"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ümzügi ileri kärhana

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde döwrüň ösen talaplaryna laýyk işler amala aşyrylýar. Bu ýerdäki önümçiligiň häzirki zaman tehnologiýasy kärhanada ýokary hilli, dürli ölçeglerdäki sapaklary düwünsiz öndürmäge giň mümkinçilikleri berýär. Toplumyň bölümlerinde taýýarlanylýan dürli ölçegli dünýä hil ülňülerine doly laýyk gelýän nah ýüplükleri bu gün diňe bir içerki bazaryň däl, eýsem, Türkiýäniň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlarynyň hem iň bir islegli harytlary bolup durýar. Häzirki wagtda kärhanada zähmet çekýän ýaşlaryň agramly böleginiň gelin-gyzlardygy bolsa aýratyn bellärliklidir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýanwar — iýul aýlarynda toplumda 2 müň 650 tonna ýokary hilli nah ýüplükler taýýarlanyldy. Bu görkeziji geçen ýylyň hasabat döwri bilen deňeşdirilende 310 tonna önümiň artyk taýýarlanandygyny aňladýar.

«Malaý — Bagtyýarlyk» gaz geçirijisiniň «mawy ýangyç» akymy

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümi bolan «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasy döwrebap tilsimatly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman senagat kärhanasydyr. Önümçilik meýdançasy kuwwatly gaz gysyjy hem-de gazy guradyjy desgalary we beýleki tehnologik hyzmat ediş gulluklaryny özünde jemleýär. Bu ýerde tehnologik işleriň bir bitewi sazlaşykda guralmagy esasynda «mawy ýangyç» senagat taýdan gaýtadan işlenilip, dünýä ülňülerine laýyk, ýokary hilli tebigy gaz öndürilýär. Öndürilen harytlyk tebigy gazyň meýilnamada bellenilýän möçberi şu ýerden daşary bazara üznüksiz ugradylýar. Meýdançada önümçilik görkezijileriniň hemişe üstünlikli berjaý edilmeginde hyzmat ediş gulluklarynyň gazçylarynyň hem saldamly goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek. Önümçilik meýdançasynyň gaz geçirijileri ulanyş we gözegçilik gullugynyň zähmet adamlarynyň gündelik alyp barýan işleri şunuň bir mysalydyr.

Ýaşaýyş eşrete beslenýär

Halkymyz maşgala ojagynyň alawly bolmagyna ýaşaýşyň abadanlygynyň, durmuşyň eşrete beslenmeginiň esasy şertleriniň biri hökmünde garaýar. Ilimize şeýle bagtyýarlyk ýurt garaşsyzlygy ýyllarynda doly elýeterli boldy. Ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen bagly iri maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gyrak-çetlerindäki obalaryň ýaşaýjylarynyň ojaklarynda hem «mawy ýangyç» alawlap başlady. Şeýle mümkinçilikden Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem bökdençsiz peýdalanýarlar. — Etrabymyz boýunça tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 15 müňden hem aşýar. Olaryň amatly ýangyç bilen kadaly üpjün edilmegi ugrunda dürli hünärli işgärlerimiziň 110-dan gowragy tutanýerli zähmet çekýär. Olar umumy uzynlygy 803 kilometrden gowrak bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň 404-siniň abat ýagdaýda bolmagyny gazanýarlar. Ýakyn geljekde tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany has artar. Häzirki günlerde etrabymyzyň geňeşlikleriniň üçüsinde täze peýda bolan ilatly ýerlere gaz eltijileri çekmek işleri guramaçylykly dowam edýär — diýip, «Halaçetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Yhlas Abdyllaýew işe beletlik bilen gürrüň berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Telekeçilik işiniň dünýä tejribesi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Wençur telekeçiligi

Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodynyň öndürijiligi ýokarlanýar

Döwlet berkararlygynyň, halk bagtyýarlygynyň ajaýyp nusgasyny özünde jemleýän bagtyýar döwrümiz gowy işlerden nesibeli ýyllarymyzyň sanawyny artdyrýar. Agzybirlik, jebislik, rowaçlyk tapýan abadan ýurdumyzda amal edilen uly işlere ser salanymyzda, tutumly maksatlara beslenen geljegimize nazar aýlanymyzda hem munuň şeýledigine göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleriniň, berýän goldawlarynyň esasynda önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýan düzümleriň sany gitdigiçe köpelýär. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäheriniň «Demirbetonönümleri» zawodydyr. Ýurdumyzyň iri senagat kärhanalarynyň biri bolan bu zawodyň 2015-nji ýylda durky täzelenip, häzirki zaman innowasion enjamlar ornaşdyryldy. Şonuň netijesinde, kärhanada dünýä ülňülerine gabat gelýän demirbeton önümleri öndürilip başlandy.

Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynyň ykdysady töwekgelçilikler boýunça seljermesi

(Başlangyjy gazetimiziň geçen sanynda). Geçen ýyllarda dünýä ýurtlarynyň köpüsi import babatynda düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ýagdaý milli ykdysadyýetde senagatlaşmak syýasatyny öňe sürmek arkaly importyň öwezini dolmak meýillerini has-da güýçlendirdi. Häzirki wagtda bu syýasat giň gerimde dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasynyň sekretariatynyň ýyllyk söwda we ösüş hasabatynda importyň ornuny tutýan senagatlaşmagyň ösýän ýurtlaryň ykdysady durnuklylygyna edýän aýratyn täsiri bellenilýär.

Täzelik

Türkmenabadyň ýüpek önümçilik birleşiginde işler ýokary depginde alnyp barylýar. Bu ýerde üstümizdäki ýylyň geçen ýedi aýynda 70 million 97 müň 304 manatlyk önüm öndürildi. Has takygy, şu döwürde çig ýüpegiň 70 tonna golaýy, nah we ýüpek matalaryň 22 müň 145 inedördül metri öndürildi. Şeýle-de ýüpek halylaryň 21 inedördül metri dokaldy. Ýylyň başyndan bäri kärhana boýunça çig ýüpegiň 10 tonnasy eksport edildi.

Türkmenbaşy — Alýat ugry boýunça konteýner gatnawynyň möçberi artdy

Şu ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen Bakuw halkara deňiz söwda portunyň arasynda daşalýan konteýnerleriň sany 2362 TEU boldy. Bu barada Türkmenistanyň Harby-deňiz söwda flotuna salgylanyp, «abc.az» habar berdi. Harby-deňiz söwda flotunyň berýän maglumatyna görä, bu görkeziji, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,9 esse köpdür.

Ykdysadyýetiň kuwwaty

Türkmenistan ýokary halkara abraýyna eýe bolan döwlet hökmünde sebit we bütindünýä ähmiýetli energetika ulgamyndaky taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasaty BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolup, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýär. Bitarap Watanymyz dünýäniň iň iri energetika döwletleriniň biri bolmak bilen, özüniň ägirt uly tebigy we ykdysady mümkinçiliklerini häzirki hem-de geljekki nesilleriň bähbitleri üçin ulanmagyň ýokary nusgasyny görkezýär. Döwrüň derwaýys meseleleri boýunça döwlet Baştutanymyzyň oňyn garaýyşlary we teklipleri sebitleýin hem-de ählumumy derejede özara gatnaşyklaryň amatly mehanizmleriniň işlenilip taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Ýurdumyz geljekde hem halkara bileleşiginiň bu ugurdaky tagallalaryna ýardam etmegi göz öňünde tutýar.

6-njy awgust Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň günüdir

Gözel binalaryň ussatlary Toýlary toýlara ulaşýan türkmen halky hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda gurýar we döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly kärhanalar gurlup, işe girizilýär. Önümçilik, durmuş we medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygam giňden ýaýbaňlandyrylyp, il- -günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen netijeli tagallalaryň bady artýar.

Belgiýanyň awiakompaniýasy Aşgabat şäherine ýük gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

31-nji iýulda Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Lýež şäherinde ýerleşýän Belgiýanyň ýük awiakompaniýasy «Challenge Airlines»-niň ýolbaşçylary bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň sosial sahypalarynda habar berildi. Kompaniýa Ýewropada, Amerikada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada ýük daşamakda ýöriteleşendir. Duşuşyga «Türkmenhowaýollary» gullugynyň wekilleri hem gatnaşdy. Wideo konferensiýada uçuşlary amala aşyrmak we «Challenge Airlines» bilen türkmen raýat awiasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň beýleki taraplary ara alnyp maslahatlaşyldy.

"Balkanda" nobatdaky gämä abatlaýyş işleri geçirildi

“Balkan” gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda milli flotumyzyň nobatdaky gämisine abatlaýyş işleri geçirilip taýýar edildi. “Atamyrat Nyýazow” diýlip atlandyrylýan bu tanker ýakyn günlerde ulanyşa goýberiler. Bir wagtda nebit önümleriniň 4260 tonnasyny daşamaga niýetlenen bu gämi 2001-nji ýylda guruldy. Onuň abatlaýyş işleri dolulygyna ýerli hünärmenleriň hasabyna ýerine ýetirildi. Gäminiň abatlanyp, gaýtadaan deňze goýberilmegi ýurdumyzyň nebit önümleriniň eksportyny artdyrmaga özüniň goşandyny goşar.

Künjek — çig mala baý sebit

Köýtendagyň etegini ýassanyp oturan bu kiçeňräk obanyň ady öňler diňe etrabyň çäginde tanalaýmasa, ondan daşda agzalmazdy. Bu gün welin, Künjegi bilmeýän seýrek. Sebäbi hünärmenler bu sebitde gurluşyk üçin zerur bolan çig mal serişdeleriniň goruny ýüze çykardylar. Olary özleşdirmek we halkyň bähbitlerine gönükdirmek işine, ilki bilen, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi girişdi, soňra bu işe hususyýetçiler hem goşuldylar. Netijede, bu ýerde täze önümçilik düzümleri peýda boldy. Magdanly şäherindäki gurluşyk materiallar kärhanasynyň bir özi ondan gowrak önümiň önümçiligini ýola goýdy. Olaryň arasynda öň daşary ýurtlardan satyn alnan üwelen kaustik dolomit hem bar. Bu ýerde täze önümleri almak üçin tejribeler hem geçirilýär. Hut şol tejribeleriň netijesinde kömürturşy gazy bilen gurluşyk hekiniň özara täsirleşmesinde täze önüm — çökdürilen mel alyndy. Bu önüm halk hojalygynyň, senagatyň köp talap edýän serişdesidir. Ol suw bilen eredilýän diwar boýaglaryny almakda hem ulanylýar.

Gaz pudagyndaky özgertmeler

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň iň möhüm, eksport ugurly pudaklarynyň biri nebitgaz pudagydyr. Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň gorlarynyň döwlet hasabynda gazly, gazkondensatly, nebitgazly ýataklarynyň 137 sanysy we nebit ýataklarynyň 32 sanysy bolup, olary özleşdirmek boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Muňa mysal edip, iň uly gorly «Galkynyş», Günbatar Şatlyk, Gündogar Şatlyk, Tagtabazar-I, Garaçöp, Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy, Malay, Üçajy, Döwletabat, Çartak, Bagtyýarlyk, Zäkli-Derweze, Bagaja, Naýyp, Sakar, Farap, Merkezi Garagum, Çaljulba, Topjulba, Gazlydepe, Böwrideşik, Balguýy, Kerpiçli, Kerwen, Ýolguýy, Babaarap, Garabil, Ýylan, Şerepli, Kelleli, Goturdepe, Uzynada, Altyguýy, Ýaşyldepe, Körpeje we beýleki känleri agzamak bolar. Diwersifikasiýa strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, soňky ýyllaryň içinde ýurdumyz hyzmatdaşlary bilen bilelikde gündogar we günorta ugurlary boýunça birnäçe iri turbageçiriji taslamalary amala aşyrdy. Olaryň häzirki zaman ählumumy energetika howpsuzlygynyň, şol sanda türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köp şahaly ulgamynyň hasabyna döretmäge gönükdirilendigi hem strategik ähmiýete eýedir. Soňky ýyllaryň dowamynda birnäçe iri möçberli halkara taslamalaryň, şol sanda Türkmenistan — Hytaý ugry boýunça iri halkara gaz geçirijisiniň, şeýle-de Türkmenistan — Eýran magistralynyň ikinji şahasynyň gurulmagy we işe gi

«Bagtyýarlykda» zähmet gaýnap joşýar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşigiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasyndaky kuwwatly gaz gysyjy desga türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2010-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda açylyp işe girizildi. Bu döwrebap desgada ýaşlar üçin köp sanly iş orunlary döredi. Häzir tejribeli hünärmen Weldurdy Weldurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasynda gazçy hünärmenleriň hem-de işçileriň üç ýüzden köprägi zähmet çekýär. Üçajy hem-de Malaý gaz känlerinden çykarylýan «mawy ýangyç», Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň Garagum önümçilik edarasyndan ugradylýan tebigy gaz Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijileri arkaly şu gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar we bu ýerde gaýtadan işlenilýär.

Aýdyň maksatlara tarap

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden başlap, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, türkmen halkynyň her bir raýatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça möhüm wezipeleri öňe sürdi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde durmuşa geçirilýän beýik işler mähriban halkymyzy çäksiz begendirip, her bir türkmen raýatynyň kalbynda ata Watanymyza bolan söýgini artdyrýar. «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary geçen alty aýyň dowamynda özleriniň öňlerinde goýlan aýdyň maksatlara, belent sepgitlere ýetmek üçin janaýaman, saldamly goşant goşdular. Häzirki wagtda «gara altyn», «mawy ýangyç» gözleýji zähmetsöýer burawlaýjylarymyz Altyguýy, Nogaý, Guýjuk, Uzynada ýaly nebitgazly känlerde gazuw işlerini giň gerimde alyp barýarlar.

Sogap işleriň başynda

Ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagynda agyz suwy möhüm orunlarynyň birini eýeleýär. Şol sebäpli halkymyz Hakyň didaryny gören suwy ýaşaýşyň gözbaşy hasaplaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň obadyr şäherlerini oňat hilli agyz suwy bilen üpjün etmek meselesi ileri tutulyp çözülýär. Bu babatda «Türkmenistanyň ilatly ýerlerini agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnama» möhüm orny eýeleýär. Şu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzyň gündogar welaýatynda hem önjeýli işler bitirilýär. Wajyp işde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmen geologiýa gözleg ekspedisiýasynyň Köýtendag geologiýa gözleg partiýasynyň işine ezber hünärmenleri gaýratlylyk we başarnyk görkezýärler.

Mümkinçilikleriň giňişligi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bazar ykdysadyýetine esaslanyp, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak, halk hojalygynyň düzümini diwersifikasiýalaşdyrmak, şeýle-de importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak boýunça wezipelere aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sergilere, ýarmarkalara hem-de forumlara gatnaşmak arkaly daşary ýurt bazarlarynda mahabatlandyrylmagyny dowam etmek hem şol wezipeleriň bir ugruny öz içine alýar. Şu ýylyň 21-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkara sergilere gatnaşmaga görülýän taýýarlyklar baradaky hasabatlar bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmenistanda halkara sergi işini ösdürmegiň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak baradaky teklip hem hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, sergileriň ykdysadyýete ýetirýän täsiri bilen tanyşmak gyzyklydyr. Sergiler ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine goşant goşmak, pudaklaýyn bazarlarda sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna güýçli täsirini ýetirmek bilen, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ösmegine we gönümel maýa goýumlaryň çekilmegine itergi berýär. Sergidir ýarmarkalar harytlary alyjylara ýetirmegiň we işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ajaýyp guraly bolup hyzmat edýär. Daşary ýurtlarda işewür toparlaryň aras

Merkezi bank: «Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sanyny artdy»

2023-nji ýylyň iýul aýynyň başynda Türkmenistanda «internet-bank» hyzmatlaryndan peýdalanýan 990 776 ulanyjy hasaba alyndy, munuň özi geçen iýun aýynyň başyndaky görkezijiden (983 717 ulanyjy) 0,7 göterim köpdür diýip, «Trend.az» Türkmenistanyň Merkezi bankyna salgylanyp habar berdi. Merkezi bankyň habaryna görä, bu hyzmatdan peýdalanýanlaryň esasy bölegi Mary (225 163 ulanyjy) we Lebap (221 047 ulanyjy) welaýatlarynyň, şeýle hem Aşgabat şäheriniň (207 884 ulanyjy) ýaşaýjylarydyr.