"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mugallymyň yhlasy

Mekdep — bu okuwçylaryň terbiýelenilip ýetişdirilýän ýeri bolsa, mugallym gijesini gündiz edip yhlasyny gaýgyrman, ýaş neslimize bilim berýän ynsan. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde öz işiniň ussatlary, il arasynda belent sarpadan peýdalanýan mugallymlar örän köp. Şeýle mugallymlaryň biri hem Sakarçäge etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň informatika, matematika dersi mugallymy Aman Täçkulyýewdir. Kärini söýýän bu mugallym barada näçe aýtsaň aýdyp oturmaly. Aman mugallym bilim berýän okuwçylarynyň, ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyny gazanmaga çalyşýar. Tejribeli mugallymyň bu yhlasy ýerine hem düşýär. Ondan bilim alan okuwçylaryň zehinsizi ýok. Olar hökman etrap, welaýat, ýurt derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde ýer alyp, dolanyp gelýärler. — 2024-nji ýylyň “Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda şu ýylyň aprel aýynyň 1-8-i aralygynda ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça geçirilen ders bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan okuwçymyz Kadyr Amangylyjow 1- nji derejeli diplom bilen sylaglanyldy.

Üstünlik — serwiniň ömür hemrasy

Her bir ynsan okamak bilen beýik derejelere, üstünliklere ýetýär. Okamaýan adam edil ganatsyz guş ýaly bolýar. Şol maksat bilen her bir ynsan kitaby özüniň iň ýakyn dosty hasaplaýar. Kitap bilen dostlaşyp, diňe üstünlige tarap ymtylýan ýaşlaryň biri-de Murgap etrabyndaky 36-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Serwi Annageldiýewadyr. Serwi maşgalanyň mugallymçylyk hünäri boýunça hatar guran kerweniniň yzyny dowam etdirijileriň biri bolmagy arzuw edýär. Ol mugallymlar maşgalasynda kemala gelip, özüniň hem mugallym bolmak arzuwynyň bardygyny uly buýsanç bilen belleýär. Anygy bilen aýdanymyzda, Serwiniň atasy Muhammetberdi Annageldiýew, enesi Rejepgül Annageldiýewa, kakasy Gaýgysyz Annageldiýew, ejesi Enegözel Annageldiýewa, babasy Ata Akbäbäýew — agzanlarymyzyň ählisi bilim işgäri, mugallym bolup zähmet çeken we çekýän ynsanlar. Ata-enesiniň, maşgalasynyň göreldesine eýerip, Serwi mugallym bolmak arzuwynyň hasyl bolmagy üçin yhlasly okaýar, dürli bäsleşiklere gatnaşyp, diňe baýrakly orunlara eýe bolýar.

Bilim — kämillik basgançagy

Eziz Watanymyzyň bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşini şertlendirýän, ähli ulgamlarda üstünlikleri gazanmaga badalga berýän, öňe iterýän güýç-kuwwaty özünde jemleýän ulgam bolup, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi üçin berk binýat döredýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şu günler ýurdumyzda 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere uly taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uçurymlara süýji arzuwlar bilen, uly durmuş ýoluna ak pata berler. 25-nji maýda säher bilen paýtagtymyzdaky Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň heýkellerine gül goýmak dabaralary geçiriler. Ak bugdaý etrabynyň orta mekdeplerinde hem bilim-terbiýeçilik maksatly dürli çäreleriň yzygiderli geçirilip durulmagyna uly üns berilýär. Orta mekdeplerde bilim alýan okuwçylar ýurdumyz boýunça hem-de halkara derejesinde geçirilýän dürli olimpiadalarda, ylmy-döredijilik, taslama we ders bäsleşiklerinde gowy netijeleri gazandylar. Mekdepleriň iş meýilnamalaryna laýyklykda, etrap derejesinde göreldeli sapaklar, usuly maslahatlar geçirilip, okuwçylaryň arasynd

Çagalar — röwşen geljegimiz

Hormatly Prezidentimiziň 3-nji maýda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň barşynda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygy bilen baglylykda çagalaryň dynç alyş ýerlerini möwsüme talabalaýyk taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, şu günler Ahal welaýatynda degişli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda welaýat häkimliginiň garamagynda Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesinde «Ýaşyl ýaýla», Gökdere jülgesinde «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri, Awazada «Ahal» sagaldyş merkezi hereket edýär. Agzalan merkezlerde öňdäki tomus möwsüminde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden çagalaryň ýüzlerçesiniň dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzyň dynç alyş merkezleriniň ählisinde bolşy ýaly, agzalan merkezlerde hem çagalaryň doly derejede dynç almaklary, beden taýdan taplanmagy, aň-paýhas hem döredijilik taýdan ösmegi, täze dostlary tutunyp, dogduk ülkäniň medeniýeti, däp-dessurlary, taryhy we tebigaty barada düşünjesini artdyrmagy üçin ähli şertler göz öňüne tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, möwsüme taýýarlygyň çäginde bilim, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, içeri işler edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri tarapyndan çagalaryň dynç alşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan meýilnama bilelikde işlenip düzülýär. Çagalaryň sagaldyş merkezlerinde wagtyny

Belent maksatlar rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde durmuşa geçirilýän beýik işleriň çäklerinde ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek we sanly bilim ulgamyny ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim bermegiň iň kämil usullaryndan giňden peýdalanylýar, döwrebap usullar üstünlikli alnyp barylýar. Ýaş nesle döwrebap bilim bermekde bilim ojaklarynda ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti has-da uludyr. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge döwlet tarapyndan aýratyn goldaw berilýär hem-de ol Baş Kanunymyzyň ýörite maddalary bilen kepillendirilendir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletimizde ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine giňden ýardam berilýändigi bellenilýär. Şonuň üçin hem eziz Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli hem-de ýokary hünärli hünärmenler bolup ýetişmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi, olarda oturdylan döwrebap enjamlar, düýbi tutulýan täze binalardyr desgalar ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokary bolmagyny üpjün edýär.

Bilim işgärleriniň tejribeleri artdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň barha belent sepgitlere ýetmegi üçin, ilkinji nobatda, döwletimizde bilimli, ylymly, döredijilikli, terbiýeli sagdyn nesilleri ösdürip ýetişdirmegiň wajypdygyny nygtaýar. Bilim dünýäsine aralaşmak, onuň belentliklerine çykmak ýoly orta mekdepden başlap, ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdirilýär. Ynha, golaýda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň işgärlerinden düzülen topar Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde 5 – 11-nji maý aralygynda geçirilen «Ýüz ýüze 100 çaga oýunlary» atly okuw maslahatyna gatnaşdy. Türkiýe, Türkmenistan, Azerbaýjan döwletleriniň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen okuw maslahaty täsirli, ýatda galyjy we tejribe almaga örän ähmiýetli çäreleriň biri boldy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasyna Türkiýäniň Milli Bilim ministriniň orunbasary Jelile Eren Ökten gatnaşdy. Gündelik okuw maslahatyndan soňra, Türkiýäniň Ankara şäheriniň gözel ýerlerine syýahatlar guraldy. Ankara şäheriniň döwlet kitaphanasyna, kitaphananyň dünýä boýunça ýeke-täk kitaplar bölümine, ýagny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň saklanylýan bölümine we bir wagtyň dowamynda 5 million okyjy kabul edip bilýän okyjy zalyna baryldy. Şeýle hem Türkiýe döwletini esaslandyran Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärlikler toplumyna zyýarat edildi.

Gutardyş synp okuwçylaryny düzme ýazmaga taýýarlamak

Ýurdumyzda ýaş nesliň çuňňur bilim almagy, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, arassa ahlakly, ilhalar adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Umumybilim berýän orta mekdeplerde ähli amatlyklary özünde jemleýän synp otaglarynda dünýäniň iň kämil kompýuter tehnologiýalary, multimedia serişdeleri ornaşdyrylýar. Şeýle giň mümkinçiliklerden peýdalanýan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary 2023—2024-nji okuw ýylyny üstünlikli jemlemegiň öň ýanynda durlar. Häzirki wagtda orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary üçin jogapkärçilikli hem-de tolgundyryjy günler dowam edýär. Olar gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyrmaga uly taýýarlyk görýärler. Adatça bolşy ýaly, bu ýyl hem orta mekdebi tamamlaýan 11-nji synpyň okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça düzme ýazmak arkaly jemleýji döwlet synagyna gatnaşarlar. Döwlet synaglaryny tabşyrýan okuwçylar düzme ýazmaga degişli hödürlenen onlarça temalaryň içinden erkin we edebi temalardan birini saýlap, öz alan döwrebap bilimlerini, tema boýunça pikir-garaýyşlaryny beýan ederler.

Ýaşlar röwşen geljegimizdir

Ýurdumyzy beýik ösüşlere beslemek baradaky asylly maksatlaryň netijesinde gazanylýan üstünlikler halkymyza, aýratyn hem, ýaş neslimize okamaga, döretmäge we gurmaga mümkinçilikleri döredýär. Bu ýagdaýlar häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň täze gazananlaryny çalt özleşdirmäge we durmuşa ornaşdyrmaga bolan egsilmez ruhlandyryjy güýji emele getirdi. Çagalaryň sagdyn, berk bedenli bolup ösmegi, ýaşlarymyzyň bilimli, ýokary hünärli adamlar bolmagy üçin durmuşa geçirilýän çäreler özüniň oňat netijesini hem berýär. Kuwwatly hem berkarar döwletimiziň keremli saýasynda kemala gelen nesil kämillige gol berýär, ýeňişli belentliklere ynamly gadam urýar. Biziň ýaşlarymyz abraýly halkara sport ýaryşlaryna, dünýä çempionatlaryna, olimpiýa we paraolimpiýa oýunlaryna, ders we ylmy taslama bäsleşiklerine gatnaşyp, arzyly ýeňişlere eýe bolýarlar, ata Watanymyza medally gaýdyp gelýärler. Olaryň gazanan her bir ýeňşini dabaralandyryp, mukaddes ýaşyl Tugumyz al-asmana göterilende, milli Senamyz belentden ýaňlananda, türkmen halkynyň şan-şöhraty artýar. Şeýle üstünliklere ýaş nesillerimiziň eýe bolmagynda mugallymlaryň hem uly paýy bardyr. Ýaş nesilleri terbiýe bilen dogry ýola gönükdirmek, degerli maslahatlar bilen goldaw bermek ýaly meselelerde mugallymyň işjeňlik görkezmegi zerurdyr.

Dil bilen dünýäni gezer

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Bilim ulgamyny ösdürmek ýaş nesliň kämil bolmagynyň, ýurdumyza wepaly hünärmenler bolup ýetişmekleriniň baş şertidir. Şonuň üçin hem ýaş nesle iň oňat mümkinçilikler, häzirki zamanyň ähli şertleri döredilýär. Bu bolsa olaryň mynasyp nesil bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Ýaş nesliň kämil bolup ýetişmeginde dil öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Öz ene diliňden başlap, daşary ýurt dillerini bilmek dürli edebiýatlardan peýdalanmaga, dünýägaraýşyňy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin dil bilmek, öňi bilen hem türkmen dilini oňat bilmek ýaş nesil üçin esasy zerurlykdyr. Dilçi alymlaryň bellemeklerine görä, dil pikirlenişiň baş şertidir. Dili kämillik derejesine ýetirip bilen adam kämil pikirlenip hem bilýändir. Şu aýdylanlary göz öňünde tutup, ýaş nesle, ilkinji nobatda, ene dilimiziň baýlyklaryny, dürs ýazuwyny öwretmek hökmandyr. Şeýle hem dünýä dillerini öwretmek ýaşlaryň dünýägaraýşynyň ösmegine oňat täsir edýär.

Uly durmuşa ak ýol

Bagtyýar halkymyz baýramlara baý ata Watanymyzda ýene-de sanlyja günden goşa toýy — parahatçylygyň ýüregi, Aziýanyň merjeni, ak arzuwlaryň wysal tapýan mekany bolan gözel paýtagtymyz Aşgabadyň gününi hem-de «Soňky jaň» dabarasyny uludan toýlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylandygyna 143 ýyl dolýar. Taryh heňňam çarhyny aýlap, ýyllaryň hasabyny artdyrdygy saýy Aşgabat hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň we döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary, geljegiň eýeleri bolan ýaşlara bildirýän ynamy netijesinde, gün-günden döwrebap, gözel keşbe eýe bolup, juwanlygyň gaýtalanmajak nusgasyna öwrülýär. Hut şonuň üçin-de, halkymyz paýtagtymyzyň juwanlyk gününiň simwoliki manysyny «Soňky jaň» dabarasy bilen baglaýar. Sebäbi bu sazlaşyk ynsana durmuşyň unudylmajak pursatlaryny bagyş edýär.

«Açyk gapylar» güni

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi 2024-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary orta hünär okuw mekdebi bilen tanyşdyrmak üçin «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň durmuşa geçirilişi, orta hünär bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, medeniýetli dynç almak, dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar.

HALKARA GATNAŞYKLARY: PARAHATÇYLYK DIALOGYNYŇ MEDENIÝETI

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşige gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa, Hazarýaka döwletleriniň, Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden talyplaryň jemi 230-dan gowragy hasaba alyndy. Has takygy, bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysyndan 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 20 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşarlar. Hususan-da, Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary institutynyň, Azerbaýjanyň ADA uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy we halkara ylmy barlaglary institutynyň, Gazagystanyň Ş.Esenow adyndaky tehnologiýalaryň we inžiniringiň Kaspiý uniwersitetiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatiýa akademiýasynyň, Täjik milli uniwersitetiniň, Rus-täjik (slawýan) uniwersitetiniň, Eýran Yslam Respublikasynyň Ferdöwsi uniwersitetiniň, Türkiýe Respublikasynyň Stambul Jerrahpaşa uniwersitetiniň, Hytaýyň halkara gatnaşyklary uniwersitetiniň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Dü

«Açyk gapylar» güni

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda sagat 15:00-da 2024-2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby bölümiň esgerlerini, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar «Açyk gapylar» gününde bagtyýar ýaşlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň akademiýamyzda durmuşa geçirilişi, atçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan tejribe we barlaghana otaglary, kitaphana we muzeý binasy, açyk we ýapyk manežleri, athana, sport toplumynyň işi, talyplaryň okuw we ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy baradaky giňişleýin maglumatlary www.ihba.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

Tebigata söýgi — Watana söýgi

Ýaşlarda tebigata söýgi döretmek hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amal etmek maksady bilen çagalar baglarynda terbiýelenilýän körpeleriň arasynda hem dürli mazmunly çäreleri ýygy-ýygydan geçirýäris. Çünki körpelere daşky gurşawy goramagy ündemek, öwretmek pederlerimiziň akyl akabasyndan gözbaş alyp, milli tejribämize ornaşandyr. «Daş-töwerek we tebigat bilen gatnaşyk» diýen at bilen guran sapagymyz hem körpelere täsirli duýgulary bagyşlady. Sapagyň dowamynda çagalaryň arasynda daşky gurşawy goramagyň esasy ugurlary boýunça hereketli oýunlar guralyp, sowal-jogap alşyldy. Şeýle-de tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga bagyşlanan bäsleşikler işjeň häsiýete eýe boldy.

Lebaply mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumaýewa «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň final oýnunda baş baýraga hem-de göçme kuboga mynasyp boldy. Bilşimiz ýaly, bu bäsleşik Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň karary bilen açylan Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guramagynda geçirilýär. Bu bäsleşik geljekde ykbalyny diplomatiýa hünärine baglamak isleýän mekdep okuwçylaryna öz zehinlerini görkezmek üçin giň meýdançadyr. Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen geçirilip, onda Kerki etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Gülaýym Bakyýewa bolsa ikinji orny eýeledi.

Täze bina üçin täze enjamlar

Biziň baýry ýokary okuw mekdebimiziň wekilleri ýakynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda bolup, dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze tehniki okuw esbaplary we barlamhana enjamlary bilen tanyşdylar. Has takygy, institutymyzyň wekilleri Germaniýanyň dünýä belli «Phywe», G.U.N.T, «Gerätebau GmbH», we «LD Didaktik» kompaniýalaryna baryp gördüler. Bu ýerde olara kompaniýalaryň taryhy we önümçilikdäki täzelikler barada gürrüň berdiler. Nemes kompaniýalary geljekde bolsa Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleri üçin onlaýn maslahatlary we çykyşlary guramaga taýýar. Türkmen tarapy, öz gezeginde, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda, olaryň aýdyň miweleri barada gürrüň berdiler. Bilim we tehnologiýa taýdan ösen döwlet bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ikitaraplaýyn ösüşiň has pajarlamagyny üpjün eder.

Kärine yhlasly mugallym

Sonagül ýaşlykdan mugallym bolmagy arzuw etdi. Şol arzuwy ony Köýtendag etrabynyň Akgumolam obasyndaky 6-njy orta mekdebi tamamlandan soň, Kerki şäheriniň Rehmet Seýidow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň gapysyndan alyp geldi. Ol bu ýerde yhlas, höwes bilen okady. Okuwyny üstünlikli tamamlap, Köýtendag şäherindäki 4-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymy bolup işe başlady. Sonagül turuwbaşdan söýgüli kärine yhlasly ýapyşdy. Halypa mugallymlaryň sapaklaryna gatnaşdy, olardan sapagy netijeli we täsirli guramagyň usullaryny öwrendi. Yhlas bar ýerinde bolsa mydama üstünligem bar. Gysga wagtyň içinde işiň abyny-tabyny ele alyp, çagalara zamanabap bilim-terbiýe berýän mugallymlaryň hataryna goşuldy. Häzirki wagtda etrapda öz işine ussat mugallym hökmünde tanalýan Sonagül Hezretowa etrabyň başlangyç synp mugallymlarynyň usuly birleşmesine hem ýolbaşçylyk edýär. Ol ýaş mugallymlara, kärdeşlerine okatmagyň täze usullaryny saýlap almakda görelde bolup, ýokary netijeli işlemegiň ýollaryny salgy berýär. Her mugallymyň sapagy talabalaýyk guramagyna, okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşygyny gazanmagyna ünsi çekip, degerli maslahatlaryny berýär. Mugallymlaryň her ýylyň ýanwar we awgust aýlarynda geçirilýän usuly maslahatlarynda özüniň iş tejribesi barada nutuklar bilen çykyş edip durýar. Onuň taýýarlan okuw-görkezme esbaplary barmak büküp sanardan kän. Olar kärine yhlasly mugal

Eşretli geljegimiziň gözbaşy

Nesil terbiýesi gadymy halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän iňňän wajyp wezipesidir. Sebäbi, şu günki nesliň bagtyýar geljegi ýaş nesle berilýän bilimde we edep-terbiýede jemlenýär. Halkymyzyň nesil terbiýesi baradaky ýörelgesi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda aýratyn many-mazmun bilen rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işi kämilleşdirilip, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar. Şu aladalar bilim işgärlerine bildirilýän ýokary talaby öňe çykarýar. Has tutanýerli zähmete borçly edýär. Şeýle jogapkärli işiň ýokary netijesiniň okuw-terbiýeçilik işleriniň guramaçylykly ýola goýulmagyna baglydygyndan ugur alýarys. Aslynda, mugallymyň işi juda jogapkärli wezipe. Sebäbi, döwletimiz biz, mugallymlara ertirimiziň abadanlygyny üpjün etmegi ynanýar. Has takygy, geljegimiziň bagtyýarlygy ýaş nesle şu günki berýän bilim-terbiýämiziň hiliniň derejesine baglydyr. Şonuň üçinem her bir bilim işgäri bu hakykata dogry düşünip, hünär borjunyň jogapkärçiligini duýmagy derwaýysdyr.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Her bir ynsan saýlap alan hünäriniň ussady bolmak üçin jan aýaman zähmet çekýär. Ýaş nesillerimiziň bilimli, ukyp-başarnykly, zehinli bolmagy ugrunda irginsiz aladalanýan halypa mugallymlaryň biri-de Mary etrabyndaky 1-nji orta mekdebiň ýokary derejeli başlangyç we rus dili mugallymy Akgözel Esenowadyr. Akgözel mugallym özüniň ugurtapyjylygy, maksada okgunlylygy bilen bilim berýän okuwçylarynyň zehinini, bilimini artdyrmak üçin bar yhlasyny gaýgyrmaýar. Mugallymyň üstünligini onuň özüniň we okuwçylarynyň gazanýan ýeňşinden görmek bolýar. Has takygy, mugallym rus dili dersi boýunça mugallymlaryň arasyndaky onlaýn bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy we medal bilen sylaglanyldy. Akgözel mugallymyň ýolbaşçylyk edýän synpynyň okuwçylary bolsa, rus dili we matematika dersleri boýunça internet olimpiadalaryna gatnaşyp, birinji derejeli diploma eýe boldular. Şeýle begendiriji üstünlikler okuwçylara mundan beýläk-de okamaga, mugallyma bolsa, jogapkärli işinde yhlasly zähmet çekmäge uly itergi berýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Bilim ulgamynyň ösüşli menzilleri Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini we tebigy, takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, berkarar döwletimizde bilim ulgamynyň ösüşli menzillere ýetmegine giň ýollar açylýar. Sapaklaryň döwrebap tehnologiýalar esasynda guralmagy bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda bilim edaralary bilen sanly ulgam arkaly guralýan okuw sapaklary onuň mümkinçilikleriniň giň gerime eýe bolýandygyny alamatlandyrýar.