"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bagtyýar geljegimiziň aladasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ylymly-bilimli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmäge gönükdirilen möhüm wezipeler giň gerim alýar. Çünki, ajaýyp döwrümiziň mynasyp ýaşlaryny kemala getirmek üçin taýsyz tagallalar edilýär. Ata Watanymyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, ýaş nesle berilýän bilimi dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirmekde okuwçylara oňat bilim berilýär.

Yhlasly zähmet — oňyn netije

Çaga terbiýe bermek, mynasyp nesli kemala getirmek, ilki bilen maşgaladan, soňra bolsa çagalar bagyndan başlanýar. Eýjejik kalplary ene süýdi dek päkize körpelere terbiýe bermegiň jogapkärçiligine oňat düşünýän Mary şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri agzybirlik bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Ady agzalan bakja-bagyna 7 ýyl bäri bir egne Ogulmeýrem Muhammedowa ýolbaşçylyk edip gelýär. Ogulmeýrem Muhammedowanyň yhlasly zähmeti özüniň oňyn netijesini berýär. Has takygy, ol geçen — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda “Iň gowy çagalar bagynyň müdiri” atly bäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýeňiş gazandy. Üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bolsa ol bu bäsleşigiň welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldy.

Maksadymyz ― dil bilen dünýä çykmak

Baýry bilim ojagymyzda bilim we ylym babatynda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen barha berkeýän hyzmatdaşlyk bilelikdäki kämilligi üpjün edýär. Biz muny institutymyzyň ähli fakultetleriniň we kafedralarynyň işinde aýdyň görýäris. Iňlis we nemes dilleri hem-de edebiýatlary hünärleri boýunça ýaş hünärmenleri taýýarlaýan roman-german dilleri we edebiýaty fakultetimizde hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň ugurdaş fakultetleridir kafedralary bilen hyzmatdaşlygyň netijesinde talyp ýaşlaryň bu dünýä dillerini hem-de olaryň edebiýatyny çuňňur özleşdirmek babatynda öňegidişlikler gazanylýar.

Ylymly ýaşlar — Watan daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünär taýdan ukyp-başarnyklarynyň kämilleşdirilmegi, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan zehinleriň taýýarlanmagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Ylym-bilimiň hili täze innowasion tehnologiýalaryň, täze okuw maksatnamalaryňdyr gollanmalaryň, okatmagyň interaktiw usullarynyň bu ulgama ornaşdyrylmagy bilen has-da kämil derejelere ýetýär. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň hem täze tehnologiýalar boýunça okamak, olara erk etmek, ylmyň soňky gazananlaryndan habarly bolup, özleşdirmek, öwrenmek höwesi artýar. Ylma höwes hem-de bilesigelijilik bilen ymtylýan ýaşlaryň zehin-ukyby artýar, kämillik ýolunda başarnygy, erjelligi taplanýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi bilen, ýurdumyzyň we dünýäniň iň öňdebaryjy tejribelerine, sanly tehnologiýalaryň häzirki zaman gazananlaryna daýanan milli bilim ulgamymyzda uly üstünliklere ýetilýär. Ýurdumyzda öz kärine ussat ýaş alymlar kemala gelýär. Halkara olimpiadalarda, ders bäsleşiklerinde guwandyryjy netijeleri gazanýan, ylmy konferensiýalarda, maslahatlarda üstünlikli çykyş edýän ýaşlarymyz ýurdumyzda bilim ulgamynyň pajarlap ösýändigini dünýä äşgär edýär.

Döwrebap özgertmeler

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, kämil ýaşlar kemala gelýär. Şunda bilim özgertmeleriniň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri esasynda sanly ulgamy we sanly bilimi ösdürmek ugrunda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna, ylmyň mümkinçiliklerine esaslanýan bilim özgertmeleri ýaşlaryň kämil, bilimli hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam edýär. Bilim bagtyýar durmuşymyzyň berk binýadyny üpjün edýär. Çünki bilim döwletiň daýanjydyr, ygtybarly ösüşleriniň kepilidir. Şonuň üçin hem okatmagyň döwrebap usullarynyň ösdürilýändigi bellenmäge mynasypdyr. Häzirki wagtda okadylýan sapaklar kompýuter tehnologiýalary, dürli programma üpjünçiligi esasynda alnyp barylýar. Sanly tehnologiýalaryň sapaklarda peýdalanylmagy ýaşlaryň bilimleri tiz özleşdirmegine, ylym dünýäsine aralaşmagyna täsir edýär. Bu, esasan hem, sapaklaryň utgaşykly alnyp barylmagynda, nazaryýet bilen tejribäniň sazlaşygynda has oňat netije berýär.

Üstünligiň gözbaşy

Döwrebap bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ösüp gelýän nesilleriň berk bilim binýatly bolmagynyň esasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň abadan durmuşy yzygiderli üpjün edilýär. Ýurdumyzda ykdysadyýet, saglygy goraýyş, ylym, bilim babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şeýle uly özgertmeleriň bir ugry hem ähli pudaklar bilen bir hatarda bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagydyr. Çünki häzirki ösen döwürde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak, okatmagyň iň döwrebap usullaryny durmuşa geçirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi bolsa, netijeli bilim ulgamynyň berk binýadydyr. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Mundan kämil bilim bermegiň berk esaslary gelip çykýar we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýadyny kemala getirýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy şu günki okuw ulgamynyň zeruryýeti bolmak bilen, lukmançylyk

Şägirdi tejribe taplaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hem ylym we bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek, ony hil taýdan dünýä derejesine çykarmak bolup durýar. Şoňa görä-de, ägirt uly üstünliklere ýetjek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen giň gerimli döwletli işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyplary ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde mugallymçylyk tejribeligini geçdiler. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda talyplar mugallymçylyk tejribeliligini geçmek üçin ak mekdepleriň gapysyndan gadam basdylar. Talyplaryň öz nazary bilimlerini iş tejribeleriniň üsti bilen öwrenmekleri üçin ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hem ähli mümkinçilikler döredilendir. Bilim ojaklary häzirki zaman okuw-görkezme esbaplary we sanly tehnologiýalar bilen doly üpjün edilendir. Bu bolsa talyplaryň ökde hünärmenler, okuwçylaryň bolsa sowatly, terbiýeli, zehinli, ukyply nesiller bolup ýetişmekleri üçin berk binýat bolup durýar.

Bilim we terbiýe

Bilim ― ruhy terbiýe, sport bolsa beden terbiýesidir. Adamyň aň-düşünjesiniň, pikirlenişiniň terbiýesi onuň alan bilimine bagly, emma beden terbiýesi bolsa, onuň türgenleşigine baglydyr. Biz çagalara bilim bermek bilen, olaryň ruhuny terbiýeleýäris, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň üsti bilen bolsa, bedenlerini terbiýeleýäris. Sagdyn bedeniň kepili türgenleşikde, sagdyn ruhuň kepili bolsa sagdyn bilimdedir. Şonuň üçin döwletimiz tarapyndan bilim ulgamynyň-da, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň-da dünýä ülňülerine gabat gelýän derejesini gazanmak maksady bilen uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurlarda hormatly Prezidentimiziň edýän aladalary oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary-da, talyplary-da halkara ders hem-de taslama bäsleşiklerinde, türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Soňky ýyllarda ýurdumyz iri halkara ýaryşlarynyň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda Aşgabat şäherindäki Gyşky oýunlar sport toplumynda hokkeý boýunça halkara ýaryşyny geçirmäge ygtyýar berilmegi hem bu

Iş tejribesinden

Geografiýa sapagyny guramak Geografiýa sapagyny täsirli guramak mugallymyň esasy jogapkärli işleriniň biridir. Çünki mugallymyň her gezekki sapakda okuwçylaryň diline nätanyş, ýeňil bolmadyk sözleri, adalgalary öwretmegi möhümdir. Munuň üçin mugallym okuwçylaryň depderlerine ýörite bellik etdirmek usulyndan peýdalanyp biler. Bu derse okuwçylaryň düşünmegi üçin ilki başlangyç sapaklarda adalgalary öwretmekden başlamaly. Olara tema bilen birlikde kartalar bilen işlemegi öwretmeli. Kitap okamagy öwredişiň ýaly, okuwçylara kartanyň hem diline düşünmegi öwretseň, onda çaganyň geografiýa sapagyna bolan höwesi öz-özünden artýar. Mundan başga-da, okuwçylara sudury kartalar bilen işlemegi öwretmek hem möhümdir, sebäbi sudury kartany doly we dogry ýerine ýetirmek üçin ondaky görkezilen belgilere okuwçynyň düşünmegi gerek. Geografiýa sapagy şeýle görnüşde guralanda, okuwçylarda aýratyn täsir galdyrýar we maglumatyň olaryň aňynda galyjylygy artýar.

Edebiýat sapagynyň täsiri

Edebiýat sapagynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligi öwrenilende, diňe bir goşgynyň many-mazmuny barada düşünje bermän, eýsem, olarda duş gelýän dil serişdeleriniň üstünde durup, sapagy türkmen dili dersi bilen baglanyşdyrmak oňat netije berýär. Akyldaryň şygryýet diwanyna ser salanyňda, tirkeş sözler, ownuk bölekler, sözsoňy we baglaýjy kömekçiler, antonimler, sinonimler, meňzetmeler, deňeşdirmeler, metafora... ýaly örän köp dil we çeperçilik serişdeleri öz beýanyny tapýar. Mysal üçin: Al-ýaşyl bürenip çykar perisi.

Daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullary

Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe daşary ýurt dillerini öwrenmek has möhümdir, sebäbi dil öwrenmäge adamyň gyzyklanmalary artýar. Fransuz dilini öwretmegiň häzirki zaman usullarynyň esasy meselesi okuw wagtynda emeli daşary ýurt diliniň gurşawyny döretmekdir. Mugallymyň işiniň netijeliligi mekdepde häzirki zaman biliminiň esaslaryny we mugallymçylyk tejribesini durmuşa geçirmäge taýýardygyna baglydyr. Fransuz dilini öwrenmek okuw materiallaryny özgertmekden başlaýar. Multimedia we kompýuter tehnologiýalaryny ulanmak häzirki zaman okuwynyň has täsirli bolýandygyny görkezýär. Çünki häzirki wagtda çagalar elektron enjamlaryndan maglumatlary has gowy kabul edýärler we özleşdirýärler. Elbetde, multimedia arkaly fransuz dili sapagy mugallymdan goşmaça hünärleri talap edýär. Şeýle-de bolsa, kompýuter çeşmeleriniň ähmiýetini inkär etmeli däl, sebäbi häzirki zaman mekdep okuwçysynyň durmuşy olar bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Kompýuterleri ulanmak bilen fransuz dilini öwrenmek adaty okatmagyň usullarynyň ornuny tutmaýar. Emma, olary dolduryp, sapagy has gyzykly we öndürijilikli edip biler. Mundan başga-da, bu görnüşi utgaşykly öwrenmek mümkindir. Mysal üçin, deslapky taýýarlygy (öý işini) talap edýän «Adaty fransuz aşhanasy» temasy boýunça okuw. Sapakda okuwçylar Fransiýanyň aşpezlik däpleri barada maglumatlary paýlaşýarlar. Okuwçylar hasabat ýa-da düzme görnüşinde maglumatlary hödür

Ýaşlara ynam —geljege ynam

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseriniň elimize gowuşmagy toýly-baýramly günlerde türkmen ýaşlary üçin ajaýyp sowgat bolup, nusgalyk gollanma öwrüldi. Kitabyň her bir jümlesi ýaşlarymyz üçin durmuş pursatlarynda çelgi bolup, onda Watana, halka hyzmat etmegiň, kämil şahsyýet bolup ýetişmegiň ýollary salgy berilýär. Bu eseriň ýaşlara, olaryň geljekki wezipelerine bagyşlanmagy döwletimizde ýaş nesillere bildirilýän ynamyň örän uludygyny, watançy ýaşlaryň beýik geljegimizi gurujylardygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz bu ajaýyp kitabynyň sözbaşysynda: «Watany söýmegiň berk binýatly mekdebini döreden ata-babalarymyz özleriniň maksatlaryny geljegiň bagtyýarlygy ugrundaky işleri amala aşyrmaklyga gönükdiripdirler. Öňlerinde aýdyň maksat goýup, şonuň netijesini görüpdirler. Men öz durmuşymda maksatly ýaşamagyň juda uly manysyna göz ýetirdim» diýip bellemek bilen, maksatly ýaşaýşyň ynsan ömrüni bezeýändigini, ýaş nesilleri geljekki beýik işlere ruhlandyrýandygyny pelsepewi mazmunda çuňňur beýan edýär.

“Dil – akylyň açary”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyklykda bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi, beden taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, il-güne, merdana ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerini kämil bilmeginiň olaryň dünýä derejesinde bilim almagynda, öz Watanynyň ykdysady, syýasy, medeni ösüşinde we onuň abraýynyň halkara derejesinde ýokarlanmagynda ähmiýeti uludyr. Ýaşlaryň ene dilini, iňlis we rus dillerini kämil bilmegini gazanmak barada bilim ulgamynyň öňünde goýlan wezipeler üstünlikli ýerine ýetirilýär. Şol wezipeler esasynda ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini yhlas bilen öwrenýärler. Daşary ýurt dillerini öwrenmek ýaşlarymyzyň gözýetimini giňeldýär, sowatlylygyny ösdürýär. Ýaşlar bu dilleri öwrenmek arkaly daşary ýurtlaryň medeniýeti, ýaşaýşy bilen giňden tanyşýar.

Sanly bilim ulgamy - döwrebap ösüşlere badalga

Ylmyň we tehnologiýalaryň üznüksiz kämilleşmegi ähli ugurlardaky ösüşleriň esasy hereketlendirijisine öwrülip, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirýär, dürli gurşawlarda täze mümkinçilikleri döredýär. Sanly ulgama geçişiň işjeňleşýän döwründe islendik ýurduň ykdysady kuwwaty, hyzmatlar, söwda, işewürlik we beýleki ulgamlarynyň ösüşi maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen baglanyşykly täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegine esaslanýar. Innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolsa sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň we netijeli peýdalanylmagynyň güwäsidir. Şeýle hünärmenleri taýýarlamak bilim edaralarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Watanymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzyň bähbitlerine gönükdirilip, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Häzirki döwürde ylmyň we bilimiň ýurduň ykdysady hem-de durmuş zerurlyklaryna gönükdirilmegi ösüşiň berk binýadyny üpjün edýär. Şu hakykatdan ugur als

Sowatly nesil

Täze taryhy eýýamda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli işleriniň netijesinde ýaş nesliň ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilim almagy, hünär öwrenmegi we ylmy döredijilige ugrukmagy, Watana, halka, parasatly pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Dünýäde ylym-bilim ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Öňdengörüjilikli döwlet syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyna, milli ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza laýyk edep-terbiýeli, watansöýüji, sagdyn ynsanlar bolup ýetişmegine möhüm wezipe hökmünde garaýar. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda okatmagyň has kämil usullary, innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2024-2025-nji okuw ýylynda instituta okuwa girmäge isleg bildirýän Aşgabat şäherindäki 37-nji, 68-nji, 72-nji, 76-njy ýöriteleşdirilen mekdepleriň, 21-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň, şeýle-de Arkadag şäherindäki mekdepleriň gutardyş synp okuwçylaryny 9-njy aprelde sagat 15:00-da, 22-23-nji aprelde sagat 15:00-da bolsa ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryny, esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Bu günlerde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralandyrylmagyna, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň ilerledilmegine, bilim-ylym ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly özgertmeleriň durmuşa geçirilişine degişli işler, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, bilim ojagynda talyplaryň durmuşy baradaky wideofilm, şeýle hem «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Ýaş diplomatlar merkezi, Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi bilen tanşyp bilerler.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde sagat 09:00-da geçiriljek «Açyk gapylar» gününe çagyrýar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, sungat ulgamynyň hünärmenlerini döredijilikli işlemäge ruhlandyrmak ugrunda tutumly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýörite we çagalar sazçylyk, sungat mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar «Açyk gapylar» gününde okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, ýokary okuw mekdebinde taýýarlanylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni köpçülikleýin işler barada giňişleýin maglumatlar, şeýle hem «Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň muzeýi» bilen tanşyp bilerler.

Talyplar tejribelikde taplanýarlar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde, Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyplary okuw ýylynyň dowamynda alan nazary bilimlerini önümçilik tejribeliklerinde berkitmek üçin Türkmenistanyň bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan çyzgydy we okuw, iş maksatnamasy esasynda, ýurdumyzyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşýän ylmy-önümçilik synag hojalyklarynda, öňdebaryjy oba hojalyk kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde diplomyň öňündäki önümçilik-hünär öwreniş tejribelik okuwlaryny geçýärler. Tejribelik döwründe has-da tapawutlanyp işleýän Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň Gidromeliorasiýa hünärinde bilim alýan Hydyr Haýdarow, Güljahan Şyhyýewa, Bäşim Bäşow, Nazoket Ýusupowa ýaly talyplar meýilnama esasynda gündelik edilmeli işlerini doly berjaý edip, ýoldaşlaryna görelde bolmagy başarýarlar. Tejribelik okuwlaryna halypa mugallym Alimuhammet Şukurow ýolbaşçylyk edýär. Institutymyzyň talyp ýaşlary oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegi ylmy esasda alyp barmak bilen ekiljek meýdanlarynyň toprak, howa şertlerine görä tohumy saýlap almak, hasyllylygyny gowulandyrmak, ekişi wagtynda, ýokary hilli geçirmek, ekilen ekinlere, baglara agrotehnikanyň talaplary esasynda ideg etmek, ylmyň öňdebaryjy usullary arkaly (damjalaýyn, ýagyş ýagdyryp) tygşytly suw bermek, ýerleriň şorlamagyna garşy göreş

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde bilim almaga çagyrýar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkiýäniň Awiasiýa assosiasiýasynyň uniwersitetinde “uçarman” hünäri boýunça bilim almaga çagyrýar. Okuw awiakompaniýanyň serişdeleriniň hasabyna geçirilýär. Onuň möhleti 4 ýyl.

Dil – dostluk köprüsi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ykdysady we medeni durmuş ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Dil halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi hasaplanýar. Şeýle hem daşary ýurt dillerini bilýän hünärmen dünýäniň ylmy edebiýatlaryndan habarly bolýar. Munuň özi ylym-bilimde hem möhüm ähmiýete eýedir. Diliň özi pikirleniş bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem dil bilýän ýaşlaryň pikirlenişi hem ösýär, ylym-bilime bolan garaýşy kämilleşýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işlerini ýokarlandyrmak we bilime, ylma höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly özgertmeler üstünlikli alnyp barylýar. Bu özgertmeler dünýä halklary bilen dost-doganlygy üpjün edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Şunda dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek, suwara bilmek zerurdyr. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly