"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Baky mizemez dost-doganlyk ýörelgesi

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-özbek gatnaşyklary hakyky dost-doganlyk hem-de ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerini dowam etdirýän halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine daýanýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň 29-njy aprelinde hormatly Arkadagymyzyň Gypjakda ýerleşýän Baş metjitde beren agzaçar sadakasynda ýene bir gezek aýdyň ýüze çykdy. Oňa paýtagtymyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdy. Ýokary mertebeli myhman agzaçar sadakasynda sözlän sözünde: «Özbek we türkmen halklary gadymdan birek-birege egindeş bolup, dostlukly ýaşap gelýärler» diýdi. Hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Açyk gapylar» syýasaty Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletini dünýä halklaryna dostlukly nazaryny aýlap, olary parahatçylygyň, hoşniýetliligiň ak ýoluna çagyrýan merkeze öwürdi. Beýleki bir tarapdan, ata-babalarymyzdan galan ynsanperwerlik, adalatlylyk, abadanlyk, agzybirlik, dost-doganlyk, bitewülik düşünjelerine hemişe ygrarlydygyny mälim etdi. Häzirki döwürde jemgyýetiň ruhy sagdynlygyny we ahlak taýdan kämilligini üpjün etmek, taryhy-medeni mirasa sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň hem-de tutuş adamzadyň nesilden-nesle geçirilip gelinýän däplerini ösdürmek, gyzyklanma bildirilýän taraplaryň ählisi bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyry

­­Gahrymanlara baky tagzym!

Düýn Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň guramagynda Merkezi serkerdeler öýünde dabaraly çäre geçirildi. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärä uruş we harby gullugyň weteranlary, bagtly durmuşymyzyň goragçylary bolan serkerdelerdir esgerler uly ruhy joşgun bilen gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her ýylyň 9-njy maýynda şeýle şanly seneleri bellemek bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uruşda edermenlik görkezip, öz mukaddes borçlaryny mynasyp berjaý eden gahrymanlarymyz sarpalanýar. Bu ýöne ýere däl. Beýik Watançylyk urşuna biziň ildeşlerimiziň hem müňlerçesi gatnaşdy. Olar mukaddes topragymyzyň garaşsyzlygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky söweşlerde edermenlik görkezdiler.

«Asla ýatdan çykmaz uruş ýyllary, bize nusga gahrymanlaň ýollary!»

Ýakynda maýor Şöhrat Muhammetjumaýewyň serkerdelik edýän harby bölüminiň harby gullukçylary bilen, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli tylda zähmet çeken Annadurdy aganyň öýünde myhmançylykda bolduk. Il sylagly ýaşuly Annadurdy agany Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy bilen gutlap, onuň bilen söhbetdeş bolmak bagty bize miýesser etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Annadurdy aga: «Uruş diýen zadyň beren yzasy ömrüňe ýoldaş bolýar. Şol ýyllaryň ýowuzlygy henizem ýüregimiň bir künjünde garalyp dur. Ýöne her ýyl Ýeňiş güni golaýlanda, yzalar kiparlap, göwnüň giňäberýär. Kalbymyzy baýramçylyk ruhy gaplap alýar. Şeýle sylag-hormatyň netijesinde özümi juda bagtly duýýaryn» diýip buýsanç bilen belledi. Soňra Beýik Ýeňşiň 76 ýyllyk baýramy mynasybetli harby bölümimiziň harby gullukçylary bilen ýerli etrap muzeýine, garnizonyň Serkerdeler öýüniň muzeýine gezelençler we medeni ýörişler guraldy. Bu bolsa şahsy düzümiň kalbynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çünki merdana Watan goragçylary bu ýerde Beýik Watançylyk urşunda görkezen edermenligi üçin Gahryman diýen belent ada mynasyp bolan ençeme türkmenistanly gerçekleriň görkezen gahrymançylyklary bilen içgin tanyşdylar.

Serhetçiler baýrakly orunlarda

Golaýda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesiniň jemleri jemlenildi. Bäsleşiklerde döredijilik bilen meşgullanýan serhetçileriň hem birnäçesi ýeňiji bolmagy başardy. Ýagny Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy geňeşi tarapyndan geçirilen «Dal bedewler — halkymyzyň baýlygy, buýsanjymyz — türkmen alabaýlary» atly bäsleşikde maýor Maksatmyrat Atabalow, «Mirasymyz — buýsanjymyz» atly bäsleşikde çagyryş boýunça harby gullukçy, kiçi seržant Süleýman Haýdarow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan geçirilen «Mukaddesliklere sarpa» atly bäsleşikde uly leýtenant Selbi Aşirowa, şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan geçirilen «Şygryýetiň bilbili» atly bäsleşikde bolsa, borçnama boýunça harby gullukçy, starşina Myratgeldi Hallyýew dagy ýeňiji bolmagy başardylar.

Watan waspy dillerde

Eşretli hem erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan halkymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe günsaýyn öňe gadam urýar. Amala aşyrylýan ösüşler TMÝG-niň ýerli etrap agzalarynyň işjeň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Ynha, şeýle wagyz-nesihat çäreleriniň biri ýakynda polkownik Jepbar Akyýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň şahsy düzüminiň gatnaşmagynda geçirildi. Çäräniň dowamynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň dürli pudaklarda gazanýan ösüşleri dogrusynda giňişleýin çykyşlar edilip, her birimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin şahsy goşandymyzy goşmalydygymyz barada aýratyn beýan edildi. Wagyz-nesihat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ata Watanymyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Humaý ATAÝEWA, TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Täzelikler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Innowasion tehnologiýalaryň bilim ulgamynda şöhlelenişi» atly hepdelik geçirildi. Ýokary okuw mekdebiniň informatika we ony okatmagyň kafedrasy tarapyndan guralan çäräniň dowamynda talyplar tarapyndan taýýarlanylan «Ylym-bilim jemgyýetiň hereketlendiriji güýjüdir» atly taslamalaryň tanyşdyrylyşy geçirildi we «Informatika we innowasion tehnologiýalar» atly sergi guraldy. Bu mowzukda edilen çykyşlar hem mazmun taýdan çuňdugy we ylmylygy bilen tapawutlandy. «Döwrebap tehnologiýalaryň orny» atly wideomontaž, «Sanly ulgamyň bilimi ösdürmekdäki ähmiýeti» atly kompýuter tanyşdyrylyşlary, «Iň gowy diwar gazeti», «Akyl synagy» atly bäsleşikler hem ökde talyplary ýüze çykardy.

Dost-doganlygyň mizemez ýoly

Şu günler ulus-ilimiziň güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, dabarasy uludan tutulýan toýlara buýsanjy hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly çuňňur many-mazmunly kitabynyň ýaňy-ýakynda özbek dilinde neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmeginiň şatlygy bilen utgaşýar. Bu şatlykly waka mynasybetli welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahatda hem muňa doly göz ýetirdik. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň işjeň agzalary, medeniýet-sungat hem-de döredijilik işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Asmandan arkaly, Zeminde zynatly

(Liriki oýlanma) Asmandan arkaly, Zeminde zynatly Watan! Watan, bu söz ynsanlaryň ýürek töründäki iň bir ezizlenilýän, mukaddes hasaplanylýan sözleriň biri. Watan gymmatlygy ýürek mährine deňelýär. Öz Watanyňda bolup geçýän ajaýyp wakalar, taryhy seneler, toýdur-baýramlar göwün guşuňy ganatlandyryp, ylham ýaýlaňy giňeldýär, durmuşa bolan ynamyňy, yhlasyňy artdyrýar.

Görki gözel, durky gazal, Aşgabat!

Türkmen halkynyň gözbaşyny ençeme ýüzýyllyklardan alyp gaýdýan milli binagärlik sungaty özboluşly ösüş ýoluny geçipdir. Merdana pederlerimiziň binagärlik senedi bu günki gün ösüşiň belent derejelerine eýe boldy. Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Türkmenistanyň çar künjegi, şol sanda ak şäherimiz Aşgabat giň gerimde rowaçlanýan ajaýyp binagärlik keşbi, görenleri haýrana goýýan döwrebap medeni maksatly desgalary, ýaşaýyş-durmuş maksatly ymaratlary bilen tapawutlanýar. Eziz Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherindäki ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, gözelligi bilen tapawutlanýan owadan myhmanhanalar, ajaýyp seýilgähler, gül-güläleklere beslenen ak ýollar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň buýsanjyna, myhmanlaryň guwanjyna öwrülýär. Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplygyny gazanan Diýarymyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde 2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, paýtagt şäherimiziň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, abraý-mertebesini has-da belende galdyrdy. Aşgabat dünýä ýurtlarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýýan hem-de pugtalandyrýan, Gündogar bilen Günbataryň medeniýetlerini birleşdirýän köprä öwrüldi. Bir söz bilen aýdanyňda, Aşgabat — halkymyzyň buýsanjyna, dünýä halklarynyň guwanjyna öwrüldi.

«Ömürleriň sowulmajak ýazy ýa! Göýä, göwher gaşy ägirt Aziýaň!»

Ynanaýyň, bu şäherde oýa çagyň täsin düýş görüp bolýar. Bu şäherde örki ýerde adamzat ganat baglap uçubam bilýär. Hawa, siziň edil şu wagtky pikir edişiňiz ýaly, bu ýer kitapdan çykyp, ýüreklere ýol salan täsin ertekä meňzeş. Bilýäňizmi näme üçin?! Çünki bu şäher barlygyna bagt düşlän bossan — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýüregi. Milli Liderimiziň paýhasyndan bina bolan şäheriň ajaýyp desgalarynyň daş-töwereginiň, türkmen kalby ýaly giň şaýollarydyr köçeleriniň bagy-bossanlyga, hoştap ysly owadan güllere beslenmegi, gülgüzarlyga bürenmegi täsin gözellik dünýäsini döretmek bilen birlikde, ekologiýa taýdan arassa gurşawy hem emele getirýär. Bu şäher — bagtyň, gözelligiň şalygy. Başymyza bagt guşy gonup, ýa-da ertekileriň tylla balygy çeňňegimize ilip, «Dilegleriňi dile getir» diýse-de, şundan uly bagty arzuwlap bolmaz. Seretseňizläň, bagra basan müňlerçe jaýlarynda, gör, näçe bagtly ojak bar?! Ak güllerden boglan gujak-gujak çemenler, ylla, ak dürleriň röwşen sapagy, şäheriň başyny sypap, kän eglenýän asman şapagy, garasaý, ähli ajaýyplyklar bar-a bärde! Durkun-düýrmegin tämiz söýgä ýugran yşk abadymyň çüwdürimleri-de bagtyň bolup çüwüp dur...

Gaýduwsyzlygyň nusgalyk göreldesi

Tamamlanany bäri 76 ýyl geçen hem bolsa XX asyryň taryhynda iň pajygaly wakalarynyň biri hökmünde yz goýan 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşy millionlarça adamyň ömür tanapyny kesdi. Bu ýowuz urşuň pajygaly ýyllarynda edermen är-ýigitlerimiz, atalarymyz we agalarymyz Watan üçin jan alyp, jan berdiler. Ol günleri gözi bilen görüp, egni bilen çeken ynsanlaryň kalbynda hiç haçan unudylmajak ajy hasrat ýatyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşunda Beýik Ýeňşi gazanmaga goşant goşan uruş weteranlarynyň we tylda zähmet çeken adamlaryň abraý-mertebesi Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe has belent tutulýar. Frontçylara, tylda zähmet çekenlere we uruşda wepat bolan esgerleriň yzynda galan ýanýoldaşlaryna durmuş ýeňillikleri döredilýär. Häzirki şeýle eşretli döwrümize buýsanyp, döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp ýaşaýan gahrymanlarymyzyň ýürekleri bolsa zamanamyza bolan söýgüden doly. Şeýle adamlaryň biri Dänew etrabynyň Göýnük geňeşliginiň ýaşaýjysy, ýaşuly weteran Rahym Kerimowdyr. 97 ýaşy arka atan Rahym aga bilen gürrüňdeşligimizde front ýyllaryny ýatlamak oňa aňsat düşmedi. Ol: «Watan üçin şirin janlaryny gurban eden mert ýigitleriň, biri-birinden aýra düşen ynsanlaryň çeken jebri-jepalary häli-şindi hem meniň göz öňümde janlanýar. Millionlarça adamlar şol külpetli günleriň gurbany boldular. Uruş ulyny-kiçini saýgarmad

Giň sähranyň aýdymy

«Žurnalistika» diýen müň bir hysyrdyly käriň ilki yşkyna, soňra-da söbügine düşüp, 10-a golaý döwlete, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna, Lebabyň bolsa ähli etraplaryna, obalarynyň aglabasyna gadamym düşen hem bolsa, ömrümiň dördünji onlugynyň ýarysyny yzda galdyryp, ilkinji gezek çopan goşunda bolup görmegiň, çopanlaryň gürrüňlerini diňlemegiň höwesi bilen «Nirdesiň, Döwletli?!» diýip, ýola düşenimizde, kalbyma müň bir duýgy gondy. Ýogsam näme?! Ilkinjileriň täsiri hemişe başgaça bolýar, ahyry! Onsoň bu täsir uzak wagtlap hakydaňdan çykanok. Bir möwsümde 76 müňden gowrak owlak-guzy

Göwünlere ganat beren galkynyş

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna barýan günlerimize aýratyn öwüşgin çaýdy. Şu günler redaksiýamyza gelip gowuşýan makalalaryň özenini ildeşlerimiziň täze merkeziň açylmagyna bolan begenji düzýär. Olaryň käbirini okyjylarymyz bilen paýlaşýarys. Ýaş nesle ajaýyp miras

Milli gymmatlyklara ygrarlylyk

Türkmen halky dünýäde iň gadymy halklaryň biri bolmak bilen, onuň ahalteke bedewi, nepis halysy, wepadar alabaýy hem öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Häzirki wagtda obalarda türkmen öýüni, ýaýlalarda çarwany alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýaýlalarda sürüleri möjeklerden goramagyň hötdesinden gelip bilýän, onda-da möjekleriň ordasynyň sanyna garamazdan, garpyşyp bilýän türkmen alabaýy diňe Diýarymyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarlarda hem giňden tanalýar. Hormatly Prezidentimiz «Türkmen alabaýy» kitabynda halkymyzyň milli mirasy hökmünde alabaýlaryň abraýyny bütin dünýä äşgär etdi.

Aşgabat, adyňa aşyklar gelýär

Çyn ýürekden gutlap bir ýüz kyrkyňy,Aşgabadym, saňa aşyklar gelýär.Aýdym düzüp adyňa, her harpyňa,Bagşylar heň tapyp, joşuplar gelýär. Arkadagdan medet alyp galkynan,Gujagyň baý nur-röwşen ýalkyma,Binalaryň dür-göwhere, altynaBäs edýär, hoş habar — buşluklar gelýär.

Aşgabadym — göwün şadym

Biziň gözel paýtagtymyz Aşgabat diňe bir ýurt merkezi hökmünde däl-de, eýsem, halkymyzyň çuňňur buýsanjyna eýe bolan, ýürekden söýülýän eziz şäher hökmünde hem meşhurdyr. Her bir halk hem paýtagtyny eziz görýändir welin, türkmen halkynyň Aşgabada bolan garaýşy juda üýtgeşik. Şol buýsançly söýgi hem Aşgabadyň adynyň rowaýata öwrülmegine getirdi. Bu günki günde şanyna onlarça aýdym, ýüzlerçe şygyr döredilen başga bir şäheri atlandyrmak aňsat däl. Biziň aşyklar şäherine deňelýän Aşgabada söýgimiz aňyrdan, düýpden gelýär. Şu ýerde geçmişde bolup geçen bir wakany ýatlasak, ýerine düşse gerek. Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri gidip dur. Kremiliň Gurultaýlar köşgünde dürli milletleriň wekilleri türkmeniň medeniýet, edebiýat we sungat ussatlaryny dykgat bilen diňleýär. Münbere Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýew çykýar. Ol özüniň «Aşgabat» atly meşhur goşgusyny okaýar. Ol goşgy aýdyma öwrülen şygyr bolansoň, onuň her bendiniň yzyndan:

Gözelligiň nusgasy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözel Diýarymyzyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna, ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna ýokary ruhubelentlik bilen barýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň binýady berkden guruldy. Bu günki gün gözel paýtagtymyz özüniň binagärlik aýratynlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Asmana bäs edýän beýik ymaratlaryň etegini jähekläp oturan al-elwan güller, suw çüwdürimleri, dynç alyş merkezleri baharyň ajaýyp howasy bilen sazlaşyp göwnüňi göterýär.

Abadan durmuşyň taglymaty

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz barha gözelleşýär. Oba hojalyk ulgamynda kuwwatly häzirki zaman kämil tehnikalaryň satyn alynmagy bilen pagta, bugdaý we beýleki oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Ýeri ekişe taýýarlamakdan başlap, ekiş, bejergi, dökün dökmek, haşal otlara we zyýanly mör-möjeklere garşy himiki serişdeleri pürkmek, mahlasy, agrotehniki çäreleriň aglabasy tehnikalaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Galla oragynda, pagta ýygymynda kombaýnlaryň güýjünden netijeli peýdalanylýar. Daýhanlar üçin edilýän bu aladalar, hemaýat-goldawlar ekinlerden ýokary hasyl öndürmäge mümkinçilik döredýär. Şeýle hem önüm öndürijiler bilen hasaplaşyk çäreleriniň wagtynda geçirilmegi olary zähmete höwesli çemeleşmeklerine ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň kabul edýän resminamalaryny ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde, möwsümleýin oba hojalyk çärelerinde zähmet bäsleşigini guramakda, üstün çykanlary dabaraly ýagdaýda höweslendirip durmakda hünärmenlerimiz işjeňlik görkezýärler.

Keýmir kör hakynda rowaýatlar

Ilimiň keýmiri bolsamam... Bir gün gyzar ikindinler başy şypyrmaly Keýmir kör üzük ýamap duran eken. Üst-başy totdur-tozan. Egnine kakylan ýaly şapylaşyp ýatan garma donunyň synlaram yzyna gaýtarylyşyna, gaýym guşalgy biline gysdyryldy. Ellerem omurdanyndan beýläk gara gäz. Ol şadyýana hiňlenjireme bilen öz ugruna gydyrganyp ýörşüne:

Ylhamyň, gözelligiň mekany

Paýtagtymyz Aşgabat gaýtalanmajak gözellikleriň şäheridir. Zehinli suratkeşlerimiz onuň gözelliklerini sungat eserleriniň üsti bilen wasp edýärler. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda milli akademiki sungat ugry boýunça bilim alýan zehinli talyplar hem Aşgabat temasyny uly höwes bilen saýlap alýarlar.