"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilim ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň bilim işgärleriniň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şol wezipeler, ilkinji nobatda, bilim syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, kämil bilimli, terbiýeli, watansöýüji, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden, olarda Watanymyza, halkymyza söýgini, mukaddes Garaşsyzlygymyza hem-de hemişelik Bitaraplygymyza buýsanjy artdyrmakdan ybaratdyr. Şu maksat bilen, ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlar hakynda edýän aladalary, ýaş nesliň kämil bilim almagy üçin döredýän giň mümkinçilikleri bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny hem-de üstünliklere beslenmegini üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň aň we ruhy taýdan sagdyn ösüşini kemala getirmek ugrunda yzygiderli işler amala aşyrylýar. Ýaş nesliň sowatly, arassa ahlakly bolup ýetişmeginde gurulýan döwrebap bilim edaralarynyň, şeýle-de olarda zähmet çekýän işine ökde bilim işgärleriniň iş tejribesiniň örän uly ähmiýeti bardyr. Döredijilikli zähmet çekýän mugallymlardyr terbiýeçiler ýaş nesle diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň durmuşda-da dogry ýoly t

Jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrýan beýik özgertmeler

Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygary astynda bu gün — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary depginler bilen sazlaşykly ösýän ýurdumyzda döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry hökmünde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» hem-de toplumlaýyn özgertmeler amala aşyrylyp, häzirki zaman bilim edaralaryny — çagalar baglaryny, orta mekdepleri, hünär bilimi edaralaryny gurmakda, bütin dünýäde gazanylan iň gowy netijeleri bilim işine ornaşdyrmakda ägirt uly üstünlikler gazanylýar. Bilim edaralaryny okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, bilim tehnologiýalaryny, kompýuter we multimedia enjamlaryny ornaşdyrmak arkaly bilim işi has-da döwrebaplaşdyrylýar. 2023 — 2024-nji okuw ýyl

Okuw-usuly maslahatlaryň ähmiýeti

Ýurdumyz boýunça umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahatlary ýokary guramaçylykly geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen guralan awgust maslahatlary Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ähli welaýat merkezlerinde hem işjeň ýagdaýa eýe boldy. Onda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler, täze okuw ýyly üçin öňde goýlan wezipeler dogrusynda giňişleýin maslahat edildi. Şeýle hem awgust maslahatlarynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça öňde durýan wezipeler hakynda söhbet edildi. Arkadag şäheriniň öňdebaryjy bilim işgärleriniň arasynda awgust maslahaty geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen geçirilen bu maslahatda çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda geçen okuw ýyly boýunça gazanylan üstünlikler, täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri barada aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil üçin edýän aladalaryna, taýsyz tagallalaryna çäksiz hoşallyk bildirildi.

Röwşen geljegimiziň ýoly

Ylym-bilim mümkinçilikleri milli gymmatlyklarymyzyň aýrylmaz bölegi, döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, dünýädäki abraýynyň ýokarlanmagynyň binýadydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr. Döwletimiziň ylmy-tehniki gazananlary, bilim hem-de innowasiýalar, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak ýoly ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň, dünýäniň syýasy, ykdysady, ylmy-medeni giňişliginde baky Bitarap Watanymyzyň ornuny pugtalandyrmagyň girewi bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, binýatlaýyn we amaly ylymlaryň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalaryň, geljegi uly işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagy häzirki zaman dünýäsinde ykdysady ösüşi gazanmagyň, halkyň ýaşaýyş-durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Ylym-bilim ulgamy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenen Türkmenistanda häzirki döwürde alnyp barylýan işler bu babatda nusgalyk mysaldyr.

Kitaphana — hazynaly ojak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ähli ugurlarda belent derejelere ýetýär. Bu gün kitaphana işinde hem döwrebap ösüşler gazanylýar. Kitaphana işini ösdürmek babatynda edilýän tagallalar netijesinde elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýady pugtalanyp, kitaplaryň sany yzygiderli artýar, sanly kitaphana hyzmatlarynyň gerimi giňeýär. Häzirki wagtda Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynda-da döwrebap işler alnyp barylýar. Bäş müň okyjysy bolan şäher merkezi kitaphanamyza täze ýazylýanlaryň sany barha artýar. Tomsuň häzirki günlerinde kitaphananyň okalga zaly köp adamly bolýar. Ýaş okyjylarymyz bu ýerde yzygiderli bolup, dürli mazmunly kitaplary okamaga alýarlar.

Dilleri alkyşly bagtyýar nesiller

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin ýurdumyzda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzyň çar künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze çagalar baglary, orta mekdepler yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Milli bilim ulgamynda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde hem ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sanly tehnologiýalardan, multimediýa enjamlaryndan ezberlik bilen baş çykarýan, dünýä dillerini höwes bilen öwrenýän ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigi guwandyryjydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde hem täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar. Etrap-şäherlerde mekdep bazarlary hereket edip, olardan okuwçylardyr olaryň ene-atalary gerekli okuw esbaplaryny, lybaslary satyn alýarlar. Tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçiren bagtyýar nesillerimiz özleri barada uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.

Şowly bolsun, dalaşgär!

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde bilim almak isleýän dalaşgärler giriş synaglarynyň iň gyzgalaňly döwrüni başdan geçirýärler. Ýaşlar dürli ugurlar boýunça geljegiň hünärlerini özleşdirmäge çalyşýarlar. Ýurdumyzda yzygiderli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň netijesinde ýaşlaryň ýüzlerçesi sanly tehnologiýalar, lukmançylyk, ykdysadyýet, ylym we innowasiýa ugurlary boýunça hünär öwrenýärler. Ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň giriş synaglary hem badalga alar. Orta hünär okuw mekdebiniň möhleti 2 ýyl bolup, bu ýerde talyplar buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit, ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş, harytçylyk we sarp ediş harytlarynyň hilini seljermek, jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy ýaly birnäçe ugurlaryň hünär eýeleri bolup bilýärler.

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Kaka etrap birleşmesinde “Ylymly ýaşlar geljegi gurýar” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan duşuşyga Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşiniň işgärleri hem-de işjeň agzalary gatnaşdy. Duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy ugrunda edilýän tagallalar we döredilýän giň şertler dogrusynda gürrüň edildi. Onuň barşynda halkymyzyň asyllylyk, edep-ekramlylyk, myhmansöýerlik, dostanalyk, agzybirlik ýaly asylly ýörelgeleri, ýaşlary bezeýän gylyk-häsiýetler, maşgala mukaddesligi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Bilim işgärleri pikir we tejribe alyşdylar

Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde pedagogik işgärleriniň usuly-amaly okuwlary üstünlikli geçirildi. 12—17-nji awgust aralygynda geçirilen usuly-amaly okuwlara etrabymyzyň bilim işgärleri işjeňlikde gatnaşdylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna baý öwüşgin beren usuly-amaly okuwlaryň barşynda bilim edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), bilim ulgamyna degişli kabul edilen Konsepsiýalara, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartyna, Mekdebe çenli döwlet bilim standartyna, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 ─ 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilim işini dolandyrmaklyga degişli kadalaşdyryjy iş resminamalaryna laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerini döwrebap guramak boýunça alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bilim işgärleriniň etrap maslahaty işjeňlige eýe boldy

Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdebinde etrabyň bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Oňa etrabyň öňdebaryjy bilim işgärleri hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Bilim işgärleriniň etrap maslahatyna gatnaşyjylar, ilki bilen, öňdebaryjy bilim işgärleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Täzeçillige ýugrulan işleriň, görkezme esbaplaryň sergisi uly täsirleri galdyrdy. Soňra “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda öz işine başlanan maslahatyň işine bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar. Onda geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler barada durlup geçildi, 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipelere aýratyn üns çekildi.

Okuw-usuly maslahatlar guramaçylykly geçirildi

Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, çuňňur bilimli, watansöýüji ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek boýunça asylly işe bilim işgärleri öz goşantlaryny goşýarlar. Olaryň bu babatdaky tagallalarynyň oňyn netijesine bilim işgärleriniň 12-17-nji awgustda şäher we etraplar boýunça geçirilen usuly-amaly okuwlary hem-de maslahaty arkaly göz ýetirmek bolýar. Usuly-amaly okuwlar ýaş nesle bilim we terbiýe bermek boýunça öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmakda hem-de ýaýratmakda, geçen okuw ýylynyň jemini jemlemekde we täze, 2024 — 2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de gowulandyrmakda maksatnamalaýyn işler amal edilýär.

Bilim ulgamynda

Täze okuw ýylyna taýýarlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynyň ylmy-usuly binýady barha berkidilýär. Şeýle başlangyçlaryň hatarynda täze okuw ýylynyň öň ýanynda geçirilýän mugallymlaryň awgust usuly-amaly okuwlary aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Häzirki wagtda döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri-de bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak bolup durýar. Watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek wezipesini abraý bilen çözmekde bilim işgärleriniň iňňän jogapkärli, halal we döredijilikli zähmetine esasy orun degişlidir.

Mek­dep ba­zar­la­ry ila­tyň hyz­ma­tyn­da

«7/24.tm»: №34 (221) 19.08.2024 Ata-ba­ba ýol-ýö­rel­ge­le­ri­miz do­wa­mat-do­wam bol­ýan Ga­raş­syz döw­le­ti­miz­de ylym-bi­li­me, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn ga­dyr-gym­mat go­ýul­ýar. 1-nji aw­gust­dan — 5-nji sent­ýab­ra çen­li do­wam ed­ýän mek­dep ba­zar­la­ry bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýän mö­hüm hem-de döw­let­li çä­re­dir.

Mekdep bazarlary barha gyzyşýar

Täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde mekdep bazarlarynyň hyzmaty ýola goýuldy. Mekdep bazarlary okuwçylar üçin ýokary hilli, elýeter bahalardan dürli okuw esbaplary, mekdep lybaslary bilen üpjün edilipdir. Bazarlara çagalarynyň elinden tutup, okuw ýyly üçin gerekli esbaplarydyr egin-eşikleri almaga barýan ene-atalaryň sany barha köpelýär. Toý-baýramlary şatlyk-şowhun bilen garşy alýan ildeşlerimiz üçin täze okuw ýylynyň başlanmagy özboluşly baýramçylykdyr. Bu baýramçylyga ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan guralýan bazarlarda täze okuw ýylyna taýýarlykly barmak üçin ähli şertler döredilipdir. Harytlaryň bahalarynyň elýeterli bolmagy üçin Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümleri bilen bir hatarda hususy önüm öndürijileriň öndürýän önümlerine, daşary ýurtlardan getirilen önümlere giňden orun berilipdir. Ýörite mekdep bazarlaryny, göçme söwda nokatlaryny paýtagtymyzyň söwda nokatlarynda, ýerlerdäki bazarlarda görmek bolýar.

Özara pikir alşyldy

Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň usuly-amaly okuwy geçirildi. Onda «Pähim- paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyryň ömri we döredijiligi, ony ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmak barada çykyşlar boldy. Sapagy guramagyň döwrebap usullary boýunça pikir alyşdylar. Çykyşlarda usuly gollanmalardan peýdalanyp, çagalara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmagyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.  Maslahatyň barşynda mugallymlar dürli temalar boýunça taýýarlanan wideoýazgylara hem tomaşa etdiler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Halaç etrabyndaky 31-nji orta mekdebinde mugallymlaryň usuly-amaly okuwy işjeň ýagdaýda geçdi. Okuwda okatmagyň usullary, usulyýet tärleri, okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklaryny, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmekde mugallymlaryň öňünde duran wezipeleri ýerine ýetirmek hakynda maslahatlaşyldy. Onda etrabyň 25-nji orta mekdebiň mugallymy Agageldi Hojaýew, 24-nji orta mekdebiň mugallymy Şageldi Ýabanow çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamynyň ösüşlerine berýän ýardamlaryna çäksiz alkyş aýtdylar. Şeýle hem başlangyç synp okuwçylaryň hormatly Prezidentimiz tarapyndan şahsy kompýuterler sowgat berilmeginiň ähmiýetli taraplary dogrusynda bellediler.

Okatmagyň kämil usullary öwrenilýär

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary guralýar.Ýokary derejede guramaçylykly geçirilýän okuwlar mugallymlaryň özara pikir alyşmagyna hem-de tejribe toplamagyna uly ýardam edýär. Mugallymlaryň okuw tejribesini baýlaşdyrmak maksady bilen geçirilýän maslahatlar ähli mugallymlarda uly täsir galdyrýar. 16-njy awgustda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebinde usuly-amaly okuwy hem işjeň ýagdaýda geçdi. Bu ýerde bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň ýollary, usullary, okuw dersleri boýunça okuw maksatnamalaryny we sapaklary täzeçe usulda guramagyň ýollary hakynda aýratyn gürrüň edildi. Okuwlarda ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryna, olaryň berk bedenli, ruhy taýdan sagdyn ýaşlar bolup ýetişmeklerinde ýurdumyz tarapyndan aýratyn üns-alada bilen gurşalýandygy barada çykyşlarda bellenildi. Ogulbibi ÖDEGULYÝEWA,Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 18-nji orta mekdebiň mugallymy.

Tejribe alşyldy

Gyzylarbat etrap bilim işgärleriniň 16-njy awgust güni geçirilen usuly-amaly okuwlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesle çuňňur bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm meseleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň täze, işjeň usullary barada giňişleýin durlup geçildi. Usuly-amaly okuwlarda öz hünärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary guraldy.

Tejribe alşyldy

Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 88-nji orta mekdepde başlangyç synp mugallymlarynyň okuw maslahaty işjeň ýagdaýda geçdi. Okuw maslahatynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni Aýna Baýjanowa, takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 69-njy orta mekdebiň mugallymy Hallygözel Baýramowa çykyş etdiler. Olaryň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek boýunça okuwçylara sagdyn durmuş ýörelgesiniň talaplaryny berjaý etmegi öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary», «Başlangyç synplarda okuwçylaryň arassa we dürs ýazuw başarnyklaryny kämilleşdirmekde diktantlaryň dürli görnüşlerinden netijeli peýdalanmagyň usullary» diýen temalaryň üstünde aýratyn durup geçdiler. Bular boýunça sowal-jogaplar hem alşyldy.  Aýna JORAÝEWA, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär

16-njy awgustda Arkadag şäherindäki iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebinde himiýa dersi boýunça okadýan mugallymlaryň gatnaşmagynda usuly-amaly okuw geçirildi. Onda 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň mugallymy Aknur Çaryýewanyň «Işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, himiýa sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek» diýen tema boýunça çykyşy täsirli boldy. Onda mugallymlar sapagy täsirli guramagyň usullary, görkezme esbaplary ulanmagyň ähmiýeti, okuwçylaryň kompýuter tehnologiýalaryndan peýdalanyp bilmek başarnyklarynyň ähmiýetli taraplary barada hem maslahatlaşdylar. Ýaş hünärmenlere halypa mugallymlaryň iş tejribelerinden öwrenip, sapagy kämil usulda guramalydygy dogrusynda hem maslahatlar berildi. Japarguly GAROWOW, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň başlygy.