"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Kuwwatly zawodda gaýratly gadamlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde himiýa toplumynyň kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmeginiň hem-de onuň önümçilik düzümlerini doly kuwwatynda ulanmagyň zerurdygyny nygtap, ýurdumyzdaky çig mal serişdelerini özleşdirmek arkaly, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmek, şonuň ýaly-da, olaryň eksporta iberilişiniň möçberini artdyrmak, agrotehniki möhletlere laýyklykda, oba hojalyk toplumyny özümizde öndürilýän mineral dökünler bilen üpjün etmek işlerini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Aslynda, berkarar döwletimizde özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, ýurdumyzyň baý gorlara daýanýan uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri diňe bir öz zerurlyklarymyza däl, eýsem, dünýä halklarynyň bähbitlerine, dost-doganlyk, özara peýdaly ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de gönükdirilýär. «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda ulanyşa girizilen Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawody hem bu ugurda önjeýli işleri bitirmegi başarýan önümçilik düzümleriniň biridir. Ýeri gelende aý

Täze kärhana işe girizildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Mary şäherinde ýerleşýän «Maksat deri» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gursagy hyjuwlardan, kalplary arzuwlardan doly işçi-hünärmenleriniň ýene bir maksady şatlyk-şowhuna beslenip amala aşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň rysgally-döwletli günlerinde bu paýdarlar jemgyýetiniň gön işläp bejerýän täze, kuwwatly kärhanasy gurlup, önümçilige goýberildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy esasynda döwletimiz tarapyndan berlen uzak möhletli, ýeňillikli karz pul serişdesiniň hasabyna bina edilen bu kuwwatly kärhana dünýäniň ösen ýurtlarynyň gön önümçiligi üçin niýetlenen kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Önümçilik kuwwaty her aýda iri şahly mallaryň 50 müňüsiniň derilerini işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän bu kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 100-den gowrak täze iş ornunyň dörändigi hem bellenilmäge mynasypdyr.

Paýtagtymyzda ýokary derejeli forum geçiriler

Şu ýylyň sentýabr aýynyň 19-20 aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda Aşgabatda TIF 2024 maýa goýum forumy we sergisi geçiriler.  Bu forum Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürlemek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary durmuşa geçirmek ýaly bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň geljegini öwrenmek maksady bilen guralýar.

Peterburgdan Hytaýa ýük daşamak on güne çenli gysgaldy

Demirgazyk deňiz ýolunyň ugrunda täze ulag ýoly işe girizildi. Munuň özi harytlaryň eltip bermek möhletini on gün azaldar. Aziýa ýurtlaryndan ýollanan harytlar bary-ýogy 25 günüň dowamynda Sibiriň üstünden uzaýan magistraldan ýol salyp, ulag gijikdirmelerinden geçip, göni Sankt-Peterburg portuna gelýär. Demirgazyk deňiz ýolunda Russiýa bilen Aziýanyň arasynda konteýner gatnawy ösýär.

Şahamçanyň durky täzelenýär

Ýyl-ýyldan sany artýan tehniki serişdeleri ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen üpjün etmek işinde Türkmenabadyň nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri ýokary başarnyk we tutanýerlilik görkezýärler. Möhüm işi ýokary sazlaşykly guramak, döräp biläýjek bökdençlikleri aradan aýyrmak, nebit önümlerini abat saklamak maksady bilen kärhananyň şahamçalarynyň durky düýpli täzelenýär. Şeýle möhüm işler häzirki günlerde kärhananyň Zergär şahamçasynda tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. — Geçen ýyllarda bu iri şahamçamyzyň durkuny düýpli täzelemek işleriniň birinji tapgyry üstünlikli berjaý edildi. Şonda zerur çäreleriň uly toplumy ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şu günlerde dowam edýän işleriň ikinji tapgyrynda hem bellenilen işleri üstünlikli tamamlamak ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, kärhananyň gurluşyk boýunça baş hünärmeni Batyr Joraýew gürrüň berýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň we Täjigistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň telekeçilerine buýan köküniň ekstrakty ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 505 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 23 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Serbiýadan, Owganystandan, Täjigistandan, Türkiýeden we Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goaýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen buýan köküniň guradylan ekstrakty satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 505 müň 500 amerikan dollaryna deň boldy.

SIRKULÝAR YKDYSADYÝETIŇ ÝÖRELGELERI

Sirkulýar ykdysadyýetiň möhüm elementi hökmünde «R-strategiýa» diýlip atlandyrylýan ýörelgeler çykyş edýär. Ilkibaşda ykdysadyýetiň bu modeli üç sany ýörelgä esaslanýar: azaltmak (reduce), gaýtadan ulanmak (reuse) we gaýtadan işlemek (recycle). Bu ýörelgeler, birinjiden, tebigy baýlyklary gorap saklamak üçin resurslaryň ätiýaçlyklaryna we dikeldilýän resurslaryň akymlaryna gözegçilik etmäge, ikinjiden, gaýtadan ulanmagyň talaplaryna laýyk gelýän önümleri, önümleriň böleklerini (komponentlerini) we materiallary işläp taýýarlamak hem-de paýlamak arkaly resurslaryň sarp edilişini optimallaşdyrmaga, üçünjiden, ykdysady we ekologik ulgamlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, hereket edýän önümçiligiň daşky ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga şert döredýär. Wagtyň geçmegi bilen resurslaryň we önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlary, şeýle hem akylly sarp etmegi guramagyň usullary göz öňünde tutulyp, sirkulýar ykdysadyýetiň ýörelgeleri özgerýär. Häzirki wagtda sirkulýar ykdysadyýetiň binýadynda 10 (R0 — R9) ýörelge durýar (surat):

Russiýanyň eksporty 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynyň eksporty 0,4 göterim aşaklap, 207,1 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Hasabat döwründe ýurduň importy bolsa 8,1 göterim azalyp, 130,4 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. RF-niň Federal gümrük gullugynyň habar bermegine görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň Ýewropa ýurtlaryna eksporty 31,7 milliard, Aziýa ýurtlaryna eksporty 156 milliard, Afrika ýurtlaryna eksporty 12,3 milliard hem-de Amerika ýurtlaryna eksporty 6,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy.

61,7 million sany «PlayStation 5» satdy

«Sony» kompaniýasy «PlayStation 5» enjamy bazara çykaraly bäri, onuň 61,7 million sanysyny satdy. Hususan-da, soňky çärýekde ýapon kompaniýasy 2,4 million sany «PlayStation 5» oýun enjamyny ýerledi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 3,3 milliona deň bolupdy. 2024-nji ýylyň ikinji çärýegindäki peselişe garamazdan, «Sonynyň» oýun enjamlaryna we programmalaryna ýöriteleşen bölümi girdejisini 12 göterim artdyrdy. Bu girdejiniň esasy bölegi «PlayStation Network» we «PlayStation Plus» sanly hyzmatlarynyň satuwyndan gazanylypdyr.

Alýuminiň importyny 10 esse artdyrdy

Özbegistan Gazagystandan alýuminiň importyny ep-esli artdyrdy. Has takygy, bu görkeziji 2024-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda 10 esse ýokarlanyp, 2 müň 100 tonna ýetdi. Hünärmenler Özbegistanyň Gazagystandan satyn alynýan alýumininiň möçberini artdyrmagyny ýurduň içindäki zerurlygyň artmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Import edilen alýumininiň esasy bölegi Daşkent şäheriniň etegindäki alýuminiý profillerini öndürýän zawodda gaýtadan işlenilýär. Ýyllyk kuwwaty 50 müň tonna taýýar profilleri öndürmäge niýetlenilen bu zawod häzirki wagtda öz önümlerini dünýäniň 50-den gowrak döwletine eksport edýär.

Ikinji çärýekde 10 milliard ýitgi çekdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde 10 milliard amerikan dollary möçberinde arassa ýitgi çekendigini habar berdi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründe 1,24 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Hünärmenler kompaniýanyň ýitgisiniň ýokarlanmagyny onuň basketbol oýunlaryny ýaýlyma bermek hukugyndan mahrum bolmagy bilen baglaýarlar. Ýeri gelende bellesek, Milli basketbol assosiasiýasy öz duşuşyklaryny ýaýlyma bermek boýunça «Warner Bros. Discovery» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy bes etmek kararyna gelipdi. Şol bir wagtyň özünde MBA «Walt Disney», «NBC» we «Amazon Prime Video» kompaniýalary bilen duşuşyklary ýaýlyma bermek boýunça 11 ýyla niýetlenilen şertnama baglaşdy. Onuň umumy bahasy 76 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

ABŞ-nyň eksporty iýun aýynda 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy

Şu ýylyň iýun aýynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň eksporty 265,9 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji maý aýyndakydan 3,9 milliard amerikan dollary möçberinde köpdür. Ýurduň iýun aýyndaky eksportynyň 172,4 milliardy harytlaryň, 91,7 milliardy bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär. Bu barada ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Iýun aýynda ABŞ-nyň importy hem 0,6 göterim köpelip, 339 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şonuň 271,6 milliardy harytlaryň, 67,5 milliardy bolsa, hyzmatlaryň importyna degişli.

Hytaý nebitiň importyny azaldýar

Iýul aýynda Hytaý Halk Respublikasynyň nebit importynyň günlük ortaça möçberi 9,97 million barrele deň boldy. Bu barada HHR-iň Baş gümrük müdirliginiň hasabatynda bellenilýär. Hasabatda mälim edilişine görä, iýul aýynda Hytaýyň nebit importy 42 million 337 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13,1 göterim azdyr.

Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň okgunly ösüşi halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmak baradaky aladanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanylýandygyny tassyklaýar

Mälim bolşy ýaly, ulag-kommunikasiýalar toplumy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýalar toplumynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerindäki ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri bolmagy bu ugruň möhüm ähmiýete eýedigini görkezýär. Türkmenistanyň iň döwrebap üstaşyr ulag, logistika düzümini tiz wagtda kemala getirmek nukdaýnazaryndan, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän başlangyçlary we anyk ädimleri diňe bir milli ykdysadyýetimiziň ösüşine däl, eýsem, sebitiň ösüşine hem kuwwatly itergi berdi. Geografik taýdan örän amatly çäkde — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän halkara ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, Türkmenistan ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklere eýedir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şol mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmak babatda anyk işler durmuşa geçirilýär.

Sanlylaşdyrmak — ykdysady kuwwatyň görkezijisi

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär. Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, bilim we dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň ösen tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de nou-haularyň importyna däl, eýsem, öz ylmy-tehnologik, aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary häzirki wagtda okgunly ösüşe eýe bolup, muňa şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde aýdyň göz ýetirmek mümkin boldy.

Yhlasly zähmetiň miwesi

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji iýulynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde dokma önümleriniň hilini, möçberini, daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak babatda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň dokma senagaty pudagy bu gün düýpli ösüşleri başdan geçirýär. Bu pudagyň önümçilik düzümlerinde taýýarlanylýan önümler ýokary hilliligi we ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanyp, diňe bir içerki däl, eýsem, daşarky bazarda hem uly isleg bildirilip satyn alynýar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gyzylarbat şäherindäki «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öndürýän ýüplükleri, Bereket şäherindäki tikin fabriginde, Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynda taýýarlanylýan dürli tikin we örme önümleri, egin-eşikler alyjylaryň arasynda uly meşhurlykdan peýdalanýar. Kämil enjamlar bilen birkemsiz üpjün edilen bu kärhanalarda taýýarlanylýan ýokary hilli tikin önümleri bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.

Elektron söwdasy türkmen işewürligine täze daşary ýurt bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär

Elektron söwdasy Türkmenistandaky kiçi işewürligine täze halkara bazarlaryna çykmaga mümkinçilik berýär. Milli resminamalaryň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýetiň ösüşiniň Döwlet maksatnamasynda sanly ulgama geçmeklik ileri tutulýan ugur hasaplanylýar. Bu maksada ýetmek üçin 23-24-nji iýulda Aşgabat şäherinde Halkara söwda merkezi (ITC) täze hukuk we syýasy gurallary işläp düzmek boýunça tehniki seminarlary geçirdi.

Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalşynyň möçberini artdyrýar

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasynda habar berilýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

“Täjik demir ýollary” GDA ýurtlaryndan ýükleri daşamak üçin uly arzanladyşlar hödürleýär

“Täjik demir ýollary” Döwlet bitewi kärhanasy GDA ýurtlaryndan demir ýol arkaly gatnawlar üçin uly arzanladyşlary hödürleýär. Bu barada Respublikanyň Ulag ministrliginiň metbugat merkezine salgylanyp, Täjigistanyň milli habarlar gullugy «Ховар» habar berýär. «Duşanbe – Kulýab» ýolagçy otlusynda 60%, şeýle hem Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň demir ýollarynyň ýolbaşçylary bilen baglaşylan şertnama laýyklykda öňünden petek satyn alýan ýolagçylara 45%-e çenli arzanladyş göz öňünde tutulýar.