"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Biz mekdebe barýarys!

Aýmelek NURMUHAMMEDOWA,Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy: — Biz eýýäm çagalar bagyndakak okamagy, ýazmagy öwrenip başladyk. Terbiýeçimiz bize yhlas bilen köp zatlary öwretdi. Şonuň üçin men geçen okuw ýylynda «Körpe bilgirjeler» bäsleşiginiň şäher, welaýat tapgyrlarynda hem ýeňiji boldum. Indi bolsa mekdebe, has dogrusy, ilkinji mugallymymyzy görmäge howlugýan. Mugallymymyzyň diýenini iki gaýtalatman göreldeli okap, gündeligimizi hem dürli şekiljikler, nyşanjyklar bilen bezäris.

Suratkeş bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Surat çekmek bilen kiçiligimden meşgullanyp başladym. Kitaplardaky, döwürleýin neşirlerdäki çagalara hödürlenýän ýönekeýje suratlary reňklemekden lezzet alýardym. Soňra özbaşdak kompozisiýalary döretmäge synanyşyp ugradym. Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölümini okanymdan soň suratkeşlik tejribäm has hem artdy. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ähli şertler bar. Men hem öz çekýän suratlarym bilen döwlet we halkara derejelerindäki dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Şolardan käbirini ýatlap geçsem, 2022-nji ýylda Belarus Respublikasynda geçirilen «Дружат дети на планете» atly Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşyp, III derejeli diplom bilen sylaglandym. Soňra bolsa şol ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen «Dostlugyň şäheri» atly bäsleşige gatnaşyp, I orna, ýörite diploma we medala mynasyp boldum. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Reňklere siňen gözellik» atly bäsleşikde grafika ugry boýunça I orna mynasyp bolmak miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagym meni täze üstünli

Geljegiň binýady şu günden tutulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saý

USU­LY KÄ­MIL­LIK — BILIM BINÝADY

Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri mil­li bi­lim hem-de ylym ul­ga­myn­da tä­ze öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan aja­ýyp za­ma­ny bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­ýar. Milli Liderimiziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hü­när bi­li­min­den soň, ma­gistr­lik de­re­je­si­niň gi­ri­zil­me­gi aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şaýatlyk edýär. Döw­let­mäm­met Aza­dy ady­n­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ma­gist­ra­tu­rasyna öz okan pe­da­go­gi­ka we psi­ho­lo­gi­ýa hünä­rim bo­ýun­ça oku­wa ka­bul edil­me­gim döw­le­ti­mi­zi ösüş­le­re alyp git­mek bi­len bag­ly dur­mu­şa ge­çir­ilýän be­ýik iş­le­re şah­sy go­şan­dy­my goş­ma­ga hö­wes­len­dir­di.

Bilim — bagtyýar geljegi gurmagyň açary

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji okuw ýylyndan bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi. Maslahata gatnaşan bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr mugallymlaryň çykyşlarynda şular barada giňişleýin gürrüň edildi. Baýram BÄŞIMOW,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory:

Ak mekdepler gujak açyp garaşýar

Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaş nesillerimiz üçin iň bagtly pursatlaryň biri bolan täze okuw ýylyny guramaçylykly garşy almaga taýýarlyk görülýär. Bilim ojaklarynyň ählisinde ýeňil abatlaýyş, aglabasynda hem düýpli abatlaýyş işleri göwnejaý geçirildi. Sebitiň orta mekdeplerinde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda ýaş nesle halkara ölçeglere laýyk derejede bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýurdumyzy bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda welaýatyň bilim ulgamynda döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwrüň öňe süren talaplaryna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň çägindäki jemi 531 mekdebiň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Welaýatda dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 31-si bolup, olarda ýaş nesillere iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri hem-de tebigy we t

Döwrebap bilim özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary kemala getirmäge uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Milli ýörelgelerimizden, dünýä tejribesinden ugur alnyp, bilim berlişini kämilleşdirmekde, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda, usulyýeti ösdürmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda we olara dünýä dilleriniň öwredilişini mundan beýläk-de kämilleşdirmekde maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy maksatnamalaýyn işleriň aýdyň beýanydyr. Munuň özi bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegini, onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny, nurana geljegimiz hasaplanylýan ýaş nesliň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-sowat almagyny üpjün edýär, umumy orta bilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň işe bolan höwesini artdyryp, jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. 24-nji awgustda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilen ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty ruhubelentlige beslendi. Bu maslahatda geçen okuw ýylynda ýerine

Dünýä tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde durmuşa geçirilýän döwrebap özgertmeler, il-ýurt bähbitli taslamalar, halkara hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan täzeçe ynsanperwer çemeleşmeler ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterýär. Daşary ýurt kompaniýalarynyň tejribesini öwrenmek maksady bilen, şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda uniwersitetiň talyplary Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň Türkmenistandaky «Internasional Ltd» şahamçasynyň we «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler. Malaýziýanyň Petronas Tehnologik uniwersitetiniň we Hytaýyň nebit uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan uniwersitetiň talyplary we ýaş mugallymlary üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalar we enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guraldy.

Döwrebap bilim — özgertmeleriň özeni

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryndan ugur alyp ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ägirt uly işler bu gün özüniň datly miwelerini bolluk bilen eçilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge, ýaş nesle berilýän bilimi dünýäde nusgalyk derejä götermäge juda uly üns berýändigi halkymyzda buýsanç duýgusyny döredýär. Biz bu gün bilim we ylym ulgamy babatda kabul edilen taryhy Kararlardyr çözgütleriň barha rowaçlyklara beslenýändigine gündelik durmuşymyzda aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde, Balkan welaýatynda hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hem-de umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň, bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda işler giň gerimde alnyp barylýar. Täze okuw ýylynyň öň ýanynda bilim işgärleri bilen guralan usuly-amaly okuwlarda hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary bilen geçirilen awgust maslahatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda u

Ykjam taýýarlyk bilen

Şu günler ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar gününe ykjam taýýarlyk görülýär. Onuň çäklerinde welaýatlarymyzda, paýtagtymyz Aşgabatda we Arkadag şäherinde mekdep bazarlary hereket edip, halkymyza ýokary hilli harytlary hem-de hyzmatlary hödürleýärler. 19 — 22-nji awgust aralygynda paýtagtymyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem çagalaryň dynç alyş günlerini şatlyk-şowhuna besläp, täze okuw ýylyna özboluşly taýýarlykly barmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Sergä gatnaşan döwlet we hususy düzümleriň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri okuwçylary we olaryň ene-atalaryny mekdep harytlarynyň täze görnüşleri bilen tanyşdyrdylar. Forumyň dowamynda guralan kitap okamak bäsleşikleri, tälim berijilik okuw sapaklary ýaşlaryň zehin-ukybyny ýüze çykarmaga, täze bilimlere höwesini artdyrmaga ýardam etdi. Täze okuw ýylynyň bosagasynda mugallymlardyr terbiýeçileriň hünär taýýarlygyna hem uly ähmiýet berilýär. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçirilen awgust maslahatlarynda hormatly Prezidentimiziň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini berjaý etmegiň ugurlary, täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär taýýarlygynyň yzygiderli

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris. * * *

Ýaş meýletinçiler — täze başlangyçlar

Täze taryhy zamanamyzda giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçilikli, oňyn dünýägaraýyşly, düýpgöter täzeçe hem-de özara kabul ederlikli ýörelgeleri öňe sürmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary halkara guramalar, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikdäki taslamalara, forumlara işjeň gatnaşýarlar. Türkmen wekiliýetiniň 12 — 16-njy awgust aralygynda Gyrgyzystanyň Çuý sebitinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň Halkara meýletinçilik mekdebiniň okuw maslahatyna gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki wagtda ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi günsaýyn artyp, olar belent sepgitleri nazarlaýarlar. Biz ýurdumyzyň ýaşlar birleşikleri bilen beýleki döwletleriň hem-de halkara Ýaşlar guramalarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýäris» diýmek bilen, ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuna, jogapkärçiligine we adamzadyň olara bildirýän ynamyna aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň», «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamyň netijesidir. Şoňa görä-de, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň meýletinçilik boýunça

Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin

Türkmenistanda ilkinji gezek çagalara bagyşlanan halkara sergi-ýarmarka geçirildi Çagajyklaryň şadyýan gülküleri dünýäniň iň uly gymmatlygyna deňelýär. Ine, şeýle ýörelgä eýerilýän ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda körpe nesil hakynda döwlet derejesinde bimöçber uly aladalar edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiziň başlangyjy bilen döredilen Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýaşajyk ildeşlerimize dürli goldaw-kömekler berilýär. Şu ýylyň 19 — 22-nji awgustynda ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen «Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy hem şeýle asylly işleriň özboluşly dowamyna öwrülip, çagalara ýatdan çykmajak şatlykly duýgulary bagyşlady.

Tomsuň ýatdan çykmajak güni

Azymgeldi ŞYHOW,Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Paýhas» bilim merkeziniň hünärmeni: — «Kids Ekspo» halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzdaky bilim we dil merkezleriniň işleri bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança öwrüldi. «Paýhas» bilim merkezinde 6 ýaşdan ýokary ähli raýatlarymyz mental arifmetika, matematika, fransuz, nemes, iňlis, rus dilleri, programmirleme, grafiki we 3D dizaýn boýunça ussat hünärmenlerden sapak alýarlar. Bilim merkezimiziň işi — gyşky, ýazky, tomusky we güýzki tapgyrlara bölünip, her tapgyr 12 hepde dowam edýär. Mundan başga-da, «Paýhas» bilim merkezi sergileri, iýmit şüweleňlerini, sportuň dürli görnüşleri we kitap okamak boýunça bäsleşikleri hem geçirip durýar. Bilim ulgamyny kämilleşdirmekde döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bimöçber alkyşlarymyzy aýdýarys.

Türkmen ýaşlary “Algoritm” okuw merkezinde IT hünärlerini öwrenýärler

“Pähim-paýhas ummany-Magtumguly Pyragy” ýylynda beýik sepgitlere ýetýän Watanymyzda ylym-bilim günsaýyn gülläp ösýär. Elbetde, bu ösüşleriň sakasynda Hormatly Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň diýseň uly tagallalary bar. Sebäbi biziň Watanymyzda ýaş nesil baradaky alada mydama döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ösüşlere Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Akylly hyzmat” hojalyk jemgyýetiniň “Algoritm” okuw merkezi hem öz uly goşandyny goşýär. “Algoritm” okuw merkezinde ýaşlara diňe bir kämil bilim bermek bilen çäklenilmän, eýsem, dürli önümçilik ugurlary üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça hem giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Asylly käre buýsanç

Mugallymçylyk — dünýädäki iň asylly hünärleriň biri. Indi kyrk ýyl bäri mugallymçylyk edýärin welin, şonda-da her ýyl «Ilkinji jaň» dabarasynyň öňüsyrasynda tolgunýaryn. Sebäbi bu dabara öňümizde jogapkärli möwsümiň — täze okuw ýylynyň başlanýandygynyň buşlukçysy. Bu jaň sesi mundan kyrk ýyl öň ilkinji sapar çaga okatmak üçin synpa girenimdäki tolgunmamy ýada salýar. Häzir Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebinde mugallym bolup işleýärin. Biziň mekdebimizde okap, hünär edinen ýaşlar Mary we Lebap welaýatlarynyň orta mekdeplerinde başlangyç synp mugallymy ýa-da mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim işgäri we terbiýeçi bolup işleýärler. Şundanam görnüşi ýaly, kärimiz ýurdumyzyň ösüp gelýän körpe nesline döwrebap terbiýe we başlangyç bilim bermek bilen gönüden-göni bagly.

Usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirildi

12-17-nji awgusda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň bilim işgärleriniň  usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen geçirilen bilim işgärleriniň awgust aýyndaky usuly-amaly okuwlary täze mazmunda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bilim işgärleriniň öňünde goýan wezipelerine laýyklykda netijeli guraldy. Usuly-amaly okuwlarda hormatly Prezidentimiziň bilim barada eden çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek, okuw maksatnamalarynyň, okuwçylara berilýän bilimiň hilini, okatmagyň usulyýetini, mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmagyň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirilip, öňdebaryjy bilim işgärleriniň iş tejribelerinden sergiler guraldy. Etrap bilim bölüminiň hünärmenleri tarapyndan iş tejribeleri öwrenilýän bilim işgärleriň tejribelerinden kitapçalar, bukjalar, edilýän işleriň bukletleri sergide görkezildi.

Erjel hem tutanýerli ýaş himiýaçy

Türkmenistanyň örän amatly geosyýasy we geoykdysady ýagdaýa, örän köp mukdardaky uglewodorod serişdelerine we beýleki ýerasty baýlyklaryna, üstaşyr geçirmek babatda uly ulag mümkinçiliklerine eýedigi aýdyň hakykatdyr. Bagtyýarlyk gadamlary bilen barha rowaçlyga beslenýän eziz Diýarymyzyň okgunly ösüşlerinde himiýa pudagyna-da uly orun degişlidir. Bu gün hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen pudakda uly ösüşler gazanylýar. Geçmişe ser salsak, himiýa senagatynyň öz gözbaşyny birnäçe asyr mundan ozalky döwürlerden alyp gaýdýandygyny we geçen asyrda has kämilleşip, biziň döwrümizde güýçli depginler bilen ösýän häzirki zaman senagat pudagydygyny görýäris. Düýpli ylmyň we himiki tehnologiýalaryň okgunly ösmegi bu pudak üçin-de häzirki zaman ösüşiniň giň ýollaryny açýar. Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki ulgam dörediş pudaklarynda bolşy ýaly, himiýa senagatyna hem milli ykdysadyýeti çig mala esaslanmaýan ösüş ýoluna geçirmek boýunça meseleleriň çözgüdini tapmakda, täze pudaklaryň kemala gelmeginde, dürli görnüşli hem-de bäsdeşlige ukyply daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, içeriki bazaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin hem-de daşarky bazarlarda giň islege eýe bolan eksporta ugrukdyrylan önümleriň möçberleriniň artdyrylmagynda uly orun degişlidir. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan gazylyp alynýan peýdaly ýerasty baýlyklaryň uly gorlaryna eýedi

Terbiýeçilikde döwrebap usullar

Ýakynda 2023-2024-nji okuw ýylynyň jemini jemlemek hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen pedagogik işgärleriniň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar bilen maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesidigi, bilim özgertmeleriniň has-da işjeňleşdirilmegi, döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklykda üpjün edilmegi, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri baradaky çykyşlar diňlenildi.

Täze okuw ýylyna ýokary taýýarlyk bilen

Şu günler ýurdumyzyň ähli bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de ene-atalar ýakynlap gelýän täze okuw ýylyny garşylamaga işjeň taýýarlyk görýärler. Umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçen awgust maslahatlarynda hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bilim özgertmeleriniň ileri tutulýan wezipeleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. 12 — 17-nji awgustda geçirilen etrap (şäher) usuly-amaly okuwlarynda, 19-njy awgustda etrap (şäher) maslahatlarynda hem-de 20-nji awgustda Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň Baş bilim müdirliklerinde guralan maslahatlarda bilim işgärleriniň ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekdäki wezipeleri, geçen okuw ýylynda gazanylan üstünlikler hem-de täze okuw ýylynda meýilleşdirilýän işler barada pikir alşylyp, olary durmuşa geçirmegiň netijeli çözgütleri beýan edildi. Maslahatlarda çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda gol çeken Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna, şeý