"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Medeniýet hepdeligine badalga berildi

Şu gün – 22-nji iýunda Arkadag şäherinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligi öz işine başlady. Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda sungat baýramçylygynyň açylyş dabarasy geçirildi. Teatryň eýwanynda şekillendiriş, amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergisi giňden ýaýbaňlandyryldy.

Hoş geldiň, köňül baýramy!

Biz oňa hemişekimiz ýaly garaşdyk. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu köňül toýumyzda buýsanç bilen aýdara, guwanyp söhbet edere zat diýseň kän. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi öňkülerden has üýtgeşik geldi. Ilki bilen, munuň özi ýylymyzyň ady bilen sazlaşykly ýaňlanýar. Doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga dünýä derejesinde goýulýan belent hormat edebiýatymyza, medeniýetimize, sungatymyza goýulýan beýik sarpadyr. Ýylyň ady we bu ýylda bolup geçýän şanly wakalaryň ählisi milli medeniýetimizi hem-de sungatymyzy has-da dabaralandyrýar.

Döwürleri baglanyşdyrýan köpri

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegi bu gadymy topragyň baý taryhyna uly sarpadan nyşandyr. Şeýle abraýly derejäni göterýän Änew şäheri bu gün dünýäniň nazaryny özüne gönükdirýär. Şu mynasybetli ýylyň dowamynda guraljak çärelere badalga beren dabaranyň geçirilen günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny halkymyza peşgeş bermegi bolsa bu topragyň şöhratly taryhyny beýan edýän ygtybarly maglumatlary has içgin öwrenmäge, bu ýerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan täsin tapyndylaryň ähmiýetine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik döretdi. Kitapda Änew medeniýetiniň mirasdüşeri bolan bu künjegi täze taryhy döwrüň ruhuna laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan belent maksatly işler barada-da söhbet edilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi badalga alýar

Berkarar döwletimizde yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu çäre beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, şeýle hem Arkadag şäheriniň döredilmeginiň birinji ýyllygyna bagyşlanylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, döwlet ähmiýetli şäher diýlen özboluşly derejä eýe bolan Arkadag şäheriniň taryhy 2023-nji ýylyň 29-njy iýunyndan başlandy.

Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara

Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar!

Kitap bereni unutma!

Gündogarda: «Saňa kitap sowgat bereni hergiz unutmagyn! Çünki ol iň gowy, iň gymmat sowgady beren adamdyr» diýilýär. Kitap beren saňa dünýe baýlygyny — akyly, erki, ylmy, bilimi, ukyp-başarnygy, ajaýyp maksatlary we olara barýan ýol-ugry, bagty bagyş eden adam hasaplanylýar. Munuň şeýledigine halypamyz, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çapdan çykan «Dünýä akyldary — türkmen danasy» atly kitabyny sowgat berende nobatdaky gezek göz ýetirdik. Çünki täze kitap Magtymguly atamyz, onuň dür däneleri ýaly lowurdap duran şygyrlary dogrusynda makalalar, goşgulardyr hekaýalar ýazmagy maksat edinen döredijilik adamlary üçin aýratyn gymmatly. Metbugatda zähmet çeken uzak ýyllarynyň dowamynda Döwrangeldi aga Magtymguly Pyragy we onuň döredijiligi barada yzygiderli çykyş edip, onlarça makaladyr goşgular ýazyp, halk köpçüligine ýetirdi. Onsoň, şol eserleriniň iň saýlamalaryny bir kitaba jemläp, şanly ýyl mynasybetli özboluşly goşant goşmagy, il-ulsa sowgat etmegi maksat edinipdir. Netijede, Magtymguly atamyza bagyşlanan ýene bir kitap elimize gowuşdy. Hakykatdan hem, Türki medeniýetiň halkara guramasy — TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmegi, akyldar şahyrymyzyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we

Medeniýet — milletiň döredijilik kuwwaty

Ynsanyň ýüregi hem aňy elmydama ruhy güýç bilen iýmitlenýär. Ruhy güýç bilen ýaşaýar, döredýär, şol güýç bilen arzuw-hyýallaryny, maksatlaryny myradyna gowşurýar. Ol ruhy güýç bolsa milletiň medeniýetinden iýmitlenýär. Berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň ruhy-medeni gymmatlyklary dünýä derejesinde sarpalanyp, olary il içinde wagyz edip, geljekki nesillere miras galdyrmak işleri yzygiderli ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistan döwletimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen medeni-ruhy başlangyçlary halkara bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy biziň üçin buýsançlydyr. Medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlarymyzyň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär. «Medeniýet milletiň döredijilik kuwwatydyr! Sungat medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň özboluşly dabaralanmasydyr! Edebiýat edebi gymmatlyklaryň ebedi hazynasydyr! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz medeniýeti, sungaty, edebiýaty ösdürmäge we döredijilik işgärleriniň işlemekleri, döwrebap eserleri döretmekleri üçin şertleri döretmäge uly ähmiýet berýäris. Medeniýet ulgamynyň kämilligi jemgyýetiň kämilligidir!» diýmek bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň ähmiýetiniň juda ýokarydygyny nygtaýar.

Kalby owazly mugallym

Talyplyk ýyllarymda her säher okuwa tarap ýola düşenimde, duralga golaý ýerdäki jaýyň açyk penjiresinden şirin aýdymyň owazyny eşidýärdim. Pianinonyň sesine goşulyp ýaňlanýan zenan sesi ýakymlylygy bilen ruhuňy galkyndyryp, göwnüňde täsirli duýgulary oýarýardy. Başymyzdan geçenleri, Bir sen bilýäň, men bilýän.Saçlarymy sypan elleri, Bir sen bilýäň, men bilýän...

Barça güller agaçdandyr

Golaýda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde yglan eden «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerini jemlemek we ýeňijileri sylaglamak maksady bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolduk. Saparyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň Magtymguly etrabynda we Gerkez obasynda ýerleşýän muzeýlerine gezelençler we dabaraly çäreler guraldy. Bu çärelerde ýaýbaňlandyrylan sergilerde agaçlardan ýasalan dürli sungat eserleri aýratyn ünsümizi çekdi. Senetkäriň «diňe gül döredýän ýüreginden» önen eserlerini synlap ýörşüme öz ýanymdan: «Barça güller agaçdandyr» diýip, hiňlenenimi-de bilmän galypdyryn. Gazetimiziň bu sanynda şol eserleri döreden Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, çeper döredijiligiň halk ussasy Maksat Şyhyýew bilen bolan täsirli söhbedimizi okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. — Maksat aga, aslynda, neçjarçylyk — agaç ussaçylygy bilen halkymyz örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Söhbedimiziň başynda bu sungatyň özboluşlylygy, aýratynlyklary barada gürrüň beräýseňiz?!

Baýram bu gün, toý bu gün!

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenilýär. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň çäklerinde sungatyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän çäreler, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça maslahatlar hem duşuşyklar geçirilýär. Bu hepdeligiň şu ýyl ilkinji gezek sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde geçirilmegi aýratyn buýsançlydyr. Arkadag şäheri türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, iň kämil tehnologiýalary ulanmak arkaly «akylly şäher» maksatnamasyna laýyklykda guruldy. Bu gün Arkadag şäheriniň dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň ýokary sylaglaryna eýe bolmagy bu ajaýyp şäheriň ekologiki we şäher gurluşygy, binagärçiligi hem-de kämil ýaşaýşy üpjün etmek boýunça halkara talaplaryna doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýaşamaga, işlemäge ýokary şertler döredilen Arkadag şäherinde medeni çäreleri geçirmek üçin hem ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açylmagy göz öňünde tutulýar. Soňra açylyşda medeniýet, sungat ussatlarymyzyň baýramç

Beýtseňem bolýarmy?..

(Bolan waka) Bu waka dynç alyş möwsüminde çagalarymyzyň özelenip, «Eje, mamamlara gidäýeli!» diýýän haýyşlaryny bitirmek niýeti bilen ejemlere sary ýola düşen günlerimiziň birinde bolup geçdi. Tomus paslynyň ir säheri, arassa howa, belentden-belent kaşaň jaýlar bag-bakjalar bilen sazlaşyp, göwnüňi göterýärdi. Daş-töweregi synlap, tebigaty aýawly, arassa saklamak barada çagalarymyza öwüt-ündew berip barýardyk. Birdenem öňümizden barýan awtoulagyň sürüjisi aýnasyndan içi boş gaply zibili şemalyň ugruna zyňyp goýberdi.

Kalp joşgunynyň baýramy

Ilhalar başlangyçlar halkyň goldawyna eýe bolup, durmuş ýörelgesine, asylly däbe öwrülýär gidiberýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilip başlanan Medeniýet hepdeligini buýsanç bilen mysal getirip bileris. 2013-nji ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda ilkinji gezek Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi halkymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak waka öwrülipdi. Dünýäniň ençeme ýurtlaryndan gelen edebiýat, sungat wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen hepdelik ýatdan çykmajak wakalara beslendi. 2014-nji ýylda bu medeni çäre gadymy Daşoguzy toýhana öwren bolsa, şondan soňky ýyl myhmanlary Mary topragy kabul edipdi. Şondan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen kalp gözelliginiň baýramy — Medeniýet hepdeligi ýylyň-ýylyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde hem-de Aşgabat şäherinde nobatma-nobat geçirilip gelindi. Bu ýyl bolsa Medeniýet hepdeliginiň öwüşgini has-da üýtgeşik bolar. Sebäbi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeligi Milli Liderimiziň paýhasyndan dörän Arkadag şäherinde uly şatlyk-şowhuna beslenip geçiriler. Türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny geljek nesillere geçirmekde Medeniýet hepdeliginiň aýratyn ähmiýeti we çuňňur many-mazmuny bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýola goýlan bu asylly däp giň möçberli medeni çärä öwrüldi. Oňa diňe bir öz ýurdumyzyň döredijilik toparlary we meşhur ýerine ýetirijiler däl, eýsem

Gözelligiň göwher gaşy

Aziýanyň merjen şäheri Aşgabadyň Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny barha giňedi. Ylaýta-da, Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz aladalary, döredijilik zehini, binagärlik paýhasy bilen soňky 15-16 ýylyň dowamynda Aşgabadyň şähergurluşyk pudagy görlüp-eşidilmedik derejelere ýetdi. Ak mermer bilen örtülen ýüzlerçe ymaratlar tapgyr-tapgyr bina edildi. Paýtagtymyzyň täsin binagärlik görnüşli desgalarynyň onlarçasynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa her birimizi buýsandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Aşgabady dünýäniň iň gözel şäherleriniň hataryna goşmak barada uly işleri amala aşyrýar. Muňa Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň Döredijilik şäherleriniň toruna «Dizaýn» ugry boýunça girizilmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Munuň özi Aşgabadyň dünýäniň iň kuwwatly, ösen we gözel paýtagtlarynyň birine öwrülýändigini subut edýär. Aşgabat häzirki zaman şertlerinde ileri tutulýan ekologiýa, peýzaž dizaýny we häzirki zaman ösen binalaryň içki we daşky dizaýn binagärligi babatynda-da sebit paýtagtlarynyň arasynda öňdäki hatarda durýar. Şäherimiz soňky ýyllarda gür baglygyň, seýilgähli bossanlygyň mekanyna öwrüldi. 2022-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherine BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly beren goldawy

Ussatlaryň sarpasy

Aýdym-saz — köňülleriň çapary. Şirin owaza maýyl ynsan ony ýerine ýetirýäniň haýsy halkyň wekilidigi barada pikir hem edenok. Esasy zat, sungatyň ýürekden orun almagy. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa we Medeniýet Şahberdiýewa hem ajaýyp sungaty bilen ýüreklerden orun alan ussatlardyr. Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara sungat festiwalynyň meşhur opera aýdymçylarymyzyň hormatyna ýörite baýraklary döretmekleri hem muňa şaýatlyk edýär. Şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda geçiriljek Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» VIII Moskwa halkara sungat festiwalynyň jemleýji konsertinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda Nury Halmämmedowyň wokal eserlerini iň gowy ýerine ýetirijä Medeniýet Şahberdiýewanyň adyny göterýän baýrak gowşurylar. Maýa Kulyýewanyň hormatyna döredilen baýraga bolsa milli-medeni däp-dessurlara esaslanýan kamera eserini iň gowy ýerine ýetiren gatnaşyjy mynasyp bolar. Festiwalyň guramaçylary bu baýraklaryň ýylda birini gowşurmagy maksat edinýär.

Bedirkentli kompozitor

2022-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Şadrin adyndaky döwlet pedagogik uniwersitetini tamamlap, Görogly etrabynyň 31-nji orta mekdebinde zähmet ýoluma başladym. Şonda öz zähmet ýolumyň milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan alym kompozitor Rejep Allaýarowyň ilkinji işlän mekdebinden başlanandygyna buýsanjym artdy. Rejep Allaýarow 1936-njy ýylda Görogly etrabynyň Bedirkent obasynda eneden dogulýar. 1953-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol döwürde Daşoguz şäherinde ýerleşen mugallymçylyk institutynyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Saz bilen bolsa ol özbaşdak meşgullanyp başlaýar. Fortepiano çalmagy, nota sowadyny öwrenýär. Ol 1957-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, 31-nji orta mekdepde zähmet ýoluna başlaýar. Durmuşy aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bilmedik ýaş ýigit bir ýyldan soň bu ugurdan ýörite bilim almaly diýen pikire eýerýär. Şeýlelikde, 1958-nji ýylda ol Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň «Horuň dirižýory» bölümine okuwa girýär. Bu ýerde oňa ussat kompozitor Ata Esadow halypalyk edýär. Birinji ýylynda ol ilkinji eserini — fortepiano üçin pýesany ýazýar. Şondan soň iki bölümde — hor dirižýory we sazyň taryhy-nazaryýeti bölümlerinde okuwyny dowam etdirýär.

Pursatlar

1964-nji ýyl. Mary şäheriniň 10-njy orta mekdep-internatynda gutardyş synaglary gidýärdi. Mekdebiň uzyn zalyndan elleri depder-kitaply oglan-gyzlar eýläk-beýläk geçýärdiler. Ikinji gata galýan basgançaklardan ýokaryk hasanaklaşyp barýanlaryň arasynda bir orta boýly dogumly ýigit egnindäki mahmal gaply dutary bilen boýdaş ýalydy. Ol gutardyş synaglaryny tabşyrýan okuwçylaryň biridi. Synag alýan mugallymlar oňa: «Aýdym aýdyp berseň, gowy baha goýarys» diýip degişdiler. Gutardyş synagy tamamlanansoň, dabara başlandy. Dabara geçýän ýerdäki oturgyçlary oglanlar bilen daşyna çykardyk. Ýere düşek düşeldi. Pessejik sahna haly-palas ýazyldy. Orta çäýnek-käse goýuldy. Ýaňky ýaş ýigit bilen eli dutarly bir görmegeý adam sahnada oturdy. Ol Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda işleýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Atajanowdy.

Söz — medeniýet işgärlerinden

Abdylazym REJEBOW,Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, režissýoryň kömekçisi: — Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Biz hem Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň agzybir döredijilik işgärleri bolup, Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Älem nury» atly sahna oýnuny, şeýle-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen bilelikde «Göroglynyň döreýşi» atly teatrlaşdyrylan çykyşy taýýarladyk. Nesip bolsa, tomaşaçylaryň göwnünden turar diýen tamamyz bar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy gutlaýaryn.

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ilkinji gezek bellenilmegi baradaky hoş habar medeniýet işgärleri hökmünde biziň buýsançly kalplarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň golaýlap gelýän häzirki günlerinde Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi tarapyndan birnäçe meýilnamalaýyn çäreleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň medeni ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen utgaşykly çäreler geçiriler. Bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmagy üçin milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek, onuň baý many-mazmunyny içgin öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenlerimiz degişli işleri alyp barýarlar.

Medeni ojaklaryň mekany

Gojaman Köpetdagyň goýnunyň tebigy gözelligine görk goşup oturan Arkadag şäheri adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň manysyny baýlaşdyrdy we olaryň geljekki ösüş ýoluna şöhle saçdy. Arkadag şäheriniň asyl tämizligini saklap oturan tebigatymyzyň goýnunda gurulmagy, ondaky ýaşaýyş-durmuş şertleriniň tebigata zeper ýetirmezlik maksadyny ileri tutýandygy türkmeniň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy saklamak ýörelgesine ygrarlydygyny görkezýär. Adamzadyň bu häsiýeti onuň medeniýetiniň baş şerti. Arkadag şäherinde iň täze sanly tehnologiýalaryň ulanylandygyna garamazdan, şäheriň ekologik talaplara laýyk gelýändigi ösen medeniýetiň baş şertiniň berjaý edilýändiginiň subudy.

Myrat GULMÄMMEDOW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Kakam döredijilik bilen içgin meşgullanýan maşgalada dünýä inýär. Atam Gulmämmet hem belli dutarçy hem-de zergär ussa bolupdyr. Kakamyň agasy Maşdy Gulmämmedow Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň direktory, režissýory bolup zähmet çekdi. Agam Baýram teatr suratkeşi bolup işledi. Uýam Maýa Gulmämmedowa hem Daşkent şäherinde ýerleşýän teatral çeperçilik institutyny tamamlap, ömür we döredijilik ýoluny teatr sungatyna bagyşlady. Kakamyň iň ýakyn ýardamçysy bolanam ejem. Ol — Türkmenistanyň halk artisti Maral Gulmämmedowa, opera aýdymçysydy. Şol wagtlar kakam dagyň çykyşyny adamlar obalardan şähere ýörite görmäge gelerdi. Teatryň zaly her oýunda dolardy. Öýümize-de hemişe medeniýeti we sungaty söýüji, türkmen teatr sungatyny ösdürmek ugrunda zähmet çekýän adamlar gelerdi. Olar täze sahnalary, oýunlary döretmegiň gürrüňini ederdiler. Kakam adamlar bilen duşuşyp, olardan köp zat öwrenerdi, şeýdibem häsiýet döretmäge zerur bolan ýollary tapardy. Beýik şahsyýetleriň keşbini döretmeli bolanda hem çeşmeleri öwrenip, olar bilen içgin tanşardy. Kitaby köp okardy, bize hem hemişe kitap okamagy ündärdi.