"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Diýar waspy dünýä içre ýaň salýar

7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň düzgünlerine laýyklykda, her welaýatdan, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň hersinden iki aýdymçy jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin saýlanyp alyndy. Netijede, 14 sany ýaş aýdymçy «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Konsertiň jemleýji tapgyrynyň ähli gatnaşyjylarynyň ýerine ýetirmeginde bäsleşigiň özboluşly senasyna öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» atly aýdym bilen dabaraly başlanmagy döredijilik çäresine baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Açyk sahna meýdançasyndaky çykyşlar halkymyzyň aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegi hem-de ýaş zehinleriň döredijilik taýdan kemala gelmegi üçin uly mümkinçilikleri döretmek ugrunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ägirt uly aladasynyň subutnamasydyr.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Durnalary gonduran senediň çapyksuwary — 1965-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde türkmen bagşylarynyň ýurt boýunça birinji seminary geçirildi. Şol çärä Paşşaguly Girmanow hem çagyrylan ekeni. Talyp döwrüm bolansoň boş wagt tapsam onuň ýanyna barýardym — diýip, bagşy Baýmuhammet hajy gürrüňini dowam etdi. — Bir gün atly bagşylaryň özara söhbet gurap oturan jaýyna baranymyzda Rejepnur bagşy oturanlar bilen tanyşdyrdy. Olar ýurdumyzyň ady belli bagşylary ekeni. Olaryň biri: “Girman bagşynyň ogly bolsaň halypanyň ýolundan bir aýdym aýt, göreli” diýip, Paşşagulydan haýyş etdi. Ýöne ol: «Ussatlaryň ýanynda aýdym aýdyp bilmen-ä» diýip ýaýdanjyrady. Rejepnur bagşy:

Kalby joşgunly ýaş zehin

Güneşli Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň öz saýlap alan ugurlarynda, şol sanda sungat äleminde zehinlerini artdyrmaklaryny, kämilleşmeklerini gazanmakda geçirilýän döredijilik bäsleşikleriniň uly ähmiýeti bardyr. Şeýle bäsleşikleriň biri zehinli çagalaryň arasynda guralýan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik bolup, onuň ýakynda geçirilen jemleýji tapgyry ýatda galyjy şatlyk-şowhunly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde welaýatymyzdan Türkmenbaşy şäherindäki 4-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Aýhan Serdarow üstünlik gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Ýaşajyk aýdymçy bäsleşigiň döwlet tapgyrynda «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy ýerine ýetirdi. Kalby aýdym-saza söýgüden doly Aýhan bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol ýürek buýsanjyny şeýle beýan etdi: — Okuwdan boş wagtlarym Türkmenbaşy etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine gatnaýaryn. Ol ýerde maňa mugallymym Nurgylyç Annagylyjow halypalyk edýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşige gatnaşyp, deň-duşlarymyň birnäçesi bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolandygyma begenjimiň, buýsanjymyň çägi ýok. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýra

Aýdym — onuň hemrasy

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyzda medeniýetimiziň, sungatymyzyň gülläp ösmegi, dünýä ýaýylmagy, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän aýdym-saz bäsleşikleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde yglan edilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry ýokary ruhubelentlige, şatlyk-şowhuna beslendi. Bu bäsleşikde welaýat medeniýet merkeziniň aýdymçysy Guwanç Toýçyýew hem ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna — altyn zynjyryna mynasyp bolmagy başardy.

Zehinli çagalaryň sungat baýramçylygy

Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşyjylaryň jemleýji konserti geçirildi. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen sungat baýramçylygyna ýurdumyzyň welaýatlarynda, Arkadag we Aşgabat şäherlerinde geçirilen tapgyrlaryň ýeňijileri gatnaşdy. Berkarar Watanymyzyň umumybilim berýän we sazçylyk mekdeplerinde, döredijilik merkezlerinde hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda bilim alýan we terbiýelenýän zehinli çagalary ýüze çykarmak, olaryň zehinlerine goldaw bermek, çeper höwesjeňligini, sungat ussatlygyny žanr taýdan köp dürli öwüşginleri bilen ösdürmek, milli aýdym-saz medeniýetiniň ýörelgeleriniň dowamatlylygyny berkitmek, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli sungatymyza söýgüsini artdyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşik turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Bagtyýar çagalaryň Watana bolan çäksiz söýgüsi, ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, zehin-başarnygy, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy sungat çykyşlarynda aýdyň ýüze çykdy.

Şa serpaýly ýaş zehin

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Begpolodowanyň bolmagy ählimizi begendirdi. Ogulşat bagtdan paýly, zehinli çagalaryň biri. Ol sapaklaryna oňat bahalar bilen ýetişip, mekdepde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar hem deň-duşlaryna, boýdaşlaryna görelde bolýar. Onuň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlary toý-baýramlaryň bezegine öwrülip, hemmelere ruhy şatlyk paýlaýar. Ogulşat bilen gürrüňdeş bolanyňda, ol aýdym-saza höwesiniň çagalar bagyna gatnan döwürlerinde dörändigini, has kiçiliginden sungata ýykgyn edendigini, indi birnäçe ýyldan bäri mekdepde, şeýle-de etrap derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip gelýändigini guwanç bilen gürrüň berdi.

Ýaş aýdymçylaryň sungat baýramy

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Her ýyl ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda möhüm badalgadyr, halypa-şägirtlik ýolunyň iň gowy däpleriniň dabaralanmasydyr. Telebäsleşigiň 7-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen jemleýji tapgyry munuň şeýlediginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Oňa deslapky tapgyrlarda saýlanyp alnan iň ökde ýaş zehinleriň 14-si gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýeňijilere ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bolsa aýdymly köňüllere ganat berdi. Ýeňiji bolan ýaş zehinleriň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Balasy, biz balasy, biz Watanyň balasy Gahryman Arkadagyň saýrak merjen dänesi

6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýaş nesliň wekilleriniň arasynda her ýyl geçirilýän döredijilik festiwalyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli çagalar gatnaşdylar. Ýaşajyk artistler mähriban Watanymyzy, zähmetsöýer halkymyzy, türkmen topragynyň gaýtalanmajak tebigatyny ruhubelentlik bilen wasp etdiler. Gazetimiziň bu sanynda bäsleşigiň ýeňijileriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris. Arslan IGLIÝEW,Aşgabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy:

Ýaşajyk bilbiller

Ynsanyň ukyp-başarnygyny, zehin aýratynlygyny aýdyň ýüze çykarmaga ýardam berýän döredijilik bäsleşikleri ýurdumyzda her ýylda geçirmek däp boldy. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda geçirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigi, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi, zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», ýaş aýdymçylaryň «Ýylyň parlak ýyldyzy» atly we beýleki döredijilik bäsleşikleri aýdym-saz sungatymyzy, milli medeniýetimizi ösdürmekde uly goşantdyr. Şeýle uly ähmiýete eýe bolan bäsleşikleriň biri — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi. Ol ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň konserti boldy. Konsert Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň guramagynda geçirildi.

Zehinli ýaşlaryň bäsleşigi

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyny uludan toýlamaga taýýarlyk görülýän şu günlerde ýurdumyzda aýdym-sazly dabaralara, döredijilik bäsleşiklerine giň gerim berilýär. Her ýyl zehinli çagalaryň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry hem şolaryň biridir. Golaýda paýtagtymyzda geçirilen bäsleşige Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň wekilleri bilen birlikde lebaply ýaşlar hem gatnaşdylar. Welaýatymyza wekilçilik eden Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 17-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Merjen Abaýewa bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş etdi. Eminler topary tarapyndan ildeşimiziň ýerine ýetirijilik ussatlygyna, ukyp-başarnygyna ýokary baha berildi. Ol «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda beýleki ýeňijiler bilen bir hatarda ildeşimiz Merjen Abaýewa hem degişli Diplom we noutbuk kompýuteri bilen sylaglanyldy. Şonuň ýaly-da bäsleşige gatnaşan ähli çagalara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Edep-terbiýäniň milli mekdebi

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Dünýä edebiýatynyň döwresi

«Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyna gaýybana syýahat (Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç

Berkarar döwletimizde türkmen halkynyň taryhyna zynat berýän milli gymmatlyklarymyz mukaddeslik derejesinde sarpalanýar. Gözelligi we nepisligi bilen meşhurlyk gazanan milli halyçylyk sungatymyz hem dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen milli sungatymyzdyr. 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyňdyr mugallymlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan gezelenç milli senedimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany boldy.

Halklary ýakynlaşdyrýan eser

«7/24.tm»:№37 (224) 09.09.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry ins­ti­tu­tyn­da Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» at­ly ki­ta­by­nyň pars di­li­ne ter­ji­me edil­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar ins­ti­tu­tyň eý­wa­nyn­da gu­ra­lan türk­men ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri bi­len ta­nyş­dy­lar. Mas­la­hat «Ene — Ze­min mu­kad­des­li­gi» at­ly ede­bi-saz­ly kom­po­zi­si­ýa bi­len açyl­dy. Dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­tir­me­gin­de ýaň­la­nan aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar çä­rä aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.

«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Şu gün — 6-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilen zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen mähirli Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen bu bäsleşige Arkadag we Aşgabat şäherlerinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan mekdep okuwçylarymyzyň 21-si gatnaşdylar. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak, olary döredijilige höweslendirmek maksady bilen her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde çykyş eden ýaşajyk aýdymçylarymyz ata Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. 

Ildeşimiz — baş baýragyň eýesi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen hünär bäsleşigi yglan edilipdi. Golaýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda şu bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Amangözel Tagandurdyýewa döwlet bäsleşiginde şowly çykyş etdi. Ol bäsleşigiň ähli şertlerini dürs we takyk ýerine ýetirip, öňe saýlandy we baş baýraga mynasyp boldy. Lebaply kitaphana işgäriniň bäsleşikde ýeňiji bolmagy onuň ýokary hünär ussatlygyndan, ukyp-başarnygyndan habar berýär. Biz ildeşimizi gazanan üstünligi bilen gutlap, oňa geljekde-de gadamlarynyň şowly bolmagyny arzuwlaýarys.

Medeni habarlar

Türkmen aýdymçysynyň ýeňşi Şu ýylyň 26-30-njy awgusty aralygynda ÝUNESKO-nyň howandarlygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde «Şark taronalari» («Gündogar sazlary») atly XIII halkara aýdym-saz festiwaly geçirildi. Dünýäniň 80 döwletinden 300-den gowrak wekiliň gatnaşmagynda geçirilen festiwalda Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Saparmyrat Annamyradowyň, Döwlet Daňatarowyň gyjakda, dutarda, Türkmenistanyň halk artisti Hakberdi Allamyradowyň depde sazandarlyk etmeginde «Düşmüşem», «Dagarman», «Maral zeýrendi», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary uly joşgun bilen ýerine ýetirdi. Türkmen aýdymçysynyň çykyşy emin agzalary tarapyndan birinji orna mynasyp görüldi we oňa festiwalyň Diplomy, pul baýragy hem-de ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sahnada durmuş dowam edýär

Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa bu hakykaty öz durmuş ýoluna salgylanyp aýdýar. Ol ata-eneden ir jyda düşýär. Hossarlary gowy adamlar bolsalar-da, ýaş gyz boýny buruk gezýär. Göwni ýykylan ýerde mähriban käbesini, peder mährini küýsäp, ýeke-ýalňyz aglan wagtlary az bolmaýar. Nätjek-dä, bu durmuş, onuňam öz ýollary bar... — Durmuşda bir zadyňy ýitirseň, ikinji bir zadyňy tapýan ekeniň. Gowy adamlara sataşmagym meniňem durmuşymy düýpgöter özgertdi. Olar meniň daşymy gallap alyp, ýoluma şamçyrag boldular. Her gezek şol günleri ýatlasam, şahyr Gurbannazar Ezizowyň:

Şirwan perdeleriň owazy geldi

Sungata, aýdym-saza sarpasy belent halkymyzda «Bagşyly il — bagtly il», «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýen kelam bar. Aýdym-saz parahatçylygy wasp edýär, bagtyýarlygy dünýä ýaýýar. Ynsan kalbynyň inçe duýgularynda ýaşaýan hoş owazlar geçmiş taryhymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar geljegimiziň waspydyr. Pederlerimiz sazyň güýji bilen parahat durmuşyň, asuda ýaşaýşyň, agzybirligiň kemal tapýan nusgalyk ýoluny miras goýupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp eserinde aýdym-saz sungatynyň ynsan kalbyna ruhy gözelligi bagyş edýändigi aýdyň beýanyny tapýar. Ruhy gözel, göwni hoş, ýüregi päkize ynsanlar ýagşylyklaryň ýarany, sogaply işleriň hemrasy hasaplanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi halkymyzyň ruhy hazynasynyň mertebelenmesidir. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda ýaňlanan aýdym-sazyň jadylaýjy güýji ýüreklere ýol saldy. Dutarçy bagşy-sazandalar gazma dutaryň şabram şelpelerinden çykýan ajaýyp mukamlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylara ruhy l

Ýaş zehin

Bagt basgançagyna badalga Döredijilik islendik adamyň kalbynda ýaşaýar. Çeper döredijilige, sungata çagalykdan imrinmek ykbal ýollaryňa şugla saçýar. Ýurdumyzda ýaş zehinleri goldamak, olary ýüze çykarmak babatynda yzygiderli geçirilýän bäsleşikler, ýaryşlar, dürli çäreler zehinli nesilleriň birnäçesini orta çykardy. Hormatly Prezidentimiziň: «Sungat äleminiň ýaş ýyldyzlarynyň — siziň joşgunly aýdym-sazlaryňyz eziz Diýarymyza, mähriban halkymyza, ajaýyp tebigatymyza, milli sungatymyza beýik buýsanjyň hem-de wepalylygyň beýanydyr. Siziň şirin sazlaryňyz, ajaýyp aýdymlaryňyz täsin gözellik dünýäsidir» diýip belleýşi ýaly, ýaş zehinleriň döredijilik dünýäsi döwrüň belent ruhy joşgunynyň aýdyň nyşanydyr.