"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmen wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp gördi

Azerbaýjan Respublikasynda saparda bolýan Türkmenistanyň wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna baryp, bu ýeriň dolandyryş müdirliginiň başlygy Waleh Aleskerow bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň wekiliýetiniň hatarynda ulag, logistika we söwda ulgamlarynda iş alyp barýan döwlet we hususy edara-kärhanalaryň wekilleri bar. Waleh Aleskerow erkin ykdysady zolagyň işi bilen tanyşdyrdy we türkmen tarapyny bu ýerdäki amatly maýa goýum mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy. Erkin ykdysady zolakda iş alyp barmagyň mümkinçilikleri, şertleri we bu ýerde gurlan desgalar we beýleki aýratynlyklar bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Maýa goýum strategiýasy — ykdysady galkynyşyň derwaýys şerti

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylyp, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň oňat we uzak möhletleýin ösüşine niýetlenen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzy ähli babatda ösdürmegi nazarlaýan maksatlaryň myrat tapmagy döwlet Baştutanymyzyň çuňňur oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň möhüm bölegi bolan maýa goýum strategiýasy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Esasy maliýe serişdelerini çekmek we olary innowasiýalaryň ösdürilmegine, ýokary goşmaça bahaly önümçiliklere, adam maýasyna gönükdirmek bu strategiýanyň wajyp wezipeleridir. Maýa goýumlar jemi içerki önümiň umumy ösüşine güýçli täsirini ýetirýär. Olaryň netijeli özleşdirilmegi ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, önümçiligiň gerimini giňeltmäge, ylmy-tehniki ösüşi çaltlandyryp, täze tehnologiýalary kärhanalara ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Önümçiligiň giňelmegi täze iş orunlaryny döretmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şunuň bilen birlikde, Döwlet býujetine girýän serişdeleriň artmagy bilim, ylym, saglygy goraýyş, medeniýet, ekologik abadançylyk ýaly möhüm ugurlary ösdürmäge şert döredýär. Çünki ylmy-tehniki öňegidişlik, saýlap alan ugrundan kämillige ýeten hünärmen

Tikinçileriň netijeli zähmeti

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Bereket şäherindäki tikin kärhanasynyň hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň başyndan bäri has-da netijeli zähmet çekip, öwgä mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden geldiler. Kärhana Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň iň kämil enjamlarynyň ornaşdyrylmagy tikinçileriň nusgalyk netijeleri gazanmagynda ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Ähli döwrebap şertlerdir mümkinçilikler döredilen kärhanada işlemek bagtyna eýe bolan gelin-gyzlar hormatly Prezidentimiziň özleri hakynda edýän bimöçber aladalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler. Olaryň irginsiz tagallalary netijesinde, kärhanada şu ýylyň geçen alty aýynda dürli görnüşli, ýokary hilli tikin önümleriniň müňlerçesi taýýarlanylyp, pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 9 million 951 müň manatlykdan hem geçdi. Ýylyň başyndan bäri geçen hasabat döwrüniň meýilnamasyny 124 göterim berjaý edip, 1 million 931 müň manatlykdan hem gowrak işleri artyk ýerine ýetiren çeper elli tikinçiler şu günler edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, hususy kärhanalaryň buýurmalary esasynda dürli görnüşli önümleri ýokary hilli taýýarlamagyň depginini barha artdyrýarlar. Taýýarlanýan harytlar müşderiler tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar. Bu hem kärhananyň täze belentliklere ynamly gadam urýandygyna doly güwä geçýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy, “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, ýangyç mazudyny satyn aldylar.

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet — ýa­şa­ýyş ýö­rel­gä­miz

Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň we beý­le­ki ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň adam­za­dyň dur­nuk­ly we howp­suz ösü­şi­ne we­him sal­ýan eko­lo­gik me­se­le­le­ri öz wag­tyn­da çöz­mä­ge, Ýe­riň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni hä­zir­ki hem-de gel­jek ne­sil­le­riň eş­re­ti üçin aýap sak­la­ma­ga gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry­ny il­kin­ji­le­riň ha­ta­ryn­da gol­da­ýan we ola­ry mil­li de­re­je­de iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let­dir. «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet te­bi­gat üçin zy­ýan­syz yk­dy­sa­dy ösüş ýo­ly bol­mak bi­len, te­bi­gy ma­ýa­ny sak­lap gal­ma­gyň we art­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, zy­ňyn­dy­la­ry azalt­ma­gy, bio­dür­lü­li­gi gi­ňelt­me­gi, ahyr­ky ne­ti­je­de eko­lo­gi­ýa taý­dan aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­me­gi göz öňün­de tut­ýar.

Abadançylygyň aýdyň ýoly bilen

Soňky ýyllarda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler ildeşlerimizde uly buýsanç duýgusyny döredip, täze maksatlara ýetmäge ruhlandyrýar. Rowaçlyga beslenýän döwletli tutumlary bütin dünýä görýär we ykrar edýär. Ösüşlerimiziň durnukly häsiýete eýedigini ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň oňyn netijelerinden hem görmek bolýar. Munuň özi öňde duran wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli çözmek üçin ygtybarly we mäkäm binýatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 18-nji iýulda geçiren Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna we Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Gahryman Arkadagymyz pudaklaryň ykdysady we maliýe görkezijilerini içgin seljermelidigini aýdyp, bu babatda aýratyn möhüm hasaplanýan ugurlar, ýagny bazar gatnaşyklary, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary, saglygy goraýyş, senagat pudagy, oba hojalygy we halkara hyzmatdaşlyk boýunça meselelere ünsi çekdi. Şeýle hem Milli Liderimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň we guramaçylyk toparynyň bilelikde alyp barmaly işleriniň

Galkynyşly eýýamyň okgunly ösüşleri

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň 14-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, gazanylan üstünlikler barada beýan edilen maglumatlar giň gerimli maksatnamalarymyzyň rowaçlyga beslenýändigini tassyklaýar. 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ep-esli ýokarlanandygy aýdyň görünýär. Jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim, jemi öndürilen önümiň 6,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 8 göterim, ortaça aýlyk zähmet hakynyň 9,9 göterim ýokarlanmagy halk hojalygynyň pudaklarynda ýola goýlan sazlaşykly işleriň oňyn netije berýändigini aýan edýär. Edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklarynyň, raýatlaryň pensiýalarynyň hem-de döwlet kömek pullarynyň, diňleýji we talyp haklarynyň doly maliýeleşdirilip, yzygiderli ýokarlandyrylmagy «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä daýanyp gazanýan ösüşlerimiziň halkymyzyň bolelin ýaşaýşyna gönükdirilýändigine şaýatlyk edýär.

«Balkan» fider gämisi arkaly daşalan konteýnerleriň mukdary artdy

«Balkan» fider gämisi Türkmenbaşy — Alýat porty (Azerbaýjan Respublikasy) we Alýat — Türkmenbaşy porty ugry boýunça konteýner daşamagyň depginini güýçlendirýär. Netijede, daşalýan konteýnerleriň mukdary barha artýar. Türkmenistanyň deňiz söwda flotynyň web sahypasynda berilýän habara görä, 2023-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda bu ugur boýunça daşalan konteýnerleriň umumy sany 2362 TEU boldy. Munuň özi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse köpdür.

Amatly maýa goýum mümkinçilikleri

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň binalary we desgalary açylyp ulanmaga berildi. Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşan ildeşlerimiz we dünýä döwletlerinden gelen myhmanlar bu şäheriň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Ýurdumyzda giňden bellenilen Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň yzysüre toý-baýramlar bilen utgaşan açylyş dabarasynyň meýilnamasyna laýyklykda, Arkadag şäherinde milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagy boýunça halkara maslahatlar geçirildi. Şol maslahatlaryň biri hem «Akylly» şäher Arkadag» atly halkara maýa goýum forumydyr. Daşary ýurt göni maýa goýumlaryny hem-de ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem hususy pudagyň wekilleriniň maýa goýumlarynyň çekilmegi Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagynda, şol bir wagtda eksporta gönükdirilen senagat önümçiliginiň ýola goýulmagynda aýratyn ähmiýetlidir. Hususy pudaga goldaw bermek, milli ykdysadyýetiň işini kämilleşdirmek, ykdysady işi çeýe we netijeli guramak Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 134-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryň ýörelgelerine esaslanýar. «Türkmenistanyň  2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatn

Üstünligiň gönezligi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň daşary syýasaty parahatçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine berk eýermek esasynda alnyp barlyp, ýurdumyzyň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny barha berkidýär. Arkadagly Serdarymyzyň Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň çäginde Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşine agza ýurtlaryň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşyp, eden taryhy çykyşy biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň giňden ýaýbaňlandyrylmagyna, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny doly tassyklady. Biz döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň hem-de uly rowaçlyga beslenen bu saparynyň dowamynda seredilen möhüm meseleleriň ähmiýetini halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen etrabymyzdaky edara-kärhanalarda wagyz-nesihat çärelerini guraýarys. Olara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň umumadamzat bähbitli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapyp, güneşli Diýarymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýändigi barada buýsançly çykyş edýärler. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurduň bähbidine gönükdirilen özgertmeleri ildeşlerimizi täze üstünliklere ruhlandyrýar, güýçlerine güýç goş

Himiýa zawodynda superfosfatyň täze görnüşi öndürilip başlandy

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda superfosfat önüminiň düwürlenilen, ýagny, dänelenilen görnüşiniň — meliorantyň önümçligi ýola goýuldy. Bu bolsa ekin meýdanlaryna dökün berlende örän amatlydyr. Munuň şeýledigini bu kärhananyň adyna gelen döküniň şu görnüşini ulanmaklygyň örän amatlydygy baradaky hoşallyk hatlary-da doly subut edýär. Şeýle hatlaryň biri Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti tarapyndan iberilipdir. Onda gowaça ekişine taýýarlyk döwründe düwürlenilen bu döküniň synag üçin ulanylandygy, onuň agrotehniki kadalara laýyk gelýändigi, oba hojalyk tehnikalarynda ulanylanda, örän amatlydygy, ýere sepilende we daşalanda ýitgileriň ýokdugy, tejribeli daýhanlar tarapyndan oňlanylandygy aýdylyp, geljekde hem bu ugurda himiýa zawody bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etjekdikleri bellenilýär.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Merkezi Aziýa-Ýewropa ýük daşamalaryny artdyrmagy maslahatlaşdy

Türkmen wekiliýeti özara hyzmatdaşlygy giňeltmek we Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamalary ýokarlandyrmak maksady bilen anna güni Baku halkara deňiz söwda portuna bardy. Bu barada Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine ulag, logistika, söwda we beýleki ugurlar boýunça döwlet we hususy pudaklara wekilçilik edýän ýolbaşçylar girdi.

Bagtyýarlygyň belent sepgitleri

Üstümizdäki ýylyň alty aýy tamamlandy. Diýmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça şu ýyl öňde goýlan jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhletiň ýarysy yzda galdy. Eýsem, geçen döwürde nähili işlenildi, nähili netijeler gazanyldy? Şu barada hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň geçen anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde jikme-jik durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň geçen alty aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň netijeli ösdürilendigini we hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterime barabar bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagyna welaýatymyzyň senagat kärhanalarynyň agzybir işgärleri hem mynasyp goşant goşdular. Has takygy, geçen hasabat döwründe welaýatymyzda öndürilen senagat önümleriniň möçberi hereket edýän nyrhlarda 10 milliard 967,2 million manada barabar boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar ― iýun aýlarynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende senagat önümleriniň öndürilişiniň artyş depginleri elektrik energiýasy, nah matalar, çig ýüpek, çörek we çörek önümleri we beýleki görnüşler boýunça bellenildi. Geçen alty aýda senagat kärhanalary tarapyndan sarp edijilere ugradylan senagat önümleriniň möçberi (ýylyň başyna önümleriň galyndylaryny goşmak bilen) 2 milliard 904 million manada golaý boldy, şol harytlaryň umumy möçberiniň 70,8 göterimi ýurduň daşyna ugrady

Bagtly iliň geljegi rowaç

Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklary, raýatlaryň pensiýa hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ösdürmek arkaly ýöredýän ynsanperwer syýasatynyň mynasyp dabaralanmasydyr.

Köýtendag — köňülleriň telwasy

Türkmenistan ýerasty we ýerüsti tebigy baýlyklara baý ýurtlaryň hataryna girýär. Çünki ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň, mineral duzlaryň, ýoduň, bromuň, nahar duzunyň, natriý sulfatynyň, gipsiň, dürli gurluşyk önümleriniň we beýleki baýlyklaryň uly gory ýerleşýär. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, tebigy baýlyklarymyzy aýawly we netijeli ulanmakda ata-babalarymyzyň pähim-paýhasyna, durmuş tejribesine daýanylýar. Pederlerimiziň tebigy baýlyklary aýawly saklap, ýerlikli sarp etmek ýörelgeleri ýurt bähbitlerinden ugur alýan, ekologik medeniýete eýe bolan hünärmenleri ýetişdirmek bilen baglanyşyklydyr. Bu işi ýokary derejede berjaý etmek Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleriniň hem esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Goraghana 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredilip, ol Köýten daglarynyň we Gowurdak pes daglyklarynyň hem-de oňa ýakynlaşýan ýerleriň, derýa jülgeleriniň ekologik ulgamynyň toplumyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak işlerini alyp barýar.

Kuwwatly ykdysadyýet bagtyýar durmuşyň kepilidir

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 14-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň ýylyň geçen alty aýynyň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleler, mysal getirilen anyk ykdysady görkezijiler ata Watanymyzda ähli ugurlarda okgunly ösüşleriň üstünlikli dowam etdirilýändigini ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Mejlisiň dowamynda ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine, Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipelere garaldy. Garalan meseleleriň oňyn netijeleri, öňde goýlan aýdyň wezipeler Diýarymyzyň täze taryhy eýýamda ýokary ykdysady ösüşleri gazanmak babatda kuwwatly döwletleriň hatarynda eýeleýän ornuny yzygiderli berkidýändigini nobatdaky gezek tassyklady. Gürrüňi edilýän döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim artmagy munuň subutnamasydyr. Bu üstünlik ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde içerki mümkinçilikleriň uludygyny, alnyp barylýan işleriň oýlanyşyklydygyny, sazlaşyklydygyny, ylmy esaslandyrmalara berk daýanýandygyny aýdyň görkezdi. Hünärmenleriň nygtamalaryna salgylanyp aýdanyňda, maýa goýumlary ýurtda durnukly durmuş-ykdysady ösüşi gazanmagyň işjeň guraly hem-de iteriji güýji bolup durýar, ösüşiň hil derejesini kesgitleýär

Karbamid — islegli önüm

Welaýatymyzyň Türkmenbaşy etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garabogazkarbamid» zawodynyň işgärleri oba hojalyk pudagynda möhüm orny eýeleýän mineral dökünleriň öndürilişini artdyrmakda hem-de hilini ýokarlandyrmakda  gujurly zähmet çekýärler. Bu döwrebap kärhana ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ýerli çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümler bilen milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynyň zerurlyklaryny üpjün etmek, şeýle-de şol önümleriň daşarky bazarlara iberilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak babatdaky wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde möhüm orun tutýar. Kärhananyň önümlerine Russiýa, Beýik Britaniýa, ªwesiýa, Türkiýe, Eýran, Gazagystan, Özbegistan we Owganystan ýaly döwletlerde uly isleg bildirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýan himiýa senagatyny ösdürmäge saldamly goşant goşýan kuwwatly zawod 10 müň tonnalyk ammiak ammaryny, umumy sygymy 100 müň tonna karbamide deň bolan ammarlary, deňiz suwuny arassalaýjy we süýjediji desgany, elektrik energiýasyny öndürýän kuwwatly gazturbina generatoryny, ýaşaýyş-durmuş hem-de medeni maksatly desgalary, şonuň ýaly-da beýleki önümçilik zerurlyklaryny özünde jemleýär. Döwrebap kärhanada Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň birinji ýarymynda 556 müň 500 tonna barabar karbamid döküni öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Ýokary hil derejesine laýyk öndürilen önümiň agramly

Kanunçylyk namalary düşündirilýär

Türkmenabat şäher kazyýeti welaýat merkezindäki edara-kärhanalarda «Raýat we onuň kanuny bähbitleri» atly wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirmäge gatnaşdy. Bu duşuşyklaryň maksady Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ikinji maslahatynda kabul edilen täze kanunlary we kanunçylyk namalaryny ilata düşündirmekden, watandaşlarymyzyň kanuny hukuklary we bähbitleri barada gürrüň bermekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, milli parlamentimiziň soňky geçiren maslahatynda «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda», «Kazyýet hakynda» «Notariat we notarial işi hakynda», «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda», «Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda», «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda», «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda», «Gymmatly kagyzlar bazary hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň we beýleki birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanylan kanunçylyk namalary häzirki wagtda doly güýjünde hereket edýär.

Kuwwatly tehnikalar gelip gowuşdy

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly göteriji tehnikalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna goşant goşmagy maksat edinip, nebitgaz pudagynda yhlasly zähmet çekýän hünärmenler kämil «XJ — 450» hem-de «XJ — 650» kysymly göteriji tehnikalaryň 9-syny ýokary ruhubelentlikde kabul etdiler. Önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu döwrebap enjamlar milli däplerimize eýerilip, garşy alyndy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ozal baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Hytaýdan gelip gowşan bu köpugurly we kuwwatly göterijiler önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi arkaly wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň galmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak işi ygtybarly ýerine ýetirilýär. Şeýle-de kuwwatly göterijileriň ýardamy bilen, bökdençsiz we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak, düýpli abatlanylmaga degişli guýulary bolsa öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak ýaly wezipeler ýerine ýetiriler.

«Türkmendeňizderýaýollarynda» ýükleri gümrük pajyny tölemezden saklamak mümkinçiligi barada ýatlatdylar

Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty ýükleri ýörite gümrük düzgüninde gümrük paçlaryny tölemezden saklamaga ygtyýarnama eýedir. Bu baradaky ýatlatmany şu gün «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň saýty çap etdi. «Bu hyzmat portyň çäginde dürli ýükleri we harytlary gümrük pajyny tölemezden we resmileşdirmezden 3 ýyla çenli saklamaga mümkinçilik berýär – diýlip, habarda aýdylýar. — Türkmenistanyň çägine getirilýän harytlar gümrük gözegçiligi astynda gümrük paçlary, salgytlar tölenmezden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan kesgitlenen ykdysady häsiýetli gadagan edilmeler we çäklendirmeler girizilmezden saklanýar».