Gysga gepim — gymmatym (sykylyp, süzülen seljermeler)

21 Dekabr 2021
1040

Magtymguly gysga gepliligi adamyň akyl ölçegine çenli ýetirdi. «Aklyň bolsa, märekede az sözle», «Akylly az sözlär, gorkar tilinden» diýen ýaly ençeme setirler — şahyryň durmuşyň gözlerinden çekip alan syrlary. Şonuň üçinem bu setirlerden gaçyp, başga bir pikiriň arkasyna bukulyp bolanok. Bu wesýeti amal etmekde iş barlygam çyn. Onda-da galam ýöredýänler üçin. Çeper edebiýatdaky söz tygşytlylygy baradaky pikiri Gurbannazar Ezizow «Men pikirimi bir söz bilen aýdýarkam, Ol ýerde üç sözüň geregi näme?», «Biz herimiz özümiziň zergärimiz, Mydam özümizi ýonup ýörmeli» diýip, dowam etdiripdi. Mahlasy, romandan powest, powestden hekaýa, hekaýadan nowella ýasap bilýän ýazyjyny, bendi beýde, beýdi setire, setiri söze öwrüp bilýän şahyry söz sungatyna, öz okyjysyna, öz-özüne uly sarpa goýup bilýän adam hökmünde sylaýandygymyza söz bolup bilmez. Sylanýan zehin babatda bolsa biziň çeper edebiýatymyz binesip edebiýat däl, sebäbi ol käte «üç sözüň ýerine bir söz aýdyp» begendiribem bilýär.

Biz öňräkden bäri «Gysga gepim — gymmatym» atly ýörelgeden ýöräp görmek küýüne küýlensegem, «Haýsydyr bir eser hakda az sözlejek bolup, ony mynasyp bahadan mahrum edäýmäli» diýip ýaýdandyk. «Eseriň okyjysy bilen dil tapyşyp bolarmyka?!» diýen ýaly pikirlerem galama badak atman durmady. Barybir, «Janymyzy barlap görmeli» diýen aýgyda atlanyp, seljermäni sykyp, süzüb-ä gördük. Kakamyrat Rejebowyň «Bagtyň suraty» atly goşgular ýygyndysy täze häsiýetli seljermämiziň bismillasy boldy.

Çary KULYÝEW,
filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar