"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bular bilim barada

Biziň bilýänlerimiz çäklidir, bilmeýänlerimiz çäksizdir. Apuleý.

Genetika banky: ylym, ekin we önümçilik

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň 2-nji noýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň garamagynda Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk we Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlary döredildi. Bu edaralaryň maksady oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan hem-de olaryň işini ylmy esasda ulgamlaýyn alyp barmakdan ybaratdyr. Şunda ekinleriň tohum nusgalaryny ylmyň seçgi ugurly barlag işlerinde peýdalanmak we ýokary hasylly sortlary döretmek möhüm wezipe hasaplanýar. Dünýä tejribesinden belli bolşy ýaly, ekinleriň täze sortlaryny almakdan ozal, olaryň tohum nusgalarynyň goruny döretmegiň, özi-de olaryň ýeterlik möçberde saklanylmagynyň seçgi işiniň has netijeli bolmagyna uly täsiri bar. Häzir dünýäde döredilen genetika banklarynyň 1800-sinde ösümlikleriň 7 milliona golaý tohum nusgasy saklanýar. Ýurdumyzyň dag-düzlerinde we sähra-çöllük ýerlerinde ösýän dürli ösümlikleriň genetiki nesil toplumynyň ýabany görnüşleriniň, oba hojalyk ekinleriniň sortlarynyň tohum nusgalaryny genetika bankynda saklamak, olary geljek nesillere ýetirmek möhüm wezipe bolup durýar. Bu iş ekinleriň täze hasylly sortlaryny döretmekde, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Türkmen halky azyk önümlerini hil taýdan gowulandyrmak üçin hemişe ekinleriň iň ýokary sortlaryny döredip, ekerançylygyň me

Döwrüň innowasion ösüş ugruna eýerip

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň gatnaşmagynda bilim, ylym, innowasiýalar, önümçilik we işewürlik ulgamlary utgaşykly ösdürilýär hem-de olaryň arabaglanyşygy yzygiderli pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 1-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde gol çeken Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň «Oguz han» ylmy-tehnologiýalar merkezini döretmek hakyndaky Karary hem munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. «2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary we innowasion tehnologiýalary çekmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatynda Hereketleriň Meýilnamasyna» laýyklykda kabul edilen bu çözgüt ýurdumyzda innowasion senagaty ösdürmäge, ýaş inženerleri we tehnologlary taýýarlamaga, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerinidir görnüşlerini artdyrmaga, innowasion tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge ýardam berer. Häzirki zaman dünýäsinde bilim we ylym ösüşiň esasyny düzýär we bäsdeşligiň çeşmesi bolup durýar. Täze bilimleri, innowasiýalary döretmäge, olary döwrebap tehnologiýalar, önümler we hyzmatlar üçin peýdalanmaga, şeýle hem guramaçylyk, dolandyryş işlerinde netijeli ulanmaga ukyply uniwersitetler dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda görülýär. Uniwe

Ylmy-barlag institutlary gadymy toprakda

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini has-da güýçlendirmek, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň oba hojalyk toplumynyň binasyna geldi. Şol gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda geçen ýylyň güýzünde açylan Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk institutlarynyň bu ajaýyp bina göçürilip getirilmegi biziň alymlarymyzyň göwünlerini galkyndyran waka boldy. Dünýä ülňülerine laýyklykda, ýokary derejede abzallaşdyrylan bu binada alymlaryň döredijilikli işlemegi, ylmy barlaglary netijeli alyp barmagy üçin ähli zerur şertler döredilen.

Gymmatly kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti

Türkmen halky kitaplara, şol bir wagtda hem olary ýazan şahyrlara, ýazyjylara hemişe uly sarpa goýup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge dowamat-dowam bolmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ajaýyp zamanamyzda ýolumyza şamçyrag bolup nur saçýandygyny nygtamak aýratyn ýakymlydyr. Ol eserleriň her biri özüniň many-mazmun taýdan çuňlugy, diliniň çeperligi, okyjy üçin sada hem düşnükli dilde ýazylandygy bilen tapawutlanyp, gymmatly gollanma bolup durýar. Milli Liderimiziň biri-birinden ajaýyp kitaplarynda ata Watana, ene topraga söýgi-buýsanç, ata-enä hormat goýmak, agzybirlik, halallyk, mydama ýagşy umytda bolmak, ahlak we hukuk kadalaryna eýermek, il-ýurduň bähbidini ileri tutmak, milli gymmatlyklarymyza buýsanç şeýle bir çeperçilik bilen beýan edilýär welin, olary gaýta-gaýta okanyňy duýman galýarsyň. Eserlerde taryhy hem durmuşy wakalaryň üsti bilen ýaş nesillere ata-babalarymyzdan dowamat-dowam bolup gelýän edep-terbiýe kadalary örän çeperçilik bilen ündelýär. Bu bolsa gymmatly eserleriň terbiýeçilik taýdan ähmiýetini has-da artdyrýar.

Kitaphana işi kämilleşýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim, medeniýet ulgamlary täzeçe many-mazmuna eýe boldy, özgerdi we kämilleşdi. Medeniýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan kitaphanalar häzirki zaman ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilip, dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertlerde okyjylara hyzmat edýär. Gözbaşyny gadymyýetden alýan milli medeniýetimiziň ruhy binýadyny berkidýän kitaphanalar bu gün döwür bilen aýakdaş. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen häzirki zaman elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan kitaphanalarda neşir önümlerini aýawly saklamak üçin ähli mümkinçilikler, kitaphana hyzmatyny ýokary derejede guramak üçin zerur şertler döredilen. Olaryň esasy hazynasy hasaplanylýan kitaplaryň jemgyýetiň, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlaryň aň-düşünjesini özgertmekdäki orny juda ýokarydyr. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykýan kitaplarynda, hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda beýik özgertmeler, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri we daşary syýasaty, ykdysady özgerişler, ýaşlar syýasaty, türkmen halkynyň taryhy, däp-dessurlary, milli ýörelgeleri, medeniýeti we sungaty, ýurdumyzyň gözel tebigaty ylmy taýdan hem, pelsepewi nukdaýnazardan hem giňden şöhlelendirilýär. Kitaphanalaryň ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň dünýägaraýyşla

«Bir gije ýatyrdym tünüň ýarynda...»

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň umumadamzat ähmiýetli mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilip, dünýä ýaýylýar. Häzirki döwürde dana akyldaryň döredijiliginde ýüzlenen pikirleri dünýä ylmynyň ünsüni özüne çekýär. Bu ugurda aryf-akyldary pikir ummanyna ataran düýş hakyndaky pikirleri özüniň ähmiýeti bilen alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda düýşe şeýle kesgitleme berýär: «Düýş — janyň tene, asmanyň zemine berýän içki habary. Ol özge dünýäniň az pursatlyk şu dünýä gelmegi, diňe reňkleriň däl, dünýäleriňem başgaça utgaşygy. Düýşüň ýüzi geljege sary. Ol Allatagalanyň bize geljegi duýmak üçin beren mümkinçiligi. Aslynda «düýş» sözüniň özi «duýuş» kökündendir. Özüniň nurlulygy bilen ol geljegiň nämälimligine açylan gapy, yş. Ol geljegiň özboluşly mümkingadar görnüşi bolup, eýesiniň kimligine baglylykda, onda geljegiňi görmek mümkinçiligi ýatýar. Düýşde öň aýak basylmadyk dünýä aýak basylýar, entek el degrilmedik dünýä el degrilýär. Şonuň üçinem onuň tebigatynda el degrilmediklik, aýak basylmadyklyk aýratynlygy bar».

Belent maksatlar ýagty geljege rowana

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, döwrebap bilim edaralary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: “Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär” diýip belleýär.

Jahanda kitap dek mährem dost bolmaz

«Sen adamlaryň dilinden bir ömürde öwrenip bilmejek zatlaryňy kitapdan bir aýda öwrenip bilýärsiň» diýip, Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda ýazýar. Şu sözlerdenem görnüşi ýaly, kitabyň adamlaryň durmuşynda eýeleýän orny, ähmiýeti diýseň ýokarydyr. Esasanam, ýaş nesillerde watançylyk, ynsanperwerlik, ruhubelentlik duýgularyny ösdürmekde, ýaşaýşa, zähmete söýgi döretmekde, olary sagdyn durmuşa gönükdirmekde kitaplara uly orun degişlidir. Ata-babalarymyz hem şöhratly taryhynyň bütin dowamynda kitaplarda öňe sürülýän pähim-paýhaslaryň, edep-terbiýe kadalarynyň üsti bilen öz nesillerini terbiýeläpdirler. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby, şadessanlarymyz, nusgawy şahyrlarymyzyň eserleri biz — mugallymlar üçin hemişe gymmatly gollanmalar bolup durýarlar. Ol eserleriň her bir jümlesi ynsan kalbyna üýtgeşik täsir edýär, durmuşda dogry ýoly saýlap almaklyga ýardam berýär.

Halkara maslahaty geçirildi

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» ÝUNESKO kafedrasynyň döredilmeginiň bir ýyllygy we Halkara güni mynasybetli «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimini öwretmekde zenan alymlaryň ylmy işleriniň dabaralandyrylyşy» atly sanly ulgam arkaly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýokary okuw mekdebimiziň mugallymlarydyr talyplaryndan başga-da, ýurdumyzyň we Özbegistanyň baýry bilim ojaklarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ýakymly täsire beslenen hepdelik

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda türkmen dili we edebiýat dersi boýunça «Magtymguly Pyragynyň şygryýet ummany ýaşlaryň paýhas hazynasydyr» diýen mowzukda hepdelik geçirildi. Oňa institutyň degişli fakultetiniň talyplary işjeň gatnaşdylar. Aýdym-sazly dabaralara beslenen bu baýramçylyk hepdeliginiň birinji gününde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly talyplaryň çeper okaýşyna we köňli ylhamly ýaşlaryň öz düzen goşgularyna uly orun berildi. Şeýle hem hepdeligiň çäklerinde Magtymguly atamyzyň ýaşan, okan, bilim alan ýerlerini beýan edýän taslamalaryň, sungat bilen içgin gyzyklanýan ýaşlaryň şahyryň goşgulary esasynda çeken ajaýyp suratlarydyr el işleriniň, zergärçilik bilen meşgullanýan talyplaryň ýasan şaý-sepleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmäge, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga uly üns berilýär. Şunda kämil hünärmenleriň, bilimli ýaşlaryň ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemek gerek. Çünki bilimli ýaşlar sanly ulgama, ösen tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, bu ugurdan bilimleri özleşdirýärler. Häzirki ösüşlere beslenýän döwürde, ylym-bilim bilen bir hatarda tehnologiýalar hem güýçli depginde ösýär, özgerýär, barha täze mümkinçilikler kemala gelýär. Çünki ylmy-tehnologik açyşlar jemgyýeti özgerdýär, ösdürýär. Şonuň üçin ylmy-tehnologik özgertmeler aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Häzirki ösen döwürde ylmy tehnologiýalar durmuşymyza işjeň ornaşýar. Diňe bir kompýuterler däl, eýsem, sanly ulgamyň dürli mümkinçilikleri kemala gelýär. Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ykdysadyýetde, ylym-bilimde, aragatnaşyk pudaklarynda işjeň ösdürilýändigini görýäris. Şeýle mümkinçilikler beýleki pudaklary, dürli ugurlary-da öz içine alýar. Muňa mysal hökmünde gurluşyk-binagärlik pudagynda hem sanly tehnologiýalaryň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygyny görkezmek bolýar. Dünýä nusgalyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň üçin bu ajaýyp şäherdäki jaýlarda, binalarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Bu gün sanly ulgamyň tehnologiýalary ynsan ýaş

Ýerasty baýlyklaryň senagat ähmiýeti

Senagatyň köptaraplaýyn ösdürilmegi daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge mümkinçilik döredýär. Ýerli mineral çig mal serişdelerini rejeli we toplumlaýyn ulanmaga uly ähmiýet berilýär. Çünki biziň ýurdumyzda metal we metal däl, dag-magdan, gidromineral we beýleki gazylyp alynýan baýlyk känleri bar. Olaryň arasynda geljegi uly, gymmatly, seýrek duş gelýän we dagynyk elementleriň çig mal serişdeleri hem aýratyn orun tutýar. Dagynyk elementler öz arasynda dürli toparlara bölünýär. Ýöne bu toparlama örän şertli, sebäbi elementleriň köpüsi dürli toparlara degişli bolup bilýär. «Seýrek duş gelýän elementler» diýlip, taryhy nukdaýnazardan düzülen we köplenç täze tehnikada ýa-da az mukdarda ulanylýan hem-de özleşdirilýän elementlere düşünilýär. Tehniki taýdan ösüş derejesiniň we ulanylyşynyň artmagy bilen, käbir seýrek elementler indi adatylara degişli edilýär. Dagynyklar hususy ýataklary bolmadyk we köplenç reňkli metallaryň ýa-da beýleki seýrek elementleriň magdanlarynda örän az mukdarda garyndy görnüşinde tapylýar. Şonuň üçin seýrek we dagynyk elementleri ýüze çykarmak hem-de öwrenmek, mineral çig malyň beýleki görnüşleri bilen deňeşdirilende, örän çylşyrymly we barlagyň takyk usulyny ulanmagy talap edýär. Eger-de metallaryň köpüsi gadymdan tanyş ýagdaýda ulanylyp gelinýän bolsa, onda seýrek elementler soňky ýyllardan bäri b

«Gämiçiniň jany bir»

ýa-da topraga we tohuma şäriklik Türkmençilikde ata-babadan gelýän «Ekeniňi orarsyň...» diýlen söz bar. Bu jümle gysgadan düşnükli hem bolsa, onuň manysy we ulanylyş örüsi juda giň. Hemme zat: hasyl, rysgal-döwlet, ýagşylyk, hormat-sylag, mähremlik — bularyň hemmesi ynsana öz sarp edişine, uzadyşyna, görkezişine, yhlasyna görä tapylýar. Şu durmuşda nämä mynasyp bolsaň, diňe şol zatlar özüňe nesip edýär.

Arzuwlaryň hasyl bolan zamanasy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň örän möhüm ähmiýete eýedigi baradaky aýdanlaryna aýratyn uly üns berdiler. Bu işe kafedranyň mugallymlary hem uly goşant goşýarlar. Olar öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýän beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlary toplaýarlar, ylmy işleri bilen bilen gazetlerde, internet saýtlarynda çykyş edýärler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýetilýän belent sepgitler barada hem jikme-jik aýdyldy. Türkmenistanda beýik şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynyň berkarar bolandygy, döwletimiziň demokratiýanyň, kanunlaryň rüstemliginiň, raýat agzybirliginiň we bitewüliginiň mizem

Ylym — innowasion ösüşiň binýady

Ýurdumyzda ylmyň hakyky manysyndaky ösüşi türkmen halkynyň Milli Lideri, alym Arkadagymyzyň ylym-bilim ulgamynda başyny başlan beýik başlangyçlary, şeýle hem bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzir ulgamdaky özgertmeler özüniň ajaýyp miwelerini eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda-da ylym-bilim ulgamynyň ösüşleri, halypa alymlaryň, ýaşlaryň bu ugry ösdürmäge goşýan goşandy barada gymmatly maglumatlar öz beýanyny tapýar. Türkmenistanda innowasion senagat, bäsdeşlige ukyply innowasion ykdysadyýet kemala gelýär. Döwlet durmuşynyň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda ylmy ösdürmek bilen bagly işlere möhüm ähmiýet berilýär, dünýäniň öňdebaryjy tejribesi nazara alnyp, ylym ulgamynda düýpli işler amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, dünýä siwilizasiýasynyň, medeniýetiniň ösüşlerine goşan goşandyny beýik akyldarlarymyzyň edebi, ylmy mirasyny öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda hem möhüm ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

Ylym — ösüşleriň binýady

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilimiň kämilleşmegine aýratyn üns berlip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý durmuş tejribesine esaslanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine, şeýle hem jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin ylmyň dürli ugurlaryndan kämil hünärmenleri taýýarlamakda işler üstünlikli amala aşyrylýar. Munuň üçin ylmyň ugurlaryna, sanly tehnologiýalara aýratyn ähmiýet berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylymly-bilimli, sagdyn, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga başarnykly nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw maksatnamalary milli ýörelgelere laýyklykda kämilleşdirilýär. Täze tehnologiýalar, sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar.

Atlary iýmitlendirmegiň täze tehnologiýalary

Dünýä meşhur ahalteke atlarynyň gözelligine, ýyndamlygyna, ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümliklerden taýýarlanylan ot-iýmleri kabul etmeginiň hasabyna eýe bolandygy hemmelere mälimdir. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýerli tebigy we toprak-howa şertlerinde ösüp ýetişen ösümlikleri, olaryň miweleri, däneleri hem-de olardan galýan önümçilik galyndylary bilen bilelikde ulanmak arkaly täze tehnologiýalar esasynda iým garyndysyny öndürmegi maksat edindik. Häzirki zaman iým garyndysy diňe bir atyň energiýa we ýokumly maddalara bolan talabyny üpjün etmän, eýsem, onuň umumy immun ulgamynyň kadaly ýagdaýda bolmagyny hem üpjün etmelidir. Şu nukdaýnazardan, biziň öndüren iým garyndymyzyň düzümine adaty däl goşundylaryň, ýagny bakja ekinleri bolan – kädiniň we garpyzyň ununyň girizilmegi atyň immun ulgamynyň kadalaşmagyna peýdaly täsirini ýetirýär. Şeýle hem bu goşundylaryň girizilmegi atyň bedeniniň witaminler bilen üpjünçiliginiň has-da gowulanmagyny, kesellere durnuklylygynyň ýokarlanmagyny üpjün etmeli. täze iým garyndysynyň ähmiýeti dogrusynda geçirilen ylmy-barlag işleri onuň artykmaç hem-de ýetmezçilik taraplaryny ýüze çykarmaga mümkinçilikleri döretdi.

Dil bilene ýollar açyk

Adam näçe köp dili bildigisaýyn, şonça-da medeniýetli bolýar, gözýetimi giňeýär. Sebäbi dilleriň üsti bilen halklaryň ruhy hazynasyna aralaşýarsyň. Diller halklary dostlaşdyrýar, bir-birine ýakynlaşdyrýar. Dil öwrenmäge isleg bolanda, bu arzuwyňy amala aşyrmak hiç haçan giç däldir. Esasy zat dil öwrenmäge islegiň bolmagydyr. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýaş nesle eýýäm çagalar baglarynda dilleriň birnäçesi öwredilýär. Mekdebimizde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren «Dünýä dilleri» atly edebi söhbetdeşligimizde diňe bir bular hakynda däl, eýsem, hormatly Prezidentimiziň aladalary bilen ýaşlara dünýä dilleriniň birnäçesiniň häzirkizaman usullary, kämil okuw kitaplary, elektron kitaplardyr sözlükler, okuw gollanmalary esasynda çuňňur öwredilýändigi hakynda gyzykly çykyşlar guraldy. Bu çärede Magtymguly Pyragynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden parçalaryň türkmen, iňlis, rus dillerinde ýatdan okalmagy oňa gatnaşýan mugallymlarda we ata-enelerde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Pederleriň ýoly – nusgalyk mekdep

Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar. Ylymyň we bilimiň mazmuny we hili, onuň elýeterliligi aýratyn şahsyýetiň isleglerine laýyk gelmegi köp babatda häzirkizaman jemgyýetiniň intellektual mümkinçilikleriniň ýagdaýyny kesgitleýär. Bu ulgama maglumat we innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň esasynda ony çalt depginler bilen ösdürmek milli derejede ileri tutulýan möhüm ugur bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän bilim özgertmeleri häzirki wagtda türkmen ýaşlarynyň kämil derejede bilimli bolup ýetişmeklerini üpjün edýär. Ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän alada öz miwesini hem berýär. Watanymyza, halkymyza, ata-babalarymyzyň ajaýyp ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza wepaly, ruhubelent, bilim almaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli ýaşlar kemala gelýär. Soňky ýyllarda halkara ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplarymyzyň, mekdep okuwçylarymyzyň sany has-da artýar. Munuň özi bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilýändigini, özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň beýan edý