"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Täze önümli guýy ulanyşa berildi

Ýurdumyzda geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary özleşdirmäge, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen gözleg-gazuw işlerine saldamly goşant goşýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp zähmet sowgady bilen barýarlar. Olar ýakynda Demirgazyk Goturdepe meýdançasynda 403 belgili ulanyş guýusyndan «gara altynyň» senagat akymyny almagy başardylar. Ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän burawlaýjylar topary taslama çuňlugy 4500 metr bolan täze guýynyň önümli aşaky gatlagynyň 4359 — 4356 metr we 4350 — 4345 metr araçäklerinde özleşdirme işlerini geçirip, senagat ähmiýetli nebit akymyny almagyň hötdesinden geldi. Täze guýynyň gazuw işlerinde Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ-70-DB» kysymly buraw desgasy ulanyldy. Täze guýy synag-sazlaýyş işlerinden soň «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu ýerde gazuw işleri ýokary depginde alnyp barylýan guýularyň sany 12-ä ýetýär. Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny mynasyp garşylaýan burawlaýjylar olaryň dördüsini ýakyn günlerde önümçilige tabşyrmagy maksat edinip, ruhubelent zähmet çekýärler. 

Halyçylaryň zähmet sowgady

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen halysy nepisligi, owadanlygy bilen ähli döwürlerde hem göreni özüne maýyl edip gelýär. Şeýle ajaýyp halylary dokamakda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Gyzylarbat çeper halyçylyk kärhanasynyň çeper elli zenanlary göreldeli zähmetiň nusgasyny görkezýärler. Muny kärhanada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işler hem aýdyň subut edýär. Gyzylarbatly halyçylar ýylyň başyndan bäri 1896 inedördül metrden gowrak haly dokap, meýilnamany 102 göterimden gowrak berjaý etdiler.

Özbegistanda howa ulagy arkaly ýük daşamagyň möçberi artdy

2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda howa ulagy arkaly daşalýan ýükleriň möçberi 5,900 tonna barabar boldy. Özbegistanyň Statistika gullugyna salgylanmak bilen, bu barada «Trend» saýty habar berýär. Habarlar agentligi bu görkezijiniň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,2% ýokarydygyny belleýär. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda Özbegistanda gara ýol we demir ýol arkaly 5,3 million tonna üstaşyr ýüküň daşalýandygy bellenilmelidir. Bu döwürde demir ýol arkaly daşalan üstaşyr ýükleriň möçberi 4,1 million tonna ýetdi, bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 77,9 göterimine barabar bolup durýar. Awtoulag arkaly 1,2 million tonna üstaşyr ýük daşaldy (bu ýük daşamagyň umumy möçberiniň 22,1 göterimine barabardyr).

Gazagystanyň ulag ministrligi ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň sürüjileriniň Iş we dynç alyş düzgüniniň berjaý edilişini gözden geçirer

Gazagystanda Awtomobil ulaglary we ulag gözegçiligi komitetiniň başlangyjy bilen sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý edişlerine gözegçilik etmekligiň «Tahograf» ady bilen biraýlyk geçirilýär. Lardi.Today bu barada BAMAP Halkara awtoulag arkaly ýük daşaýjylar birleşiginiň metbugat gullugy tarapyndan çap edilen habara salgylanýandygyny belledi. Bu çäre 2024-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan 9-njy oktýabryna çenli dowam eder. Çäräniň maksady ýolagçylary, goş-golamlary ýa-da ýükleri daşaýan mahaly sürüjileriň Iş we dynç alyş düzgünini berjaý etmegine gözegçiligi güýçlendirmekdir.

Awgust aýynda täze ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň satuwy 2024-nji ýyldaky iň ýokary derejäni gaýtalady

Tomus aýynyň soňky aýynda Russiýada 9374 täze ýeňil täjirçilik awtoulagy (LCV) satyldy – diýip, AUTOSTAT gullugynyň hünärmenleri «AUTOSTAT Operatiwka. Russiýanyň awtoulag bazary boýunça operatiw maglumatlar. 2024-nji ýylyň awgust aýynyň netijeleri» ady bilen geçirilen onlaýn-ýaýlymda habar berdiler. Mälim bolşy ýaly, bu netije şu ýylyň aprel aýynda gazanylan iň ýokary derejä dos-dogry laýyk gelýär (9374 sany). Şeýle hem awgust aýynyň görkezijisiniň iýul aýyndaky görkezijiden 7,3% ýokary bolandygyny hem-de bir ýyl ozalkysyndan (2023-nji ýylyň awgust aýy) 7,7% ýokarydygyny bellemelidiris.

Türkmenistanda maýa goýumlar innowasion häsiýete eýe bolýar

Aşgabat, 10-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň maýa goýum forumy hem-de ugurdaş sergi, ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahat, “HI-TECH Türkmenistan — 2024” atly sergi öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli işewürlik çäreleriniň gün tertibine ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň, ylmy merkezleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem maslahata türkmen tarapyndan ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

«Gara altynyň» bol akymy alyndy

Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli maksatnamasynda göz öňünde tutulan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna mynasyp işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Muňa Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Demirgazyk Goturdepe nebit-gazly käninde alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýerasty ýangyç çig malynyň baý gorlaryna eýe bolan bu meýdançada hut ýaňy-ýakynda 403-nji belgili ulanyş maksatly guýynyň gazuw işleri üstünlikli tamamlandy. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň tejribeli ussa Täçberdi Dädebaýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän toparynyň hünärmenleri bu täze guýynyň Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen «ZJ — 70 — DB» kysymly buraw desgasynda amala aşyrylan gazuw işlerini ýokary hilli ýerine ýetirip, meýilnamada bellenilen möhletinden 40 gün öň tamamlamagyň hötdesinden geldiler. Taslama çuňlugy 4 müň 500 metre deň bolan bu täze guýuda burawlanan dag jynslarynyň çuňlugy 4359 — 4356 metr hem-de 4350 — 4345 metr araçäklerinde degişli özleşdirme işleri geçirilip, «gara altynyň» bol akymy alyndy. Tehniki-sazlaýyş işleri üstünlikli tamamlanan bu täze guýy «Goturdepenebit» nebit-gaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. Häzirki wagtda bu hazynalar

Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär

Häzirki wagtda sanlylaşdyrmagyň durnukly ykdysady ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň binýady bolup hyzmat edýändigi aýdyň hakykatdyr. Ýurdumyzyň ähli pudaklaryna sanly tehnologiýalary, häzirki döwrüň öňdebaryjy tejribelerinidir täzeçil usullaryny ornaşdyrmak, milli töleg ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek we sanly bank hyzmatlarynyň görnüşlerini artdyrmak, banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, sanly bank amallarynyň görnüşleri yzygiderli artdyrylyp, hili has ýokarlandyrylýar. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Halkbank terminal», «Galtaşyksyz töleg», «VISA Virtual», «Menzilara bank», «Sanly kart», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredilen. Onlaýn görnüşde karzlary resmileşdirmek, bank hasaplary barada maglumatlary elektron görnüşde almak, elektron tabşyrygy taýýarlap, internet arkaly töleg geçirimlerini amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Ýuridik tarap bolan müşderilere we telekeçilere internet ulgamy arkaly bank hasaplaryny ýöretmek, elekt

Şanly toýa mynasyp sowgat

Daşoguz welaýatynyň senagat önümçiliginde ähmiýetli orny eýeleýän Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabrigiň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny mynasyp toý sowgady bilen garşylamak ugrunda yhlasly zähmet çekip, ýokary iş netijelerini gazanýarlar. Kuwwatly enjamlar, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kärhananyň tehniki we önümçilik görkezijileri mukdar hem hil taýdan ýokarlanýar. Ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur nah ýüplügiň öndürilişi barha artýar. Şu ýylyň sekiz aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnama 103 göterimden gowrak ýerine ýetirilip, önümçiligiň ähli ugurlarynda ösüş depgini üpjün edildi. Dokma senagatynyň kuwwatly düzüm bölegi hasaplanýan bu kärhana boýunça ýylda 6 müň 700 tonna nah pagta süýümi gaýtadan işlenip, ondan dünýä bazarlarynda ýokary islege eýe bolan nah ýüplügiň 6 müň tonnasy öndürilýär. Ýokary hilli bu önümler mata önümçiliginde giňden ulanylýar. Aglaba bölegi bolsa daşary ýurtlara eksport edilýär. Şeýle ýokary önümçilik netijesini gazanmak, ýokary hilli önüm öndürmek üçin fabrige dünýäniň bu ugurda uly meşhurlyk gazanan firmalarynyň ösen tehnologiýalary ornaşdyryldy. Has takygy, Germaniýanyň dünýä belli «Trützsсhler» kompaniýasynyň tüýdüji, saýyjy we arassalaýjy enjamlarynyň 1 hatary, darak enjamlarynyň 6-sy, lenta maşynlarynyň 8-si, «Schlafhorst» kompaniýasynyň dürli görnüşli ýokary öndürijilikli eg

Paýtagtymyzda iri halkara maýa goýum forumy işe başlady

Şu gün — 10-njy sentýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF — 2024) öz işine başlady. Ýurdumyzyň Daşary işler hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň gerimli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.

Hemme zat halk üçin, halkyň bähbidine

Şu gün, ýagny 10-njy sentýabrda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet hem-de Daşary işler ministrlikleriniň bilelikde guramagynda geçirilýän halkara foruma ýerli hünärmenler bilen bilelikde abraýly halkara maliýe guramalarynyň ýüzlerçesinden wekiller gatnaşýar.

Senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylary hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimizde tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça berýän gaýragoýulmasyz tabşyryklary esasynda tutanýerli zähmet çekip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir aýyny üstünliklere besleýärler. Konserniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň burawlaýjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramçylygyna giňden taýýarlyk görülýän günlerde Diýarymyzyň gündogar sebiti bolan Lebap welaýatynyň çäginde ýerleşýän Çartak gaz känindäki 54-nji belgili ulanyş gaz guýusyndan tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymyny aldylar. Munuň özi konserniň gazçylarynyň döwletimiziň baş baýramçylygyna mynasyp toý sowgadydyr.

Täze guýy önüm berdi

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň Täçmyradow meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy. — Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz känine golaý ýerde ýerleşýän bu meýdançada tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy çaklanylýardy. Bu ýerde gözleg guýusyny burawlamak işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynanyldy. Olar tarapyndan şu döwre çenli 2 müň 500 metr çuňluk burawlandy we önümli gatlaga ýetildi. Täze guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde kükürtsiz tebigy gazyň 389 müň kub metrine barabardyr. Geljekde bu meýdançada gözleg guýularyny burawlamak işleri dowam etdiriler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow ynam bilen aýdýar.

Ekeremde zähmet joşýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesinde işläp başlan ilkinji gününden bäri ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarydyr çözgütlerinde, beýleki düzümler bilen bir hatarda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň kuwwatyny has-da artdyrmagyň hem-de işini ýokarlandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hatarynda durýandygyny aýratyn nygtaýar. Munuň özi konserniň pudaklaýyn düzümleriniň önümçilik wezipeleriniň yzygiderli ýerine ýetirilip, kärhanalaryň maliýe-ykdysady görkezijileriniň we düşewüntliliginiň ýokarlandyrylmagyny talap edýär. Şundan ugur alýan konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň buraw işleri müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ruhuna laýyk işleri bitirmek üçin has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen hasabat döwründe gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 23 sany guýynyň 18-siniň ulanyş maksatly guýulardygy bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän guýulardan «gara altyn» almagyň meýilnamasynyň 102,7 göterime golaý berjaý edilmeginde burawlaýjylaryň goşandy uludyr. Bu üstünlikde Ekerem buraw işleri müdirliginiň hünärmenleriniň hem mynasyp paýy

Maýa goýum forumy — uly mümkinçilikleriň giňişligi

Maýa goýumlar — ykdysady ösüşe itergi berýän esasy şertleriň biri. Hut şoňa görä-de, Türkmenistanyň bazar gatnaşyklaryna esaslanýan durmuş-ykdysady strategiýasynda maýa goýum işjeňligine uly ähmiýet berilýär. Önümçilik bilen ylmyň arabaglanyşygyny işjeňleşdirmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara çekilýän maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmek, işewürler we maýadarlar üçin özüneçekijiligi artdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň möhüm ugurlaryna degişli. Milli ykdysadyýetimizi uzakmöhletleýin esasda ösdürmäge gönükdirilen wezipeler öňdebaryjy ylmy taglymatlar, innowasion tehnologiýalar arkaly ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň mümkinçiliklerini has-da netijeli peýdalanmagy maksat edinýär. Bu gün berkarar Watanymyzda ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýalara esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag-üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyz halkara maliýe düzümleri bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan esasy önümçilik kuwwatlyklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlary çekýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň go

Belent borja wepalylyk

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzda howpsuzlygyň, jemgyýetimizde asudalygyň, agzybirligiň ýokary derejesini üpjün etmek boýunça netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde degişli gulluklaryň ýolbaşçylarynyň beren hasabatlaryndan hem görnüşi ýaly, döwletimiziň goranyş ukybyny pugtalandyrmagyň çäklerinde milli kanunçylygymyzy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň maksatlaryny raýatlara düşündirmek, düzgünbozulmalaryň öňüni almak boýunça möhüm çäreleriň geçirilmegi kazyýet edaralarynyň işgärleriniň gündelik işiniň möhüm bölegini düzýär. Bu ugurda öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, berkarar döwletimizde kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagy ugrundaky möhüm işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşarys. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda kazyýet edaralaryna döwrebap iş usullarynyň, sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň we öňdebaryjy maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly okuwlaryň geçirilmegi bolsa dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we olary gündelik işimize ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar.

Ulag-kommunikasiýa pudagynyň kadalaşdyryjy hukuk binýady berkidilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen hepde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirip, onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew döwrüň talaplaryna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda zerur çäreleriň görülýändigi habar berildi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Serbiýanyň, Gazagystanyň telekeçilerine ýeňil senagat önümçiliginiň galyndylary, dikeldilen süýüm, buýan köki we baldagy, dokma önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 838 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 10 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Serbiýadan, Gazagystandan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiakerosini we dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki we kök baldaklary satyn alyndy. Şol sanda Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 19 million 838 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Russiýada elektron söwda boýunça 40 göterim ösüş gazanyldy

2024-nji ýylyň birinji ýarymynda Russiýa Federasiýasynda elektron söwdanyň ösüşi 40 göterimden gowrak boldy. Bu barada ýurduň söwda we senagat ministriniň orunbasary Roman Çekuşow mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Russiýanyň içerki bazarynda 3,85 trillion rubllyk elektron söwda amala aşyrylypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 41 göterim ýokarydyr. Mundan başga-da, hasabat döwründe ýurduň içerki bazarynda elektron söwdanyň paýy 14,9 göterime deň bolupdyr. Deňeşdirmek üçin bu görkeziji geçen ýylyň jemleri boýunça 13,8 göterime barabardy. Çaklamalara görä, 2024-nji ýylyň jemleri boýunça ýurtda elektron söwdanyň 50 göterimden gowrak ösüş gazanmagyna garaşylýar.