Habarlar

26 Noýabr 2021
1105

1-nji oktýabr. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

2-nji oktýabr. Döwlet Baştutanymyz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň golaýynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze athananyň bina ediljek ýerini kesgitlemek maksady bilen, Köpetdagyň ajaýyp künjekleriniň birinde boldy. Şeýle hem milli Liderimiz paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilen kaşaň «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz desgadaky işleriň ýagdaýy bilen tanşyp, «Garagum» myhmanhanasynyň ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini belledi.

Garagum
Beýleki habarlar