"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Iň güýçli deňiz ýel turbinasy

Hytaýyň «Dongfang Electric Corporation » kompaniýasy kuwwatlylygy 18 MW/t deň bolan dünýäniň iň beýik deňiz kenaryndaky ýel turbinasynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny mälim etdi. Täze gurnama ýylda 72 GWt/s arassa energiýa öndürip biler, bu bolsa Hytaýyň gündogar kenarlarynda energiýa balansyny üpjün etmäge kömek eder. Hytaý 2060-njy ýyldan soň ýel energiýasyny uglerodsyz energiýa üpjünçiliginiň esasy hökmünde görýär. Geçen ýyldan bäri ýurtda bir günde 16 MW/t kuwwatly ýel turbinalaryny gurmak tehnologiýasy işlenip düzüldi. Bu bolsa olary oturtmak işlerini epesli çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär. Golaýda gurlan 18 MW/t ýel turbinasynyň diametri 260 metr bolan peri bolup, bu ýedi adaty futbol meýdançasyndan hem uludyr. Periň meýdany näçe uly bolsa, edilen çykdajyny çalt ödäp, köp energiýa öndürýär. Geljekde Eýfel diňinden has beýik we diametri 310 metr bolan perli 22 MW/t kuwwatly ýel turbinasyny gurmak meýilleşdirilýär. Hytaý özüniň ägirt uly daşky gurşaw maksatlaryna ýetmäge tagalla edip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmekde möhüm öňegidişlikleri dowam etdirýär.

Litiý üpjünçiligi boýunça şertnama baglaşyldy

Serbiýanyň hökümeti we Ýewropa Bileleşigi akkumulýatorlar üçin materiallar bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. Belgradda geçirilen strategiki çig mallar boýunça sammitiň çäginde Serbiýanyň magdan senagaty we energetika ministri Dubrawka Jedowiç- Handanowiçiň we Ýewropa Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Maroş Şefçowiçiň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama gol çekildi. Jemleýji resminamanyň gol çekilmegine gatnaşan Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols: – Bu şertnamanyň baglaşylmagy Ýewropanyň garaşsyzlygyny goramaga, batareýalaryň we elektroulaglaryň önümçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder – diýip belledi. Şu ýylyň iýul aýynyň başynda Serbiýanyň konstitusiýa kazyýeti Ýewropanyň iň uly litiý ýatagy bolan günbatar Ýadar jülgesinde 2,4 milliard dollarlyk magdan taslamasyny togtatmak baradaky karary ýatyrdy. Çünki 2021-nji ýylda Ýadarda magdan känini özleşdirmek meýilnamasy Belgradda uly ekologiýa nägileligini döredipdi. Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç «Handelsblatt » gazetine beren interwýusynda Belgradyň Germaniýa we Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Ýewropanyň iň uly litiý ýatagyny özleşdirjekdigini aýtdy. Ol bu taslama bilen Serbiýanyň ykdysadyýetini ösdürmek we ýurduň Ýewropa Bileleşigine goşulyşmagyny çaltlandyrmak baradaky uly umytlary baglanyşdyrdy. – Biz her ýylda 58 müň tonna litiý öndürip bileris. Bu 1,1 million elektroulagy öndürmek üçin ýeter

Fon der L ýaýen ikinji möhlete saýlandy

 Ýewropa Parlamenti Strasburgda geçirilen umumy mejlisde Ursula fon der Lýaýeni ikinji bäş ýyllyk möhlet bilen Ýewropa Komissiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlady. Ses berişlikde Ýewropa Parlamentiniň 720 agzasynyň 401-i fon der Lýaýeniň dalaşgärligine ses berdi. 284 deputat garşy çykdy. Fon der Lýaýen 2019- njy ýylyň dekabryndan bäri Ýewropa Komissiýasyna ýolbaşçylyk edip gelýär. Ses berişlikden soňra, fon der Lýaýen Ýewropa Parlamentinde çykyş edip, geljek bäş ýyl üçin öz işiniň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi. Ol 2050-nji ýyla çenli Ýewropany klimatyň bitarap yklymyna öwürmek üçin niýetlenen ilkinji möhletiniň esasy maksatnamasy bolan «Ýewropa üçin ýaşyl şertnamany » durmuşa geçirmegi dowam etdirjekdigini aýtdy. Ýewropa Komissiýasynyň başlygy 2040-njy ýyla çenli howa goýberilýän zyýanly gazlary 90 göterime çenli azaltmagy wada berdi hem-de infrastruktura we senagata, esasan hem, energiýany kön harç edýän pudaklara ep-esli maýa goýumlarynyň goýberiljekdigini belledi. – Bu ýagdaý arassa polatdan başlap, arassa tehnologiýa çenli hemme zatda öňdebaryjy bazarlary döretmäge kömek eder – diýip, fon der Lýaýen aýtdy. Onuň howa baradaky borçnamalary, «ýaşyl » fraksiýanyň wekilleriniň aýgytly goldawyna eýe boldy. Mundan başga- da, Ursula fon der Lýaýen howpsuzlyga we goranyşa maýa goýmagyň zerurdygyny öňe sürdi. – Biziň goranyş ulgamyna çykdajylarymyz juda az. Munuň t

Dalaşgärligini Harrise berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jozef Baýden Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmak isleginden ýüz öwrenden soň, 25- nji iýulda ilkinji gezek halka ýüzlenip çykyş etdi. ABŞ-nyň Lideri Ak Tamda eden çykyşynda noýabr aýynda boljak saýlawlardan öz dalaşgärligini aýyrýandygy baradaky taryhy kararyny mälim etdi. – Häzir Amerika üçin taryhdaky seýrek pursatlaryň biri – özgerişlik pursady gelip ýetdi, şoňa görä- de, biziň kabul edýän kararlarymyz geljek onýyllyklaryň dowamynda ýurdumyzyň we dünýäniň ykbalyny çözmelidir – diýip, Baýden belledi. – Men wezipäme hormat goýýaryn, ýöne öz ýurdumy has-da gowy görýärin. Milletimizi jebisleşdirmegiň iň gowy usuly, gezegi ýaş nesle geçirmekdir – diýip, Baýden belledi. Baýden özüniň demokratiýany goramak ugrundaky göreşini dowam etdirjekdigini sözüniň üstüne goşdy. – Meniň ýolbaşçylygym, Amerikanyň geljegine bolan garaýşym ikinji möhlete mynasypdyr, ýöne demokratiýamyzyň dabaralanmagyny hiç zat, şol sanda, şahsy isleglerimiz hem bökdäp bilmez – diýip, Prezident Jozef Baýden belledi. Şeýle hem Baýden halka ýüzlenmesinde Demokratik partiýadan özüne mirasdüşer hökmünde saýlan wise- prezident Kamala Harrisi «başarnykly, güýçli » we «ýurduň lideri » diýip atlandyrdy.

Dünýä täzelikleri gysga setirlerde

Perguza köli guraýar. Italiýanyň Sisiliýa adasyndaky Perguza köli howanyň global maýlamagy sebäpli gurady diýen ýaly. 1,8 inedördül kilometr meýdany tutýan sebitdäki ýeke- täk köl tebigy goraghananyň çägine girýär. Perguza göçegçi guşlaryň esasy dynç alyş ýeridi. Müsürli zenanyň keşbi döredildi. Alymlar 1500 ýyl mundan ozal ýaşap geçen gadymy müsürli zenanyň mumiýasy esasynda onuň 3D keşbini döretdiler. Braziliýanyň meşhur 3D dizaýneri Sisero Morais barlagçylar topary bilen bilelikde dikeldiş işini amala aşyrdy. Hünärmenler sanly portreti döretmek üçin zenanyň kelleçanagyny öwrendiler. Bir tigirli welosipedde geçdi. Imon Kiweni Irlandiýany bir tigirli welosipedde 5 gün 5 sagat 23 minutda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy. 613 kilometr uzynlykdaky syýahat adanyň iň günorta nokady Mizen- Hedde başlap, iň demirgazyk nokady Malin- Hedde tamamlandy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berilýär. Orta asyr mähellelerini abatlamakçy. Marokkonyň hökümeti Patyşalygyň dürli şäherlerinde orta asyr mähellelerini abatlamak üçin 800 million dollardan gowrak serişde sarp etdi. Patyşalygyň maddy we medeni mirasy hasaplanýan gadymy mähelleler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Iň uzyn ýaşyl magistral gurlar. Dubaýda «Green Spine » atly dünýäniň iň uzyn «ýaşyl » awtomagistraly gurlar. Taslamany URB binagärlik kompaniýasy işläp düzdi. Gurluşyk işleriniň 2040- njy ýy

Goşa ganatly ýel turbinasy

Hytaý birnäçe ýyl bäri deňizlerde ýel turbinalaryny gurýar. Deňizler gury ýere garanyňda yzygiderli ýel öwüsýändigi sebäpli turbinalaryň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Hytaýly inženerler dürli çözgütleri hödürleýärler. Golaýda bolsa, «Mingyang Smart Energy » kompaniýasy tarapyndan «OceanX» atly ýel turbinasynyň gurluşygy tamamlandy. Y görnüşli bitewi platformada ýerleşýän desganyň ýokarsy V şekilli bolup, hersiniň ujunda aýratyn perleri bar. Gurluşyň umumy agramy 16 müň 500 tonna, perleriniň diametri 182 metre ýetýär. Berk gurluşly «OceanX» desgasy tizligi sagatda 260 kilometre ýetýän ýele hem-de 30 metre ýetýän tolkunlara çydap bilýär. Ýel turbinasy bir ýylda, takmynan, 30 müň hojalyga ýetjek 54 müň MW/t elektrik energiýasyny öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda Hytaýyň günortasyndaky Guançžou portunda duran desgany kenardan uzakdaky başga bir ýere ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Ýurtda 2025-nji ýyla çenli sarp edilýän elektrik energiýasynyň üçden bir böleginiň arassa çeşmelerden üpjün edilmegi maksat edinilýär. Mährem BABAMY RADOWA, TMÝG-niň Hojambaz etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Howadan suw öndürýän enjam

Üns beren bolsaňyz howanyň yssy günlerinde serginledijileriň daşky böleginden az mukdarda suw damjajyklary damýar. Suw damjasy uly awtobuslaryň ýa-da otlularyň serginlediji ulgamynda hem peýda bolýar. Bu ýagdaý serginledijiniň içerdäki çyglylygy daşaryk çykarmagy bilen bagly bolup, adaty ýagdaýdyr. Ýagny serginlediji jaýyň ýa-da ulagyň içindäki howadaky bugy daşaryk çykaranda sowuk ýerden geçen bug suwa öwrülýär. Emma bu suw örän az mukdarda bolýar. Bilermenler bolsa, howadan has köp suw alyp, suw ýetmezçiliginiň öňüni almakda peýdalanmagy maksat edinýärler. ABŞnyň Ýuta uniwersitetiniň inženerleri howadaky suw molekulalaryny toplap, içimlik suw öndürýän enjam oýlap tapdylar. Ylmy- barlag toparynyň agzasy Samir Rao öndüren enjamynda ulanylan metal- organiki materialyň suwy ýokary derejede özüne siňdirýändigini belleýär. Bu usul arkaly has köp suw ýygnap bolýandygy bellenilýär. Enjam bugy gözenekler arkaly tutandan soňra suw molekulalary gyzdyrylyp, suwuk ýagdaýa getirilýär. Sonagül ANNAÝE WA, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.

Iň yssy howa hasaba alyndy

Soňky ýyllarda Ýer ýüzüniň köp ýerinde aşa yssy howa hasaba alynýar. Ýewropa Bileleşiginiň Kopernik adyndaky klimatyň üýtgemegi baradaky gullugy 21-nji iýulyň bütin dünýäde häzire çenli hasaba alnan iň yssy gün bolandygyny belledi. Şol gün howanyň temperaturasy dünýäde ortaça 17,09 dereje bolupdyr. Şeýle hem ABŞ, Ýewropa we Russiýa yssy howa akymynyň täsirine giripdir. Geçen ýylyň 3-6-njy iýuly aralygynda hem şol döwre çenli hasaba alnan iň yssy günler bolandygy bellenildi. Alymlar bu ýylky aşa yssy howanyň «El Nino » howa akymy bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.

Kömür önümçiligi azalar

Halkara energiýa agentligi «Kömür- 2024» atly maglumat taýýarlady. Maglumatda elektrik energiýasyny öndürmekde giňden ulanylýan bu magdanyň, esasan, Hytaýda we Hindistanda has köp sarp edilýändigi, bu iki ýurtdaky artyşyň netijesinde geçen ýyl dünýäde kömre bolan islegiň 2,6 göterim artandygy bellenildi. Kömre islegiň artmagynda elektrik energiýasyna islegiň ýokarlanmagynyň we gidroelektrik beketleriň önümçiliginiň pese gaçmagynyň täsiri bolupdyr. Dünýäde sarp edilýän kömrüň ýarysynyň Hytaýa degişlidigi bellenildi. Ýewropada kömre bolan isleg 2000-nji ýyllardan başlap azalyşyny dowam etdirdi. Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarda elektrik energiýasynyň önümçiligi kömürden 25 göterim azalypdyr. Günden we ýelden alynýan elektrik energiýasynyň çalt depginler bilen ösýändigine garamazdan, kömre bolan islegiň şu ýyl hem-de geljek ýyl üýtgewsiz bolmagyna garaşylýar. Şu ýyl Hytaýda elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň 6,5 göterim ösjekdigi sebäpli kömrüň sarp edilişiniň azalmagyna garaşylmaýar. Hindistanda bolsa, ýylyň ikinji ýarymynda kömre bolan islegiň azalmagyna garaşylýar. Maglumatda kömre bolan global islegiň belli bir sepgide ýetip, ýakynda azalyp başlajakdygy mälim edildi.

Tehnologiýa kompaniýalary Hytaýdan öňe geçdi

Dünýäniň öňdebaryjy 10 tehnologiýa kompaniýasynyň umumy gymmaty 18 trillion dollara golaýlady. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda jemi içerki önümi 17,6 trillion dollar bolan Hytaýdan öňe geçdiler. «Companies Market Cap» saýtynyň seljermesine görä, iri kompaniýalaryň paýnamalary we bazar gymmaty göz öňünde tutulanda, «Apple » 3,4 trillion dollarlyk gymmaty bilen öňdeligi eýeleýär. Bazar gymmaty 3,3 trillion dollar bolan «Microsoft » ikinji orunda durýar. Mahal- mahal birinji ornada çykýan «Microsoft »-yň bazar gymmaty 2023-nji ýylyň iýul aýynda 2,5 trillion dollar bolan bolsa, bir ýyldan soňra 3,3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýanyň gymmatynyň artmagynda emeli aň we «bulut » hyzmatlarynyň täsiri uly bolupdyr. Soňky ýyllarda garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanan NVIDIA kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollardan geçipdir. Geçen ýylyň iýul aýynda bu görkeziji 1,2 trillion dollar bolupdyr. Emeli aň tehnologiýasyna degişli harytlary we hyzmatlary çykarmagy bu kompaniýanyň çalt depginler bilen ösmegine getirdi. Sanawda «Google »-a eýeçilik edýän «Alphabet » 2,2 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen dördünji, «Amazon » 1,9 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen bäşinji orunda durýar. «Meta » (1,2 trillion dollar), TSMC (878 milliard dollar), «Tesla » (802 milliard dollar), «Broadcom» (749 milliard dollar) we «Tencent» (449 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir.

Ýaşamak üçin iň amatly şäherler

«The Economist » žurnaly dünýäde ýaşamak üçin iň amatly şäherleriň sanawyny taýýarlady. Neşire degişli bolan «The Economist Intelligence Unit» (EIU) sanawyna jemi 173 şäher girizilipdir. Sanaw taýýarlananda, esasan, durnuklylyk, medeniýet we daşky gurşaw, bilim, saglygy goraýyş hyzmatlary we infrastruktura ugurlary nazara alnyp, iň ýokary baly 100 bolan baha berilýär. Her ugurdan 30 töweregi maglumata garalýar we seljerilýär. Mysal üçin, saglygy goraýyş we bilimde berilýän hyzmatyň hiline we elýeterliligine seredilýär. Infrastruktura ugruna baha berlende, jemgyýetçilik ulaglary, ýollar, ýollaryň baglanyşygy, ýaşaýyş jaý we jemagat hyzmatlaryny göz öňünde tutulýar. Bilermenler bu ýylky ortaça balyň 76,1-e çykandygyny belleýärler. Ortaça bahanyň ýokarlanmagynda bilim ulgamynyň ösmeginiň täsiri bolupdyr. Deň baha alandygy sebäpli käbir orunlara birden köp şäher mynasyp görlüpdir. Sanawyň başynda Awstriýanyň Wena şäheri bar. Şeýlelikde, bu şäher sanawda üçünji gezek birinjiligi eýeledi. Şäher bäş ugruň dördüsinden ýokary baha mynasyp bolupdyr. Sanawyň ilkinji onlugyna girýän şäherleriň köpüsi geçen ýylkydan üýtgemedi. Ikinji orny Daniýanyň Kopengagen şäheri eýeläpdir. Üçünji ýerde Şweýsariýanyň Sýurih şäheri bar. Dördünji ýeri Awstraliýanyň Melburn, bäşinji orny Kanadanyň Kalgari hem-de Şweýsariýanyň Ženewa şäherleri eýeläpdir. Sidneý (Awstraliýa) bilen Wankuwer (Kanada) altynjy, O

Dikligine ýaýraýan tokaý

Italiýaly binagär Stefano Boeri Hytaýyň Huangan şäherinde guruljak «ýaşyl » taslamany işläp tamamlady. Taslama durmuşa geçirilende, 500 ilatly tokaýlyk şäherçede 5 müň düýpden gowrak gyrymsy agaç bolar. Ýurduň Hubeý welaýatyndaky Ýanszy derýasynyň kenarynda her gatynda dürli ösümlikler ekilen jaýlaryň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Ilatly nokat 4,5 gektardan gowrak ýeri öz içine alar. «Easyhome » Huangan dik tokaý toplumy atly taslamanyň çäginde ýaşaýyş jaý üçin niýetlenen 2 sany köp gatly jaý bilen 3 sany täjirçilik maksatly binalar bolar. Taslama üçin tebigy ýagdaýda ýaýramaýan ösümlikler saýlanyp alnypdyr. Bu ýerde jemi 404 görnüşli ösümlik bolup, 2409 inedördül metrde ot, güller we çyrmaşyp ösýän ösümlikler ekiler. Emeli usulda köp gatly binalaryň ýörite niýetlenen ýerlerine ekiljek ösümlikler her ýylda 20 tonna kömürturşy gazyny özüne siňdirip, 10 tonna kislorody bölüp çykarar. Binagär binalaryň dizaýnynda agaçlar bilen örtülen jaýlaryň owadan bolup görünmegini göz öňünde tutandygyny belleýär. Binada ýaşaýanlar şäherdedigine garamazdan, özlerini tebigatyň jümmüşinde ýaly duýarlar. Italýan binagär başga taslamalary hem taýýarlady. Ol Hytaýyň daglyk Guansi welaýatynda Lýuçžou tokaý şäheri atly taslamany hem taýýarlaýar. Lýuçžou dünýäde iň köp tüsseli şäherleriň biri hasaplanýar. Şol sebäpli bu ýerde şeýle taslamany durmuşa geçirmek talabalaýyk hasaplanypdyr. Şäherde guruljak

Ilkinji iňlis topary kosmosa gider

Birleşen Patyşalygyň Kosmos agentligi ilkinji iňlis astronawtlar toparyny kosmosa ugradar. Dört agzaly topara Timoti Pik serkerdelik eder. Pik 2016-njy ýylda Halkara kosmos bekedinde açyk asmana çykypdy. 52 ýaşly Pik kosmosa çykan iki iňlisden biridir. Iňlis astronawtlarynyň birnäçe günläp, ylmy tejribelere we tanyşdyrylyş maksatnamalaryna gatnaşjakdygy mälim edildi. Mundan ozal ähli agzasy iňlislerden ybarat bolan topar kosmosa uçmandy.

Tansyň saglyga täsiri

Dürli halklar irki döwürlerden bäri özboluşly aýdym- sazlary we tanslary döredipdirler. Tans etmek adamyň ruhuny göterýär. ABŞ-ly alymlaryň pikirine görä, tans adamyň saglygyna - da peýdaly. Üstesine- de diňe fiziki däl, eýsem, ruhy sagl y g y n a - d a oňyn täsir edýär. Wirjiniýa politehniki institutynyň bilermenleriniň geçiren barlagyna görä, tans nerw ulgamyny gowulandyrýar. Şeýlelikde, geplemek we ýöremek ukyby peselende, bular bilen göreşmek aňsat bolýar. Tans beýniniň içindäki utgaşyklygy üpjün edýär.

Kriptopul arkaly tölegi ýaýbaňlandyrar

Ýokary tizlikli ulaglary öndürmegi bilen tanalýan «Ferrari » kompaniýasy kriptopul arkaly kabul edilýän tölegiň çägini giňeldýär. Kompaniýa şu aýyň ahyryndan başlap Ýewropadaky ähli söwda nokatlarynda kriptopul arkaly töleg kabul etjekdigini mälim etdi. Şeýle hem kompaniýa ýylyň ahyryna çenli kriptopullaryň kanun taýdan kabul edilýän ähli ýurtlarynda şeýle mümkinçiligiň dörediljekdigini habar berdi. Italýan brendi geçen ýyl ABŞda kriptopul birlikleri arkaly tölegleri kabul edip başlapdy. Kompaniýanyň ýaýradan beýanatynda Ýewropada bu mümkinçiligiň döredilmeginiň ABŞ-da bu ugurda oňyn netije gazanylmagy bilen baglydygy aýdyldy.

Kosmos ykdysadyýeti ösýär

Soňky ýyllarda kosmos pudagynda has köp hususy kompaniýa işläp başlady. Indi kosmos giňişligi diňe bir ylmy tejribeleriň geçirilýän ýa-da aragatnaşyk antennalarynyň uçurylýan ýerine däl, eýsem, syýahatçylyk maksady bilen gidilýän ýere hem öwrülýär. Şeýle bolansoň, bu pudaga has köp maýa goýum gönükdirilýär. Bütindünýä ykdysady forumy bilen «McKinsey & Company » bu barada maglumat t a ý ý a r l a d y . Maglumatda 2035-nji ýyla çenli kosmos ykdysadyýetiniň 1,8 trillion dollara ýetjekdigi bellenilýär. Geçen ýyl bu görkeziji 630 milliard dollar bolupdyr. Bilermenler hususy kompaniýalaryň goşulmagynyň kosmosyň özleşdirilmegine itergi berendigini belleýärler. Ilon Mask, Jeff Bezos we Riçard Branson ýaly işewürler kosmos pudagyna has köp maýa gönükdirýärler. Netijede, kosmosa adam we ýük gatnatmagyň bahasy görnetin arzanlady.

Köneürgenç – Merkezi Aziýanyň derwezesi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň taryhy geçmişi giňden öwrenilýär. Köneürgenç, Merw şäherleri, Nusaý galasy öz döwründe dünýä medeniýetiniň we ylmynyň ösmegine uly goşant goşupdyrlar. Köneürgenjiň baý taryhy gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürleriň eksponatlary, özboluşly milli mirasy uzak ýyllardan bäri dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň alymlaryny, taryhşynaslaryny hem-de dünýä arheologlaryny gyzyklandyryp gelýär. Şäherde belli alymlar, syýasatçylar, serkerdeler, zergärler hem-de ökde ussalar ýaşapdyr. Şähere çar künjekden myhmanlar gelipdirler, täjirleriň we söwdagärleriň, syýahatçylaryň gelim- gidiminiň yzy üzülmändir. Hytaý imperatorlarynyň biri öz ilçisi Çžan Szýany Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýahatçylyga ugradýar. Ilçi il arasynda «Hytaý Geredoty » ady bilen tanalypdyr. Bu hytaý alymy «taryhyň atasy » hasaplanypdyr. Hytaý ilçisi Merkezi Aziýa ýurtlarynda geçiren ekspedisiýasynyň netijesinde ýurtlaryň geografiki ýerleşişini, içerki resurslaryny, daglary we derýalary öwrenipdir. Bazarlara baryp görüpdir, harytlaryň bahalary bilen gyzyklanypdyr hem-de köp zatlar bilen tanşypdyr. Ilçi syýahatedýän wagty halklaryň medeniýeti, däp-dessurlary, ösen maldarçylyk pudagy we senetçilik hünärmentçiligi bilen içgin tanşypdyr. Ilçi Watanyna dolananda gyzykly maglumatlary taýýarlapdyr. Şonuň ýaly- da, ilçi owadan behişdi

Sanly ykdysadyýet – ösüşleriň girewi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 - 2025- nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işleriň netijesinde ähli önümçilik pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Sanly ykdysadyýetimiziň binýadyny barha kämilleşdirýär. Muňa maýa goýum syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyp, önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin köp möçberde serişdeler gönükdirilmegi, Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy we bu «akylly » şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna badalga berilmegi aýdyň subutnamadyr. Sanly ykdysady ulgam bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş- durmuş derejesiniň hil we mukdar taýdan kämilleşmegine itergi berýär. Täze we döwrebap önümçilik- hyzmat desgalarynyň döredilmegi bir tarapdan ilatymyzyň iş bilen üpjünçiligine oňaýly şert döredýän bolsa beýleki tarapdan täze hünärleriň döremegine hem-de döwrebap hünärmenleriň kemala gelmegine itergi berýär. Bu bolsa kemala gelen bilim, hünär we tejribe ulgamyndaky döwrebap düşünjeli ýaş hünärmenlerimiziň önümçilik serişdeleridir tebigy baýlyklarymyzy has netijeli ulanyp, ykdysady netijeliligiň hem-de ýitgi

Ýurdumyzyň energetika kuwwaty artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ösüşleriň täze belent sepgitlerine gadam basýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy », «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş- ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy », şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş- durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy » kabul edildi. Görnüşi ýaly, bu maksatnamalary amala aşyrmak üçin giň gerimli işleriň täze tapgyryna badalga berilýär, örän ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şol durmuşa geçirilýän ähmiýetli taslamalaryň biri hem Diýarymyzyň energetika kuwwatynyň ösüşi bolup durýar. Ýurdumyzda ýangyç- energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Energetika babatda döwlet syýasaty energetiki garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, energetikanyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ekologiýa taýdan arassa energetikany, onuň mundan beýläk hem howpsuzlygyny, energotygşytlylygyň dolandyrylmagynyň öňdebaryjy usulyýetleriniň we ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagyny, önümçiligiň we energiýa serişdeleriniň, şol sanda ele

Awazanyň seýilgähleri we suw çüwdürim

Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýär. Güneşli Diýarymyzda syýahatçylyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Awaza » milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Şu günler gojaman Hazaryň kenary köp adamly. Bu ýere saglygyny bejertmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlaryň sany yzygiderli artýar. Myhmanhananyň işgärleri «Awaza » milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän myhmanlara uly höwes bilen ýokary derejede hyzmatlary berýärler. Balkan welaýat häkimliginiň web saýtynda berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda «Awaza » milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müň 117- sini kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda 1 müň 380 orunlyk çagalar üçin lagerler hem-de 9 sany kottejler toplumy hereket edýär. Dynç alýanlaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2 sanysy oýun attraksionly seýilgählerdir. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly, bu seýilgähler we suw çüwdürimler baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň. «Awaza » milli syýahatçylyk z