"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ýewropa Bileleşiginiň ulag pudagynyň görkezijileri peselýär

2023-nji ýylda Ýewropanyň ýük ulaglarynyň gatnawlarynyň bahasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende, hakyky bahalarda 0,4 %, nominal bahalarda 4,1 % kemelip, 448,65 milliard ýewro ýetdi. Ýewropanyň ulag bazarynyň iň uly bölegi içerki ulaglardan ybaratdyr. Mahlasy, olaryň gymmaty 310,1 milliard ýewro ýetdi. Bu bolsa hakykat ýüzünde 0,3%, nominal taýdan 4% pesdir.

Aziýa — Ýewropa söwdasynda bileleşiklere girmeýän taraplaryň konteýner dolanyşygyndaky paýy iki esse artdy

«Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «Splash» Aziýa-Ýewropa söwdasynda işlemek bilen, bileleşikleriň hiç birine goşulmaýan konteýner kompaniýalarynyň paýynyň soňky bir ýylda iki esse artandygyny habar berdi.  «Hasabatda global kompaniýalaryň Russiýa bazaryndan çykmagy bilen boşlugy doldurmak üçin peýda bolan has kiçi konteýner daşaýjylar barada gürrüň edilýär» — diýlip, habarda beýan edilýär.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, el halylary, jins we boýalan tüýjümek önümler, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy.

«Demirgazyk – Günorta» taslamasyna täzeçe itergi berler

«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) peýda bolmagy we Demirgazyk deňiz ýolunyň giňemegi Ýewraziýada ýük daşamalarynda täze özgertmeleri aňladýar hem-de Sues kanaly ýaly adaty deňiz ýollaryna täsirli alternatiwany hödürleýär. «Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2023» halkara ykdysady forumynda yglan edilişi ýaly, 2024-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» taslamasyna täzeçe itergi berler. Ýewraziýa ýurtlaryndan ýük daşaýjylar Hindi ummanyndan we Pars aýlagyndan Hazar deňziniň sebitlerine, şeýle hem demir ýol ulgamy arkaly Baltika hem-de demirgazyk deňizlerindäki rus portlaryna barýan täze çalt ýoly peýdalanmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

«Demirgazyk-Günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça nyrhnamalar

«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, ýurdumyzda demirýol gatnawlarynyň operatory bolup «Demirgazyk-günorta» halkara ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça gatnadylýan ýükleriň möçberini her geçen gün artdyrmaga dowam edýär. Agzalýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň çäginde jemgyýetimiz öz müşderilerine Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinden Hindistana, Eýrana, B.A.E-ne, Saud Arabystana, Päkistana, Yraga we Müsüre amatly nyrhnamalaryny hödürleýär. Garşy ugurda bolsa, Hindistandan, B.A.E-den, Päkistandan, Şri lankadan we Saud Arabystandan Moskwa çenli ýurdumyzyň Sarahs, Etrek we Serhetýaka demirýol stansiýalarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak bilen, amatly nyrhlary hödürleýär.

Dünýäniň konteýner daşamak bazaryndaky isleg artdyrylar

«Draýwer» konteýner daşamaga bolan islegiň artmagy we Panama hem-de Sues kanallarynyň üsti bilen ýük daşamak boýunça konteýner üpjünçilik zynjyrynyň haýallamagy bilen baglylykda, dünýäniň konteýner parkynyň ösüşiniň çaltlaşjakdygyny çaklaýar. «Drewry» geçen aý neşir eden dünýäniň konteýner bazarynyň monitoringinde konteýner enjamlarynyň 2023-nji ýylda 1% ösüp, 51,4 million TEU barabar bolandygyny görkezýär. Seljeriş işi şu ýyl 2,3% ösüşiň bellige alynjakdygyny çaklaýar.

Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary

Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary “Deňiz söwda floty” PJ-i, ähli gyzyklanýan we isleg bildirýän kompaniýalara Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça deňiz fider gatnawlary barada ýatladýar. Fider gatnawlary 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap amala aşyrylyp gelinýär.

Täzeçe garaýyş — belent sepgitlere badalga

Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ykdysady ösüşiň gazanylandygy bellenildi. Şu ýylyň ilkinji iki aýynda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterim derejede saklanmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýan ykdysady syýasatyň oňyn netijesidir. Ykdysady strategiýanyň esasy aýratynlygy ýurduň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň hasabyna milli ykdysadyýeti yzygiderli pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunda diwersifikasiýa möhüm üns berilmegi, oýlanyşykly durmuş syýasatynyň alnyp barylmagy makroykdysady görkezijileriň ýokary derejesiniň üpjün edilmegine ýardam berýän şertlerdir. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 7,9 göterime deň boldy. Bu makroykdysady görkeziji ýurdumyzda diwersifikasiýa syýasatynyň oýlanyşykly alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär. Ykdysady strategiýada diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň we uzak geljekde onuň ösüşe ukyplylygyny üpjün etmegiň netijeli ugry hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde bu ugur ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin maksatnamalarynda mynasyp orun eýeleýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi

Önümlere isleg artýar

Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi welaýatymyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gurlan we kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalaryň biri. Bu ýerde egrilýän ýüplükleriň bir böleginiň içerki ulanyjylara, beýleki böleginiň bolsa Russiýa Federasiýasyna, Türkiýe, Belarus Respublikalaryna eksport edilýändigi kärhananyň önümçilik kuwwatlylygyny, önümleriň halkara ülňülere doly laýyk gelýändigini alamatlandyrýar. Ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bu fabrikde işleriň oýlanyşykly hem-de dünýä ölçeglerine laýyk guralýandygyndan hem habar berýär. Welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalaryndan kabul edilýän pagtadan ýüplük öndürmäge girişilmezinden ozal çig mal degişli barlaglardan geçirilýär we bildirilýän talaplary ödeýändigine doly göz ýetirilenden soň önümçilige goýberilýär. Munuň üçin fabrikde kämil enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap barlamhana hereket edýär. Onda öz wezipelerine jogapkärli çemeleşýän hünärmenler işleýärler.

Köpugurly hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

4-nji martda paýtagtymyzda owgan harytlarynyň sergisi açyldy hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň maslahaty geçirildi. Bu çärelere gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge gyzyklanma bildirýän Owganystanyň döwlet düzümleriniň wekilleriniň, 230-dan gowrak kompaniýanyň we kärhananyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň uly wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, işewürler gatnaşdylar.

«Drewry WCI» konteýner indeksi: Aziýa — Ýewropa ugurlary boýunça nyrhlar her aý 20-25% aşak düşýär

Konteýner ugratmak üçin «Drewry WCI» tarapyndan hödürlenýän nyrhlaryň ortaça görkezijisi 40 metrlik konteýner üçin 3,5 müň dollar boldy. Şeýlelikde, Aziýa — Ýewropa ugurlaryndaky nyrhlar hepdäniň dowamynda FEU üçin 300 dollar töweregi arzanlady. Demirgazyk Ýewropanyň portlaryna uzaýan ugurlar üçin subindeks FEU üçin 4 müň dollardan hem aşak düşdi. Ortaýer deňziniň portlaryna barýan ugurlarda bolsa geçen hepde FEU üçin 5 müň dollardan ýokary mukdardaky serişde bellige alnan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 4,8 müň dollardan hem aşaklady. Demirgazyk Amerikanyň Ýuwaş ummanynyň portlaryna eltip bermegiň bahasy FEU üçin 200 dollardan 4,5 müňe, Atlantik okeanynyň kenaryna bolsa 150-den 5,8 müň dollara çenli arzanlady.

Iri konteýner kompaniýalarynyň Ýewropanyň bazaryndaky orny

Ýewropa bazaryndaky iýmitlendiriji operatorlarda uly konteýner ugurlarynyň agdyklyk etmegi dowam edýär. Deňiz ýük daşaýjylarynyň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny giňeltmek üçin has köp iýmitlendiriji we gatnaw hyzmatlaryny hödürlemek bilen, Ýewropanyň bazaryna çykmak isleýädiklerini «Alphaliner» tarapyndan hödürlenýän hasabata salgylanýan «The Loadstar» habar berýär. Şeýlelikde, «Alphaliner» tarapyndan öňe sürülýän maglumatlarda soňky 12 aýyň dowamynda iri konteýner ugurlarynyň Ýewropanyň içerki bazaryndaky umumy paýynyň 71% bolandygy beýan edilýär. Adaty sebit ýük daşaýjy kärhanalaryň we iýmitlendiriji operatorlaryň paýy 29 % bolup galýar.

Gaz üpjünçiligi gowulanýar

«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary etrabyň hojalyklaryny tebigy gazyň ýeterlik möçberi bilen üpjün etmek üçin öz işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talaplaryna laýyk derejede guraýarlar. Etrabyň çägindäki umumy uzynlygy bir müň bir ýüz segsen bir kilometr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijilere, şeýle hem beýleki gaz enjamlaryna göwnejaý ideg edilmegi gazçylara ilaty «mawy ýangyç» bilen ýeterlik möçberde üpjün etmeklige şert döredýär. Elbetde, etrabyň hojalyklarynyň otuz dört müň sekiz ýüz on dördüsiniň tebigy gazyň eşretinden peýdalanmagy üçin edaranyň hünärmenleridir işçileri, bellenilen meýilnama laýyklykda, möhüm iş çärelerini geçirýärler.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 23 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden hem-de Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 15 million 349 müň amerikan dollaryna deň boldy.

5-nji martda göçme birža söwdasy geçiriler

Aşgabatda geçirilýän owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralýan birža söwdalary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Göçme birža söwdasyna, esasan, nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler çykarylar. Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar. Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Owgan ykdysadyýetine nazar

ýa-da dünýädäki iň hümmetlenen pul we 3 trillion amerikan dollara barabar tebigy magdanlar barada gürrüň Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan owgan önümleriniň sergisi goňşy ýurduň ykdysady ösüşiň ýoluna düşendigini äşgär edýän bolsa, sergi bilen ugurdaş geçirilýän Türkmen-owgan işewürlik maslahaty ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda we geriminiň giňeldilmeginde nobatdaky möhüm ädim bolar. Şulary göz öňünde tutup, gazetiň şu günki sanynda owgan ykdysadyýetine ýüzlendik.

52-nji ýylynyň ykdysadyýeti

Öçügsi ýagtylyk, göze rahatlyk beriji diwar bezegleri, ýürege ýakyn aýdym-sazlar — bularyň sazlaşygynda ajaýyp atmosfera. Eliňizde bolsa bir bulgur kofe, ine, size gündelik durmuşyň aladalaryndan saplanmak üçin iň gowy gaçybatalga. Bularyň ählisini döwrebap kofe medeniýetini esaslandyryjy «Starbucks» hödürleýär. Taryhyny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Sietl ştatynda ýerleşýän «Pike Place» bazarynyň daş düşelen köçelerinden alyp gaýdýan «Starbucks» kompaniýasynyň ilkinji dükany 1971-nji ýylda açylýar. 52 ýyllyk menzili geçen kompaniýanyň häzirki wagtda dünýäniň çar künjünde bölek-satuw dükanlary we kofehanalary hereket edýär. 2023-nji ýylyň maliýe ýylynyň hasabatyna laýyklykda, kompaniýanyň girdejisi 14 göterim ýokarlanyp, 36,68 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýylda 32,91 milliard amerikan dollaryna, 2021-nji ýylda 30,36 milliard amerikan dollaryna deň bolupdy. Her paýnamadan alan girdejisi bolsa 3,58 amerikan dollaryna deň bolup, bu görkeziji 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 27 göterim ýokarydyr. Şeýlelikde, kompaniýanyň paýnamalaryndan alan girdejisi geçen ýyl 29,45 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji maliýe ýylynda 27,98 milliard amerikan dollaryna deňdi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi

Soňky ýyllarda dünýä ýurtlary sirkulýar ykdysadyýete (ýapyk dolanyşykly ykdysadyýete) geçmekde özboluşly çemeleşmeleri ulanýarlar. Ýaponiýa sirkulýar ykdysadyýete geçmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Ykdysadyýetiň bu nusgasynyň hereket etmegi üçin Ýaponiýada üç derejeli kanunçylyk binýady kabul edilýär: 1) Esasy kanunlar: Daşky gurşaw hakynda kanun (1993 ý); Sirkulýar jemgyýeti döretmek hakynda kanun (2000 ý).

Garaşsyz döwletimizde geçen iki aýda ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim ösüş gazanyldy

1-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen iki aýda alnyp barlan işleriň netijeleriniň Garaşsyz döwletimiziň şu ýyl hem depginli ösmegini dowam etdirýändigini görkezýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde jemi içerki önümi öndürmek boýunça görkezijiler ýylyň başyndaky ýaly, ýagny 6,3 göterim möçberde saklanýar. Hasabat döwründe senagatda ösüş depgini 5,6 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwda ulgamynda 8,1 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, oba hojalyk pudagynda bolsa 3,9 göterim boldy. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýy göz öňünde tutup, gazanan ösüş depginimizi saklap galmak üçin degişli işleri geçirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy güýçlendiriler

1-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: «Sebitara we içerki awtomobil ýollaryny gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek işlerini güýçlendirmek möhümdir» diýip nygtady we wise-premýer B.Annamämmedowa degişli tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar. Döwlet Baştutany şeýle-de şu ýyl ýurtda birnäçe iri önümçilik we durmuş maksatly binalarydyr desgalary ulanmaga bermegiň göz öňünde tutulýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, bu binalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagy üçin gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň netijeli işlemegini gazanmagyň zerurdygy, şeýle hem himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegi üçin degişli işleri alyp barmagyň wajypdygy, energetika pudagynyň kuwwatyny, elektrik energiýasynyň eksport edilýän möçberini artdyrmagyň hem möhümdigi barada aýdyldy.