"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sürüji, kadalary berjaý et!

Awtoulaglaryň sanynyň barha köpelmegi ýollarda dürli kysymly ulaglaryň hereketiniň ýyl-ýyldan ýygjamlaşmagyna getirýär. Şol sebäpli hereketi sazlaşykly guramak, onuň howpsuzlygyny gazanmak meselesiniň ähmiýeti artýar. Ýol-ulag hadysalarynyň, ilkinji nobatda, bellenen tizlik kadasynyň talaplarynyň bozulmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýandygy hemmelere mälimdir. Ulag serişdesiniň ýokary tizligi, tehniki taýdan näsazlygy we şuňa meňzeş beýleki ýagdaýlar sürüjilerdir pyýadalar, şeýle hem ýol hereketiniň sazlaşygy üçin howp döredýär. Ulagyň tizliginiň dogry saýlanmagy ýol hereketiniň howpsuzlygy üçin esasy şertleriň biridir. Ýol hereketiniň kadalarynyň 10.1. bendinde görkezilişi ýaly, sürüji ulagy gatnawyň köplügini, ulagyň we ýüküň aýratynlygyny hem ýagdaýyny, ýol we howa şertlerini, hususan-da, garagörnümiň ýagdaýyny nazara almak bilen, kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän, şeýle-de bellenen çäklendirmelerden geçmeýän tizlik bilen sürmelidir. Hereket üçin howp döräp, sürüjiniň ony görmäge ýagdaýy bolanda, ol tizligini peseltmek, hatda ulagyny duruzmak üçin mümkin bolan çäreleri görmelidir. Sürüjileriň seresaplylygy elden bermeli däldigi barada wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirip durmaly. Bu çäräniň «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi.

Okanlarym, eşidenlerim, görenlerim

«NTW» teleýaýlymynda belli aýdymçy Iosif Kobzonyň 80 ýaş ýubileýine bagyşlanan uly dokumental film görkezdiler. Şonda onuň bir ýatlamasy has ýiti täsir etdi. ...Bir gezek daşary ýurtda uzagrak dowam eden gastroldan-sapardan gaýdyp gelen badyna oňa ejesi jaň edipdir:

Pyýadalara maslahat

Ýol hereketi jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Şunuň bilen baglanyşykly ýol gatnawy jemgyýetçilik tertibinde hem möhüm orny eýeleýär. Biziň her birimiz her gün diýen ýaly ýol hereketine gatnaşýarys. Gür gatnawly ýerlerde ýol hereketiniň düzgünini berjaý etmekde pyýadalaryň iňňän möhüm orny bar. Her bir pyýadanyň ünsli, üşükli, hukuk düşünjeli we medeniýetli bolmagy ýollarymyzyň abadan bolmagyny üpjün edýär. Şunuň üçin-de olaryň ýol geçelgelerinde örän ünsli bolmaklary zerur. Gulaklyk dakynmaklyk ynsanyň daşky sesleri eşidişini wagtlaýyn hem bolsa togtadýar. Golaýlap gelýän awtoulaglaryň sesiniň we signalynyň eşidilmezligi ýol-ulag hadysasynyň döremegine getirip biler.

Ýagşylygyň ýalkymy

Alym Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinden: «Toprak suwa ezilýär we akyp gidýär ýa-da toprak suw bilen birigende, ondaky organiki esaslar janlanýarlar. Ody ýel, howa tutaşdyrýar, toprak, suw öçürýär. Umuman, ýaradylyşyň esasyny düzýän maddy barlyklar özara baglanyşykdadyr» diýen setirlerini okanyňda, halkymyzyň ruhy güýjüni ykdysady mümkinçiliklerimizde döredijilige öwrüp, asuda jemgyýetli, bolelin durmuşly bagtyýar zamanany döretmäge gönükdirilen kämil paýhasa göz ýetirýärsiň. Milli Liderimiz hem adamzadyň kalbyndaky iň ýagşy garaýyşly ruhy maddalary maddy mümkinçiliklerimiz bilen täsirlendirip, parahatçylykly ösüşiň iň kämil tejribesini döretdi. Gahryman hajy Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Änew şäherinde Seýit Jemaleddiniň adyny göterýän metjidiň, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap täze metjitleriň açylyp ulanylmaga berilmegi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasly tagallalary bilen sahawatly işleriň dowamat-dowama beslenýändigini aýdyňlaşdyrýar.

Ýola ugramazdan ozal

Dünýädäki şäherlerde adamlaryň, ulaglaryň sanynyň artýan, köçeleriň, ýollaryň, şaýollaryň köpelýän, olarda hereketiň işjeňleşýän häzirki döwründe awtomobil heläkçiliginiň döremek howpy artýar. Köçe-ýol hadysalary zerarly ýylda dünýäde ýüzlerçe adam şikes alýar, maýyp bolýar. Köçe-ýol hereketine diňe sürüjiler däl-de, pyýadalar hem gatnaşýarlar. Şeýle ýagdaýda her bir adam köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bilmeli we dogry berjaý etmeli. Hormatly sürüjiler, ýol hereketiniň kadalaryny doly özleşdiren bolsaňyz-da, olary wagtal-wagtal gaýtalap duruň. Ýola çykmazdan öň, ulagyňyzyň tehniki taýdan guratdygyna göz ýetiriň. Serhoş ýagdaýda ýa-da nerw dartgynlylygyny başdan geçirýän wagtyňyzda ulag sürmäň. Ýola düşmezden öň, ukyňy tutdurýan, ünsüňi gowşadýan, arterial gan basyşyňy peseldýän käbir dermanlary, antidepressantlary ulanmaň. Ilatly nokatlaryň köçelerinden, köp adamly ýerlerden geçeniňizde ulagyň tizligini peseldiň. Ulagy sürüp barýan wagtyňyzda ýolagçylar bilen gürleşip, ünsüňizi bozmaň, el telefonyny, ses gataldyjy enjamlary ulanmaň.

Ömürler rahat bolsun!

Bitarap Watanymyzyň dürli künjeginiň bagtyýarlyga beslenen şaýollarynda we köçelerinde pyýadalar bilen sürüjileriň arasyndaky hukuk medeniýetini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy öz maslahatlary bilen ýüzlenýär! Pyýada — ulagdan daşarda bolan we ýolda iş geçirmeýän adam. Maýyplaryň hereketlendirijisiz arabajyklarynda hereket edýän, tigir, moped, motosikl idip barýan, galtagy, çaga ýa-da maýyp arabajygyny çekip barýan adam hem pyýadadyr.

Taryhy maslahatyň bosagasynda

Şu ýylyň 27-nji sentýabrynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny giňden belläp geçer. Naýbaşy baýramymyzyň toý öwüşginleri eýýämdan ähli oba-kentlerimiziň, şäherçedir şäherlerimiziň keşbinde aýdyň duýulýar. Diýarymyzyň dürli künjeklerinde şanly sene mynasybetli dabaraly çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň wekilleri şu günler etrabyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, bilim ojaklarynda, oba ýerlerinde geçirýän wagyz-nesihat işlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza beren tükeniksiz bagty, häzirki eşretli durmuşymyzyň gadyr-gymmaty barada ýaşlara täsirli gürrüň berýärler. Şeýle duşuşyklarda ýakyn günlerde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky orny hakda aýratyn bellenip geçilýär.

Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 19-njy orta mekdebiniň mejlisler jaýynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli «Beýik döwrümiziň bagtyýar ýaşlary» ady bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygyna okuwçy ýaşlar işjeň gatnaşdylar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeleri ýaşlara düşündirmek, asylly ýol-ýörelgelerimizi wagyz-nesihat etmek maksady bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň başlygy Begenç Öwezowyň çykyşy täsirli boldy. Ol çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakda edilýän alada, ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekmegi ugrunda döredilýän şertler dogrusynda gürrüň berip, ýurdumyzda ýaşlar syýasaty boýunça milli kanunçylygy kämillleşdirmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Biraýlygyň çäginde täsirli çäreler geçirilýär

Ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi bilen baglylykda, Sarahs etrabynda hem biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat we öwüt-ündew ediji çäreler giň gerim alýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi tarapyndan umumybilim berýän mekdeplerde we çagalar baglarynda geçirilýän çäreler uly gyzyklanma döredýär. Wagyz-nesihat häsiýetli çärelerimizde ýurdumyzy gurşap alan ösüş-özgertmeler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusyndaky gürrüňe üns berýäris, günsaýyn döwrebap keşbe beslenýän ýollarda hereket howpsuzlygynyň kadalaryny berjaý etmegiň möhümdigi hakda gürrüň edýäris. Ýaş nesliň köçe-ýol hereketiniň kadalary boýunça düşünjesini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan wagyz-nesihat çärelerimizde çagalar bilen özara sowal-jogap alyşmalara hem orun berýäris. Biraýlygyň dowamynda körpeleriň arasynda surat bäsleşiklerini hem geçirmegi maksat edinýäris.

“ÇaparPay” Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdini hödürleýär

“ÇaparPay” mobil goşundysy häzirki wagtda Türkmenistanda tölegleri tölemegiň köpugurly çözgüdine öwrülýär. “ÇaparPay” goşundysynyň kömegi bilen ulanyjylar ýol hereketiniň düzgün bozulmalarynyň jerimelerini, jemagat hojalygy hyzmatlarynyň töleglerini, “Belet” platformasynyň hasabyny doldurmak, şeýle-de “Älem TV” teleýaýlym hyzmatyna ýazylmak üçin tölegleri töläp bilerler. Bu amallaryň hemmesi birnäçe düwmä basmak arkaly ýerine ýetirilip, nobata durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygyny aradan aýyrýar.

Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi

Her ýylyň sentýabrynda bolşy ýaly, Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde pudagara maslahat geçirildi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, maslahata saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar. Onuň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmagyň wezipeleri, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Pars diline terjime

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynyň pars diline terjime edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, gazet-žurnallaryň ýolbaşçylary, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekilleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan kümüş saçly eneler we zenanlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Biraýlyk başlandy

Öňňin Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa Arkadag şäheriniň Polisiýa müdirliginiň, Gorjaw etrap prokuraturasynyň, Kärizek etrabynyň kazyýetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleri hem-de mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Dabaraly günde konsert

Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Gutlagynyň okalmagy mugallymlaryň, talyplaryň buýsanjyny has-da artdyrdy. Çärede bu mekdebiň mugallymlarynyň we 1-nji ýyl talyplarynyň ýürek buýsançlary diňlenildi. Soňra mekdebiň talyplary öz taýýarlan aýdym-sazlary, tanslary bilen çykyş etdiler. «Arşa galdyň şahyr Arkadag bilen» atly baýramçylyk konserti bolsa oňa gatnaşanlarda uly joşgun döretdi.

Teatr möwsümi açyldy

Golaýda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry täze möwsümi «Älem nury» atly sahna oýny bilen açdy. Doglan senesiniň 300 ýyllygy bellenilýän beýik akyldar Magtymguly Pyragy hakda söhbet açýan sahna oýnunyň edebi esasyny Tükmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow ýazdy. Oýnuň režissýory Bagtyýar Abaýew. Teatryň işgärleri geljekde-de tomaşaçylaryň göwnünden turjak sahna oýunlaryny goýmaklygy meýilleşdirýär.

Sirk tomaşalaryna badalga

Ýakynda Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki täze möwsümiň açylmagy mynasybetli şowhunly sirk tomaşasyny görkezdi. Sirkiň täze taslamalary sirk tomaşasynyň has-da täsirli bolmagyna ýardam etdi. Poni atlarynyň üstündäki maýmynjygyň dürli hereketleri, darbazçylaryň çykyşlary hakyky tomaşa boldy. Tomaşanyň ahyrynda ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, haýran galdyryjy çykyşlary tomaşaçylarymyzda türkmen sungatyna, medeniýetine bolan buýsanç duýgusyny oýardy.

Buýsançly göwünleriň kelamy

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň toplumynyň binasynyň mejlisler jaýynda şäher häkimliginiň guramagynda bu toplumyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa bilim we medeniýet ulgamlarynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary, şeýle hem Aşgabat şäher häkimliginiň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Däp bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Şol gün Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümini, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýan toplumynyň binasynyň açylyp ulanmaga berilmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýändigini görkezýär. Döwrebap bina ähli amatlyklary bilen üpjün edilip, ajaýyp yşyklandyryjylar, döwrüň talabyna laýyk gelýän kämil tehnologiýa enjamlary ornaşdyrylandyr. Munuň özi raýatlaryň halal zähmet çekmäge, bagtyýar döwre buýsanyp ýaşamaga bolan höwesini artdyrýar. Hoşallyk maslahatynda çykyş edenler bular dogrusynda giňişleýin beýan etdiler. Ak mermerli paýtagt

Asudadyr ömrümiz

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizi ähli ugurlar boýunça dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak babatynda döwlet Maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny has-da ösdürmek, geljegimiz bolan ýaş nesliň sagdyn ösmegi, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ähli şertler döredilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn, okuw-usulyýet binýadynyň pugtalandyrylmagy, okuw kitaplarynyň, usuly gollanmalaryň has-da kämilleşdirilmegi ýaş nesliň döwrebap bilim almagynyň, eziz Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeginiň mizemez kepilidir. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketine gatnaşýanlaryň ählisiniň howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilýär. Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş we bilim edaralarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek bilen bagly maslahatlar, dabaralar, wagyz-nesihat işleri geçirilýär.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepde hamallaryň maşgala gatnaşyklary gowulyga tarap ilerlär. Käbir işlerde özüňizden kiçi ýaşlylaryň jogapkärçiligi siziň boýnuňyza düşer. Ownuk şahsy we maddy meseleleriň aradan aýryljagy ikuçsuz. Hepdäniň ahyrynda şahsy durmuşyňyz bilen bagly täzeliklere taýýarlykly bolmak maslahat berilýär.

«Aşgabatgaz» müdirligi ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazdan rejeli we tygşytly peýdalanmak baradaky haýyş bilen Aşgabat şäheriniň ähli ilatyna ýüzlenýär

Sarp edilen tebigy gaz üçin tölegleriň hasaplamalary gaz ölçeýji enjamyň görkezijileri boýunça alnyp, onuň 1000 (bir müň) kub metr gazyň bahasy 20 (ýigrimi) manada deň. Tölegler nagt we nagt däl görnüşinde elektron töleg terminallar we mobil telefon arkaly «Milli paý» we «Milli ÝJH» programmalaryň üsti bilen töleg geçirip bolýar. Tölegler şu salgylar boýunça kabul edilýär: Köpetdag etrabynyň G.Burunow köçesiniň 7/2-nji jaýy, telefon belgisi: 92-67-18.