"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Guwandyryjy görkezijiler aýdyň maksatlara atarýar

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň etraplardaky gaz hojalyk edaralarynyň gazçylary demirgazyk welaýatyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýanwar-fewral aýlaryny üstünlikli jemlemek bilen, mart aýynyň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu ugurda müdirligiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işçi-hünärmenleriniň häzirki günlerde alyp barýan gündelik wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Edaranyň gazçylarynyň etrabyň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmek ugrunda durmuşa geçirýän derwaýys işleri bilen ýakyndan tanyş bolmak maksadynda ol ýerde bolanymyzda, bu zähmet köpçüliginiň işçi-hünärmenleriniň dürli ululykdaky gaz geçirijileriniň 1 müň kilometrden gowrak ýerine, gaz sazlaýjy we paýlaýjy enjamlaryň bolsa 342 sanysyna ýokary derejede hyzmat edýändikleriniň şaýady bolduk. Gaz hojalyk edarasynyň ýolbaşçysy Bekdurdy Babaýewiň gürrüňlerine görä, edaranyň gazçylarynyň birleşen tagallalary netijesinde Boldumsaz şäherinde we etrabyň oba ýerlerinde ýaşaýan 13 müňden gowrak hojalygyň ilatynyň ýylyň islendik möwsüminde gymmatly «mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görmegine zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilipdir.

Miosen gatlaklary ygtybarly öwrenilýär

Gahryman Arkadagymyz 2022-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda soňky ýyllarda ýokary depginlerde özleşdirilýän Uzynada meýdançasynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň günbatar sebitde uglewodorod serişdeleriniň baý gorlary barada maglumat berýän taslamalary bilen tanşyp, Hazar deňziniň kenarýaka çäklerinde barlag-gözleg işlerini maksatnamalaýyn esasda dowam etdirmegi tabşyrypdy. — Şol taryhy pursat biziň ekspedisiýamyzyň hünärmenleriniň buýsançly başlaryny has-da arşa göteripdi. Çünki geljegine uly umyt baglanylýan bu meýdançada ilkinji gözleg-barlag işlerini hem hut biziň zähmet toparlarymyz 2013-nji ýylda amala aşyrypdylar. Häzirki gün bu künjekden uglewodorod çig mallarynyň bol akymlary alynýar. Bellenilen meýilnamalar esasynda geçirýän iki hem-de üç ölçegli seýsmiki barlaglarymyz profilli we meýdan-grawimetrik, şonuň ýaly-da beýleki barlag usullaryny, gatlaklaryň nebitgaz berijiligine baha bermegi, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň sap artyşyny almaga gönükdirilen çuň gözleg-barlagy özünde jemleýär — diýip, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofizika ekspedisiýasynyň baş geofizigi Çary Sopyýew gürrüň berýär.

Gaz we elektrik energetikasy pudagynda Türkmenistanyň geljegi uludyr

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň halklarynyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden giň gerime eýe boldy. Iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda has-da üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda iki döwletiň arasynda energetika senagatynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem giň mümkinçilikler döreýär. Türkiýä türkmen elektrik energiýasyny eksport etmek, dostlukly ýurda türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly ibermek bilen baglanyşykly meseleler özüniň oňyn çözgüdine garaşýar.

Nebitçileriň ynamly gadamlary

Nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Oňyn netijeleri almak bolsa, ilkinji nobatda, pudagyň önümçilik düzümlerinde bar bolan mümkinçilikleri ýüze çykarmakdan, olary işe girizmekden ybaratdyr. Bu ugurda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligimizde hem döwrebap işler bitirilýär. Tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda döwrebap täzelenişi yzygiderli başdan geçirýän müdirligimiz konserniň düzümindäki nebiti, gazy, ugurdaş gazy, gaz kondensatyny çykarmak, uglewodorod çig mallaryny turbageçirijiler arkaly gaýtadan işleýjilere akdyrmak bilen meşgullanýan köp sanly kärhanalaryň arasynda hemişe öň hatarda bolmagy başarýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen iki aýynda müdirligimiziň zähmet toparlary hereket edýän guýulardan 173 müň 748 tonna nebit çig malyny çykaryp, meýilnama artygy bilen hötde geldiler. Şunda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň ösüş depgininiň 103 göterime golaý ýokarlandyrylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Hasabat döwründe tutuş konsern boýunça çykarylan «gara altynyň» üçden birine barabarynyň biziň müdirligimize degişlidigine bolsa has hem guwanýarys. Müdirligimiz boýunça hasabat döwründe guýulardan 66 million kub metre barabar tebigy gaz almak

Azyk harytlarynyň eksporty ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady bähbitlerini nazarlaýan başlangyçlary bilen, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki bazarlarda harytlaryň bolçulygyny döretmek, milli önüm öndürijilerimizi höweslendirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda ýetişdirilýän ekologik taýdan arassa oba hojalyk önümlerine daşarky bazarda has köp isleg bildirilýär. Bereketli türkmen topragynda ýetişdirilýän gök-bakja, miwe we beýleki azyk önümleriniň içerki bazarlardan artýan möçberlerini daşary döwletlere eksport etmek ýola goýuldy. Ýurdumyzda öndürilen haryt nyşanly önümleriň daşary ýurtlara eksport edilmeginde gümrük amallarynyň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi ugrunda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda hususy telekeçiligi ösdürmek ugrunda döredilýän amatly şertleriň netijesinde ýerli hususyýetçiler tarapyndan öndürilýän dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleriň daşary döwletlere eksport edilýän möçberleri ýylsaýyn artýar. Şu ýylyň başyndan bäri, ýurdumyzdan eksport edilen azyk önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy. Eksporty ýokarlanýan harytlaryň sanawynda ýurdumyzyň çäklerinde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän ter pomidory, sogan, mäş, konditer önümleri, alkogolsyz içgileri, gaplanan gök-bakja we miwe

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Maltadan, Pakistandan hem-de Germaniýadan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, az kükürtli ýakyş mazudyny, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy we «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň  kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we  kök baldaklary satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 46 million 102 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Köýtendag etrabynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýeti dörediler

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen, ýurduň senagat pudagyny ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirliginiň hem-de «Ak bulut» hojalyk jemgyýetiniň paýly gatnaşmaklarynda «Türkmen gips» hojalyk jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Bu barada 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň ýokary hilli, içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleriň önümçiligini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda aýdyldy. Hasabatda bellenilmegine görä, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Dostluk şäheriniň çäginde dörediljek bu täze bilelikdäki kärhanada ýylda 250 müň tonna gury gurluşyk garyndylaryny we 20 million inedördül metr gipsokarton önümlerini öndürmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

«Unilever» doňdurma önümçiligini aýratyn kompaniýa öwrer

Dünýäde gündelik sarp edilýän önümleri öndüriji öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan «Unilever» britan-niderland bilelikdäki kompaniýasy doňdurma önümçiligi boýunça biznesini özbaşyna kompaniýa öwürmekçi bolýar. Bu iş şu günlerde başlanyp, 2025-nji ýylyň ahyryna çenli gutarnykly amala aşyrylar. «Unilever» kompaniýanyň 2023-nji ýylda doňdurma önümleri boýunça alan girdejisi 7,9 milliard ýewro deň boldy. Kompaniýanyň bu bölümi dünýäniň iň gowy 10 doňdurmasynyň «Wall's», «Magnum» we «Ben & Jerry's» ýaly jemi 5 brendiniň eýesidir.

Şweýsar sagatlarynyň eksporty azaldy

2024-nji ýylyň fewral aýynda şweýsar sagatlarynyň eksporty 3,8 göterime çenli azalyp, satuw 2,15 milliard şweýsar frankyna deň boldy. Bu barada Şweýsar sagat senagaty federasiýasy geçen hepdede habar berdi. Şweýsar sagatlarynyň eksporty dünýäde lýuks harytlaryna, şol sanda göwhere (brillianta) bolan islegiň näderejededigini kesgitlemekde esasy görkeziji bolup durýar.

10,7 göterim ýokarlandy

Bu dokuz aýyň dowamyndaky iň ýokary görkezijidir ABŞ-da täze başlanan gurluşyklaryň sany şu ýylyň fewral aýynda ýanwardaky görkezijä garanyňda, 10,7 göterim artyp, 1,521 milliona ýetipdir. Bu barada ýurduň söwda ministrliginiň beýanatynda bellenilýär.

2024-nji ýylyň iň uly 10 ykdysadyýeti

Golaýda «Forbes» žurnaly 2024-nji ýylyň dünýä boýunça iň uly ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlaryň sanawyny çap etdi. Ýurtlaryň häzirki wagtdaky jemi içerki önümi (JIÖ) boýunça düzülen sanawyň başynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Hindistanyň atlary agzalýar. «Forbesiň» hünärmenleriniň beýle netije çykarmaklaryna näme itergi berdikä? Bu soragyň jogaby, ine, şeýleräk...

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň başlygy çalşyldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Batyr Amangeldiýewiç Annaýew, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. *    *    *

Dünýä uzaýan ýollar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara ulag düzümlerini kemala getirmek boýunça başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygy biziň her birimizde buýsanç duýgularyny döredýär. Bu ugurda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Geçen ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda 26-njy noýabry «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Ýurdumyzyň gurluşyk kuwwaty artýar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak üçin döwrebap desgalar, zawodlar gurlup ulanmaga berilýär. Hut şeýle netijeli işleriň esasynda önümçilik pudaklary ýola goýulýar. Netijede, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Ynha, ýakynda ýurdumyzyň gündogar sebitinde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny alamatlandyrmak bilen bir hatarda, gurluşyk senagatynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini subut edýär. Ýurdumyzda dürli önümçilikleri ýola goýmak üçin zerur bolan çig mallaryň baý gorlary bar, şonuň ýaly-da, senagat üçin dag magdanlarynyň uly goruny hem aýratyn bellemek bolar. Çig mal ýataklaryndan alynýan we senagatyň dürli ugurlary üçin çig mal bolup biljek tebigy minerallar täze önümçilikleri ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň esasynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän binagärlik-gurluşyk işleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär.

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi. Hasabat döwründe Türkmenistanuň Özbegistana amala aşyran eksportynyň mukdary 173,5 million amerikan dollara deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň deslapky iki aýyndakydan 4,3 esse (geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky görkeziji 40,2 million amerikan dollaryna barabar) köpdür. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 11,1 million amerikan dollaryna deň bolan harytlary we hyzmatlary Özbegistandan import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 million möçberde azdyr. Şeýlelikde, ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy üç esse artyp, 184,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasynda jemi 59,8 million amerikan dollarlyk özara söwda amala aşyrylypdy.

Nawigasiýa möhürleriniň ulanylmagy ýük daşaýjylaryň çykdajylaryny 20% ýokarlandyryp biler

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde nawigasiýa möhürlerini ulanmak üçin nyrhlar häzire çenli diňe Belarusda tassyklandy. Bileleşige agza bolup durýan beýleki döwletlerde bolsa bu iş heniz ylalaşmak tapgyrynda barýar. Bu barada «IRU-nyň» Ýewraziýadaky hemişelik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wadim Zaharenko «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi. – Biziň çaklamalarymyz uzak aralyga ýük daşalanda daşaýjylaryň maliýe çykdajylarynyň ýük bahasynyň 20 %-ine ýetip biljekdigini tassyklaýar — diýip, bilermen nygtady.

Bakuwyň üstünden Türkmenistandan, Gazagystandan daşalan nebitiň möçberi şu ýylyň iki aýynda 17,8% boldy

Şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi arkaly üstaşyr geçirilen nebitiň umumy möçberiniň 17,8 göterimini Türkmenistandan we Gazagystandan iberilen nebit düzdi. Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfaks-Azerbaýjan” habarlar agentliginiň geçen anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi.

Russiýada 2030-njy ýyla çenli ýarym wagonlarda konteýner daşamagyň möçberi her gün 25-35 otla ýetiriler

2030-njy ýyla çenli ýarym wagonlarda konteýner daşamagyň möçberi bir gije-gündiziň dowamynda 25 — 35 otla çenli artdyrylar. Muny «Фининвест» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Kahidze «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bu ugurdaky rekord görkeziji bir gije-gündiziň dowamynda 11 otlynyň hereketinden ybaratdyr. – Hut şu maksat bilen hem, biz Nowosibirskidäki ýük daşamak toplumlarynyň infrastrukturasyny taýýarlaýarys we Kemerowoda şeýle taslamalaryň birini durmuşa geçirip başladyk. Biz ýarym wagonlaryň ýollanylmagynyň Günbatar-Sibir demir ýolunda jemlenmelidigine ynanýarys – diýip, spiker belledi.

Lebap sement zawodynyň täze tapgyry döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşar

Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Iri senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Lebap welaýatynyň Kerki Halkara howa menzilinden dikuçarda Köýtendag etrabyna ugran hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde mähirli garşylanyldy. Bu ýerde medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Hususyýetçilik: ösüşde täze sepgitler

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy, şeýle-de paýtagtymyzda täze gurlan «Arkaç» söwda medeni-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi. Birleşmäniň agzalarynyň geçiren maslahaty hem bu şanly sene bilen baglanyşykly boldy. Hususyýetçileriň giňden ýaýbaňlandyrylan sergisinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri, ýokary hilliligi bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk we azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem sergide hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, hususan-da, Arkadag şäherindäki gurluşyklar, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirildi. Olardan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Şeýle-de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň a