"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ylym-bilim öwrenmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym-bilim ulgamynda uly özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, daşary ýurt dillerini bil-ýän kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredil-ýär. Häzirki döwürde bilim ulgamynda amala aşyrylýan taryhy ähmiýetli özgertmeler döwrebap häsiýetlidir. Ýurdumyzda ýokary hilli bilim bilen bir hatarda ýaş nesliň döwrebap terbiýesi hem derwaýys hasaplanýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaşlarymyzyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmegi, watançylygyň belent ruhunda terbiýelenmegi, täze bilimleriň özleşdirilmegi bilen baglanyşykly möhüm wezipeleriň durmuşa geçirilýändigini aýratyn bellemek gerek. Ylym-bilimi öwrenmekde dil biliminiň hem möhüm orny bar, çünki dünýä dillerini bilýän hünärmen ylmy edebiýatlardan peýdalanyp bilýär. Dünýäniň ylmy edebiýaty bilen ýakyndan tanyşmakda daşary ýurt dilleriniň uly ähmiýetiniň bardygy bellärliklidir. Hawa, daşary ýurt dillerini öwrenmek dünýägaraýşymyzy giňeltmegiň, bütindünýä bilen aragatnaşyk saklamagyň möhüm şertidir. Häzirki döwürde daşary ýurt dillerini bilmek zerur hasaplanýar, çünki iň täze tehnologiýalardan baş çykarmak, dünýä ýaşlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň möhüm talaby bolup durýar. Şonuň üçin eýýäm mekdebe çenli çagalar edaralarynd

Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby — ýaşlar üçin nusgalyk gollanma

6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Dünýä ölçeglerine laýyklykda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamyny has-da ösdürmek ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda orta mekdeplerde alnyp barylýan işler möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy pederlerimiziň ýol-ýörelgelerinden gözbaş alyp, dünýäniň ösen ylmy tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen has-da kämilleşdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» bilim ulgamynyň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmekde, sanly enjamlary giňden peýdalanmak arkaly bilim berlişiniň hilini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ojaklarynyň ählisinde sapaklary multimediýa serişdelerini peýdalanyp, interaktiw usulda geçmäge mümkinçilikler döredilýär. Multimediýa serişdesini peýdalanmak arkaly okuwyň interaktiw usulda geçilmegi sapagyň gyzykly, özüne çekiji bolmagyna, çuňňur özleşdirilmegine we ýaşlaryň döwrüň ösen tehnikasynyň mümkinçiliklerine akyl ýetirmeklerine ýardam edýär.

Ylym-bilim dünýäsinde

Ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş mugallymlary Ýaponiýa döwletiniň Sukuba uniwersitetinde bir aýlyk iş saparynda bolup geldiler. Bu iş sapary ýurdumyzda inženerçilik we tehnologik ylmy ugurlary ösdürmekde ýapon tejribesini öwrenmäge uly ýardam berdi. Ýaponiýa diýlende, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalar göz öňüňde janlanýar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Çünki Ýaponiýa innowasion tehnologiýalary öndürmek we eksport etmek boýunça dünýäde öňdeligi saklap gelýän ýurtlaryň biridir. Hut şonuň üçin hem 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň asylly başlangyçlary we ak patasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açylanda, turuwbaşdan, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde Ýaponiýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinden birnäçe professor gelip, biziň uniwersitetimizde talyplara bilim-ylym öwretdiler. Şeýle-de uniwersitetimiziň köp sanly mugallymlary we talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde we beýleki birnäçe ýokary okuw mekdebinde gysga we uzak möhletleýin okuw saparynda bolup, bilimlerini, tejribelerini artdyryp geldiler. Ýaňy-ýakynda hem uniwersitetiň ýaş mugallymlary bu ýokary okuw mekdebinde iki aýlyk iş saparynda boldular.

Ylym — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim ösýär, ýaş alymlaryň täze nesli kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýaşlaryň ylym-bilim öwrenmekleri, olaryň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin ýaşlar dünýäniň ylmy gazananlaryny özleşdirip, dünýä dillerindäki ylmy maglumatlardan habarly bolýarlar. Bu hem ylmyň täze belentliklere ýetirilmeginde önjeýli goşantdyr. Häzirki wagtda ýurduň ösüşi ylym-bilim, innowasion tehnologiýalar bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin ýaşlarymyzyň ylym-bilim öwrenmeklerini ýola goýmak, olaryň ylmy garaýyşlaryny durmuşa geçirmäge mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda ýaş alymlara döredilýän mümkinçilikler, olaryň tehnologiýalara erk etmegi üçin bar bolan şertler aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi bu ugruň mundan beýläk hem ösdürilmegini, alymlaryň, ylmy işgärleriň täze nesliniň kemala gelmegini üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz bu barada şeýle belleýär: «Ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşini täze derejelere çykarmak, ylmy barlaglaryň, tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, olary jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek alymlarymyzyň öňünde goýýan wajyp wezipelerimizdir». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, jemgyýetimiziň ösüşinde alymlaryň, işgärleriň öňünde uly wezipel

Watanymyzyň daýanjy

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň biri-de ýaşlara dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek bilen birlikde, olary milli ruhda terbiýelemekden ybaratdyr. Bu babatda göreldäniň orny uludyr. Hormatly Prezidentimiz Watany söýmek, ony gözüň göreji deýin gorap saklamak, ýaşuly nesli sylamak, kiçä hormat goýmak, milli däp-dessurlary, edep-kadalarymyzy sarpalamak meselelerine aýratyn üns berýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ähli ýokary okuw, orta hünär okuw we orta mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly geçirilýän okuw sapaklary, internet bäsleşikleri guramakda, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde we öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Dostluk — ruhy jebislik

Türkmen-özbek dostlugy köküni halklarymyzyň gadymy taryhy ýolundan alyp gaýdýar. Özbegistanyň alymlary, ylmy-döredijilik intelligensiýasy beýleki ugurlar bilen birlikde dil, edebiýat, medeniýeti öwreniş ylymlary boýunça hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk saklaýar. Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmeginiň özi ýurtda ýaşlara iňňän uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Ýylyň jemlenilmegi mynasybetli Aşgabatda ýaşlaryň uly forumynyň, halkara ýaryşlarynda üstünlik gazanan türkmenistanly ýaşlary sylaglamak dabarasynyň geçirilmegi hakyndaky täzelik, bu forumyň çäklerinde geçirilýän wideoýazgylara gatnaşmagymyz bizi örän begendirýär. Meniň kakam filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Kerimbaý Kurambaýew türkmen-özbek edebiýatynyň umumylyklary, Magtymguly Pyragynyň döredijiligi hakynda köp işleri alyp baran özbek we türkmen alymy hökmünde tanalýar. Kakama türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan «Magtymguly Pyragy» medalynyň gowşurylmagy biziň maşgalamyz üçin aýratyn gymmatlydyr. Men hem peder ýoluny dowam etmek bilen, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary bilen döredijilik hyzmatdaşlygyny alyp barýaryn.

“Ylymly il ozar”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Preziden-timiziň baştutanlygynda ylym-bilime, ýaşlaryň hünärlerine aýratyn üns berilýär. Esasan hem ýaşlaryň öz saýlap alan hünärlerine oňat düşünýän, ylymly, bilimli bo-lup ýetişmekleri möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde bu ugurdan möhüm işler alnyp barylýar, ýaşlar hünäre ugrukdyrylýar we olaryň ylymly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Garaşsyz, he-mişelik Bitarap Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan üs-tünliklere, eýelenýän belent sepgitlere tüýs ýürekden buýsanýarys. Ylym-bilim ulgamynda milli özgertmelerimiz üstünlikli alnyp barylýar we maksatnamalarymyz durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli günlerinde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, orta mekdepleriň döwrebaplaşdyrylmagy, häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýar

Ylymlaryň ummanynda

Tamamlanyp barýan ýylymyz Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymlarydyr talyplary üçin hem düşümli ýyllaryň biri boldy. Şanly ýylda olaryň birnäçesi döwlet we halkara derejeli bäsleşikleriň ýeňijileri hem-de abraýly sylaglardyr baýraklaryň eýeleri boldular. Şeýle talyplarymyzyň biri hem biologiýa hünäriniň dördünji ýyl talyby Döwran Ahmedowdyr. Üstümizdäki ýylda oňa Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Ylmy gözleglere yhlaslylyk bilen ýapyşýan Döwran Ahmedow «Arnap agajynyň wegetatiw köpeldilişi we gök zolaklarda ulanmagyň aýratynlyklary», «Türkmenistanyň mollýuskalarynyň poleobiologiýasy», «Öý şertlerinde çybynlara garşy göreşmegiň sada usullary», «Azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde üzüm çigidinden senagat ähmiýetli önümleri almak» ýaly mowzuklar boýunça taýýarlan ylmy işleri bilen ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşiklere yzygiderli gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ol nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek maksady bilen institutyň tejribe meýdançasynda-da yzygiderli işleri alyp barýar. Şeýle hem ol üstümizdäki ýylda şu ýokary okuw mekdebinde işläp başlan ÝUNESKO kafedrasynyň hem işjeň agzalarynyň biri. Döwran ýurdumyzyň we dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, internet olimpiadalarynda hem ýokary netijelere eýe b

Ylmy – döredijilik bäsleşigi

Golaýda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň guramagynda, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaşlaryň şekillendiriş sungatynda» atly iň gowy şekillendiriş işleriniň ylmy-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, kesgitlenen wagtda çeperçilik serişdelerinden peýdalanyp, dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belli şygyrlarynyň mazmunyny beýan etmekde Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby Mähri Atajanowa baýrakly 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Ýeňijä Hormat haty, sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täze bina — üstünliklere hemra

Golaýda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasy ulanmaga berildi. Ýurdumyzda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň amala aşyrýan ylmy işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Paýtagtymyzyň Bekrewe köçesiniň ugrunda gurlan täze binanyň umumy meýdany 1,5 gektara deňdir. Dört gatdan ybarat täze binanyň ähli iş otaglary, barlaghana bölümleri iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilipdir. Binada, şeýle hem maglumatlar otagy, kitaphana, muzeý, mejlisler zaly bar. Ýurdumyzyň gurluşyk pudagynyň ösüşinde institutyň bitirýän işleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Ylym — geljege şamçyrag

Ýurdumyzda ylym ulgamy dünýä ölçeglerine laýyklykda ösdürilýär, onuň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, ylmyň möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek, ýaş alymlary, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda himiýa senagaty üçin gerekli çig mallaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýelemek bilen Türkmenistan özünde bar bolan tebigy serişdeleri işjeň özleşdirip, umumadamzadyň bähbidine gönükdirýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty, esasan, 3 ugur boýunça ylmy-barlag işleri alyp barýar. Bu işler birinjiden, ýurdumyzyň gidromineral hem-de uglewodorod çig mallaryny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň ylmy esaslaryny, tehnologiýalaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak; ikinjiden, himiýa, nebit-gaz senagaty we beýleki pudaklarynyň önümçiliklerine ylmy-tejribe kömegini bermek, seljeriş işlerini, ylmy-önümçilik barlaglaryny hem-de derňewlerini geçirmek esasynda tehnologiýa resminamalaryny işläp düzmek; üçünjiden, ýurdumyzyň suw, toprak, howa gurşawlarynyň himiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek we baha bermek ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar.

Röwşen geljegimiziň kämilligi ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ähli ugurlar bilen bir hatarda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitleriň guwandyryjy netijeleri halkymyzy ruhlandyrýar. Geljegimiziň ýagty hem-de nurana ertelerimiziň eşretli boljakdygyna ynamymyzy berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Eziz Diýarymyzda ýaş nesillerimize bilim hem-de terbiýe bermek bilen bagly jogapkärli işlerde bilim işgärleri yhlaslaryny gaýgyrman, ýokary derejede öndürijilikli zähmet çekýärler. Hut şonuň netijesinde hem türkmen ylmy, bilimi täze basgançaklara çykyp, uly ösüşlere eýe bolýar, bilim ulgamynyň kanunçylyk binýady mäkäm tutulyp, ol halkyň eşretli ýaşaýşyna, bagtyýar durmuşyna gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işleriň durmuşa geçirilýän zamanasynda ýurdumyzyň her bir ulgamyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, ylym-bilim ulgamy, galyberse-de, ýaş nesiller baradaky mesele döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde paýtagtymyz Aşgabatda we ähli welaýatlarymyzda ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde ylymly, bilimli bolmagy üçin

Ylmy-barlag institutynyň täze binasy

Öňňin paýtagtymyzda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Bu waka ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň işiniň kämilleşdirilmegine, maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi. Aşgabat şäheriniň Bekrewe köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Kämil ymarat» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze binanyň umumy meýdany 1,5 gektara deň. Ol ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işlere ylmy esasda çemeleşmekde möhüm orna eýedir.

Innowasion tehnologiýalar — ösüşe tarap ýol

Eziz Diýarymyzda milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Biziň zähmet çekýän ylmy-önümçilik merkezimiz hem dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa biziň alyp barýan işlerimiziň ýokary derejesini üpjün edýär. Bilşimiz ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda halkara ülňülere laýyk gelýän sanly tehnologiýalary, öňdebaryjy önümçilik serişdelerini, ýokary öndürijilikli tehniki enjamlary ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistan iň täze nusgadaky kompýuter hem-de telearagatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanýan sanly ulgamy yzygiderli ösdürmekde uly mümkinçiliklere eýedir. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda möhüm çözgütleriň biri boldy. Konsepsiýanyň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady taýdan durnukly ösmegine kuwwatly itergi berjek öňdebaryjy sanly ulgamlary kemala getirmekden, sanly hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmakdan, sanly maglumat gorlarynyň ýurdumyzyň islendik künjeginde elýeter bolmagyny üpjün etmekden, sanly ulgamyň düzümlerini we işleýşiniň h

Geçmişdäki belli türkmen lukmanlary

Adamzadyň umumy mirasy bolan ylmyň ösmegine mynasyp goşandyny goşan alymlaryň hatarynda türkmenleriň geçmişde ýaşap geçen tanymal lukmanlaryny bellemek gerekdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynda: «Türkmen lukmançylygynyň milli mirasynyň köklerini goýup giden beýik şahsyýetleriň ömrüni, hünär döredijiligini, ylmy mirasymyzy öwrenmek biziň nesillerimiziň mukaddes borjudyr» diýen sözlerinden belli bolşy ýaly, geçmişde uly yz galdyran lukmanlaryň, tebip alymlaryň ömri we lukmançylykda bitiren hyzmatlaryny giňişleýin öwrenmek, olar dogrusynda maglumatlary toplamak bu günki nesliň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Türkmeniň belli lukmanlary Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany, Omar Çagmini, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmeni, Seýit Ysmaýyl Jürjany, Ahmet ibn Muhammet ibn Taýýyp Sarahsy, Aly Ahmet Nesewi ýaly alymlaryň atlaryny buýsanç bilen ýatlamalydyrys. Abu Sähl ibn Ýahýa al-Masihi Jürjany X-XI asyrlarda ýaşap geçen belli alymdyr. Bu görnükli şahsyýet Hazar deňziniň günorta-gündogaryndaky Gürgen (Jürjan) şäherinde doglupdyr. Gürgende, Bagdatda, soňra Horezmde Abul Apbas Mäminiň köşgünde işläp, Köneürgençde ýaşapdyr. «Lukmançylyk boýunça ýüz sorag», «Tebigat hakynda ylym», «Umumy lukmançylyk», «Mama keseli barada makala», «Gyrgyn keseli barada kitap»

Ylmy gözlegler, oňyn netijeler

Gowaça süýüm alynýan oba hojalyk ekinleriniň arasynda iň ähmiýetlisi bolup, ol ýurdumyzyň ähli welaýatynda ösdürilip ýetişdirilýär. Gowaça çigidinden mallar üçin iým we azyk önümçiliginde giňden ulanylýan ýag alynýar. Gowaça çöpi hem senagat ähmiýetlidir. Ýaňy-ýakynda institutymyzyň halypa mugallymy, tejribeli himiýaçy Taýyr Mämedow bilen köp synanyşyklardan soň gowaça çöpünden «furfurol» atly himiki birleşmäni almagy başardyk. Munuň üçin ilki gowaça çöpüniň düzümini seljerdik we onda sellýulozanyň, ligniniň, geksozanlaryň, pentozanlaryň we kül emele getiriji maddalaryň bardygyny anykladyk. Netijede pentozana beýleki himiki serişdeler bilen kükürt kislotasyny goşup, ony gaýtadan işläp, furfuroly alyp bolýandygyny tejribe arkaly ýüze çykardyk. Furfurol senagatda öndürilýän himiki birleşme bolup, ony dürli oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryndan, şol sanda gowaça çöpünden hem öndürmek mümkindir. Furfurol we onuň furan spirti ýaly önümler gaty smolalary, aýna süýümlerini almakda we mineral dökün hökmünde ulanylýar. Onuň düzümi seljerilende, gowaça çöpünden alnan furfurolyň dünýä ülňülerine laýyk gelýändigi anyklanyldy. Geljekde furfurolyň önümçiliginiň giň gerimde ýola goýulmagy ýurdumyzyň önümçilik binýadyny has-da ýokarlandyrmaga we galyndylaryň daşky gurşawa täsirini peseltmäge goşant goşar. Şeýle hem zyňyndylary gaýtadan işlemegiň ekologiki we ykdysady taýdan bähbitlidigini a

Gujurly ýaşlar we döwrüň keşbi

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň gujurly ýaşlary» atly sergi açyldy. Sergide bu ýokary okuw mekdebiniň uçurymlarynyň we talyplarynyň döredijilik işleri görkezildi. Bu bolsa zehinli ýaşlaryň şu ýyl ylmy döredijilikde, halkara ders we döwlet bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň üstüni ýetirdi. Her ýylyň dekabrynda geçirilýän sergide ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen iň gowy eserler görkezilýär. Bu ýylky sergide şekillendirişiň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, keramika ugurlary boýunça döredilen eserleriň hem-de sungaty öwrenijileriň taýýarlan kitapçalarynyň temasy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherine, şeýle-de Gündogaryň görnükli akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlandy.

Ylym — gymmatly baýlyk

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesle bilim we terbiýe bermek bilen olaryň giň gözýetimli bolup ýetişmeklerinde ähli zerur şertler döredilendir. Ýaş nesle ähli ugurlaryň, öwredilýän dersleriň gyzykly bolmagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Matematika sapagy hasaplama sapagy bolup, ol ýaş nesliň ýatkeşligini, dünýä akyl ýetirijilik ukybyny ösdürmäge, özbaşdak döredijilik işini kämilleşdirmäge ýardam berýär. Şonuň üçin ýaşlar uly höwes bilen berlen mysallary çözmäge, alan bilimlerini çuňlaşdyrmaga ymtylýarlar. Matematika — dünýäde iň gadymy ylymlaryň biridir. Ol düýpli ylymdyr. Matematika grek sözünden gelip çykyp, «öwrenmek, ylym, bilim» diýen manylary berýär. Matematika sanlar, ululykly gatnaşyklar we giňişlik formalary baradaky ylym hasaplanylýar. Hakykatda matematika bilimleriň we dünýädäki ähli tehniki serişdeleriň, enjamlaryň esasynda ýatan ylymdyr. Meselem, matematika fizikanyň esasydyr we dünýädäki bolup geçýän ähli fiziki hadysalar matematiki formulalaryň kömegi bilen ýazylýar. Orta mekdeplerde we ýokary okuw mekdeplerinde matematikanyň, biraz soňra bolsa algebranyň öwredilmegi ýöne ýerden däldir. Häzirki zaman programmalaşdyrma dilleriniň esasynda matematika we matematiki analiziň formulalary ýatandyr.

Ylmy işgärler pikir alyşdylar

24-nji noýabrda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynda Günbatar Türkmenistan sebiti boýunça nebitiň, gazyň we kondensatyň çykarylyşyny ýokarlandyrmagyň meselelerine bagyşlanyp, «Ýurdumyzda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmagyň ýollary» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlarynyň we ýaş hünärmenleriniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymlarynyň çykyşlary diňlenildi.