"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ykdysadyýetiň gadamlary

Ösüşüň döwrebap ýoly Üçünji müňýyllyk tehnikanyň we tehnologiýanyň asyry hasaplanýar. Şonuň üçin-de ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak döwrüň möhüm talaby hökmünde öňe çykýar. Häzirki wagtda şu talapdan ugur alnyp, ýurdumyzda ähli pudaklary sanly ulgama geçirmekde depginli işler durmuşa geçirilýär.

Mis peýdalymy ýa-da ýok?!

Mis biziň her birimiziň bedenimizde ýerini çalşyp bolmajak mikroelement hökmünde saklanýar. Munuň özi kadaly ýaşaýyş üçin zerurdyr. Şeýle zerur elementleriň sany bolsa ençemedir. Olaryň arasynda demir, marganes, sink, molibden, kobalt, ýod we mis hem bar. Misiň ýerine ýetirýän işi witaminleriň ähmiýetine deň hasaplanylýar. Bedende mis ýetmedik ýa-da agdyk bolan halatynda ösümlik-de, haýwan-da, adam- -da kesele ýolugýar.

Özüňi alyp barmagyň medeniýeti

Orta mekdepleriň 11-nji synpynyň maksatnamasyna girizilen özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersi hem okuwçylaryň terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, ynsanperwer şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmakdan, şeýle-de olaryň ata-enesine, mugallymlara, ýaşuly nesle hormat goýmaklaryny öwretmekden ybaratdyr. Sapaklar dürli usullarda guralmalydyr. Bu ders boýunça okuwçylar bilen dürli görnüşli oýunlary guraýaryn. Şolardan täsirli geçen temalarymyň we oýunlarymyň üstünde durup geçmekçi. “Kime medeniýetli adam diýip bolar?” diýen sorag-jogap guradym. Onda okuwçylara 10 minutyň dowamynda öz pikirini ýazmaça beýan etmegi, pikirlerini durmuşy mysallar bilen delillendirmegi tabşyrdym. Okuwçylar sapaga işjeň gatnaşyp, ýumuşlary özbaşdak ýerine ýetirdiler.

Tebigy bilimleri öwrenmekde fizikanyň orny

Fizika ylmy tebigatyň esasy we düýpli kanunalaýyklyklaryny öwrenýär, onuň kanunlary beýleki tebigy ylymlaryň esasyny düzýär. Orta mekdepde fizikany okatmagyň esasy maksatlary çagalarda öwredilýän hadysalaryň esasynda gyzyklanmany we başarnyklary ösdürmekden ybaratdyr. Olarda öwrenijilik we döredijilik işjeňligini emele getirmek, öwrenilýän esasy ylmy düşünjeleriň manysyna göz ýetirmek we olaryň arasyndaky özara baglanyşygyny özleşdirmek, dünýäniň fiziki gurluşy baradaky düşünjeleri emele getirmek zerur şertleriň biridir. Bu maksatlara ýetmek üçin okuwçylary tebigy hadysalara göz ýetirmegiň we barlaglary geçirmegiň ylmy usullary bilen tanyşdyrmaly, olara mehaniki, ýylylyk, elektromagnit, kwant hadysalary we olary häsiýetlendirýän fiziki ululyklar bilen tanyşdyrmaly. Bular bolsa öz gezeginde olara daş-töwerekde bolup geçýän hadysalary synlamak we tejribeleri geçirmek endikleriniň emele getirmekligine, ölçeg gurallaryny ulanmak arkaly laboratoriýa barlaglaryny geçirmek başarnyklaryny ele almaklaryna ýardam berer. Fizikany öwrenmegiň zerurlygyny aşakdaky sebäpler bilen esaslandyryp bolar:

Bilim we terbiýe — kämilligiň binýady

Ýaşaýyş-durmuş diýen jümläniň özeninde Watan diýen uly düşünje bar. Ynsan balasy üçin ata Watanyndan, mähriban halkyndan, mukaddes topragyndan eziz zat ýok. Bu babatda biziň pederlerimiz watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetli gatnaşyklar kimin ajaýyp däp-dessurlary miras goýupdyrlar. Muňa biz halkymyzyň taryhyna göz aýlanymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Diýarymyzda durmuşa geçirilýän her bir özgertme ýa-da tutumly işler halkyň erk-isleginden, jemgyýetiň azat-erkin, sagdyn ösüşi bilen bagly derwaýys talaplardan ugur alýar. Ýaşlara berilýän terbiýäniň hem özeni halkymyzyň şol häsiýetlerinden gözbaş alýar. Milliligimize, däp-dessurymyza sarpa goýýan, şonuň ýaly-da, ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz: «Ylymly-bilimli, watansöýüji kämil ýaşlary kemala getirmek biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň özenidir» diýip bellemek bilen, ýaş nesil baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtaýar. Milli Liderimiz ussat, başarjaň, ýokary taýýarlykly, kämil hünärmenleriň zerurdygyny hemişe nygtaýar. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda okamaga, döwrebap bilim almaga döredilýän giň mümkinçilikler biziň her birimiziň kalbymyzda Gahryman Arkadagymyza bolan egsilmez buýs

Kitaby nädip çalt okamaly?

Gysga ýazgylary okaýandygyňyz siziň örän haýal okaýandygyňyzdan habar berýär. Çalt okamaga bolan islegimiz, ilkinji nobatda, diňe öz-özümizi yzygiderli türgenleşdirmegimiz bilen hasyl bolýar. Onuň ilkinji düzgüni bolsa, gözlerimizi dogry ulanyp bilmegimizdir. Gözlerimiz edil surata düşürýän enjam ýaly, diňe belli bir aralygy dury görüp, galan bölekleri dumanly görýär. Şol dury görünýän ýer bolsa okamagymyza kömek edýär. Okamak üçin nazarymyzyň dury görünýän ýeri 4 santimetr bolup, ony yzygiderli okamak bilen giňeldip bileris. Görüş nokadymyzyň giňemegi çalt okamagymyza ýardam etjek ilkinji sebäpleriň biridir. Okaýan mahalymyz gözlerimiz çepden saga belli bir yzygiderlilikde şol bir çyzykda hereket edýär. Bu hereket beýnimiziň sözleri sözlemlere öwrüp, ondan many çykarmagymyza kömek edýär. Çalt okamak üçin peýdaly maslahatlar:

Ýaşlar kämillik ýolunda

Dünýäniň dürli halklarynyň dillerini bilmek, şol halklaryň medeniýetiniň bir bölegini bilmekdir. Ata-babalarymyz «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana» diýip, öz ene diliňden daşary, özge ýurduň dilini bilmegiň dünýägaraýşyňy giňeldýändigini, bilimlilik derejäňi ýokarlandyrmaga oňyn täsiriniň ýetirýändigini belläpdirler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda dürli dilleri özleşdirmek, şol dillerde suwara gürlemek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki wagtda iňlis, rus, ýapon we beýleki dürli dillerde edil şol halklaryň raýaty ýaly säginmän, arassa gürleýän ýaşlarymyz örän kän. Dünýä halklary bilen dost-doganlygy gazanmak, özara ynanyşmak, birek-biregi goldamak ýaly gatnaşyklaryň esasy çelgisi hem dildir. Dil halklary ysnyşdyrýan, ýürekden ýürege barýan köpri mysalydyr. Muňa ýönekeý söz bilen aýdanyňda,halklary jebisleşdirmek diýmekdir. Beýleki bir tarapdan, bilelikde üstünlige ýetmegiň açarydyr.

Bilim — bagtyň çyragy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň bu ulgamy täze belentliklere çykarmak ugrunda edýän tagallalary netijesinde çagalar baglaryndan başlap, umumybilim berýän orta mekdeplere, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplere çenli ähli bilim ojaklarynda ýaşlara berilýän bilim-terbiýäniň derejesi we hili düýpgöter özgerdi. Bu gün bilim ojaklaryndaky häzirki zaman kompýuterler, multimediýa-interaktiw enjamlar, döwrebap okuw görkezme esbaplary bagtyýar nesliň hyzmatynda bolup, olaryň ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine, döwrebap bilim-terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine we sagdyn ruhly bolup ýetişmegine hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň çagalar baglarynda, umumybilim berýän orta mekdeplerinde ösüp gelýän ýaş nesillere berilýän bilim-terbiýäniň häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelmegine, häzirki zamanyň ösen tejribäniň milli bilim ulgamyna işjeň ornaşdyrylmagyna berýän aýratyn ünsi biz — bilim işgärlerini diýseň begendirýär. Täze gurulýan orta mekdepleriň ýanyndaky çagalar baglaryny mekdepler bilen birleşdirip, olary döwrebap okuw-terbiýeçilik toplumlaryna öwürmek ugrundaky tagallalar begenjimizi has-da goşalandyrýar. Munuň özi mekdebe çenli çagalar edaralarynda berilýän bilim-terbiýäniň mekdep bilimi bilen arabaglanyşygyny has-da berkitmäge ýardam etmek bi

Çagalar baglarynda sanly ulgam

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda ylmy taýdan esaslandyrylan, halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar we maglumat-aragatnaşyk enjamlary ornaşdyrylýar. Döwrebap enjamlaryň ornaşdyrylmagy önümçiligiň täze usullaryny emele getirýär. Şeýlelikde, adamlaryň bilimine we iş endiklerine bildirilýän täze talaplar hem ýüze çykýar. Şol sebäpli hem häzirki zaman tehnologiýalardan başy çykýan, ukyply, kämil bilimli hünärmenleri taýýarlamak zerurdyr. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň belent sepgitleri gazanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň bilim edaralarynda innowasion usulda berilýän bilim-terbiýe çagalaryň, ýaşlaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmeklerine täsir edýär.

Zehin, yhlas, tutanýerlilik üstünlige eltýän ýeke-täk ýoldur

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim, ylym syýasatynda ýaşlaryň ornuna aýratyn üns berlip, olary ylmy gözleglere ruhlandyrmak, halkara olimpiadalara taýýarlamak, bu babatda ýaşlary goldamak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Şoňa görä, ýaşlarymyz bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gazanan üstünligi hem muňa güwä geçýär. Ysraýyl döwletiniň Ariel uniwersiteti tarapyndan guralan 14-nji Açyk halkara internet olimpiadasynyň super final tapgyryna dünýäniň 10 döwletiniň — Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Ysraýylyň, Polşanyň, Rumyniýanyň, Wýetnamyň, Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 35-sinden 400 gowrak talybyň gatnaşmagy halkara bäsleşigiň näderejede çekeleşikli bolandygyny aýdyň görkezýär.

Ýaşlara ynam — geljege ynam

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesillerimiz hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugur, ilkinji nobatda, ýaşlarymyzyň jemgyýetiň we döwletiň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna gatnaşmagy, hukuklarynyň, azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilýär. 8-nji ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekmegi bu babatda möhüm ädimdir. Ýeri gelende bellesek, 2013-nji ýylyň awgustynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatda özgertmelere giň ýol açdy. Şoňa görä, bu kanunçylyk namasynda, şeýle hem «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda möhüm wezipeleriň toplumy göz öňünde tutulýar. Bu wezipeler ýaşlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmak, ýaşlaryň halkara ylmy hy

Döwletimiziň mizemez güýji

Türkmenistan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylýan, bagtyýar zamanada döwrebap ylym-bilim alýan ýurdy hökmünde tanalýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Watanymyzda ýaş nesilleriň ýokary hilli ylym-bilim almagy, beden we ruhy taýdan sagdyn hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa milli Liderimiziň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy-da aýdyň şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly edip ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu babatda ýaşlaryň ýokary şertlerde bilim almagy we ylym öwrenmegi üçin edilýän aladalar Diýarymyzda amala aşyrylýan işlerde özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ýurdumyzdaky bilim ojaklarynyň ählisiniň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi berilýän bilimiň hilini has-da ýokarlandyrýar. Munuň özi türkmen ýaşlarynyň kompýuter tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler hökmünde taýýarlanylmagyna we has-da kämilleşmegine uly itergi berýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyna Watana, Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna wepaly, sagdyn pikirli, arassa ahlak sypatly, beden taýdan sagdyn, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine bildirilýän aýratyn talaplara laýyk gelýän we Harby institutda okamaga isleg bildiren, umumy orta bilimli, aşakda görkezilen ýaş derejelerine gabat gelýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär: 1) orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildiren, ýaşy 24-den geçmedik erkek raýatlar;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine 2021-2022-nji okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň TERTIBI

1. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde okamaga isleg bildiren, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär. 2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.

Alkyşlanýar adyň seniň

Bagban — ilkinji gezek näzijek nahallary ýere sünjende, ol kök urýar, şineleýär. Aýlaryň, ýyllaryň geçmegi bilen hälki näzijek nahaljyklar ullakan daragt bolup ýetişýär, miwe getirýär. Muňa bagban diýseň begenýär, guwanýar. Ol neneň begenmesin, neneň guwanmasyn. Bagban bu nahaljyklary kemala getirjek bolup, gör, nähili azaplar, kynçylyklar çekdi. Olary çaga ideden ýaly idedip, gijesini gündiz edip işledi. Düýbüni depdi, suwa ýakdy, dökünledi, timarlady. Ine, onuň yhlas, zähmet siňdirip ýetişdiren nahallary-da bu gün miwe berdi. Bu süýji miweden dadan her bir kişi oňa: „«Eliň-gözüň dert görmesin. Kesbiňden kemal tap, gör, sen il-gün üçin nähili datly miweler ýetişdirip, ähli töweregi bagy-bossanlyga öwürdiň. Ömrüň uzak bolsun, bagban!» diýip, ýürek minnetdarlygyny bildirjegi ikuçsyz. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle döwrebap bilim bermek, olary watançylyk, beýik ahlaklylyk ruhunda, milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek meselesine uly üns berýär.

Bilimli ýaşlar — geljegimiz

Sungatym bar — hormatym bar Gözel Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamy barha belende galýar. Ýaş nesilleriň yhlasly okamagy, zähmet çekmegi üçin Türkmenistan döwletimizde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim almak, ökde hünärmen bolup ýetişmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Özleri üçin döredilýän mümkinçiliklere jogap edip, Tagtabazar etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary ýaş nesliň aň-düşünjeleriniň ösmegi, zehinleriniň taplanmagy üçin ähli tagallalary edýärler.

Döwrebap ösüşlerde ýaşlaryň orny

Ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmegiň şertleri kabul edilen ýörite Kanunlarda we maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwarynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy döwletimizde ýaşlaryň döwrebap bilimli, ylymly bolmagy, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli syýasy we durmuş-ykdysady mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrdy. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy, iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Türkmenistanda hereket edýän kanunçylyk ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly kepillendirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýlip berkidilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ýaşlar baradaky aladanyň möhüm häsiýetini alamatlandyrýar. Şonuň bilen birlikde-de, milli kanunçylyk ulgamynda ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dur

Çagalara ekologiýa terbiýesini bermegiň usulyýeti

Çagalarda ýaşlykdan tebigata bolan söýgini döretmek maksady bilen, çagalar baglarynda «Daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak» sapagy geçilýär. Bu sapagyň okuw maksatnamasynda körpe nesli daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak, daşky gurşawy goramagy öwretmek örän wajyp wezipeleriň biri hökmünde görkezilýär. Daşky gurşawy goramagy öwretmek ekologik terbiýäni bermegiň özenidir. Terbiýäniň bu görnüşi terbiýeçilik işiniň beýleki ugurlary bilen baglanyşyp gidýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalara ekologiýa terbiýesini bermek, olary daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak çagalar baglarynyň işiniň esasy düzüm bölegidir. Ekologiýa taýdan sowatly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek üçin maşgala bilen çagalar baglarynyň terbiýeçileriniň bilelikde alyp barýan işi oňyn netije berýär. Çaganyň terbiýesinde maşgalada ata-eneleriň, uly ýaşly doganlarynyň orny hem uludyr. Çagalar bagynyň terbiýeçisi ýurduň geljegi bolan ýaş nesillerde irki ýaşdan başlap, ekologiýa düşünjäni kemala getirmelidirler. Terbiýeleýän çagalarynyň her biriniň maşgalasynyň aýratynlygyny we mümkinçiliklerini öwrenip, çagalaryň ata-enelerine ýakyn kömekçiler bolup ýetişmeklerine ýardam etmelidirler.

Körpeler üns-alada bilen gurşalýar

Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar ýaşamagy, olaryň geljekde bilimli, giň gözýetimli, Watana wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ak mermere beslenen mekdepler, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglary, olaryň ýokary derejeli mugallymlar bilen üpjün edilmegi bu günki ýaş nesil baradaky aladanyň aýdyň şaýadydyr. Çagalary terbiýelemekde milli oýunlarymyzyň ähmiýeti uludyr. Olardan aşyk atmak, çeke-çeke, göreş, aýlaw gurap küşt depmek hem-de tans etmek, ýüpden bökmek ýaly oýunlar bagtyýar zamanamyzyň körpeleriniň Watana, hormatly Prezidentimize bolan buýsanjyny artdyrýar, şonuň bilen birlikde, çagalaryň beden saglygyny berkitmekde, olaryň dilleriniň “ýenjilmeginde” ähmiýeti uludyr.

Fransuz dilini öwrenmek üçin okuw kitaby

Ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän mekdepleriň 7-nji synp okuwçylaryna fransuz dilini öwretmäge niýetlenen okuw kitaby 2019-njy ýylda neşir edilipdi. 2020-nji ýylyň ahyrynda bolsa umumy orta bilim berýän mekdepleriň 8-nji synpy üçin fransuz dilini öwretmekde täze okuw kitaby mugallymlaryň eline gowuşdy. Bu kitap Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edildi. J.Patyşaýewanyň, M.Ýazlyýewanyň, H.Baýryýewiň awtordaşlygyndaky bu okuw kitabynyň mekdep okuwçylaryna fransuz dilini öwretmekde möhüm ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň fransuz dili okadylýan orta mekdeplerinde bu kitap giňden peýdalanylar. Täze kitapda okuwçylara fransuz dilindäki orun aňladýan predloglary öwretmäge degişli köp temalar berlen. Predloglar, göräýmäge, okatmak üçin kyn maglumatlar bolmasa-da, olary öwrenmek aňsat düşmeýär. Munuň esasy sebäpleriniň biri hem, fransuz dili bilen türkmen diliniň, ýagny çagalaryň ene diliniň, gurluş taýdan dürli ulgamly dillere degişlidigindedir. Başgaça aýdanymyzda, türkmen dilinde predloglar ýokdur we fransuz dilindäki predloglaryň hyzmaty türkmen dilinde ýörite sözler bilen birlikde, düşüm goşulmalarynyň üsti bilen aňladylýar.