"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ýaş suratkeşleriň baýramçylyk sowgady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrülýär. Ýurdumyz her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramyny uludan belläp geçýär. Her bir zähmet çekýän adam bolsa bellenilýän baýramlara zähmet sowgatlary bilen barmagy maksat edinýär. Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölüminiň ýaş suratkeşleri hem ýurdumyzda bellenilýän baýramlara, şanly senelere surat eserlerini taýýarlaýarlar. Bu bölümde ýaş suratkeşlere Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, birnäçe Halkara baýraklarynyň eýesi, ikinji derejeli nakgaş mugallym Gyzylgül Annaberdiýewa sapak berýär. Gyzylgül mugallymyň ýolbaşçylygynda ýaş suratkeşler Türkmen bedewiniň milli baýramyna hem özleriniň ajaýyp surat eserlerini taýýarladylar. Olaryň çeken suratlaryny synlanyňda, heniz körpediklerine garamazdan, reňkleri sazlaşykly utgaşdyryp, türkmen bedew atlaryny çeper suratlandyrandyklaryna göz ýetirýärsiň.

Geçmişden gözbaşly wepaly alabaý

Adamzat jemgyýetiniň taryhy iňňän köp görnüşli çeşmeleriň — gadymy ýazgylaryň, arheologik we etnografik ýadygärlikleriň, antropologik maglumatlaryň esasynda öwrenilýär. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasyny aýawly saklamak, ylmy esasda içgin öwrenmek we abat saklamak, geljekki nesillere ýetirmek işleri tutulýan ugurlaryň biridir. Arheologik ýadygärligine öwrülip giden Daňdanakanyň galyndylaryny ylmy taýdan öwrenmäge ilkinji synanyşyklar geçen asyryň 20-30-njy ýyllarynda başlanýar. Arheologlar orta asyr Daňdanakan şäherçesiniň galyndylarynyň Mary şäherinden 30 km. çemesi günbatarda, çölüň eteginde ýerleşýändigini anyklapdyrlar, uly bolmadyk gazuw-barlag işlerini geçiripdirler. Şeýle-de bolsa, ýadygärlik giňişleýin öwrenilmändir.

Bedewler türkmeniň mertebesi

Halkymyzyň durmuş keşgini bile çekişip, öz tebigy gözelligini saklan, dünýäniň iň ajap atlarynyň döremegine öz täsirini ýetiren ahalteke atlarymyz diňe bir türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolman, eýsem, dünýä halklarynyň hem uly buýsanjyna öwrüldi. Biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda ýaşap geçen grek taryhçysy Gerodot şeýle ýazypdyr: «Gündogarda ajaýyp atlar gezýän Nusaý atly ägirt uly giňişlik bar”.

Halkymyzyň baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda müňlerçe ýyllyk taryhymyzy öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza eýe çykmakda, olary gözümiziň göreji ýaly gorap saklamakda beýik işler yzygiderli amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ählisiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen belent şygaryň astynda durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmeni älem içre tanadýan milli şaý-seplerimiz, halylarymyz, milli saz guralymyz bolan dutarymyz bilen bir hatarda, ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri hem-de edermen türkmen alabaýlary türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bir bölegidir. Behişdi bedewlerimiz özüniň owadanlygy, ýyndamlygy, wepadarlygy, çeýeligi, çydamlylygy bilen tanalýan bolsa, türkmen alabaýlary edermenlik, wepadarlyk, eserdeňlik, hüşgärlik, duýgurlyk ýaly ajaýyp häsiýetleri bilen dünýä bellidir. Bu milli gymmatlyklarymyz barada hormatly Prezidentimiz “Türkmen alabaýy” atly kitabynda: “Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýär. Şoňa görä-de, bu günki gün ady äleme dolan milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende götermek babatynda uly tagallalar edilýär. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda, Türkmen alabaýynyň baýramynyň döredi

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Hukuk sowatlylygynyň ähmiýeti Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda demokratik, hukuk dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk- -hukuk binýadyny kämilleşdirmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Milli Liderimiziň baştutanlygynda milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmakda durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ösüş-özgerişli döwrümiziň kämil kanunlary kabul edilýär.

Alabaýlar üçin Karantin merkezi toý ruhunda açylyp, ulanylmaga berildi

DÜÝN Ak bugdaý etrabynyň çäginde, dag eteginiň gözel künjeginde bina edilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkeziniň dabaraly açylyşy boldy. Goşa senäniň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň, Türkmen alabaýynyň baýramynyň şowhunyny belende göteren bu dabara welaýat we Ak bugdaý etrap häkimlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, il sylagly ýaşulular, täze merkeziň gurluşygyny alyp baran gurluşykçy-hünärmenler hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy. Türkmeniň milli buýsanjy we wepaly ýoldaşy bolan alabaý itleri üçin bina edilen, özboluşly şäherjigi ýatladýan merkeziň giň çägi ir säherden toý ruhuna beslendi. Dabara üçin niýetlenen ýörite meýdançada çäksiz ruhubelentlik we şatlyk höküm sürdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň prezidenti, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň teleköpri arkaly gatnaşmagynda geçirilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Ahal welaýatyndaky Karantin merkeziniň açylyş dabarasynda bu ýere ýygnananlaryň ýüzündäki şatlyk, buýsanç duýgusyny duýmak has-da ýakymly boldy.

Ýyndam bedewler menzil aşdylar

Ak bugdaý etrabynyň çäginde uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi geçirildi. «Türkmen atlary» döwlet birleşigi tarapyndan guralan atly ýöriş Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň çäginde geçirilen çärelere özboluşly öwüşgin berdi. Oňa ýyndam bedewleriň 20-ä golaýy gatnaşdy. Gadymy Ahal ýaýlasynyň gözel künjeginde, badalga üçin saýlanan ýörite ýerde ir säherden aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Belent joşguna beslenen sungat çykyşlary ýyndam bedewlere atlanan türgenleriň kalbyny joşa getirdi. Şeýle bolansoň, ýörite meýdançadan ýöriş bäsleşigine badalga berilmegi bilen, dor bedewleri seýisleýän türgenler bellenilen menziller boýunça uly ruhubelentlikde ýola düşdüler. 60 kilometr aralyga geçen atly ýöriş bäsleşigi bedewleriň çydamlylygyny, erjelligini äşgär görkezdi.

Dabaralara beslendi

Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy welaýatymyzda giňden, dabaraly bellenilip geçildi. Şatlyk-şowhuna beslenen aýdymdyr sazlar, baý many-mazmunly dabaralar halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan çäksiz sarpasynyň dabaralanmasyna öwrüldi. GÖKDEPE. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň öňündäki behişdi bedewlerimiziň hormatyna dikeldilen heýkeliň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabara göwün göteriji täsirlere beslendi. Ony welaýat we Gökdepe etrap häkimlikleri, medeniýet merkezleri hem-de jemgyýetçilik guramalary bilelikde guradylar.

Ýaşlar — ýagty geljegimiziň eýeleri

Şeýle at bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň şäher Geňeşiniň hem-de şäher bilim bölüminiň bilelikde guramagynda 12-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, mekdep mugallymlary hem-de ýokary synp okuwçylar gatnaşdy. Duşuşykda ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny we sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, ýaş nesli watançylyga, ynsanperwerlige we zähmetsöýerlige mahsus ruhda terbiýelemek babatda alnyp barylýan işlere üns çekildi. Çykyş edenler ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmagy, kämil bilimli bolup ýetişmegi ugrundaky wezipeleriň ýaşlar syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny nygtap, ýaş nesle watansöýüjilik, päk ahlaklylyk bilen bagly öwüt-ündewler berdiler.

Saglyk başymyzyň altyn täjidir

Şeýle at bilen Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda ýokary synp okuwçy ýaşlaryň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşykda etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda milli LIderimiziň ildeşlerimiziň saglygy barada edýän aladalary we bu ugurda durmuşa geçirýän giň göwrümli işleriniň, sport bilen meşgullanmak boýunça döredýän şertleriniň ähmiýeti barada ýaşlara täsirli gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, her bir adamyň jan saglygy ýurduň abadançylygynyň iň esasy gözükdirijisidir. Raýatlaryň saglygy hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ilatyň hyzmatyna berlen lukmançylyk merkezleri, hassahanalar, saglyk öýleri, dynç alyş-sagaldyş merkezleri, şypahanalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen alabaýy merdanalygyň nusgasy

Türkmeniň milli buýsanjy ahalteke bedewi, gözüniň guwanjy türkmen halysy, wepadar syrdaşy alabaý iti ebedi mirasymyzdyr. Her bir öýüň goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi alabaý itleriniň merdanalygy, edermenligi hemmämize mälim. Alabaýlaryň wepadarlygy esasy aýratynlyklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmek, olar hakyndaky maglumatlary ýaş nesillerimize ýetirmek her birimiziň esasy borjumyzdyr. Türkmen alabaýlarynyň taryhy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby edermen alabaýlaryň taryhyny, gelip çykyşyny, olaryň hut türkmen topragyna degişlidigini dürli ylmy maglumatlar arkaly subut edýär. Ajaýyp eserde türkmen alabaý itleriniň gelip çykyşy hakynda şeýle maglumatlar getirilýär: «Ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orun eýelän alabaý itleri gadymyýetiň tümlügini aşyp, şu döwre geldiler. Türkmen itleriniň asylky dörän döwri hakynda kesgitli pikir aýtmak aňsat däldir. Alabaýlaryň aňyrsy tibet dogundan gaýdýar diýýänler-de bar. Hytaý imperatoryna sowgat berlen tibet dogy hakyndaky maglumat biziň eýýamymyzdan öňki 1121-nji ýyla degişli. Ýöne dört müň ýyl mundan ozal jaýlanan alabaýyň ystyhanynyň Altyndepeden tapylmagy bu çaklamanyň köküne palta urýan bolsa gerek».

Türkmeniň wepaly dosty

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Gadymy heňňamlardan, taryhyň iňňän çuňlugyndan salgym atyp, türkmen alabaýynyň keşbi görünýär. Il-halkymyzda oňa «türkmen iti» hem diýilýär. Bu itiň arassa gelip çykyşlydygyny nygtamak üçin aýdylýar. Türkmen obalarynda alabaý ak öýleriň hakyky gelşigidir» diýip, jaýdar belleýär. Gapysynda garysyna ýassanyp ýatan alabaýlaryny türkmen diňe bir alabaý iti däl-de, eýsem, ony özüniň ýoldaşy, ynamdar goragçysy, wepaly syrdaşy hasaplaýar. Şonuň üçinem ata-babalarymyz tohum itleri uly höwes bilen ýetişdirip, olara dürli atlary dakypdyrlar. Akguş, Nedir, Garabaş, Hangaplaň, Garagöz, Aždar... ýaly tohum alabaýlaryň atlary türkmen halky tarapyndan söýlendigine güwä geçýär. Türkmen topragynda örňäp-ösen jandarlaryň ählisinde diýen ýaly ynsana ýakyn mähremlik bar. Türkmen aga kellesi gazan ýaly, aýy penjeli, döşlek hem erinlek, wepaly köpegine ýöne ýerden guwanmandyr. Türkmeniň alabaý iti edil bedew atlarymyz, meşhur halylarymyz, gazma dutarymyz, saryja goýunlarymyz, nepis şaý-seplerimiz... ýaly asyrlardan-asyrlara miras bolup gelýän milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Türkmen halky ençeme ýyllaryň dowamynda alabaý itlerimiziň neslini ýitirmän gelipdir. Alabaý itlerimiz barada gürrüň edilende türkmeniň geçmişine, taryhyna ser salmazlyk asla mümkin däl. Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Altyndepeden gazuw-agtaryş işleri netijesind

Hormatly Prezidentimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabyndan

■ Taryh nireden başlanýan bolsa, şol ýerde, şol döwürde bedewli geçilen menziller onuň esasynda ýatandyr. ■ Türkmenler ýaşaýyş-durmuşyny, tutuş milletini taryhyň synaga salan pursatlarynda hem bedewinden elini üzen däldir.

Bedew

Yklymlara adyň dolmuş, döwrüň beýik bady sende,«Dost» diýsemem bärden gaýdar, kyn gününde ýoldaş merde,Toýnagyndan çykan owaz deňleşip dur şirwan perdä, Döwrüň beýik zynaty sen, arşy-agla taýsyň, bedew,Arkadagyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew! Goç ýigidiň serden geçip, arka daýap söýeneni,Ýow gününde, toý gününde tutmaz hiç zat deregini,Kişňeýşiňden gök titreýip, ýarar daglaň kemerini,Ejizläňde syrdaş bolan, hut ykballa taýsyň, bedew,Gahrymanyň mähri siňen, halka ganat-persiň, bedew!

Türkmenimiň Alabaýy

Dereleriň peleňi sen,Türkmenimiň Alabaýy.Halkymyzyň geregi sen,Türkmenimiň Alabaýy. Eziz Diýar toýlar ýurdy,Dabaradyr baýram ýurdy.Taryha şan bolup girdi,Türkmenimiň Alabaýy.

Beýik ösüşleriň ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbi tanalmaz derejede düýpli özgerdi. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde hem binalaryň gurulmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýerde şäher ilaty üçin ösen halkara ülňülerine laýyk gelýän amatlyklar, oňyn şertler üpjün edilýär. Belent we ajaýyp ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy hem-de türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Ak mermerli binalar toplumynyň ýanaşyk ýerlerinde gezelenç etmäge, arassa howada dem-dynç almaga örän gowy mümkinçilikler döredilendir. Täze gurulýan jaýlarda amatly, rahat ýaşamak üçin hemme şertler döredildi. Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň açylyş dabarasy şanly baýramçylyklarymyza barýan günlerimizde iň ýatdagalyjy wakalaryň biri boldy. Milli Liderimiz şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginiň çäklerinde sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini nazara almak bilen kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine aýratyn ünsi çekýär.

Älem haýran keşbiňe

Asyrlaryň dowamynda türkmeni dünýä tanadyp gelen ajaýyp gözellikleriň biri-de, meşhur ahalteke bedewleridir. Gamyşgulak, gazboýun, dikaýak, inçebil, endamy altyn suwy berlen dek lowurdap, sagrysy gümmezekläp, döşi gapak ýaly ýaýylyp duran, owadan ýüwrük at türkmeniň göýä ata-baba durmuş keşbine çalym edýär. Hormatly Prezidentimiziň bedew atlarymyzyň döreýşi, olaryň kemala gelşi hakynda: «Kaddy-kamaty, gylyk-häsiýeti özüne bendi edýän behişdi bedewlerimiz ençeme asyrlaryň dowamynda merdana ata-babalarymyzyň Watan, ar-namys, mukaddes toprak üçin alyp baran söweşlerinde olaryň goşa ganaty, beýik ýeňişleriniň, ähli rowaçlyklarynyň ýarany bolupdyr» diýip belleýär. Bu hakda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň baky buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz dogrusynda söhbet açýan «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz» atly kitabynda: «Aşgabat-Moskwa atly ýörişinde (1935 ý.) çapyksuwarlaryň otuzysy 84 günde 4300 kilometr aralygy geçdiler, şunda gündelik geçilýän aralyk 120 kilometre çenli ýetdi, bu aňryçäk aralykdyr. Oňat ahalteke aty bir minutda bir kilometr geçýär, bu hem deňi-taýy bolmadyk netijedir» diýip belleýär. Bedewler ata-babalarymyzyň döwründen bäri, biziň şu günlerimize çenli dowam edip gelýän aýlawly toýlarymyzyň hem ýaraşygy bolup, olaryň şüweleňini has-da artdyrýarlar. Baýrakly orunlary eýeläp, eýelerine abraý getirýärler. Bedewler

Toýlarymyzyň bezegi

Häzirki wagtda ýurdumyzda atçylygy, atçylyk toplumlaryny ösdürmek, sportuň atly görnüşlerini hem-de at münmegiň milli däplerini ýaýmak boýunça uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň öz seýisläp ýetişdiren, ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewi 2006-njy ýylda doguldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralarda şöhratly Akhana möhüm orun degişlidir. 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy. Akhanyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigini ýatlamak has-da ýakymlydyr. Şonda atyň üýtgeşik ukyby resmi taýdan bellige alyndy. Ol çarpaýa galyp, 10 metr aralygy bary-ýogy 4,19 sekuntda geçmegi başardy. Ol şondan ozalky netijäni iki esse gowulandyryp, täsin görnüşde täze rekord goýdy. Akhanyň haýran galdyran görkezijisi kanunalaýykdyr. Çünki bu täsin aty Gahryman Arkadagymyzyň hut özi ösdürip ýetişdirdi. Ussat çapyksuwar hem-de atçylyk sungatynyň janköýeri bolan döwlet Baştutanymyz öz atlarynyň häsiýetini oňat bilýär we olaryň her birine aýratynlykda çemeleşýär. Eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden dabaralanýan ýylynda, ýagny 22-nji martda Akhan atly bedewiň ilkinji taýçanagy dünýä indi. Baharyň nuran

Giňdir dünýä — geňdir dünýä

■ Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda iki gezek mynasyp orun aldy. Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň çeper keşbi atyň dünýädäki iň uly nyşany hökmünde, şeýle hem Akhan atly ajaýyp bedew çarpaýa galyp, iň gowy netijäni görkezip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girmegi başardy. ■ Dünýädäki iň uzyn ata Belgiýada duş gelmek bolýar. Big Jake diýip atlandyrylan atyň uzynlygy 2 metr 10 santimetrden gowrakdyr. Big Jake ýaşap ýören atlaryň arasynda iň uzyn bedew ady bilen 2010-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Taryhy maglumatlara görä, dünýäniň iň uzyn atynyň boýy 2 metr 19 santimetre barabardyr.

Gyzykly maglumatlar

■ Bedewler dik duran ýerinde uklamaga ukyply jandardyr. ■ Bedewler süri bolup gezeninde, toparda birnäçe at gijesine ýatman gözegçilik edip geçirýär.