Halk isleginiň çeper beýançysy

21 Dekabr 2021
914

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly, öň­den­gö­rü­ji­lik­li baş­tu­tan­ly­gyn­da türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hy­ny, be­ýik şah­sy­ýet­le­riň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­di. Di­ňe türk­men hal­ky­nyň däl, eý­sem, dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň ös­me­gi­ne uly go­şant go­şan Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni öw­ren­mä­ge hem uly üns be­ril­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy ýag­daý­dyr. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz hal­ky­my­zyň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ba­ra­da: «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­men nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­nyň ta­ry­hyn­da tä­ze bir ede­bi mek­de­bi dö­ret­me­gi ba­şa­ran şa­hyr­dyr. Be­ýik akyl­dar özü­niň aja­ýyp eser­le­ri bi­len türk­men di­li­ni we ede­bi­ýa­ty­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­di. Nus­ga­wy şa­hy­ryň bi­ze go­ýup gi­den mi­ra­sy öz­bo­luş­ly ter­bi­ýe mek­de­bi­dir» di­ýip, örän ýer­lik­li bel­leýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren baý hem-de gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny, dün­ýe­wi ga­ra­ýyş­la­ry­ny, XVIII—XIX asyr­lar­da türk­men dur­mu­şy­na ýe­ti­ren uly tä­si­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek, onuň dö­re­di­ji­li­gi­niň türk­men, şol san­da tu­tuş Gün­do­ga­ryň yl­my-me­de­ni dur­mu­şy bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şy­gy­ny döw­re­bap san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­ti bi­len açyp gör­kez­mek, şa­hy­ra­na dün­ýä­si­ne hal­ka­ra yl­my-ede­bi jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek hem-de be­ýik akyl­da­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny hal­ka­ra de­re­je­de my­na­syp bel­le­mek mak­sa­dy bi­len, ­hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2021-nji ­ýy­lyň 12-nji few­ra­lyn­da Ka­ra­ra gol çek­di. Bu Ka­ra­ra la­ýyk­lyk­da, 2024-nji ýyl­da nus­ga­wy şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy ýo­ka­ry de­re­je­de gu­ra­ma­çy­lyk­ly bel­le­ni­ler.

Aşyr­gel­di JU­MA­ÝEW,
ýu­ri­dik ylym­la­ryň kan­di­da­ty.
Beýleki habarlar