"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Döwlet durmuşyna degişli möhüm çözgütler

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy. Milli Liderimiz iş maslahatyny açyp, wise-premýerler M.Mämmedowany, M.Geldinyýazowy we Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy.

Garaşsyzlygyň şöhratly gadamlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz uly zähmet üstünliklerini gazanyp, onuň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere, şatlykdyr şowhuna beslenýär. Günlerini biri-birinden zyýada eýläp, goşa-goşadan toý toýlaýan halkymyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk, paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk şanly toýlaryna uly ruhubelentlik bilen barýar. Şeýle toýly günlerde Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň çuňňur aňladylmasy bolan ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlary hem ösüş ýaýrawyndaky oňyn netijeleri esasynda bagtyýarlyk döwrümizde özüniň datly miwelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda häzirki wagtda ulag-aragatnaşyk we kommunikasiýa ulgamlary ýurdumyzyň çäginden hasalyslara çykyp, halkara ähmiýetine eýe boldy. «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça çekilen halkara demir ýollarynyň giň tory bu günki günde Garaşsyz Diýarymyzyň söwda-ykdysady ösüşiniň täze bir tapgyry bolup, eziz Watanymyzyň taryhynda altyn sahypalary açdy. Şu ýylyň ýanwarynda Akina — Andhoý (Owganystan) menzilleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamyň, şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralar giňden ýaýbaňlan

Aşgabatda aýratyn bir jady bar, aşyklar şäheri diýen ady bar

Gözellik, söýgi, mähir kimin nurana jümleler seriňe dolanynda, ynsan kalbynda, ilki bilen, ata Watana, beýik işleri bilen türkmeni dünýä tanadan eziz Arkadagymyza buýsanç duýgulary oýanýar. Ajap eýýamda özgeren sähra-ýaýlalar, gülläp ösýän oba-şäherler, täsin öwüşginli belent desgalar göz öňüňde janlanýar. Bu gün «Aşyklar şäheri» diýen ady alan gözel paýtagtymyz her bir türkmenistanlynyň arzuwlarynyň wysal bolýan, dostlukly halklaryň görmegi ýürekde besleýän şäherine öwrüldi. Çünki dünýä ýüzünde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde tanalýan ak şäherimiz wakalardan doly we täze döredijilikli durmuşy başdan geçirýär. Bu ýerde ykbal kesgitleýji çözgütler kabul edilýär we jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli wakalar bolup geçýär. Bu gün döwletimiziň beýik binagäri hormatly Prezidentimiziň egsilmez yhlasy, ýiti zehini bilen dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen ak şäherimiziň görküni görmäge göz gerek. Ak mermerden bina edilen gözel paýtagtymyz behişdi ýatladýan jennetiň bir künjegine öwrüldi. Milletimiziň ýüregi deý giň Çandybil, Arçabil, A.Nyýazow, Bitarap Türkmenistan, Garaşsyzlyk, Magtymguly ýaly ençeme şaýollaryndan, iki gyrasy jäheklenen ýaly baglara, arçalyga beslenen, ak bagta sary uzaýan köçelerinden menzil aşanyňda özüňi, göýä, jenneti mekanyň içinde ganat ýaýyp ýören kimin duýýarsyň. Ajaýyp ýollarymyzyň çatryklarynda owadan aýlawlar, kaşaň köprüler gurlup, olarda biri-

Ynamdar syrdaşym

Rejepmyrat MYRADOW, «Türkmen edermen» medalynyň eýesi: — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni şanly wakalara, ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Ynha, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, şeýle-de paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllyk toýlarynyň bellenýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy uly ruhubelentlikde bellenilip geçildi. Diýarymyzda ilkinji gezek bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumynyň täze binasy açylyp, ulanylmaga berildi. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu döwrebap binada ilkinji gezek «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik geçirildi. Bäsleşik tapgyrlaýyn esasda geçirilip, oňa ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen türkmen alabaýlarynyň ençemesi gatnaşdyryldy. Maňa-da geçirilen bu halkara bäsleşige Akhan atly alabaýym bilen gatnaşmak, hormatly Prezidentimiziň Baş baýragy bolan ýeňil awtoulaga, ýörite medala, göçme kuboga, diploma mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Şeýle-de men hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medaly bilen sylaglandym we döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy esasynda ilkinjileriň hatarynda çagyryş boýunça harby gullukdan boşadyldym. Bu hormat-sylaglary üçin milli Liderimize köp-köp sa

Parahatlyk — ýürek baýdagy

Mähriban Arkadagymyzyň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyndan alnan bu setir döwrümiziň ruhy şygaryna, mähir mukamyna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen geçýän üstümizdäki ýylda bolsa parahatçylyk aýratyn mana, üýtgeşik öwüşgine eýe bolup, belent ýaňlanýar. Bu ýöne ýerden däl, türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde halkymyz bu sözi synmaz umyt, beýik ynam siňdirip öwran-öwran gaýtalapdyr. Bu mukaddes söze ata-babalarymyzyň arzuw-islegi siňendir, ol biziň bagtyýarlyk döwrümizde-de ýürekleriň maksady, dilleriň senasydyr. Çünki asuda durmuşda ýaşaýan ynsanlaryň didary ýagty, zähmeti netijeli, döredijiligi manyly. Parahatçylygy döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugruna öwren hormatly Prezidentimiz jöwher paýhasyny siňdirip ýazan ähli eserlerinde diýen ýaly parahatçylyk temasyna ýüzlenýär. Mähriban Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserinde parahatçylygyň manysyny şeýle düşündirýär: «Parahatçylyk — munuň özi sazlaşykly ýaşaýyşdyr».

Watana gulluk etmek — ömrüň manysy

Türkmen alymlarynyň biri Ibrahim as-Sulydan «Ynsanyň ýagşy gylyklydygyny neneňsi bilip bolýar?» diýip sorapdyr. Alym: «Bir adamyň wepalylygyny, sözünde tapylýandygyny, ýagşy gylyk-häsiýetlidigini, aslynyň arassa, zandynyň päkdigini bilmek isleseň, onuň Watanyny küýseýşine, Watana bolan söýgüsine seret. Eger ol adam dogan-garyndaşlaryny göresi gelýän bolsa, ata-babalarynyň geçmişine buýsanýan bolsa, onda bilgin, ol adam hakyky wepaly, arassa ahlakly adamdyr» diýip jogap beripdir. Hakykatdan-da, Watanyna wepaly, birsözli, mert, batyr, dogruçyl häsiýetli ynsanlar jemgyýetiň içinde-de, döwletiň öňünde-de ynamdardyr. Sebäbi ady agzalan häsiýetleri özünde jemleýän adama Watanyň goragy ynanylýar. Ynha, podpolkownik Baýramgeldi Hümmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän esgerler Aýdogdy Ataýew, Döwlet Aýdogdyýew, 3-nji derejeli kapitan Tirkiş Mämmedowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Begenç Hudaýberdiýew, şeýle-de maýor Mämedin Garakişiýewiň serkerdelik edýän serhet birikmesinde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän Daýanç Allanazarow dagy ata Watanymyzyň öňünde eden harby kasamyna ygrarly bolup, ýurdumyzyň dost-doganlyk serhetlerini goramakda özleriniň mynasyp goşantlaryny goşmagy başardylar. Olar görkezen edermenlikleri üçin Serhet gullugymyz tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatla

Ömrümize görelde

Ýakynda podpolkownik Wepaguly Baltaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda terbiýeçilik çäresi geçirildi. Çärede şahsy düzüme kitabyň türkmen durmuşyndaky ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berildi. Ondan başga-da, harby bölümiň işjeň toparynyň agzasy, esger Orazguly Garryýew kitapdaky gyzykly rowaýatlary labyzly okady. Çäräniň dowamynda halkymyzyň aňynda galan halk aýdymlarymyza uly orun berildi. Muhammetnazar DURDYGYLYJOW,kapitan.

Harby tehnikalar — milli goşunymyzyň kuwwatly güýji

Ýaňy-ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminde buýsançly dabaralaryň ýene-de biri, ýagny Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Baş ýaraglanyş müdirliginiň Awtomobil müdirligi tarapyndan «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň harby bölüme gowşurylyş dabarasy ýokary guramaçylykly derejede geçirildi. Bu dabarada harby bölümiň serkerdesi söweşjeň harby tehnikalaryň milli goşunymyzyň kuwwatly güýji bolup durýandygy, şeýle-de her bir harby gullukçynyň öz gulluk borçlarynyň çäginde harby tehnikalara degişli ideg etmekdäki jogapkärçiligi barada täsirli çykyş etdi. Geçirilen dabarada täze kabul edilen awtoulaglaryň sürüjilerine açarlary gowşurylan pursatlar has hem tolgundyryjy boldy. Harby awtomobilleriň sürüjileri şeýle ajaýyp pursatdan peýdalanyp, Watan öňündäki mukaddes harby gulluk borçlaryny lebzihalal, harby borjuna we harby kasama wepaly berjaý etjekdikleri barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýeňşe bolan ynam

Öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň ykbaly bedew aty bilen berk baglydyr. Çünki halkymyz taryhda yz goýan ýeňişlerini öz bedew atyna atlanyp, batyrlygy, mertligi ýaran edinip gazanypdyr. Şol ýeňişlerde türkmenleriň asyrlaryň dowamynda tebigy seçgi, irginsiz türgenleşikler, seýisçilik sungaty bilen kemala getiren bedewiniň söweşjeň häsiýetiniň hem orny uludyr. Ahalteke atlary has düşbüligi, sarçlygy hem-de eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýarlar. Türkmen halky, ýurdy goramak üçin kämil ýaraglary ýasap, özboluşly harby tilsimleri gurap bilipdir we şonuň bilen birlikde, başa-baş söweşde doly artykmaçlyk döredýän bedew aty kämil derejede peýdalanmagy hem başarypdyr. Ol türkmen üçin halasgär, dost, maşgala agzasy hökmündäki orna eýedir, ýagny ynsan mertebesine ýetirilen mukaddeslikdir. Bedew atyň tebigy endiklerini ynsanyň dünýägaraýşy bilen sazlaşdyrmak ata-babalarymyza başardypdyr. Şeýle-de bedew atyň çuslygy, sarçlygy, ynsana mahsus düşbüligi ynsan hereketleri bilen dürs sazlaşyga ýetirilendir. Bedew ata adam tarapyndan endik etdirilen hereketler hem haýran galdyryjy täsinligi bilen tapawutlanýar. Türkmen ýigidi öz atyna özi ideg edip, özi seýisläpdir. Öz atyny hiç kime ynanman, oňa diňe özi aýawly münüpdir. Şonuň üçin hem, türkmen ýigidi bilen bedew atyň arasynda haýran galdyryjy ysnyşyklyk emele gelipdir. Ahalteke bedewi hem öz eýesinden başga kişileri golaýy

Gözelligiň we bagtyýarlygyň şäheri

— Binalaryň ak mermerden Aşgabat! — Aziýanyň merjeni sen, Aşgabat!

Joşgunymyň gözbaşy sen — Aşgabat!

Aşgabadyň seýilgählerine seýle çykmak, iň gowy görýän endiklerimiň biri. Men bu endigimden ullakan lezzet alýaryn. Ýogsa, zenan maşgala üçin boş wagtam ýok, öýüň ownuk-uşak hysyrdysyndan daşgary-da, iş-alada az däl. Meselem, okuwçylaryňa nähilidir bir täze zat öwredip biler ýaly, mekdepde ertirki geçjek sapaklaryňa ykjam taýýarlanmaly, okuw meýilnamaňy kadaly we gyzykly edip doldurmaly, içeriniň arassaçylygy, egin-eşikleriň tämizligi, üç wagtyna biri-birinden tagamly taýýar bolmaly tagamlaram biz — zenanlara garaşyp dur. Emma, şeýle-de bolsa, men şol işleriň daşyndan ak şäherimiz Aşgabada seýil etmäge hökman wagt tapýaryn. Onuňam sebäbini, men mümkin boldugyndan düşündirjek bolaýyn. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Aşgabat — Watanymyzyň ýüregi. Watan bolsa, biziň hemmämiziň başymyzyň täji! Diýmek, Aşgabat biziň mähriban Watanymyzyň günbe-günden güýçlenip, beýgelmeginde esasy orun tutýan gymmatlyk. Ýüregi sagdyn, arassa, abat bolan adamyň gujurly, ruhubelent, şadyýan, maksada okgunly bolşy ýaly, paýtagtymyzyň gözelligi, abadanlygy, tämizligi, sebitde parahatçylyk merkezi diýlip ykrar edilmegi, ata Watanymyz Türkmenistanyň mertebesini has-da beýgeldip, at-owazasyny giň jahana doldurýar. Paýtagtymyza edýän gezelençlerim hem, şol janly we okgunly ösüşi hut gözüň bilen synlamak diýsem, dogry bolar.

Arkadagly döwre buýsanç

Golaýda şäher häkimliginde TDP-niň , TAP-nyň Mary şäher komitetleriniň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, welaýat saglygy goraýyş müdirligi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisiniň jemleri boýunça «Arkadagly döwre buýsanç» ady bilen maslahat geçirildi. Maslahaty TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew açdy we alyp bardy.

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnaly

Daşary işler ministrliginiň çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň şu ýyldaky birinji sany çapdan çykdy. Neşiriň sahypalarynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara syýasy işjeňligine aýratyn orun berilýär. Žurnalyň şu sany aýry-aýry döwletler, hususan-da, goňşy we dostlukly ýurtlar — Türkiýe, Owganystan, Azerbaýjan, Özbegistan hem-de abraýly halkara guramalar we sebit düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary barada gürrüň berýän syn bilen açylýar.

Arkadagyň ylhamy sen, Aşgabat!

Häli-şindi buýsanç bilen aýdyşymyz ýaly, biz taryhy ösüşler döwründe ýaşaýarys. Ýurduň we Aşgabadyň durmuşynda şeýle ösüşler mundan ozal hiç mahal bolan däldir. Geçen taryhy döwrüň içinde Aşgabadyň gazanan şan-şöhratynyň, özgerişleriniň gözbaşynda Garaşsyzlyk durandyr. Ähli üstünliklerimiziň, tutuş ýurdumyzyň gülläp ösüşleriniň sakasynda hem şu mukaddeslik durandyr. Belentliginiň derejesine, gymmatyna düşünilende we ýüregiň emrine, beýik söýgä ýugrulyp, goralyp, ösdürilip bilnende, diňe şonda milletiň öz mukaddesligi bilen bitewüligi baradaky hakykat haýran galdyryjy hadysa bolup dünýä dolýar. Muňa ýetmek üçin milletiň dogry ýoly nazarlaýan güýjüni toplamak, ugrukdyrmak, tijemek gerek. Munuň özi millet üçin milli Lideriň edil howa ýaly zerurdygyny aňladýar.

Anyk ýollary salgy berýär

Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 25-nji fewralynda deputatlar bilen duşuşygynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrmakda milli parlamentiň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi. Halkyň bagtyýar geljeginiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmakda deputatlara uly jogapkärçiligiň degişlidigine, kanun çykaryjy edaranyň tutuş hukuk binýadyny hil taýdan ýokary derejede ösdürmegiň, ilkinji nobatda, durmuş ugruna gönükdirilen kanunlary işläp taýýarlamagyň zerurdygyna ýene-de bir ýola ünsi çeken milli Liderimiz ähli zadyň halkyň bähbidine hyzmat etmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Kanun hukuk namasy bolup durýar. Ol ýurduň jemgyýetçilik gatnaşyklaryny, raýatlaryň, kärhanalaryňdyr edaralaryň hukuklaryny we borçlaryny, jemgyýetiň hem-de döwletiň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şonuň esasynda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň hukuk binýadyny berkitmek parlamentiň öňünde duran esasy wezipeleriň biridir». Milli Liderimiziň çykyşynda şu we beýleki wezipelere abraý bilen hötde gelmegiň anyk ýollary birin-birin salgy berilýär.

2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly dünýä ýurtlarynda

ÖZBEGISTANDA Golaýda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň binasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäre guralyp, onuň çäklerinde ilçihana tarapyndan ýurduň Dünýä ykdysadyýeti we diplomatiýa uniwersitetiniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy» atly seljerme makalalary ýazmak boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Oňa ady agzalan uniwersitetiň ýolbaşçy düzümi, professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Çäräni köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen, «Dunyo», «Ishonch.uz», «ТNEWS» habarlar agentliklerinden, «Вечерний Ташкент», «Ташкентская правда» gazetlerinden, «Uzbekistan 24», «UzReport» teleýaýlymlaryndan hem-de «ORIAT FM» radioýaýlymyndan žurnalistler çagyryldy.

Milli demokratiýa ýoly — döwrümiziň döwletlilik ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli alyp barýan içeri we daşary syýasaty netijesinde biziň eziz Watanymyz pajarlap ösýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem ýurdumyzda juda ähmiýetli wakalar bolup geçýär. Olaryň ählisi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly taryhynyň altyn harplar bilen ýazylýan sahypalaryny barha baýlaşdyrýar. Ine, üstümizdäki ýylyň 14-nji aprelinde bolup geçen şeýle wajyp wakalaryň biri hem Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynyň açylyş dabarasy we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegidir. Bu çärelere Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy. Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlandyklary baradaky şatlykly habar bolsa türkmen halkynyň kalbynda üýtgeşik buýsanç duýgularyny döretdi. Maslahatly biçilen don gysga bolmaz

Nobatdaky halkara ykrary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama kabul edildi. Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň 72-si bu Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. «Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň şanly sahypalaryna ýazylan bu buýsandyryjy waka hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan ― Bitaraplygyň mekany» atly kitabyndaky: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ylalaşdyryjylyk hereketi ýurtda Hazar ýakalarynda we Merkezi Aziýada howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça netijeli çäreleri geçirmäge mümkinçilik berýär. Biz şeýle-de bütindünýä möçberindäki çylşyrymly geosyýasy meseleleri çözmek üçin hem başlangyçlary öňe sürýäris. Şunuň ýaly işler Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyň derejesini has-da artdyrýar» diýen sözlerini ýatlatdy.

At — sapasy bilen

Watana wepalylyk, mertlik, batyrlyk, edermenlik ýaly häsiýetler ynsany rowaçlyga, halal baýlyga ýetirýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda şeýle ynanja uýan halkymyz bu sypatlary türkmen öýüniň esasy alamatlary, baýlyk-genji hasaplanýan gamyşgulak bedewlerinde, gazankelle alabaýlarynda terbiýeläpdirler. Şoňa görä, gapysynda kişňäp duran bedewi, garysyny ýassanyp ýatyşyna gelen-gideniň päl-niýetini duýup bilýän akylly alabaý iti bolan öýi döwletmen hojalyk hasaplapdyrlar. Bu pikirimizi hormatly Prezidentimiziň: «Behişdi ahalteke bedewimiz — baýlygyň hem rowaçlygyň alamaty. Türkmen alabaýy bolsa wepalylygyň tebigy nusgasydyr, batyrlygyň hem-de edermenligiň alamatydyr» diýen jümlesi has-da aýdyňlaşdyrýar. Parasatly pederlerimiz tarapyndan sünnä döredilen milli miraslarymyzyň goşa genji hasaplanýan behişdi bedewlerimiziň hem-de şirpenje alabaýlarymyzyň şöhraty Gahryman Arkadagymyzyň yhlas-aladasy netijesinde häzirki döwürde bütin Ýer ýüzüne doldy. Bu iki gymmatlygymyzyň hormatyna ilkinji gezek bilelikde geçirilen baýramçylyk dabaralarynyň täsirinde ýaşaýan günlerimiz kalplarymyzy heýjana salan ýakymly wakalar, täsirliligi bilen uzak ýyllar ýatdan çykmajak pursatlar hakda söhbet etmek gyzykly bolsa gerek. Eger şeýle bolsa, ilki bilen, baýramçylygyň çäklerindäki esasy wakalaryň 16-njy aprelde paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Halkara ahaltek

Arkadagyň ak ýoly

Watanmyzyň dünýäde belent hormat-sarpasy,Dost-doganlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly. Jebislige guwanýar milletleriň barçasy,Agzybirlik ýollary — Arkadagyň ak ýoly. Ýaýlasyna keşt eýläp, ter gülleri ýygdygym, Behişt ýurdum — arş içre şugla saçýan ýyldyzym.Giňden toýlap Watanda şanly 30 ýyllygyn,Garaşsyzlyk ýollary — Arkadagyň ak ýoly.