"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýaş watançylara ajaýyp sowgat

Ýaş Watan goragçysy hökmünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annayew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyp, ulanylmaga berlendigi üçin buýsanjymyzyň çägi ýok. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dabara bilen bellenilip geçilen Bilimler we talyp ýaşlar gününde biz — ýaş watançylara ajaýyp sowgat boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesiller bilen birlikde harby okuwçylaryň okamagy, öwrenmegi, dünýä tejribesiniň iň soňky gazananlaryndan kämil baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda harby mekdebimiziň döwrebap binalar toplumynda täze okuw ýylyna başlamak Watana bolan beýik söýgümizi has-da artdyrdy. Biz — harby okuwçylar ussat mugallym, watançy esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän bilim ojagynda okap, başlangyç harby hünäre eýe bolýandygymyz üçin diýseň buýsanýanys.

Watanperwerlik mekdebiniň dowamaty

Sahawatly güýz. 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilýän güni her birimiziň kalbymyzy süýji duýgulara, nurana umytlara, ajaýyp arzuwlara hem ýakymly ýatlamalara besledi. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününiň täsiri ähli okuwçylar, talyplar, mugallymlar üçin üýtgeşikdir welin, bu günüň ýakymy harby okuwçylar üçin has-da ajaýyp boldy. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylmagy Watan goragyna höwesli ýaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, durmuşyň asyl manysy Watany goramak boýunça mukaddes we beýik borja wepaly bolmakda, Watany söýmekde jemlenýär. Şoňa görä-de, ata-babalarymyzyň parasatly ýörelgeleri esasynda ýaş nesli ýokary watançylyk, wepalylyk, ata Watanyň, halkyň geljegi üçin jogapkärçilik ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döretmek, olaryň häzirki zaman bilimlerini ele almaklary — parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr.

Ýürek buýsanjymyz çäksizdir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesli ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmek babatda bolsa, döwletimiz tarapyndan giň mümkinçilikler döredilip berilýär. Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň gatnaşmagynda täze binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berlen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebi bu babatda möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebimiziň 2022-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze binalar toplumy watançy ýaşlary ýetişdirmek, geljekde ýurt asudalygyny gorajak serkerdeleri taýýarlamak babatda giň mümkinçilikler bilen üpjün edilipdir. Toplumyň binalarynyň sanly ulgamyň mümkinçilikleri, döwrüň öňdebaryjy bilim tehnologiýalary esasynda enjamlaşdyrylmagy, giň hem-de multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen ýagty otaglary harby gullukçylaryň, şol sanda ýaş watançylaryň bilim almaga, Watanymyzy söýmäge, onuň her daban ýerini gözümiziň görejine deňäp goramaga ruhlandyrýar. Bu mümkinçilikler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watan goragçylarynyň täze nesline bildirýän belent ynamyndan nyşandyr.

Harby bilime ilkinji ädim

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň serkerdelik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde 1-nji ýyl harby okuwçylaryň harby kasam kabul edişlik dabarasy guraldy. Şatlyk-şowhuna beslenen bu dabaraly çäräniň welaýat kitaphanasynyň öňünde geçirilmeginiň aýratynlygy hem ýaş nesilleriň kitap äleminiň ummanynda gulaçlap, gerekli menzillerine dogry barmagy üçin ýol görkezijisi boldy. Meşhur türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny buýsanç bilen göterýän harby mekdebimizde hem harby okuwçylaryň bilim-terbiýe almagy üçin ähli zerur şertler döredilendir. Mekdebimiziň kitaphanasyndaky kitaplar harby okuwçylarymyzyň bilimlerini çuňňur ele almagynda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Geçmişden ugur alyp, türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan, şanly geljege sary öňe alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sagbolsun aýdýarys! Biz — ýaşlara okamaga, döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ak arzuwlaryň wysaly

Kiçijik uçgunjyklardan dörän arzuwlaryň hasyl bolşuna gözli şaýat bolmak diýseň täsirli hem ýatda galyjy pursat. Elbetde, arzyly kitaplaryň gatlaryna ýazylan arzuwlaryň amala aşmagy her bir ynsan üçin täze durmuş, täze sahypa. Başgaça aýdanymyzda, ynsanyň arzuwlaryna sary ilkinji gadam. Ynha, ilkinji ädimler bilen arzuwly hünärine gadam basan bagtdan paýly, sylagdan serpaýly, geljekki serhetçi serkerdelerimiz ýaşyl Tugumyzyň synyndan öpüp, harby kasamy uly buýsanç bilen ýerine ýetirýärler. Olaryň şeýle bagtly pursatlaryna şaýat bolanyňda, asuda, parahat ata Watanymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýaşlara göwün söýen hünärlerinde, döwrebap, häzirki zaman ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga döredilen şertler buýsanjyňa buýsanç goşýar. Ynha, biz hem ylma-bilime uly üns berilýän ýurdumyzda köňül beren hünärine gadam basan bagtyýar ýaşlaryň ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Gurban ANNABERDIÝEW,Türkmenistanyň Serhet institutynyň 1-nji ýyl harby talyby:

Sanly mümkinçilikler — täze ädimler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesillere döwrebap bilim bermekde belent sepgitlere ýetilýär. Halk hakydasyna ornan hikmetli sözleriň birinde: «Älemiň gyragy bolmaz, ylmyň — çägi» diýlişi ýaly, häzirki wagtda ylym-bilimiň, tehnologiýalaryň ösüşi barha rowaçlyga beslenýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap kämilleşdirmek, ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek maksadynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmen oba hojalyk institutynda hem netijeli işler alnyp barylýar. Institutda «Elektron dolandyryjy» atly içki bilim portaly hereket edip, onuň üsti bilen hasap-synaglar kabul edilýär, talyplaryň sapaklara gatnaşygy we netijeleri seljerilýär. Programmada talyplaryň şahsy otagy bolup, onda test soraglaryny onlaýn görnüşinde işlemek, institutyň elektron okalgasyndaky zerur kitaplardan, gollanmalardan peýdalanmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Mundan başga-da, institutda «tohi-portal» atly täze içki bilim portaly taýýarlandy. Bu içki bilim portalynda mugallyml

Ak mekdepler giňden açdy gujagyn

Milli bilim ulgamynyň hiliniň hem-de mazmunynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelmegini gazanmak ulgamda yzygiderli alnyp barylýan netijeli özgertmeleriň düýp maksadydyr. Toý-baýramlara baý bolan altyn güýz paslynyň ilkinji baýramy — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçirilen dabaralarda şeýle buýsançly hakykat aýratyn nygtalyp aýdyldy. Balkanabat şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdepde giň gerime eýe bolan baýramçylyk dabarasy hem şeýle çuň mazmunly çäreleriň biri boldy. Toý keşbine eýe bolan mekdep binasynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan dabara bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän bagtyýar çagalar, welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şäheriň ýaşaýjylary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Bilimli ýaşlar — döwre ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de bilim berlişiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigine bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler aýdyň güwä geçýär. Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigine ýaş zehinlerimiziň halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde gazanýan üstünlikleriniň mysalynda buýsanç bilen göz ýetirýäris. Bu Konsepsiýalaryň esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, sapaklary döwrebap tehnologiýalar arkaly täsirli guramakda durmuşa geçirilýän işler diňe tarypa mynasypdyr. Berkarar döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, durmuşymyzyň has-da gözelleşmegi bolsa, şeýle zehinli, ylym-bilimli nesle baglydyr.

Kämilligiň aýdyň ýoly

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilim ulgamy uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň çar künjünde döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, olaryň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilmegi, sanly bilimiň ornaşdyrylmagy, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegi, bu ugurda uzak we ýakyn geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň kabul edilmegi ulgamyň ösmegi üçin döwrebap şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini subut edýär. Bilim özgertmeleri bolsa türkmen ylmyny täze belentliklere götermek baradaky maksady özünde jemleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar» diýen sözleri munuň  kepilidir. Ylym-bilim döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolmak bilen, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda we beýleki ulgamlary ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim bilen öňe gidip, belent sepgitleri eýeläp bolýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamynda öňe sürülýän başlangyçlar, kabul edilýän maksatnamalar bagtyýar geljegiň binýadydyr. Ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, şöhratly geljegi eziz Diýarymyzyň daýanjy bolan ýaş nesliň ylymly, bilimli bolmagy, sagdyn ruhda terbiýelenmegi bilen baglydyr. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi

Robototehnika — geljegiň ugry

Ozal habar berlişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi işläp başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň (ÝUNISEF) ýardam bermeginde döredilen täze merkeziň maksady ýaşlara STEAM bilim modelini tejribäniň üsti bilen berkidip öwretmekden hem-de bu işi has giňden ýaýbaňlandyryp, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralaryna görelde bolmakdan, robototehnika önümlerini amaly taýdan peýdalanmagyň esaslaryny döretmekden ybaratdyr. Şu maksatlara ýetmek üçin bolsa täze merkez 8 — 12 adamlyk toparlaýyn okuw işlerini alyp barmaga giňden ýardam edýän tehniki serişdeler hem-de enjamlar bilen üpjün edildi.

Akyldar şahyryň hormatyna täze mekdep binasy bilim ulgamynda işjeň hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr

Bu ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden bellenilýär. Şygryýet äleminde meşhur şahsyýetleriň biri bolup orun alan, dünýä halklarynyň çeper döredijiliginiň ösüşine uly täsirini ýetiren Magtymguly Pyragynyň sarpasy belent tutulýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň dowamynda Russiýada, Türkiýede, Eýranda, Özbegistanda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda, şol sanda Russiýanyň Stawropol ülkesiniň Blagodarnensk raýonyndaky türkmenleriň ýaşaýan Edelbaý obasynda, Astrahanda, Kiýewde, Özbegistanyň Daşkent we Hywa şäherlerinde türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň hormatyna ýadygärlikler bina edildi. 4-nji iýulda Magtymguly Pyragynyň Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde oturdylan ýadygärliginiň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzda dünýä döwletleri bilen bilim ulgamynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns gönükdirilýär, bu nurana işlerde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem hatyralanýandygy örän guwandyryjy ýagdaýdyr. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep açylyp, ulanmaga berildi. Bu mekdebiň açylyşyna Türkmenistanyň we Täjigistanyň ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşdy. Täze bilim ojagynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiziň hem-de

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenip geçildi. Şanly sene mynasybetli bilim ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. GÖKDEPE. Etrabyň Yzgant şäherçesiniň Berdimuhamet Annaýew adyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde bolan dabara gatnaşan bilim işgärleri, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň atasy watançy esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň mekdepdäki nurana ýadygärligine gül goýup, ilhalar ynsanyň ruhuna tagzym etdiler.

Bilim ulgamy — ösen geljegiň berk binýady

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda uludan toýlanýan Bilimler we talyp ýaşlar güni jemgyýeti üýtgeşik ruhy ahwal gurşap alýar. Täze okuw ýylyna badalga berilmegi bilen, uludan-kiçi her birimiz toý şatlygyny, ruhy galkynyşy başdan geçirýäris. Şol bir wagtyň özünde-de kalbymyz mukaddes duýgular, ýagty umytlar, ak arzuwlar bilen nurlanýar. Bu nurana duýgular biziň halkymyzyň bilime bolan mukaddes garaýşyny, bilim-ylym öwredýän mugallymlara goýulýan uly hormat-sylagy, döwletimiz tarapyndan ýaş nesliň ýokary derejeli bilim-terbiýe almagy üçin iň gowy derejede döredilýän mümkinçilikleri, başlary nepis tahýaly, milli eşikli, buýsançly oglan-gyzlaryň geljege bolan synmaz ynamyny gursaklarynda göterip, ata-enelerimiziň döwletli ýörelgelerini dowamata mynasyp atarýan nesiller bolup ýetişýändikleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Täze okuw ýyly mynasybetli ýurdumyzda täze bilim ojaklarynyň açylmagy ýurdumyzyň ösen ykdysady kuwwatynyň, döwletimiziň adam maýasynyň ösmegine gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň ajaýyp mysallarydyr. Ine, bu ýyl hem ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze bilim ojaklarynyň ençemesi açyldy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň dabaraly baýramçylyk nyzamynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar astynda geçirilmegi akyldar şahyrymyza goýulýan beýik sarpanyň nyşanydyr.

Döwletlilik ýörelgeleri dabaralanýar

 Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlygyň çäginde umumymilli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini ilata düşündirmek maksady bilen welaýatymyzda netijeli çäreler geçirilýär. Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda guralan dabaraly maslahat hem şeýle çäreleriň biri boldy. «Halk Maslahaty: agzybirlik, jebislik, döwletlilik» ady bilen geçirilen dabaraly maslahat Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralyp, oňa jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Onda täsirli çykyşlara giň orun berildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetli waka öwrüljekdigi, onda geçen döwürde berkarar Watanymyzda alnyp barlan işleriň üstünde durlup geçiljekdigi, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenip, olary çözmegiň ýollary babatdaky tekliplere garaljakdygy dogrusyndaky gürrüň çykyşlaryň özenini düzdi.

Belent maksatlaryň badalgasy

Altyn güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary diňe bir okuwçy ýaşlary däl, eýsem, olaryň ata-enelerini, ähli bilim işgärlerini hem begendirdi. Ol gün ak mekdebe ilkinji gezek gadam basan körpeje nesiller üçin has-da tolgundyryjy boldy. Döwrüň berkararlygyny, zamananyň bagtyýarlygyny buşlaýan ýurdumyzyň bilim ojaklarynda, şirin aýdym-sazlar ýaňlandy, baýramçylyk dabarasy guraldy. Şol gün ýurdumyzyň dürli ýerlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklary açylyp, ulanylmaga berildi. Şeýle ruhlandyryjy günüň çärelerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamyny ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin şöhratly geljegi gurmaga gönükdirýän taýsyz tagallalary barada buýsanç bilen gürrüň edildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni diýlende, hemmeleriň, hatda mugallymlaryň hem aňynda, ilki bilen, öz mähriban mugallymlarynyň keşbi janlanýar. Şahyryň:

Şäherçä görk goşan binalar ýaş nesle we bilim işgärlerine ajaýyp sowgatdyr

Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralandyrylýan gününde Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi egsilmez şatlyga öwrüldi. Ak nura beslenen täze binalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şanly ýylda başlanan täze, 2024-2025-nji okuw ýyly mynasybetli mekdep okuwçylaryna we mugallymlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp toý sowgady boldy.

Talyp bolmak bagty

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bagtyýar ýaşlaryň müňlerçesine ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Şanly ýylymyzda talyp bolanlaryň arasynda welaýatymyzyň bagtdan paýly ýaşlarynyň hem uly topary bar. Olaryň ýürekden çykýan buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Merjen POLADOWA,Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby:

Ilkinji jaň — bilim ýolunyň başlangyjy

«Ilkinji» söz, gör, näçe ýerde ulanylýar: ilkinji söz, ilkinji ädim, ilkinji ýaz, ilkinji terbiýeçi, ilkinji jaň, ilkinji mugallym, ilkinji sapak, ilkinji bäşlik — bu sanawy näçe uzaltsaň uzaldyp oturmaly. Aga-gara düşünip başlanyndan mekdebe çenli aralykdaky «ilkinjiler» çaganyň durmuşa, jemgyýete bolan ymtylyşyny kesgitleýär. «Ilkinji jaň» dabarasy bolsa ony bilimden, ylymdan püre-pür durmuşa çagyryşdyr. Hut şonuň üçin hem çaga bu şanly senä — 1-nji sentýabra uly umytlar baglap garaşýar. Ene-atasynyň elinde, çagalar bagynda terbiýelenip, mekdep ýaşyna ýeten oglan-gyzjagazlar öz durmuşlaryndaky begençli pursata uly höwes bilen garaşýarlar. Olar «Ilkinji jaň» dabarasynyň nämedigine heniz ýeterlik derejede göz ýetirip bilmeseler-de, şol şatlykly pursatyň özlerine edýän ýakymly täsirlerini aýdyň duýýarlar.

Täze terbiýe ojagy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Tagtabazar etrabyndaky Saryýazy obasynda açylyp, ulanmaga berlen 23-nji çagalar bakja-bagy ähli ýaşaýjylary, bagtyýar nesilleri we bizi — bilim-terbiýeçilik işgärlerini tüýs ýürekden begendirdi. Bu binada 160 çaganyň terbiýelenmegi, sowat öwrenmegi, göwnejaý dynç almagy, her günki pursatlaryny gyzykly we mazmunly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Röwşen geljegimiziň binýady

Türkmen halky hemişe bilim-ylma aýratyn sarpa goýup, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary barada uly alada edýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde ylmyň döwrebap ugurlaryna aýratyn üns berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna kämil tehnologiýalar hem-de dünýä ylmynyň gazananlary giňden ornaşdyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň ugurlarynyň işi kämil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen barha ilerleýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzda döwrebap mümkinçilikleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan döwletimizde ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlar sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürýärler. Olara sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde oňyn mümkinçiliklerden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesil — Diýarymyzyň mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdebiniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň gülläp ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjak ynsanlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer ne