Işjeňlige eýe boldy
Ahal welaýat kitaphanasynda «Dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we birek-birek bilen düşünişmek türkmen halkynyň ebedilik ýol-ýörelgesidir» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň guramagynda geçirilen maslahata partiýa işgärleri we işjeňleri gatnaşdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew çykyş edip, berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwürdäki beýik ösüşdir özgertmeleri, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän sepgitler barada gürrüň berdi hem-de şanly ýylymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzda bolup geçýän taryhy wakalaryň ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda wagyz etmekde partiýa işgärleriniň we işjeňleriniň orny dogrusynda durup geçdi.