Täze tehnikalar gelip gowuşdy
«Türkmengaz» döwlet konserni bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dünýä belli kompaniýasynyň öndüriji zawodynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda konserniň Önümçilik desgalaryny üpjünleýiş müdirliginiň Marydaky 2-nji bazasyna «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň ilkinji tapgyry gelip gowuşdy. «Türkmengaz» döwlet konsernine gelip gowşan bu täze tehnikalar halkymyzyň gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryna, döwletli ýörelgelerine laýyklykda, üzärlik tütedilip, ak un sepilip, alaja daňlyp, mähirli garşy alyndy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň gaz senagatynda alnyp barylýan tutumly işleri döwrebaplaşdyrmak, ösdürmek, oňa täze tehnologiýalary ornaşdyrmak giň gerim bilen alnyp barylýar. Pudagyň edara-kärhanalarynyň tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň sebitlerinde täze, baý tebigy gaz gorly ýataklaryň açylmagyny, «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberleriniň artdyrylmagyny, önümleriň gaýtadan işlenilişiniň derejesiniň halkara kadalaryna laýyk getirilmegini şertlendirýär. Dostlukly döwletiň öndüriji zawodyndan gelip gowşan bu ýokary iş öndürijilikli, häzirki zaman tehnologiýaly «Zoomlion» kysymly tehnikalaryň on sanysy zynjyrly, yzy ýer ýumşadyjy gurally buldozerlerdir. On dört sanysy bolsa zynjyrly ekskawatorlardyr. Tehnikalaryň bäş sanysy bort öwrümli asma enjamlary bolan mini ýükleýjilerdir. Kompý