Türkmen şygryýetindäki edebi görnüşler

25 Noýabr 2021
848

Türkmen edebiýatynyň uly ösüşlere eýe bolmagy halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ähmiýetine düýpli düşünmegine hem-de döredijilik işgärleriniň milli medeniýetimizi ösdürmekde jogapkärçiliginiň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Türkmen şygryýetiniň mowzuk, ündew baýlygy, sagdyn çeperçilik dünýäsi bu edebi görnüşiň her bir döwri hakda çuň we ummasyz derňewleri talap edýär. Şu zatlaryň özi türkmen şygryýetiniň özboluşly bir döwri, ýagny XIX asyryň ikinji ýarymynda we XX asyryň başlarynda dörän türkmen şygryýeti hakda giňişleýin gürrüň etmäge esas bolýar.

Edebi däbiň ulanylyşy, täzeçilligiň döredilişi islendik döwrüň edebiýaty öwrenilende-de onuň milliliginiň, halkylygynyň esasy ölçegi hökmünde seredilýän zatdyr. Şonuň üçinem XIX-XX asyrlaryň sepgidindäki döredilen eserleriň milliligini ýüze çykarmak esasy meseleleriň biridir. Iki döwrüň, iki sany jemgyýetçilik gurluşynyň sepgidinde dörän eserleriň süňňündäki edebi däbi ýa-da täzeçilligi gözlemegiň näderejede zerurlygy hem edil şu nukdaýnazar bilen kesgitlemek bolar.

Ogulbahar OMAROWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar