"Mugallymlar gazeti" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-53, 39-96-41, 39-96-40
Email: mugallymlar-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Energetika diplomatiýasy: ykdysady kuwwat, ýokary mümkinçilik, durnukly ösüş

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýangyç-energetika ulgamynda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, 23 ― 25-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi dünýäde energetika diplomatiýasyny ilerletmekde uly ähmiýete eýedir. Şu gezekki forum daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekilleriniň ýüzlerçesini bir ýere jemlemek bilen, 70-e golaý kompaniýa öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdy.

Konteýnerlere bolan isleg artýar

Ýaponiýanyň «Mitsubishi HC Capital» maliýe holdingine degişli bolan amerikan lizing kompaniýasy «CAI International» Gyzyl deňziniň sebitindäki ýagdaý bilen baglanyşykly ýüze çykan konteýner enjamlaryna bolan islegiň artmagy sebäpli, 700 müň konteýneriň, şol sanda 70 müň ref konteýnerleriniň öndürilmegi üçin 1,35 milliard dollar maýa goýýar. «The Loadstar» neşiriniň habar berşi ýaly, täze konteýnerler kompaniýanyň hereket edýän umumy parkynyň 20% göterimini düzer. «CAI International» kompaniýasy konteýnerleriň nirede guruljakdygy baradaky maglumaty aýan etmeýär. Şu ýylyň maý aýynda «Mitsubishi HC» holdingi konteýnerleri kärendesine bermek işine maýa goýumlaryny artdyrjakdygyny yglan etdi. Şonda holding konteýner enjamlaryna bolan islegiň, «dar ýerler» sebäpli, şol sanda Panama kanalyndan üstaşyr ýük geçirişiň çäkli bolandygy bilen baglanyşykly ýüze çykandygyny belläpdi.

Täze mümkinçilikleriň meýdany

Ähli ugurlarda, şol sanda nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilýän işler, dünýä ýurtlary, iri-iri kompaniýalary bilen ýola goýlan we goýulýan hyzmatdaşlyklar ýurdumyzyň ösüşleriniň yzygiderliligini kepillendirýär. Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we ösdürmekde täze mümkinçilikleriň meýdany bolan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylaryň giň düzümi hem Diýarymyzyň maýa goýum babatdaky özüne çekijiliginden habar berýär. Nebitgaz senagatyny ösdürmek Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän öňdengörüjilikli syýasat netijesinde bu günki gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan sebitiň iri energetika döwletleriniň birine öwrüldi. Köpugurly gaz geçiriji ulgamyň döredilmegi türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmakda täze mümkinçilikleriň ýoluny açdy. Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda Mary welaýatynda iri taslamalara — TOPH transmilli gaz geçirijisiniň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy. Bularyň ählisiniň döwletleriň we halklaryň

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryndan alynýan «gara altyndyr» «mawy ýangyjyň» möçberlerini durnukly artdyrmak nebitgaz pudagynyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. «Türkmenistanyň Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, tebigy ýataklaryň ýerasty gurluşyny ylmy esasda anyklamak, uglewodorod çig mallarynyň gorlarynyň jemlenen ojaklaryny ýüze çykarmak, olary ylmyň gazananlaryna hem-de öňdebaryjy tejribelere daýanyp, senagat taýdan özleşdirmek we durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň durnukly ösdürilmegi maksatnamalaýyn esasda alnyp barylmak bilen, onuň hukuk esaslarynyň düýpli özgerdilip, döwrebaplaşdyrylmagy yzygiderli häsiýete eýe bolýar. 2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistan «Nebit bilen hapalanmakdan ýeten zeper üçin raýat jogapkärçiligi baradaky» halkara konwensiýasyna goşuldy. 2012-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa degişli Nebit bilen hapalanma getirýän hadysalar ýagdaýynda sebitleýin taýýarlyk, jogap hereketleri we hyzmatdaşlyk hakynda Teswirnamasyny» tassyklady. «Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzda gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki gatnaşyklaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk

Nebitgazym — genji-känim

Düýn Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Halkara forum uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika senagatynyň gazananlaryny açyp görkezmek bilen, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny we netijeli hyzmatdaşlyklary, milli nebitgaz pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini, «ýaşyl» energetikany ösdürmekde, iri taslamalaryň durmuşa geçirilişini döwrebap çözgütler esasynda has-da işjeňleşdirmekde, tejribe alyşmakda, ylmy garaýyşlary we teklipleri öňe sürmekde, seljermekde ähmiýeti uludyr.

Nebitgaz ulgamynyň üstünlikleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:— Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Düýn Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri sergä gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi.

Nebitgaz pudagynyň ösüşleriniň beýany

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Söwda-senagat edarasy indi halkara forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Düýn hem bu ýerde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa sanly ulgam arkaly dünýäniň ençeme döwletinden wekiller gatnaşýarlar. Forumyň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, daşary ýurt we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Halkara serginiň açylyşy döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Röwşen eýýamyň beýik ösüşleri

Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly tutumlaryň netijesini bu gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň we halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäniň ösen döwletleri bilen özara hyzmatdaşlyk esasynda gazanylýan ykdysady öňegidişliklerdir durnukly ösüş halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde obalarymyz, şäherçelerimiz hem-de şäherlerimiz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär.

Abadan ýaşaýşyň hyzmatynda

Eziz Diýarymyz uglewodorod serişdeleriniň bol gorlaryna eýedir. Hormatly Prezidentimiz şol gymmatly baýlygymyzy diňe bir ýurdumyzyň ilatynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşynyň hyzmatyna goýmaga gönükdirilen parasatly syýasaty ýöredýär. Şu maksat bilen dünýä ähmiýetli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bu ugurda ýakyndaky hem-de alysdaky dostana döwletler bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlyk gerimini barha giňeldýär. Geljekde bolsa bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligi has ýokarlanar. Oňa düýn gözel paýtagtymyzda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty aýdyň mysallaryň biridir. Bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny, pudaga täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakda ähmiýetli bolar.

Täze desga işe girizildi

Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde, Halkara howa menziline barýan awtomobil ýolunyň ugrunda 40 sany dört gatly otuz iki öýli ýaşaýyş jaýlarynyň daşky basyşly lagym ulgamy we şäheriň täze lagym arassalaýjy desgalaryna çenli basyşly lagym ulgamy işe girizildi. Bu möhüm desgalary «Ýaş türkmenler» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary gurdular.

Durnukly söwda ulgamy — bolelin durmuşyň özeni

Döwrebap gurlan söwda merkezine girip, dogrusy, özümiň näme almaga gelendigimi-de ýatdan çykardym. Öz ýurdumyzda öndürilen, şeýle-de import harytlaryň hil-hil, görnüş-görnüş, tertipli hem endigan ýerleşdirilmegi söwda merkeziniň içine aýratyn gelşik berip, sende bu ýerden hökman bir zatlar satyn alyp gitmek islegini döredýär. Gözümiň kaklyşan zady «Meni al-da, meni al» diýip, özüni güjeňleýän mysaly. Oýlanyp durşuma özüçe düşünen bolarly, harytlaryň tertibine seredip ýören satyjy gyz maňa bakyp dillendi:

Innowasion ugur bilen

Hormatly Prezidentimiziň «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr» diýip aýdan sözleriniň durmuş-ýaşaýşymyzda hasyl bolýandygyny uly buýsanç bilen synlaýarys. Hut öz welaýatymyzyň çäginde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işe girizilmegi ildeşlerimizi örän begendirdi. Bu desgalaryň önümleri ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da uly islegden peýdalanýar. Meselem, sementiň «PS-400», «PS-500», «PS-600» ýaly görnüşleri häzirki wagtda halkara giňişlikde ýurdumyzyň innowasion önümçiliginiň ýokary derejede ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sementiň gurluşykda belli bir bahasynyň bolmaýşy ýaly, glisirrizin turşusynyň hem derman, şeýle hem azyk senagatynda gadyry bir başgadyr. Ol azyk önümlerine goşulanda, adam saglygyna gowy täsirini ýetirýär. Şonuň üçin täze önüme uly isleg bildirilýär. Oňa bolan islegiň ýokary bolmagy döwletimiziň ykdysady peýdasynyň ýene-de artmagyny üpjün eder.

Işewürler üçin has bähbitli

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalar bilen baglanyşyklylykda ýurdumyzyň bank ulgamy hem ýokary depginler bilen ösýär. Milli ykdysady ösüşiň maliýe üpjünçiligini berkitmek, milli manadyň hümmetiniň durnuklylygyny saklamak, bank hyzmatlarynyň döwrebap, dünýä ülňülerine laýyk gelýän görnüşlerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, töleg kartlaryny, halkara töleg ulgamyny ornaşdyrmak, töleg ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesinde guramak boýunça uly işler edildi. Bularyň ählisi sanly ykdysady ulgama geçmegiň esasyny berkitdi. Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmegi bilen bank hyzmatlarynyň ähmiýeti has ýokarlanýar. Nagt däl hasaplaşyklar has uly mümkinçiliklere eýe bolýar. Internet ulgamynyň üsti bilen menzilara bank hyzmatlary, ýagny, internet bank, mobil bank hyzmatlary ýerine ýetirilýärkä hem şahsyýeti anyklamak tertibi ýola goýuldy. Bank ulgamynda täze iş usullaryny ornaşdyrmak ýene-de üstünlikli dowam etdirilýär.

Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

Ätiýaçlandyryş — döwrüň täze basgançagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem, halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem--de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň esasy maksady fiziki we ýuridiki şahslaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmakdan ybarat bolup durýar.

Döwrebap bank hyzmatlary halkyň bähbidine

Milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmekde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň öňünde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmekde bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Pul-karz syýasatynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny pul serişdeleri bilen üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda işler sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly guralýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bank ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenendir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bank ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Ulgamy ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetiň ösüşi bank ulgamynyň netijeli işi bilen berk baglanyşyklydyr. Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan  döwletimizde milli ykdysadyýetimizde ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň abadan hem bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky beýik maksatdan ugur alýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň maksady hem durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Rysgal» pa

Aşgabatda “OGT 2024” Halkara maslahaty we sergisi açyldy

Aşgabat şäherindäki Söwda-senagat edarasynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly 29-njy halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady.  Bu waka mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çärelere gatnaşyjylary gutlady. Türkmenistanyň Prezidenti Gutlagynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny netijeli ara alyp maslahatlaşmakda amatly meýdança hökmünde bu maslahatyň ähmiýetini hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. “Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady. 

Beýik ösüşleriň şuglasy

Täze taryhy eýýamda ýurdumyz beýik ösüşler bilen öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgesini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde belent maksatlar rowaçlanýar, döwletli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda durmuşa geçirilen we durmuşa geçirilýän beýik işler hem bu aýdylanlary aýdyň beýan edýär. Şu şöhratly ýylda Diýarymyzda möhüm binalar, desgalar açylyp ulanmaga berildi. Munuň özi bolsa halk bähbitli işleriň üstünliklere beslenýändigini, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny subut edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda belent sepgitlere ýetildi, halkymyz döretmegiň we gurmagyň ýoly bilen beýik ösüşleri gazanýar. Bu buýsandyryjy netijeler hakynda 24-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem bellenildi. Hormatly Prezidentimiz taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösdürilmegi ilatymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga şert döredýär. Şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanýar. Bu bolsa ýurdumyzda alnyp barylýan özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, ilatyň hal-ýagdaýy has-da gowulanýar, ýurdumyzyň önümçilik kuwwaty ýokarlanýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde täze mümkinçilikl

Döwrüň talabyna eýerip

Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk baglanyşykly bolan sanly ulgamyň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagynyň oňyn netijeleri bu gün durmuşymyzda aýdyň duýulýar. Innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminama dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet, elektron senagaty ýaly ugurlarda işleri sazlaşykly ýola goýmak döwrüň möhüm wezipesidir. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine işjeň goşulyşyp, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüş üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna giň mümkinçilikler döredilýär. Ynsanyň durmuşyny ýeňilleşdirýän sanly ulgamy ösdürmegiň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, bu babatda milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ýaly pudaklarda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilişi hem tassyklaýar. Ähli ulgamlaryň durnukly ösüşine uly itergi berýän sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistan

Daşary ykdysady gatnaşyklar: wajyp wezipeler, anyk çözgütler

Halkara maliýe-bank ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde, iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmekde, dolanyşyk serişdelerini üpjün etmekde we raýatlara edilýän hyzmatlaryň ýeňillikli amal edilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky hem baý tejribä eýe. Milli ykdysadyýetimiziň strategik pudaklary bolan döwlet edaralary, maliýe guramalary we hususy kärhanalar bankyň müşderileriniň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň, esasan-da, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany Patyşalygy ýaly döwletleriň öňdebaryjy maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň häsiýete eýe boldy. Häzirki wagtda bank dünýäniň ýigrimä golaý ýurdunyň elliden gowrak banky we maliýe guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şeýle gatnaşyklardan ugur alnyp, strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işleriniň möhüm bölegi bolup durýar.

Ertir paýtagtymyzda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlaýar

23 — 25-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly ХХIХ halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şunda halkara maslahatlarynyň we sergileriň geçirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Nobatdaky halkara forumda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar, nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny gurmak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak, gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnalar.