"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim işgärleri pikir alyşýarlar

Şu günler Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen şygar bilen dowam edýär. Etrap bilim bölümi tarapyndan guralýan usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri işjeň gatnaşýarlar. Usuly-amaly okuwlarda bilim edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 ─ 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşýar. Usuly-amaly okuwlaryň barşynda her bir okuw dersi boýunça aýratynlykda çykyşlar diňlenilýär.

Usuly-amaly okuwlar işjeňlige eýe

Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary Bäherden etrabynda hem guramaçylykly we netijeli ýagdaýda geçirilýär. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralýan usuly-amaly okuwlar bilim işgärleriniň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolup durýar. Etrapdaky degişli mekdeplerde we çagalar baglarynda dowam edýän usuly-amaly okuwlara ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda pedagoglar gatnaşyp, özara pikir we tejribe alyşýarlar. Ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň derejesini has-da kämilleşdirmekde, täze işjeň usullardan netijeli peýdalanmakda we beýleki möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda bu çärä möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, häzirki okuwlaryň guramaçylykly geçmegi ugrunda etrap bilim bölümi tarapyndan mynasyp tagallalar edilýär.

“Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri STCW standartlary boýunça hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar

2024-nji ýylyň 12-nji awgustynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara ösüş guramasynyň (USAID) Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň gurnamagynda “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň hünärmenleri üçin, Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Deňizçileri taýýarlamak we olara diplom bermek hem-de wahtada durmak barada Konwensiýasyna laýyklykda hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça türgenleşik okuwy başlandy. Okuwyň dowamlylygy 5 gün. Bu türgenleşik okuwy türkmen deňizçileriniň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we sebitde deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ädim bolup durýar. Hünärmenler öz bilimlerini we başarnyklaryny mundan beýläk hem halkara ülňüleriniň iň soňky talaplaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik alarlar. Bu bolsa öz gezeginde, wezipelerini has netijeli ýerine ýetirmäge we Türkmenistanyň deňiz pudagynyň ösmegine goşant goşmaga ýardam eder.

Bilim — bagtyň açary

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, bu gün ýurdumyzda bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly kämil nesli kemala getirmekde guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär, bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek ugrunda buýsanja mynasyp tagallalar edilýär. Diýarymyzyň çar künjünde yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap mekdepler, çagalar baglary hem döwrümize mynasyp ýaşlary ýetişdirmek ugrunda edilýän tagallalaryň güwäsidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, okatmagyň öňdebaryjy usullary, ylmyň gazananlary bilim işinde giňden ulanylýar. Bu gün ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýetiň berilmegi, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi, okuw-terbiýeçilik işleriniň esaslarynyň we usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bolsa, biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar.

Bolgariýadan hoş habar

5—11-nji awgustda Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda 31-nji Halkara matematika bäsleşigi (IMC-2024) geçirildi. Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London Uniwersitet Kollejiniň (University College London) Bolgariýa Respublikasyndaky Amerikan uniwersiteti (American University in Bolgaria) bilen bilelikde guran abraýly halkara bäsleşigine dünýäniň 59 döwletinden 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşikde türkmen ýaşlary hem üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular. Birnäçe gün dowam eden bilim bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gowy netije görkezmegi başardy. Şeýlelik-de şahsy hasapda 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala hem-de 8 höweslendiriji hormat hatyna mynasyp boldular.

Tejribe alşyldy

Düýn, hepdäniň duşenbe güni ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň gatnaşmaklarynda usuly-amaly okuwlar başlandy. Şeýle okuwlar Sarahs etrap bilim bölüminiň çäginde hem ýokary guramaçylyga eýe boldy. Etrapdaky 1-nji orta mekdepde jemlenen mugallymlaryň usuly-amaly okuwlary aýry-aýry ugurlar boýunça geçirildi. Başlangyç synp mugallymlarynyň okuwlarynda öňdebaryjy mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Bu ýerde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleriniň çäklerinde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynda» ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak babatda öňde durýan wezipeler» atly tema boýunça maslahatlaşyldy. Şeýle hem «Başlangyç synplarda okuwçylaryň dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň  dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen tema boýunça täzeçe usullar hakynda özara pikir alşyldy. Halypa mugallymlaryň maslahatlary aýratyn üns bilen diňlenildi. Başlangyç synplaryň okuwçylarynyň dürs ýazuw başarnyklarynyň kämilleşmeginde gündelik geçilýän derslerden soňra hem ýörite diktant depderlerini ýöretmegiň ähmiýeti taraplary dogrusynda aýdyldy. Ýaş hünärmenlere iş öwretme

Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň akademiýasy tarapyndan onlaýn okuwlara badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 29-njy martynda geçiren mejlisinde Awtomobil ulaglary halkara birleşigi (IRU) tarapyndan ygtyýar berlen okuw merkezini açmak barada Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil mekdepleriniň birleşigine «Türkmenistanyň halkara awtoulagly daşaýjylarynyň assosiýasiýasy» (THADA) bilen bilelikde «Awtoulagda Halkara daşaýjylary taýýarlaýan okuw merkezi» hojalyk jemgyýetini açmak boýunça degişli işleri geçirmäge görkezme berildi. Okuw merkezi halkara gatnawlarda, şol sanda Ýewropa ýurtlaryna ýükleri daşaýan sürüjileri we ulag operatorlaryny hünär taýdan taýýarlamagy göz öňüne tutýar.

Medallar — üstünlikleriň nyşany

Türkmen talyplary her ýyl döwlet we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Olar 5 — 11-nji awgustda Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň ýurtdaky Amerikan uniwersiteti bilen guran 31-nji halkara matematika bäsleşigine (IMC-2024) gatnaşyp, üstünlik gazandylar. 60-dan gowrak ýurtdan 400-den agdygrak talyp bäsleşen olimpiada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, olardan 14-si dürli derejedäki medallara, has takygy, 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala we höweslendiriji Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bäsleşige 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen «The Most Effective Team Leaders in IMC 2024» (IMC-2024-de iň tejribeli topar ýolbaşçylary) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylarynyň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek gazanylan üstünlik boldy.

Guramaçylykly geçirildi

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň arasynda usuly-amaly okuwlary başlandy. Paýtagtymyzdaky Aşgabat şäher Baş bilim müdirligine degişli bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň usuly-amaly okuwlary hem guramaçylykly geçirildi. Şäherdäki  daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 127-nji çagalar bagynda gurnalan usuly-amaly okuwynda öňdebaryjy mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleriniň çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Usuly-amaly okuwda şäherdäki 25-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Maral Akmämmedowa, 30-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri Şeker Rejepowa, 31-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Gülnar Babaýewa dagynyň çykyşlary has hem täsirli boldy. Onda müdirler «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde öňde durýan wezipeler» diýen tema boýunça çykyş etdiler. Olar Konsepsiýanyň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilendigi hakynda aýtdylar. Şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň w

Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary: öňde durýan wezipeler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň ylmy dünýägaraýyşly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek esasy wezipe bolup durýar. Il-ýurt bähbitli şol möhüm wezipäni üstünlikli çözmekde pedagogik işgärleriň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine möhüm orun degişli bolup durýar. Ýurdumyzda täze okuw ýylyna giň gerimde taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu aýda pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary, öňdebaryjy pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary geçirilýär. Geçen okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de täze 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap (şäher) usuly-amaly okuwlary şu ýylyň 12 — 17-nji awgustynda, öňdebaryjy pedagogik işgärleriň etrap (şäher) maslahatlary 19-njy awgustda, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hem-de welaýatlaryň pedagogik işgärleriň maslahatlary bolsa 20-nji awgustda geçiriler.

San­ly ul­ga­myň hu­kuk bin­ýa­dy

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmegiň esasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu işler Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynyň, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmagyň Meýilnamasynyň çäklerinde ulgamlaýyn esasda durmuşa geçirilýär.  Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalaryny öndürmekde çalt depginler bilen gazanylýan ösüşler aragatnaşyk torlaryny taslamagy we gurnamaga bildirilýän talaplaryň gaýtadan seljerilmegini hem-de kämilleşdirilmegini talap edýär. Sebäbi sanly ulgamyň ähli pudaklarda giňden omaşdyrylmagy torda geçirilýän möhüm maglumatlaryň goraglylygyny hem-de ýokary hilli, bökdençsiz geçirilmegini talap edýär.

Mekdep bazarlary gyzyşýar

Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlamagyna az wagt galdy. Her ýylda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde däp bolşy ýaly, «akylly» şäherimizde-de, 1-nji awgustda mekdep bazarlary açyldy. Bu söwda nokatlarynda şäherimiziň ýaşaýjylarynyň we körpeleriň isleglerini kanagatlandyryp biljek ähli harytlar amatly we elýeterli bahalardan ilata hödürlenýär. Mekdep okuwçylarynyň okuw döwründe gerek bolan ähli esbaplary we harytlary köpdürlüligi, ýokary hilliligi we elýeterliligi bilen tapawutlanýar.

«Okamak — bereket...»

Jaň edip, okuwa kabul edilendigini öýlerine, dost-ýar, tanyş-bilişlerine aýdandan soň, daşky dünýä bilen gatnaşyk kesilene döndi. Edil şu wagt telefony goýandan soňra kakasynyň, ejesiniň, doganlarynyň şatlykdan begenişlerini göz öňüne getirip, çala ýylgyrdy. Emma ýüregiň bir çüňkünden gaýdýan ajymtyk duýgy bokurdagyny gyýýan ýaly boldy. Eýsem näme?! Obada galan dost-ýarlary ondan kän bagtlydylar ahyry. Olar her gün irden turuşlaryna, arkaýynlyk bilen ertirlik edinerler, soňra peýwagtyna işli-işine ugrarlar. Ýene agşam işden gelip obanyň gaýra tarapyndaky boşlukda woleýbol oýnarlar. Ertesi güni hem şol zatlar kadadyr. Ol bolsa... ýatlamalaryň ählisi ýürek gyýyjy pursatlar bolup göz öňüne gelýär. Ine, ak mermerli owadan paýtagt şäherde ýokary okuw mekdebinde okap ýör, dynç alyş döwri obalaryna gidýär. Şol pursady göz öňüne getirip azajyk wagt ýüzi yşardy. Olam juda gysga dowam etdi. Kalbyna ýene gussa aralaşdy. Ýogsam paýtagta okuwa diýip, resminamalaryny jemläp gaýdanda, synaglardan geçip bilmedik ýagdaýynda işlemäge galaýmak hem göwnünde ýok däldi. Şeýdip, paýtagtda galyp işläp, soňra okuwa girenlerden özüniň tanaýanlarynyň birnäçesi bar. Olar il arasynda-da erjel, tutanýerli hasaplanýardy, oňlanylýardy. Görsene, arzuwy amala aşybam, bagtly bolman boljak eken. Üçünji synagyň sowalnamalaryny çeken wagty «Bilemok» diýip ýazaýan bolsa nähili bolardyka? Ýa, hakykatdan hem, b

Bilimler ýurdy

Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bilimiň hilini gowulandyrmak, ýaşlara bilim berlişini dünýä derejesine çykarmak üçin öňdebaryjy tejribeler giňden ulanylýar. Şunda gözel paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde döredilen ýokary bilim edaralarynyň ýaş nesliň durmuşyndaky ähmiýeti juda ýokarydyr. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda ýokary we ýörite orta hünär mekdepleriniň ençemesi döredildi. Häzirki döwürde kämil derejeli, döwrebap, ygtybarly aragatnaşyk ulgamyny döretmezden, ösen jemgyýeti göz öňüne getirmek mümkin däl. Türkmen aragatnaşyk hemra ulgamynyň älem giňişligine çykarylmagy bu ugurda uly üstünlikleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Üçünji müňýyllygyň başlangyjynda her bir döwletiň kuwwatly ösüşiniň ylmyň we bilimiň ösüş derejesi, täze öňdebaryjy tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy we netijeli peýdalanylmagy bilen kesgitlenilýändigi hemmämize mälimdir. Ýurtda her ýyl ençeme döwrebap çagalar baglary, orta we ýörite orta, ýokary okuw mekdepleri, kitaphanalar gurulýar we olar kämil tehniki enjamlar, kompýuterler, kitaplardyr gollanmalar bilen üpjün edilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň işjeň ulanylmagy ýaşlaryň başarnygyny, dünýägaraýşyny, sowatlylyk derejesini has-da artdyrýar. Innowasion tehnologiýalaryň we täze usulyýetleriň okuw işlerine ornaşdyrylmagy sapaklaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagy

Giriş synaglary dowam edýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmegi, ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagy we ösdürilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň nurana geljegini ylymly-bilimli ýaşlarda görýän hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijesinde, bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Şeýle özgertmelerden, özleri hakynda edilýän aladalardan ruhlanýan bagtyýar ýaşlar bilim almaga, ylym bilen içgin meşgullanmaga uly höwes bildirýärler. Şu günler talyp bolmaga höwesli ýaşlaryň durmuşynda tolgundyryjy pursatlar — giriş synaglary dowam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Welaýatymyzdaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde, Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebinde tamamlanan giriş synaglarynyň netijesinde, bagtyýar ýaşlaryň ençemesi talyp bolmak bagtyna eýe boldular. Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk institutynda okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary dowam edýär.

Bilim zähmet terbiýesi bilen utgaşmalydyr

«Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalary edýär. Şeýle aladalaryň netijesinde döwrebap innowasiýalar, tehnologiýalar we kämil enjamlar bilen üpjün edilen mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bilim ulgamynda üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle işler hemmetaraplaýyn kämil, ukyp-başarnykly, zehinli ýaşlaryň kemala gelmegini üpjün edýär. Ýaş nesillere döwrebap bilim bilen birlikde, milli ruha esaslanýan terbiýe, şeýle-de zähmet terbiýesini bermek hem zerurdyr. Şu zerurlykdan ugur alyp, biz okuwçylara tomusky dynç alyş möwsümini tamamlap, täze okuw ýylynda mekdebe gelenlerinde, özleriniň ukyp-başarnyklary bilen ýerine ýetiren, agaç ussaçylygy esasynda ýasan işlerini synpdaşlaryna görkezmäge getirmegi tabşyrdyk.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

DÖWREBAP IŞLERIŇ BEÝANY Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasatda, medeniýetde uly ösüşlere, üstünliklere eýe bolýar, şol sanda kitaphana ulgamy has-da ösýär. Ata Watanymyzda ertirki geljegimiz bolan ýaşlaryň ösen aň-düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Esasan-da, ylmyň ojagy bolan kitaphanalara esasy orun degişli bolup durýar.

Bilim — geljegiň açary

Ýaş nesilleriň arzuw-hyýallarynyň, maksatlarynyň myrat tapmaklary, esasan, kämil bilim alyp, hünär öwrenmekleri, ylmyň hem tehnologiýanyň ösdürilmegine öz goşantlaryny goşup bilmek ukyplaryny durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Çünki häzirki zaman dünýäsinde ylym bilen bilim jemgyýetiň ähli gymmatlyklary, durmuş-ykdysady özgertmeleriň ähli ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim — kämilligiň, ösüşleriň, geljegiň açary. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ýaşlaryň bilim almaklary üçin giň şertler döredilýär, bilim ojaklarynda täze hünär ugurlary açylýar. Ine, häzirki günlerde ýurdumyzda ýokary bilim almagy maksat edinýän ýaşlar ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglaryny tabşyrýarlar. 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy; 2024-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 26-njy awgusty aralygynda guralýar. Okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirilýär. Nesip bolsa, dal

Ýaş nesliň bagtyýarlygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalaryň hukuklaryny goramak, durmuş abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy» tassyklanyldy. Ýurdumyzda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen Gurbanguly Berdimuhamedowyň adynyň dakylmagy döwlet tarapyndan hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny berkitmek meseleleriniň ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara kada-kanunlara we oňyn tejribelere laýyklykda döredilen, degişli guramaçylyk, hukuk aýratynlyklaryna eýe bolan gazna bolup durýar. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda bu gaznanyň döredileniniň 3 ýyllygy giň gerim bilen bellenip geçildi.

Çaga bilesigelijiligi

Bilesigelijilik adamyň ganyna siňen häsiýetdir. Eger-de daş-töweregimizi gurşap alýan zatlarda bize näbelli bir zat gabat gelse ýa-da täsin ses eşitsek, biziň aňymyzda «bilesigelijilik düwmejigi» basylýar. Şonda bilmeýän zadynyň üstüni dolmak üçin ynsanda bilmek islegi artýar. Bilesigelijilik bilmeýän zadyňy öwrenmäge bolan aşa islegdir ýa-da ýetmeýän maglumatyň üstüni dolmakdyr. Bilesigelijilik adamy kämilleşdirýän hereketdir. Ol durmuşda maksadyňy tapmagyň ýol çelgisidir. Bilesigelijilik Ýer togalagyndaky islendik jandara mahsusdyr. Ýöne täze-täze zatlary bilmegi köpler dowamly ürç edinmeýärler.