döwürlerimden bäri Hemra Şirowyň goşgularynyň muşdagy. Indi bolsa kyssalarynyň-da. Soňky ýyllarda ol milli kyssamyzy baýlaşdyran ençeme oňat eserleri döretdi.

Ýatlap otursam, geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda edebiýaty öwreniş ylmy Hemra Şirowyň adyny türkmen çagalar edebiýatyna, ylaýta-da şygryýetine üýtgeşik gözlegleri getirip, ony täzeçe — düýpli ösdürenleriň biri hökmünde tutýardy. Onuň türkmen çagalar edebiýatynyň has kämilleşmegine, täze belentliklere göterilmegine uly goşant goşandygyny ykrar edipdiler.

Seýitmämmet HYDYROW,
Esenguly etrabynyň Garadepe şäherçesindäki 10-njyorta mekdebiň türkmen dili we edebiýat mugallymy, şahyr.
Beýleki habarlar